Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Agyz boşlugynyň saglygy AGYZDAN YS GELME: SEBÄPLERI WE OLARY ARADAN AÝYRMAGYŇ ÇÄRELERI
( 23 Ses Berme )

Agyzdan ýakymsyz ys gelme ýagdaýyna biz köp halatlarda üns bermeýän hem bolsak, bu çynlakaý kynçylykdyr. Düýnki şowhunly geçirilen agşamdan ýa-da täze bolmadyk iýmit netijesinde zäherlenme ýagdaýy bolsa, elbetde düşnükli zat. Şeýle halatlarda özüňi kadaly ýagdaýa getirmek ýeterlik bolýar.

Eger agyzdan gelýän ýaramaz ys adamyny hemişe biynjalyk edýän bolsa, bu başga kynçylykdyr.

Ynjalyksyzlanmadan başga, bu çynlakaý psihologiki we maşgala gatnaşyklaryna ýaramaz täsirini ýetirip biljek kynçylyga öwrülip biler.

Agyzdan ýakymsyz ys gelme  ýa-da "halitoz" ady bilen belli bu keseliň sebäpleri dürli-dürli bolup, şol sebäpleri aradan aýyrma ýagdaýy kadalaşdyryp biler.

Agyzdan ys gelmäniň iň köp duş gelýän sebäplerine diş we dişiň eti bilen baglanşykly ýagdaýlar degişlidir. Dişleriň kariýes keseli, paradontoz keseli, dişlere şowsuz goýlan plombalar, diş protezleriň ýalňyş ýasalmagy ýa-da olary nädogry ýuwmak, şonuň ýaly-da diş etiniň sowuklama ýagdaýlary ýa-da kömelekli zeperlenmeleri, agyz boşlugynda dörän başlar we ýaralar hem ýakymsyz ysyň döremeginiň sebäbi bolup biler.

Ondan başga-da, agyz boşlugynyň guramagy (kserostomiýa) hem agyzda ysyň döremegine getirip biler.

Tüýkülik – agyzy nemlendirýän aýratyn düzümli suwuklyk bolup, ol özboluşly tebigy arassalaýjy biologiki serişdedir.

Iýmit siňdirişe başlangyç täsirini ýetirmeden başga-da, tüýkülikde zyýanly bakteriýalary öldürýän fermentler saklanýar. Tüýkülik ýeterlik bölünip çykman, agyz guran ýagdaýynda, tüýküligiň ýetmezçiligi netijesinde onuň bakteriýalardan goraýjylyk täsiri peselip, olaryň köpelmegine sebäp bolup biler.

Kserostomiýa antigistamin (allergiýa täsirliligine  garşy) serişdeleri, ruhy gamgynlylyga garşy ulanylýan dermanlar, buşukdyryjy serişdeler, gan basyşy kadalaşdyryjy dermanlar, narkotiki serişdeleri kabul etmeklik hem getirip biler.

Kserostomiýadan uzak wagt ejir çekýän adamlarda diş etiniň sowuklama keselleri hem ýüze çykyp, bu hem öz gezeginde agyzdan gelýän ysy güýçlendirip bilýändir.

Agyzdan ys gelme kynçylygy bolmadyk adamlarda hem käwagtlar ýakymsyz ys bilen baglanşykly kynçylyk döräp biler. Siziň köpüňiz, irden, ýaňy ukudan turan çagyňyz, demiňiziň tämiz däldigini duýýansyňyz. Bu ýagdaý, gije tüýküligiň az bölünip çykyp, agyz boşlugynyň guraýanlygy sebäpli bolup geçýär.

Şoňa meňzeş, agzyň guramagy, hünäri  köp geplemek bilen bagly mugallymlarda, kazyýetde işleýän aklawjylarda, aragatnaşyk ulgamyň işgärlerinde hem duş gelýär.

Megerem Siz, köp çilim çekýän adamlaryň deminiň özboluşly ysynyň barlygyny duýýansyňyz.

Çilimiň tüssesinde saklanýan nikotin, şepbeşik maddalar dişlerde we agyz boşlugynyň dokumalarynda (dulugyň iç ýüzi, diş etinde, dilde) toplanyp, ýaramaz ysyň çeşmesine öwrülip biler.

Ondan başga-da, çilimiň agzy guradyp, kadaly tüýküligiň bölünip çykmagyna täsir edýändigini ýatdan çykarmaly däldir.

Agyzdan ys gelmäniň sebäbine gulak-burun-bokurdak keselleri hem degişli edilip bilner.

Basyk, gulagyň, burnuň, ýüzüň açyk boşluklarynyň (gaýmorit, frontit) sowuklamasy, bronhit, öýken sowuklamasy ýaly keseller agyzdan ys gelmä getirip bilýändir.

Iýmit siňdiriş agzalarynyň kesellerini hem ýatdan çykaryp bolmaz. Sebäbi aşgazan sowuklamasy, aşgazanyň we onki barmak içegäniň baş keseli, saryň gaýnamagy, gägirmek, içiň geçmegi ýa-da tersine gatamagy bilen häsiýetlendirilýän içegäniň sowuklamasy hem agyzdan ys gelmäni döredip biler. Bu keselleriň hemmesi gastroenterolog lukmanyň bejergisini talap edýändir.

Bagryň käbir keselleri (gepatit, gepatoz, holesistit) hem-de alyş-çalyş ýagdaýlaryň bozulmagyda demiň tämiz bolmazlygynyň sebäbi bolup biler.

Öte geçen, dowamly keseller netijesinde agyzdan gelýän ys has ýakymsyz we güýçli bolup biler.  Şonuň üçin hem, dowamly keselden ejir çekýän bolsaňyz, onuň "öz-özünden geçmegine" garaşman, lukmana ýüz tutup, degişli bejerginiň berilmegi, ýakymsyz demi aradan aýyrmaga kömek edip biler.

Aýallarda hem, gormon üýtgeşmeleri netijesinde aýbaşynyň başlamagynyň öňýanynda agyzdan  ysyň döremegi ýüze çykyp biler.

Agyzdan gelýän ýakymsyz ysdan dynmak üçin, oňa getirýän keselleri aradan aýyrmakdan başga-da, dişleri, diş etini, dili dogry arassalamaga üns bermek wajypdyr.

Et, balyk, süýt önümleri ýaly, beloga baý iýmitleri kabul edilenden soň, agyz boşlugyny tämizlemek has hem möhümdir, sebäbi beloklar agyz boşlugynda köpelmäni halaýan anaerob (kislorodsyz şertlerde ýaşaýan) bakteriýalar üçin oňaýly iýmit çeşmesi bolup durýandyr.

Iýmitlenmeden soň, dişlerde we diş etinde bakteriýalara baý bolan örtükden dynmak üçin dişleri we diş etini diş çotgasy hem-de diş  sapagy bilen gowy arassalamalydyr.

Diş sapagyny ulanmagyň zerurlygy barada ýene belläp geçesimiz gelýär. Diş çotgasynyň baryp bilmeýän, dişara ýerlerini her gün gowy arassalamazdan,  agyzdan gelýän ýakymsyz ysdan dynmak örän kyn mesele bolup biler.

Diliňizi iýmit örtüginden arassalamaga çalşyň. Onuň üçin, diliň yzky tarapyndan (ýetip bilme mümkinçiligine görä) başlap, çotga bilen arassalama hereketleriňizi onuň öňki bölegine çenli dowam ediň. Hereketleriňiz diliň üstüne biraz basyjy häsiýetli bolmalydyr, ýöne diliň nemli bardasyny gyjyndyrmaz ýaly aşa güýçli bolmaly däldir.

Agyz boşlugyny tämizlemekde, Size ony arassalama çäreleri bilen birlikde, hlorid setilpiridony we sinki saklaýan diş pastasy we agyz boşlugyny suwuk görnüşli tämizleýjileri ulanmak hem peýdaly netijeleri berip biler.

Agzyň gigiýenasyny saklamak çäreleri bilen birlikde, demi tämizlemekde degişli kömegi narpyzly süýjüleri, sakgyçlary ulanmak, petruşkanyň ýapraklaryny ýa-da kofe dänelerini çeýnemek hem  kömek berip biler. Şonuň ýaly-da, gök çaýy, suwa garylan baly, narpyz bilen çopantelpegiň garyndysy ýakymly dem almagy üpjün edip biler.

Eger lukman agzyňyza diş protezlerini oturdan bolsa, ol Size olary  arassalamagyň usuly barada gürrüň bermelidir. Diş protezlerinde hem, bakteriýalaryň toplanýanlygy sebäpli, olary hem iç we daş ýüzünden diş ýa-da ýörite çotga bilen arassalanmalydyr. Arassalamadan soň, protezler ýörite arassalaýjy ergin (onuň görnüşini lukman maslahat berýär) bilen doldurylan gaba salynmalydyr.

Hünärmenler, günüň dowamynda köp mukdarda suwuň içilmeginiň hem agyzdan gelýän ysy gowşatmaga ýardam berjekdigini belleýärler.
Suw ýetmezçiliginde, beden ony saklamak maksady bilen tüýküligiň emele gelme mukdaryny hem peseldýär. Şonuň esasynda, az işläp çykýan tüýküligiň bakteriýalary "ýuwup" aýyrma häsiýeti gowşaýar we ysyň döremegine getirýär. Suwuň ýeterlik mukdaryny kabul etmek ýa-da kadaly agzy suw bilen çaýkamak kserostomiýadan ejir çekýänlere has hem zerurdyr.

Gelmintoz keselinden ejir çekýän çagalarda hem demiň ysly bolup biljekdigi barada maglumatlar bar. Bu barada, Zonguldak şäheriniň (Türkiýe) lukmançylyk uniwerstitetiniň barlagçylary geçiren barlaglarynyň esasynda habar berdiler. Barlagçylaryň bellemegine görä, içege gelmintozyndan ejir çekýän çagalaryň ene-atalary öz çagalarynyň agzyndan ýaramaz ysyň gelýändigini habar beripdirler.

Alymlar, çagalaryň agzyndan gelýän ýaramaz ysyň mugthor sebäpli, içegede täretiň saklanmagy netijesinde ýüze çykýar diýip düşündirýärler.

Demi tämizlemek çärelerini geçirmezden öň hökman stomatolog lukmanyna ýüz tutuň. Ol agyz boşlugyň kesellerini ýüze çykaryp, bejergi çärelerini geçirmäge, görkezme boýunça başga hünärmenlere ýüz tutmagy maslahat berip biler.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#9 maysa 2016-11-21 13:10
Dislerim gowy yone gelyan demim yakymsyz ysly sonda name bejergi etmeli
Sitata
 
 
#8 Halnazar 2014-12-08 00:55
"Adam özün bilmez ham hyýal bolar" diýilişi ýaly adam köp halatda parhsyzlyk edýär. Öz saglygy üçin wagtynda edäýmeli zadam gaýra goýýar. Şol sebäpli agyzdan ys hem gelip durýar, görküni hem ýitirýär, gylyk häsiýeti hem ýaramazlaşýar we ç.m...
Sitata
 
 
#7 Lukman 2014-11-25 09:44
Diş etleriniň keselleri aýratyn hem parodontoz belli bir bejeriş ýagdaýyny geçirmeseň ýakymsyz yslaryň çeşmesi bolup durýar. Hususy gigiýena, bejeriş üstünligiň gözbaşy. Alkogol içgiler, nas,çilim çekmek bejergini puja çykarýar.
Sitata
 
 
#6 begenc 2014-11-17 11:48
Menin diysim calt cuyreyar.men gunde agsam yuvyan disimin dasyny ayyrtyan lukmanlan maslahatyny alyan emma ona garamazdan yylda 2 disim cuyreyar. Azylarymyn bary blomba goyulan. Sebabini bilmek isleyan
Sitata
 
 
#5 Berkeli 2014-10-18 05:55
Köplenç agyzdan ýaramaz ys gelýän adamlaryň özleri ony duýman belenyň körügi başga adamlardyr öýdýärler. Başgalara aýmak kyn hem bolsa maşgala agzalary ýa-da lukmançylyk işgärleri oňa aýdyp degerli çäre görmelidigini düşündirmelidir.
Sitata
 
 
#4 Student. 2014-09-13 08:48
Saýtda jikme-jik ýazylan köpler üçin düşükli bolmalymyka diýýärin. Sebäbi köpler ýaramaz ys diňe agyzda döreýärmikä diýip pikir edýärler. Seredip otursaň içki agzalaryň keselleri hem ýaramaz ysyň sebäpleri bolup durýarlar.
Sitata
 
 
#3 Ýaş ýigit. 2014-08-02 20:21
Ulagda gidip barýarsyň, awtobusda, taksida ýa-da mähelläniň üýşen ýerinde bazarmy, teatr bolsunmy parhy ýok agzyndan ýaramaz ys gelýän adam daşrak durýança seniň üçin musallat bolaýýar. Gelşikli geýniwli, görmekli erkek adamyň ýa-da owadan aýal-gyzyň golaýynda ýakymsyz ysy dyýýan wagtyň olaryň görki hem ýok bolup giden ýaly bolaýýar.
Sitata
 
 
#2 Dyzmaç. 2014-07-23 01:29
Durmuş guraňda oglan gyzyň ysyna, gyz hem oglanyň ysyna sala salyp gowy gözegçilik edilmese, soň ýöne olaryň ikisi üçinem hupbat bolaýýar.Şuňa ynanaýyň, çynym bilen ýazýaryn.
Sitata
 
 
#1 Myraly. 2014-07-14 15:53
Köp zat özüňe bagly. Arassalyk haýwanada zerur weli adam üçinä hasam wajyp ahyryn. Dişleriňi, agzyňy aýratyn hem nahardan soň hapa saklasaň, suw içmän gurap ýörseň, keseliňe gözüňi ýumsaň adamyň maslykdan nämesi enaýy?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele