Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Agyz boşlugynyň saglygy SÜÝT DIŞLERINIŇ ÇYKMAGY BILEN BAGLY KÄBIR MESELELER
( 8 Ses Berme )

Dünýä inen çaga ulalyp, kämilleşip başlaýar. Enäniň öňünde bolsa onuň saglygy we ösüşi bilen bagly dürli soraglar ýüze çykýar. Ýaş ene-atalar çagasynyň durmuşynda ilkinji gezek bolup geçýän zatlaryň ählisini  uly waka hökmünde kabul edýärler. Olaryň biri hem ilkinji dişleriň peýda bolmagydyr.

Çaganyň geljekki  dişleri ol ýaňy enesiniň göwresinde galandan soň, ilkinji üç aýlygynda kemala gelýär. Şol sebäpli bu döwürde enäniň iýmit üsti bilen kabul eden maddalary, göwrelilik döwründe geçiren keselleri we kabul eden derman serişdeleri dişleriň dogry, sagdyn ösmegine täsir edýär. Doglan çaga 6-7 aýlyk bolandan soň, onuň  ilkinji dişleri çykyp ugraýar. Belli bolşy ýaly,  süýt dişleri çykanda körpelerde birnäçe ýaramaz ýagdaýlar ýüze çykýar: iýmit siňdirişi bozulýar, içi geçýär, gyzgyny galyp biynjalyk bolýar. Lukmanlar şeýle bozulmalar çaganyň bedeniniň bu döwürde kesele garşy durnuklylygynyň peselmegi sebäpli döreýär diýip hasaplaýarlar. Emele gelen kynçylyklara hötde gelmek üçin, käbir ýörelgeleri bilmek peýdalydyr.

Içege bozulmalarynyň ilkinji alamatlary peýda bolandan (täretiniň suwuk we ýygy-ýygy bolmagy), çaga iýmit çäklendirmesini girizip, artykmaç naharlamazlyga çalyşmaly. Bu döwürde çaganyň işdäsi öňküsine garanda peselýär. Şonuň üçin-de, goý, ol işdäsiniň alanyny iýsin. Ýöne kemeldilen iýmitiň öwezini  suwuklyk bilen doldurmagy  ýatdan çykarmaň. Nahardan soň hökman çaga miweleriň we gök önümleriň şiresini, ýuwanjak çaý ýa-da miwe kişdesiniň şiresini içirmeli. Täreti suwuk bolup, onda nem emele gelse, lukmana ýüz tutmak maslahat berilýär.

Çaganyň işdäsi kadalaşanda, onuň iýmitine seresaply çemeleşmeli. Çig ir-iýmişleri we miweleri bermekden saklanyp, ýerine dürli şüleleri we gök önüm pýurelerini bermäge çalyşmaly. Ýöne bu döwürde şugundyry we kelemi  bermek, pýure taýýarlananda ösümlik ýagyny goşmak maslahat berilmeýär.

Diş çykmak bilen bagly ýene-bir ýagdaý  çaganyň gyzgynynyň galmagydyr. Körpeleriň köpüsi bu ýagdaýy ýeňillik bilen geçirýärler. Emma endamynyň gyzgyny 38ºС ýetse, ony derman serişdeleriň kömegi bilen kada getirmeli. Munuň üçin lukmanyň maslahatyndan soň parasetamol we düzüminde parasetamol bar bolan derman serişdeleri ulanmak bolar. Kiçi çagalara aspirin serişdesini bermegiň gadagandygyny ene-atalar ýatda saklamalydyr.

Süýt dişleri hemişelik dişlere garanyňda kiçi, inli, gysga bolýar. Çaga 2-3 ýaşaýança olar doly çykyp gutarýar. Çeýnemekligiň netijesinde  biri-birine sürtülip, dogry orny eýeleýärler.

Süýt dişleri tertip boýunça çykyp, ilki bilen alyn dişleri görnüp ugraýar. Olar 8 sanydyr.

  • 6 aýda iki aşakdaky merkezi dişleri – ortaky alyn dişleri
  • 8 aýda iki ýokarky ortaky alyn dişleri
  • 10-12 aýda iki ýokarky gapdal alyn dişleri
  • 13-14 aýda iki aşakdaky gapdal alyn dişleri
  • 15-16 aýda 4 sany öňdäki azy dişi çykýar.

Azy dişleri bilen alyn dişleriň arasynda gyýyk dişlere ýer galýar. Olar çaga 20-24 aýlyk bolanda peýda bolup ugraýar. Soňra iki ýarym ýaşa çenli dört yzky alyn dişleri çykyp, çagada 20 sany süýt dişi emele gelýär.

Hemişelik azy dişleri süýt azy dişleriniň yzyndan, çaga 6 ýaşandan soň çykýar. Emma olaryň kemala gelip ugramagy örän ir, çaga doglup, ýaňy birnäçe aý geçenden soň başlaýar. Dişleriň sagdyn bolup çykmagynda ene süýdüniň orny uludyr. Sebäbi çaga iýmitde ulanýan süýdünden uly mukdarda fosfor we kalsiý kabul edýär. Hemişelik dişleriň ösüp başlamagy bilen, süýt dişleriniň köki gowşap, olar yrgyldap ugraýarlar we bir-birden dökülýär. Süýt dişleri edil çykandaky tertibi boýunça gaçýar: alyn dişleri, azylar, gyýyk dişleri. Süýt dişleriniň hemişelik dişler bilen çalyşmak prosesi 12-14 ýaşda gutarýar.

Süýt dişleriniň sagdyn bolmagy ugrundaky alada hemişelik dişleriň sagdyn bolmagynyň girewi.

Ilkinji dişler çykandan soň, onuň bilen bagly dürli kynçylyklar peýda bolýar. Olar esasan çaganyň agyz boşlugynyň arassaçylyk düzgünlerini doly berjaý edilmeýänligi we ýaramaz endikler: barmak sormak, agzy emzikli çüýşe bilen uklap galmagy zerarly  ýüze çykýar. Çüýşejigiň içindäki suwuklyk (ylaýta-da ol süýjüli bolsa) özboluşly goňur reňkli çüýrükligi emele getirip, körpejäniň ähli alyn dişlerini zaýalaýar.

Çagalaryň süýjini gowy görýänligi hemmelere mälim. Ýöne ene-atalar çaga dişleriniň çüýremeginiň sebäbiniň  bakteriýalaryň şeker we krahmaldan işläp çykarýan süýt turşulygyndadygyny ýatdan çykarmaly däldir.

Süýt dişlerine ideg etmek

Süýt dişleriň sagdyn bolmagy we geljekde hemişelik owadan, sag dişler bilen  ornuny çalyşmagy üçin,  peýda bolan gününden başlap ideg edip ugramaly. Munuň üçin barmaga geýilýän ýörüte diş çotgany, pagtany ýa-da hasany gaýnag suwa batyryp dişleri süpürip durmaly. Dişleriň diş etine birigýän ýerine has üns bermeli. Dişleriň sany köpelip ugransoň, olaryň ýüzini we aralaryny arassalap durmaly. Diş pastasyny we diş çotgasyny takmynan çaga 12-14 aýlyk bolandan soň ulanyp başlamaly.

Iki ýaşa çenli süýt dişleri günde bir gezek – agşam arassalamak ýeterliklidir. Soňra kem-kemden özbaşdak iki sapar – ertirine we agşamyna ýuwup başlamaly. Ýöne agşamky idegiň  has ähmiýetlidigini ýatdan çykarmaly däl. Ilki bilen çaga diş pastasyz, diňe diş çotganyň özüni beriň. Ol ony çeýnär, oýnar we az salymdan dogry ulanmaga endik eder.

Diş çotgasy emeli süýümden we ýumşak bolmaly. Has  ýumşamagy üçin ony ulanmazdan öň gaýnan suwa ýatyrmaly. Çotganyň ululygy  çaganyň ýaşyna görä saýlanylýar. Köplenç diş çotgalaryň gabynda haýsy ýaşa niýetlenendigi görkezilen. Ony her üç aýdan çalşyp durmaly, hemişe arassa saklamaly we hökman ulularyň diş çotgasyndan aýry goýmaly.

Çaga diş ýuwujy pastalaryň düzüminde zyýanly maddalar ýokdur. Dişini arassalap durka körpeje ony ýuwdaýanda-da howply däl. Çaga dişini dogry arassalamany öwrenenden soň, ýönekeý arassalaýjy pastalardan düzüminde fosfor, ftor bolan  bejeriş-öňüni alyş diş pastalaryna geçmek bolar. Çaga üçin  diş ýuwujy serişdelerini dogry saýlamak barada sorag ýüze çyksa, diş lukmany bilen maslahat etmek bolar.

Gözleg işleriniň görkezmegine görä, çaganyň dişleriniň sagdyn we berk bolmagy üçin onuň iýmit arkaly kabul edýän maddalary: kalsä, fosfora baý bolan süýt, peýnir, dorog; gün şöhlesiniň derä täsir etmegi bilen emele gelýän D witamini; pyrtykalda we beýleki sitrus ösümliklerinde, gök soganda, smorodinada, itburunda, pomidorda, kelemde bolan C witamini örän peýdalydyr. Şeýle-de A witamini, B witaminler topary, ftor we beýleki peýdaly maddalar zerurdyr.

Çaga iki ýaşandan soň ýylda iki sapar diş lukmanyna görkezmek maslahat berilýär. Zerurlyk ýüze çykanda lukman maslahatyny has ýygy hem alyp bolar. Eger siziň çagaňyzyň dişeri we diş etleri bilen hiçhili howply ýagdaý ýüze çykmadyk bolsa, siz lukmanyň berekellasyny eşidersiňiz. Lukman hem öz gezeginde käbir öňüni alyş çärelerini geçirer. Dişleriň saglygy bütün bedenimiziň saglygyna täsir edýänligini, olary çagalykdan aýap başlamalydygyny ýadyňyzdan çykarmaň.

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele