Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Agyz boşlugynyň saglygy DIŞ PASTASYNY NÄHILI SAÝLAMALY
( 9 Ses Berme )

Biziň döwrümiziň teleýaýlymlary diş pastasynyň köpdürli görnüşlerini giňden mahabatlandyrýarlar. Mahabatlandyrylýan diş pastasynyň hemmesini alasyň gelýär. Eýsem diş pastasyny nähili saýlamaly?

Dermanhanalaryň we dükanlaryň tekjelerinde diş pastasynyň islendik görnüşini: derman otlary, ary mumunyň, hatda agaç kömri goşulanyny hem tapmak mümkin.  

Diş pastasyny öndürijileriň biri köp sagatlyk goragy, başga biri dişleri göz ýumup-açasy salymda agartmagy, ýene biri agyz boşlugynyň ýaramaz ysyny aýyrmagy wada berýär. Eýsem hut size ýaraýan diş pastasyny nähili saýlamaly?

Görnüşi we düzümi

Diş pastasy toz bölejiklerinden we suwuklykdan ybaratdyr. Toz bölejikleri şulardan ybarat: üpürdik (abraziw) düzüjileri, pastanyň strukturasyny emele getirijiler we gel suwuklygynyň düzüminde eremeýän maddalar.  Gel suwuklygy bolsa ýüzleý gatlaga aktiw täsir edýän maddalardan, biologiki taýdan aktiw bolan maddalardan, hoşboý ys beriji maddalardan we konserwantlardan ybaratdyr.  

Toz bölejikleri dişiň kirini, daşlaryny aýyrmak, şeýle-de dişleri himiki taýdan arassalamak üçin gerekdir. Diş pastasynyň köpürjiklemesine bolsa onuň düzümindäki suwuk maddalar jogap berýär. Aktiw maddalary dişiň gaty dokumalaryna we agyz boşlugynyň nemli örtügine ýetirmäge bolsa suwuk maddalar kömek edýändir. Şoňa görä-de, diş pastasynyň düzümindäki toz bölejikleriniň we suwuklygyň özara gatnaşygy onuň hilini, täsirliligini we wezipesini kesgitleýär.

Arassalaýjy diş pastalarynyň düzüminde derman ýa-da agyz boşlugynyň keselleriniň öňüni alýan haýsydyr bir serişde goşulmaýar. Şonuň üçin-de olaryň esasy we ýeke-täk wezipesi — dişleri arassalamak we agyz boşlugynyň ysyny tämizlemek.  

Lukmançylyk diş pastalaryny diňe lukmanyň bellemeginde tapgyrlaýyn ulanmak bolýandyr. Bu diş pastalarynyň düzümine agyş boşlugynyň kesgitli bir keselini bejerýän derman serişdeleri goşulýandyr. Muňa agyz boşlugynyň kömelek ýokançlygyna garşy niýetlenen diş pastalaryny mysal hökmünde getirip bolar.             

Lukmançylykda ulanylýan diş pastalary diňe diş lukmanlaryň iş otagynda tapmak mümkindir. Olar dişleri düýpli agartmak, ýylmamak we arassalamak üçin ulanylýandyr. Şeýle diş pastalarynyň düzüminde wodorodyň öteturşusy bar. Olaryň kömegi bilen agardylan dişler köp ýyllaryň dowamynda ap-aklygyny saklaýar (ýöne dişler barada dogry alada edilmelidir).

Adaty diş pastalarynyň düzümine wodorodyň öteturşusy goşulýan däldir, sebäbi ol himiki taýdan örän aktiw maddadyr. Wodorodyň öteturşusy dişiň etine, agzyň nemli örtügine ýa-da aşgazana düşen ýagdaýlarynda güýçli ýanyklaryň döremegine sebäp bolýar. Şoňa görä-de, diňe lukmançylykda ulanmaga niýetlenen diş pastalaryny diş lukmanynyň gözegçiliginde ulanmalydyr.  

Agyz boşlugynyň keselleriniň öňüni almak maksady bilen öndürilýän diş pastalary dürli-dürlüdir. Olaryň düzümine diňe arssalaýjy we demi hoşboý ediji düzüjileri däl, eýsem witaminler, ekstraktlar we derman otlaryň şiresi, duzlar, mikroelementler, fermentler hem goşulýar. Şeýle diş pastalaryny agyz boşlugynyň arassaçylygy üçin-de, keselleriň (diş çüýremesi, parodontoz, agyz boşlugynyň nemli örtüginiň keselleri) öňüni almak üçin-de ulanmak bolýar.  Agyz boşlugynyň kesellerini bejermek we olaryň öňüni almak maksady bilen ulanylýan diş pastalaryň düzümi dürli-dürlüdir. Mysal üçin:

Diş çüýremesinden goraýan diş pastalary

Bu görnüşinde ftoryň dürli birikmeleri bardyr. Köp halatlarda bu natriniň ftoridi (ýa-da natriniň monoftorofosfaty), flýuoridler ýa-da düzüminde ftor bolar birikmelerdir. Bu diş pastalary dişiň syrçasyny mäkämlendirip, dişde ýumşak örtügiň emele gelmeginiň öňüni alýar. 

Diş çüýremesine garşy öndürilýän diş pastalary diş syrçasynyň emele gelýän döwründe, ýagny çagalyk döwründe netijeli täsir edýär. Diş lukmanlarynyň gözegçiligine laýyklykda, düzüminde ftor bolan diş pastalarynyň ulanan çagalarda diş çüýremesi 15-35% peselýär. Ýöne uly ýaşly adamlarda bu diş pastalary beýle netijeli täsir etmeýär. 

Aýratynlyklary. Diş çüýremesiniň öňüni almak maksady bilen diş pastasyny saýlamazdan ozal, öz ýaşaýan ýeriňizdäki akar suwuň we azyk önümleriniň ýagdýyna üns bermeli. Ýogsa bu pastalar peýdaly täsir etmegä derek zyýan ýetiräýmegi-de ahmal. Dişiň gaty dokumalaryny ftoryň ionlary bilen baýlaşdyrmak üçin, bir týubikde ftor toplamasy 2%-den köp bolmaly däldir. 

Eger adamyň organizmi ftoruň ýeterlik derejesini başga zatlaryň üsti bilen onsuzam kabul edýän bolsa, ftorly diş pastalary saýlamak zerurlygy ýok. Siz diş çüýremesinde goraýan, ýöne düzüminde başga düzüjileri bolan diş pastalaryny saýlaýmaly. Bu düzüjilere kalsiniň we natriniň birikmeleri degişlidir. 

Ösümlik ekstraktlary goşulan diş pastalary

Olaryň dikeldiş, sowuklama garşy täsiri bolup, agyz boşlugyndaky alyş-çalyş ýagdaýyny gowulandyrýar, diş etiniň ganamasyny azaldýar. Şeýle-de olar agyz boşlugyndaky ýaramaz yslaryň bolmazlygyna ýardam berýär. 

Aýratynlyklary. Şeýle diş pastalaryny saýlanyňyzda olaryň düzümindäki maddalara allergiki täsiriňiziň bolup-bolmazlygyny barlamaly. Şonuň üçin-de, diş pastasyny saýlanyňyzda, olaryň düzümi we ösümlik ekstraktynyň nämä niýetlenýändigi baradaky maglumaty ünsli okaň. 

Fermentler goşulan diş pastalary

Olar dişiň daşky ýüzünde emele gelýän ýumşak örtügi, iýmit galyndylaryny oňat aýyrýarlar. Olar çilim çekilmegiň netijesinde dişlerde emele gelyän sarymtyl örtügi hem aýyrýarlar. 

Aýratynlyklary. Şeýle diş pastalaryny parodontyň we agyz boşlugyndaky nemli gatlagynyň keselleriniň ýitilişen ýagdaýlarynda ulanmak maslahat berilýär. 

Düzüminde duzlar bolar diş pastalary

Bu diş pastalary agyz boşlugyndaky gan aýlanyşygy gowulandyrýar. Bu bolsa parodontda we agyz boşlugynyň nemli gatlagynda alyş-çalyş işleriniň gowulanmagyna ýardam berýär. Olar sowuklan diş etinden sowuklama alamatlaryny aýryp, agyryny kemeldýärler.

Aýratynlyklary. Duzlar nemiň eremegine, dişiň daşky ýüzünde emele gelýän ýumşak örtügiň aýrylmagyna, agyz boşlugynyň aşgarlanmagyna ýardam berýär. Bu bolsa öz gezeginde diş syrçalarynyň minerrallaşmagy üçin oňaýly şertleri döredýär.  

Dişde daşlaryň döremeginiň öňüni almaga niýetlenen diş pastalary

Bu diş pastalarynyň düzüminde pirofosfatlar ýa-da sink esasynda taýýarlanylan birikmeler bolýar. Şeýle diş pastalarynyň yzygiderli ulanylan ýagdaýynda dişlerde daşyň döremek howpy 50% azalaýar.

Aýratynlyklary. Ýöne bu diş pastalary dişde eýýäm dörän ýa-da diş etiniň astyndaky daşlary aýryp bilmeýärler. Şeýle ýagdaýlarda diş lukmanlaryna ýüz tutmalydyr. 

Çakdanaşa syzgyr dişler üçin niýetlenen diş pastalary

Adamyň dişinde onuň içki gatlagyna alyp barýan mikroskopiki kanaljyklar bolaýar. Şu kanaljyklaryň mukdarynyň köp bolan ýagdaýynda dişler gyzgyna syzgyr bolýar. Bu diş pastalary bolsa şol kanaljyklara dyky hökmünde täsir edýärler. Dişler şeýle diş pastalary bilen arassalananda, onuň düzümindäki gidroksiapatit, trikalsiý fosfat we olaryň beýleki görnüşleri ýaly aktiw düzüjiler şol kanaljyklara dykylýarýar. Şu diş pastasynyň ulanylyp başlanayndan 4-9 gün soň syzgyr dişleriň syzgyrlygy düýpli kemelip, dişler gyzgyn çaýa ýa-da nahara agyrysyz "garaýar".

Aýratynlyklary. Ýöne şeýle diş pastalary uzak wagtyň dowamynda ulanylanda, olar dişiň syrçasyny çalymtyk reňke boýaýar. Bu kanaljyklaryň gidroksiapatitden "pürepür" bolmagynyň netijesinde bolup bilýär. Şeýle çalymtyk reňki aýyrmak üçin birnäçe gün haýsydyr başga bir diş pastasyny ulanaýmaly. Soňra ýene-de syzgyrlygy kemeldýän diş pastasyny ulanmak bolýar.  

Dişleri agartmak üçin niýetlenen diş pastalary

Olaryň esasy aýratynlygy — düzümindäki üpürdikleriň (abraziwleriň) köp bolmagy. Olaryň mukdary 70-120 birlik bolup bilýär. Çilimkeşler üçin niýetlenen bu diş pastalarynyň düzümindäki üpürdikleriň mukdary 200-de ýetip bilýär. Olar diş syrçasyny mehaniki usulda agardýarlar.

Aýratynlyklary. Bu diş pastalaryny dyngysyz ulanmak gaty howpludyr. Parodont keselleriniň ýa-da çakdanaşa syzgyrlygyň bolan ýagdaýlarynda bu diş pastalaryny ulanmak bolmaýar. Ýöne düzüminde turşulyklar we fermentler bolan diş pastalar hem dişleri agardyp bilýärler. Olaryň himiki täsiriniň netijesinde dişlerdäki garamtyl tegmiller has ýumşak usulda aýrylýarlar.

Indi bolsa haýsy diş pastasyny ulanjakdygyňyzy özüňiz çözüň. Dişleriňizi goraň.

Ulanylan WEB Salgy

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 Gulamjan 2015-01-06 14:38
Lukman haysy dis pastasy gowyka ?
Sitata
 
 
#1 Maksat 2014-01-14 04:54
Lukman, siz haysy dish pastasyny ulanyanz, menem shony ulanjak.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele