Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Ruhy keseller Umumy SEN KIMDIGIŇI BILÝÄRMIŇ?
( 38 Ses Berme )

Her bir adamyň özüne mahsus bolan üýtgeşik içki dünýäsi bar. Alymlar birnäçe psihiki alamatlara görä adamlary toparlara-temperamentlere bölýärler. Gippokrat ilkinji bolup temperamentleriň esasy höküminde adamyň fiziki we psihiki aýratynlyklaryny öňe sürdi. Ol adamlaryň özüni alyp barşyndaky aýratynlyklary, olaryň bedeninde haýsy hem bolsa bir suwuklygyň köp mukdarda bolmaklygy bilen häsiýetlendirdi:

Holerik – şeýle adamlaryň gyzgyn ganly, emosional häsiýetli bolmagy, bedenlerinde "sary ödüň" agdyklyk etmegi bilen;

Sangwinik bedendäki ganyň täsiri netijesinde adamyň şähdaçyk, hereketli, işjeň bolmagyny;

Melanholik şeýle adamlaryň gaýgyly, gamgyn, howsalaly, lapykeç halda bolmagy, bedende "gara ödüň" köplük etmegi bilen;

Flegmatik limfanyň köp mukdarda bolmagy bilen şeýle adamlaryň asuda, erkin häsiýetini düşündiripdir.

Belli fiziolog I. P. Pawlow Gippokratyň öňe süren esasy häsiýetleriniň görnüşleriniň esasynda haýwanlaryň häsiýetlerini öwrenip, tejiribe geçiripdir. Ol adam häsiýetleriniň bedendäki suwuklyklaryň hiliniň we mukdarynyň aýratynlyklaryna bagly bolman, nerw ulgamynyň işjeňlik aýratynlyklaryna baglydygyny anyklapdyr.

Häzirki wagtda psihologlar adam temperamentleriniň 4 görnüşini tapawutlandyryp, olaryň hersine dürli häsiýetnama berýärler.

Holerik

Duýgularyny güýçli, emosional häsiýetde äşgär etme we keýpiniň çalt üýtgemegi holerikleriň häsiýetiniň tapawutly alamatydyr. Diýseň şadyýan holerik bir salymdan müzzerilip, lapykeç ýagdaýa eýe bolsa-da, soňundan onuň özüni alyp barşy ýene emosional häsiýete eýe bolup bilýändir.

Duýdansyz hereketlilik, gaty we çalt geplemeklik, işi basym ýerine ýetirip, soň hem çalt taşlamaklyk holeriklere mahsus häsiýetdir. Çünki bu temperamentli adamlar üçin nerw ulgamynyň ýokary işjeňliginiň, soňundan onuň gowşamagy bilen gezekleşmegi häsiýetlidir. Haýsydyr bir iş edip başlasalar, oňa ähli güýjüni siňdirýärler, soňundan çalt ýadap, işi taşlaýarlar.

Holeriklere inçe, ünsi we takatlylygy talap edýän işler bilen meşgullanmak kynçylyk döredip biler. Belli bir wagta çenli gyzykly hem bolsa, soňra bu iş olary kejikdirip başlaýar.

Adamlar bilen gatnaşykda holerikleriň gaharjaňlyk, emosional durnuksyzlyk, aşa gönümellik häsiýetlere eýedigi sebäpli, olar adamlaryň hereketlerine dogry baha berip bilmän, işde dürli düşünişmezlikl, oňaýsyz ýagdaýlary döredip bilerler.

Sangwinik

Sangwinikler durmuşy söýüji we gujurly, töwereginde şatlygy we emosional ýylylygy saklap bilýän adamlardyr. Holerikler ýaly emosiýalaryny güýçli äşgär edip, hereketli bolsalar hem, deňagramlylygy bilen tapawutlanýandyrlar. Daşky görnüşi boýunça diýseň işjeň we hereketli bolsa-da, içki dünýäleri beýlekilere gabat gelmejek derejede gaty rahatdyr. Eger şowsuzlyga uçrasalar hem, olar hiç zat bolmadyk ýaly ýaşaýyşlaryny dowam edýän giňiş adamlardyr.

Sangwinikler näme bilen meşgullanmak isleseler, şony hem edýärler. Olaryň işe ukyplylygy ýokary derejeli bolup, haýsydyr bir işi ýerine ýetirenlerinde birsyhly, soňuna çenli ýerine ýetirýärler. Ýöne sangwinikleriň ýokary işjeňligini we gujurly hereketjeňligini saklamak üçin, olaryň durmuşy gyzyklanmalarynyň we ýaşaýan gurşawynyň täzelenip durmagy möhümdir. Täzeliklere garyp, birsydyrgyn dowam edýän durmuş akymy, olarda lapykeçlik, parhsyzlyk ýaly häsiýetleriň döremegine getirip biler.

Umuman alanyňda bolsa, şeýle temperamentli adamlar köplenç şähdaçyk, keýpihon bolup hem-de nätänyş adamlar bilen çalt sözleri alşyp, aragatnaşygy ýola goýup bilýärler. Howlukmaç sözleşige we gaty seslilige eýedirler.

Olar beden gurluşlary dolmuş, tegelek ýüzli, şadyýan görnüşli adamlardyr.

Melanholik

Melanholikler çäkli gatnaşyklara we ýekelige ymtylýan, nätanyş we täze adamlar bilen gatnaşyk açmadan gaça durýan, utanjaň adamlardyr. Şeýle häsiýetlilige eýe adamlarda psihiki hadysalaryň haýal dowam edýändigi sebäpli, olar daşky gyjyndyryjylara haýal jogap berýärler. Melanholikler üçin uzak we güýçli dartgynly ýagdaýda bolmak mahsus däldir, çünki beýle ýagdaýyň dowam etmegi olary has hem gowuşgynsyz, lapykeç ýagdaýa getirip biler. Olar her sözi göwnüne çalt alýan, öýkelek adamlar bolsalar hem, hemme öýke-kinäni içlerinde saklap, daşyna çykarmaýarlar. Hemme täze, adaty bolmadyk ýagdaýlar melanholiklerde nerw işjeňliginiň has hem gowşamagyna getirýär. Ýöne adaty we asuda ýagdaýda şeýle temperamentli adamlar özüni arkaýyn duýup, öndürijilikli işlemäge ukyplydyrlar.

Daşky görnüşleri köplenç hortaňsy, ýüzi gaýgyly we pikirli, sussypes adamlardyr.

Flegmatik

Flegmatikler barada aýdylanda, olaryň örän sabyrsyzdygyny bellemek gerekdir. Olaryň emosiýasy haýal ýüze çykyp, ony bir görnüşden üýtgetmek örän kyndyr. Az gülýärler we gyjyndyrmalary haýal kabul edýärler, hemişe asuda we olaryň bu ýagdaýyny üýtgetmek ýeňil düşmeýär. Haçanda haýsydyr bir zat hakda gürrüň edilende, hiç hili emosiýasyz, birsydyrgyn gürleýärler, şonuň üçin hem olar bilen gürrüňdeş bolmaklyk aňsat däldir. Flegmatikler emosiýalaryny özlerinde "toplap" goýup, üýtgeşik pursatda, garaşylmadyk ýagdaýda olary ýüze çykarmaga ukyplydyrlar.

Olaryň her bir hereketinde üýtgeşiklik we ynamlylyk bar. Flegmatikler bir işe başlamazdan öň köp pikir edýärler we çözgüdini çykarýp, gelen netijesinden dänmeýärler.

Olar köplenç ýekeligi halaýarlar, täze, düşen gurşawyna öwrenişmek üçin flegmatiklere wagt gerek bolýar. Olar tanyş adamlar bilen gürrüňdeşligi halasalar hem, nätanyşlar flegmatiklerde oňaýsyzlygy döredip bilýär.

Flegmatikler üçin durmuş akymynyň birsydyrgynlygy hemme zatdan amatly bolup görnüp, bir käriň eýesi bolup, işini çalşyrmazlyk olar üçin amatlydyr. Bu ýagdaýda olar özlerini beýlekilerden tapawutly hasaplaýarlar, sebäbi olar ýokary hünärmen bolup, öz işlerine ökde adamlardyr.

Alymlar bir temperamentin "arassa" görnüşini saklaýan adamlaryň seýrek duş gelýändigini kesgitläp, köplenç temperamentleriň utgaşygyna eýe adamlaryň agdyklyk edýändigini belleýärler.

Adamyň daşky gurşawdan maglumatlary almak ukybynyň görnüşleri

Biziň her birimiz daşky gurşawdan doly we anyk maglumatlary almak üçin görmek (wizual), eşitmek (audial), elläp görmek (kinestetik), ysgap ýa-da tagamyny barlap görmek ýaly häsiýetlerden peýdalanýarys.

Adam ulaldygyça haýsydyr bir ugra esaslanyp, şol ugurdan has ýokary kämilleşmelere eýe bolýar. Adatça wizual, audial ýa-da kinestetik maglumat alma ugurlary beýleki ugurlara garaňda köp ýüze çykarylyp, kämilleşdirilýändir.

Geliň, adamyňyň daşky gurşawdan maglumat kabul etmegine ýardam berýän ugurlaryň üstünde aýry-aýrylykda durup geçeliň.

Görmek (wizual)

Şeýle adamlar köp maglumatlary görüşiň üsti bilen özüne kabul edip alýarlar.

Adatça bular hor we uzyn, göni ýöreýän adamlar bolup, köplenç äýnekli gezýärler. Olar daşky gurşawdaky zatlary nähili görseler, şolar ýaly hem baha berýärler. Şonuň üçin olar gelşikli, owadan we ykjam geýinýärler. Şeýle hem maglumatlary görüşiň üsti bilen kabul edip, söhbetdeşini ýüz keşbi, bedeniniň duruş ýagdaýyna görä kabul edýärler.

Uly görüş çägini gazanyp, hiç bir ownuk zat hem gözden sypmaz ýaly, synlaýan zadyndan daş aralykda durmagy halaýarlar.

Maglumaty kabul etmegiň bu görnüşi üçin sesiň täsiriniň pesligi sebäpli, şeýle adamlaryň sesleri gaty bolýar. Köplenç olar gepleşikde şeýle jümleleri ulanýarlar: "Seret, nähili täsin!", "Bu maşynyň owadandygyny", "Nähili açyk howa" we ş. m.

Maglumat almanyň bu ugruny ulanýan adamlardan gowy, döredijilikli dizaýnerler, egin-eşikleri döredijiler we mahabatlandyryjylar (modeller) döreýär.

Eşitmek (audial)

Bu ugry ulanýanlar daşky dünýäden alýan maglumatlarynyň köp bölegini eşidiş agzalaryň üsti bilen kabul edýärler.

Şeýle adamlar biraz dolmuş görnüşe eýedirler. Gürrüňdeşlikde sesiň gowy eşdilmegi üçin gürrüňdeşine ýakyn oturyp, bütün göwresini ona tarap öwürýärler.

Audiallar öz seslerinden lezzet alýarlar, seslerini näzik we mylaýym hasaplaýarlar. Sözleýişde yzygiderli akgynly äheňi saklaýarlar. Köplenç "meni diňle", "saňa aýdýan" we ş. m. ýaly sözleri ulanýarlar.

Şeýle adamlara kompoziterleri, aýdymçylary, tans edilýän agşamlardaky dijeýleri degişli edip bolar.

Ellemek (kinestetik)

Şeýle adamlara maglumat ýygnaýan degişli zadyna ýakynlaşmak, elläp görmek ýaly hereketler mahsusdyr. Köplenç halatda bular daýaw, dolmuş kişilerdir. Gürrüňdeşlikde söhbetdeşiniň ýanyna golaý baryp, ony ellemäge, sypalamaga ymtylýarlar.

Her hereketinde, söhbetdeşlikde uzak pikirlenip, soň diýjek sözlerini diýýärler.

Sözleýişde köplenç "duyujy" sözleri gaýtalaýarlar: "Bu ikisiniň tapawudyny duýýaňyzmy?", "Nähili gyzgyn kofe" we ş. m.

Digital (pikirlenme)

Daşky dünýäden maglumat almanyň bu görnüşi üçin pikirlenme (logika), akyl ýetirme häsiýeti degişli edilip, ol akyl zähmeti bilen meşgullanýan adamlara mahsusdyr.

Şeýle adamlar söhbetdeşlikde gürrüňdeşiniň "içine girmäni" başarýarlar we olaryň ünsüni bölmezlige çalyşýarlar. Olar adamynyň ünsi bölünende, alynýan maglumatlar ýoýulýar diýip düşünýärler Sözleýişde akylly sözläp, artykmaç sözlemelerden saklanýarlar. Gürrüňdeşlikde "dogry", "logika laýyk" diýen ýaly jümleleri köp ulanýarlar. Şeýle adamlara alymlary, programmistleri degişli edip bolýandyr.
 

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#10 sirin 2014-06-07 12:44
Lukman sizin beryan jogaplarynyz men ucin gaty gyzykly.mana sizin komeginiz gerek.!menin hic kelle agrym galanok sony nadip bejerip bolar mana maslahat berin hays
Sitata
 
 
#9 Umida 2014-05-06 17:02
Quoting Çäşem.:
Duktorjan, gaýtalap okap özümiň kimdigimi bilen däldirin menä.

Onun ucin yorite testlerden gecmelisiniz! Shondan son siz haysy temperamenta degishliginizi bilip bilersiniz!
Sitata
 
 
#8 Çäşem. 2014-04-12 11:50
Duktorjan, gaýtalap okap özümiň kimdigimi bilen däldirin menä.
Sitata
 
 
#7 Okyjy. 2014-04-10 01:56
Be, bu beýle bolup çykdow! Her adamyň gylyk-häsiýeti enesiniň içinde fundamenti goýulyp, gözbaşyny şol ýerden alyp gaýdýan ýaly düşündim. Şonuň üçin her hili häsiýetli adamlara duş gelýärsiň. Olaryň içinde gowy hem erbet, oňuşyksyz häsiýetli adamlar bar. Soňkylary jemgyýet, durmuş näçe gowylyga ugrukdyryp, terbiýelejek bolup çalyşsada gylyk häsiýeti öňküligine galýar. Diýmek olar şeýle dogulan bolýarda...
Sitata
 
 
#6 Porhan. 2014-04-04 16:32
Türkmenler "Adam baýapdyr diýseler ynan, ýöne häsiýeti üýtgäpdir diýilse ynanma" diýilşi ýaly "Allanyň beren gylygy alla alanda aýrylar.
Sitata
 
 
#5 Batyr. 2014-04-03 03:23
Holerik bilen melanholiklere durmuşda bir köp duşurmawersin. Olara köp duşsaň köp derman içmeli bolarsyň.
Sitata
 
 
#4 Sakar. 2014-04-02 00:54
"Adam bardyr adamynyň nagşydyr. Adam bardyr ondan eşşek ýagşydyr" diýilip bilinşi ýaly ikinji setirdäki adamlar tebigatyň bir hupbaty.
Sitata
 
 
#3 Gerçek 2014-04-01 18:24
Menä bu makalany okap hersine birazajyk degişli diýip özümi haýsysyna has ýakyndygymy bilmedim.
Sitata
 
 
#2 Okyjy. 2014-04-01 16:08
Gaty gyzykly makala. Ünsli okap, özümiň Öre tesbirçiniň belleýşi ýaly haýsy temperamenta, daşky gurşawdan maglumat alma ukybymyň haýsy görnüşe degişlidigimi bilip bilmedim. Daşyňdan syn edenler aýdaýmasa!
Sitata
 
 
#1 Öre. 2014-04-01 15:34
Ýöne bir zada aýan ýaly. Adamlar şu saýtda ýazylyşyna görä kimdigini bilmän örän kösenýärler.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele