Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Ruhy keseller Umumy SÖHBETDEŞ BOLMAGYŇ PSIHOLOGIÝASY
( 22 Ses Berme )

Her bir adam  bitewi jemgyýetiň aýrylmaz bir bölegidir. Ynsanlar şol jemgyýetde bir-birleri bilen hemişe sazlaşykly gatnaşykda bolmalydyr. Şeýle gatnaşyklar bolsa esasan dil, sözleýiş, umuman – gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrylýar. Siziň her bir aýdýan sözüňiz, gepläniňizde edýän hereketleriňiz, bütin durkuňyz diňleýjä öz täsirini ýetirýär. Biz geplänimizde, haýsydyr bir psihologik täsir barada pikirlenmeýäris, emma adamlaryň arasynda aýdýan her bir sözümiz olara özboluşly täsir edýär. Bary-ýogy iki adamyň arasynda bolup geçýän söhbetdeşligiň hem psihologiýasy bolýandyr. Bu bir özboluşly kanun ýalydyr. Biz bolsa öz gezegimizde bu kanunlary berjaý etmelidiris.

Söhbetdeş bolmagyň psihologiýasynyň käbir düzgünleri

Biz diňe özümize oňaýly we ýakymly zatlar barada gürrüň etmän, eýsem diňleýjä kabul etmek ýakymly we aňsat boljak zatlar barada gürrüň etmelidiris. Siziň sözleýşiňiz many-mazmunly, düşnükli bolsa, sesiňiz we sözleýiş äheňiňiz ýakymly we aýdyň bolsa, siz diňleýjileriň ünsüni özüňize çekmegi aňsatlyk bilen başararsyňyz. Bir zady gürrüň bereniňizde, duýgularyňyza we hereketleriňize üns bermek hem ähmiýetlidir. Olar çäklendirilse, aýtjak bolýan zatlaryňyza düşünmek kyn bolmaz.

Iki adamyň arasyndaky söhbetdeşlikde hem bir adam beýleki adamy diňlemegi başarmalydyr, onuň aýdýan zatlaryna düşünjek bolmalydyr. Gürrüň berýän adam sizde öz duýgudaşyny görmek isleýär. Ol sizi özüne meňzedip, ähli aýdýan zatlaryna düşünýändigiňize, ony gyzyklanma bilen diňleýändigiňize çyn ýüregi bilen ynanýar.

Emma söhbetdeşiňiziň aýdýan zatlaryny gülki we gödek hereketleriňiz bilen kabul etseňiz, elbedte, ol sizde duýgudaşyny däl-de, garşydaşyny görer, size hiç wagt syryny, biynjalyk edýän meselelerini beýan etmez.

Adam çalt, emosional we gaty gepleýän bolsa, siz hem şoňa görä geplejek boluň. Ol ýuwaş, howlukman geplese, siz hem howlukmajak boluň. Ol degişýän bolsa, siz hem degişiň. Siz muny başarmasaňyz, ýöne üns berip diňlemäge çalşyň. Beýle diýildigi, siziň hut söhbetdeşiňize öýkünmeli diýildigi däldir.

Ýene-de bir üns bermeli kadalaryň biri- "ýok" diýen sözi seresaplyk bilen aýdyň. Bu söz köplenç söhbetdeşligi ýakymsyz bir waka öwürmegi başarýar. Her bir adam öz pikirlerini daşyndan aýdanda, olaryň dogrulydyna, gowudygyna ynanýar. Biz öz pikirlerimizi kimdir birine aýdanymyzda, onuň goldanyljakdygyna, makullanjakdygyna ynanýarys. Biz öz söhbetdeşimizden "Sen dogry aýdýarsyň" diýen ýaly sözlere garaşýarys. Emma, biz bilen razylaşmagyň deregine, diňleýjimiz "Ýok-la, bu düýbünden başgaça" diýen ýaly jogap berýär. Biziň şol bada oňa ýene-de bir zat aýtmaga bolan höwesimiz ýok bolup gidýär, oňa bolan ynam ýitýär.

Ýöne "ýok" sözüniň örän gerekli ýerleri hem az däl. Adamyň durmuşynda bu sözüň aýdylmaly ýerleri hem az bolmaýar. Bir zat barada gürrüň edýän wagtyňyz, söhbetdeşiňiz barada hem unutmaň. Gürrüň diňe siz üçin gyzykly bolman, eýsem töwerekdäkileri hem gyzyklandyrmalydyr.

Käte biz öz aladamyz bilen ýakynlarymyzyň halyndan habar almalydygyny unudýarys. Bir öýden girip- çykyp, hal- ahwal soraşmaýarys. Elbetde, bu örän nädogry hereket. Işden gelip, diňe özümize degişli meseleler barada aýdýarys, duýgudaşlyga garaşýarys. Ýöne näme üçindir töwerekdäkiler hemişe bizi diňlemeli diýip pikir edýäris? Diňleýji sabyrly bolsa-da, wagtynda oňa gezek bermegi unutmaň. Mümkin, onuň hem siz bilen öz meseleleri barada gürrüňdeş bolmagy isleýändir ýa-da şatlygy bilen paýlaşasy gelýändir? 

Gürrüňdeş bolmagyň psihologiýasy maşgalada hem uly orna eýedir. Her bir adam üçin maşgala galadyr. Emma şol galada her bir adam öz başyna ýaşasa, birek-birek bilen içgin gürrüňdeş bolmak islemese, onuň peýdasy barmyka? Elbetde, maşgala agzalarynyň hemmesi öz gerekligini duýmalydyr. Birki sany ýakymly söz göwni galkyndyryp bilýär. Aýdalyň, siz işden ýadap geleniňizde, ýakynlaryňyz size "Arma, biz saňa şeýle bir garaşdyk!" diýseler, ýadawlygyňyz ýatdan çykýar. Siz hem öz gezegiňizde gowy sözler bilen jogap bermek islärsiňiz.

Bilşimiz ýaly, käbir adam örän gürrüňçil bolýar, käbiri bolsa diňe diňlemegi halaýar. Şeýle adamlaryň arasyndaky gürrüňdeşlik asuda bolýar. Emma biri beýlekisine bir söz aýtmaga-da pursat bermeýänleriň arasynda bolýan gürrüňdeşlik manysyz galmagala öwrülip bilýär, sebäbi olar bir-biriniň sözüni bölýär. Medeniýetli, edepli adamlar üçin bu, elbetde, örän nädogry hereketdir. Adamlar käte söhbetdeşiniň sözüni bölmeli bolýar. Şonda hökman: "Bagyşlaň, sözüňizi bölmeli bolaýdym" ýa-da "Sözüňiz agzyňyzda" diýip ötünç soramagy unutmaň. Bu gürrüň berýän we ony diňleýänler üçin örän ähmiýetlidir.

Söhbetdeş bolmagyň düzgünleri bilen tanyşmak, olary endik edinmek çagalyk döwründen başlanýar. Ähli babatda bolşy ýaly, çaga köp zady maşgalada öwrenýär. Şol maşgalada ulular çaý başynda birek – birek bilen mähirli gürrüňdeş bolsalar, bir-birlerini gyzyklandyrýan ýa-da biynjalyk edýän meseleler barada söhbetdeş bolsalar, çaga hem olardan gowy görelde alar, töweregindäkileri diňlemegi, olar bilen gürrüňdeş bolmagy öwrener. Çaga kiçilikden üns berip diňlemegi, manyly sözlemegi, biri geplände, onuň sözüni bölmezligi öwretmäge çalyşmaly.

Mähriban adamlar! Durmuşda duş gelýän kynçylyklara garamazdan, töweregiňizdäkiler bilen mylakatly, mährem gürleşmegi, ýakynlaryňyzyň, dost-ýarlaryňyzyň halyndan habar almagy unutmaň. Ýagşy söz aýdyp, birine duýgudaşlyk bildirseňiz, diňe gürrüňdeşiňiziň däl-de, eýsem siziň öz ruhuňyz göteriler, göwnüňiz açylar.

Ulanylan WEB Salgy

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#10 ShIRHAN 2017-06-16 09:24
Şirhan Allaberdiýew.
Sitata
 
 
#9 Terbiýeçi. 2014-08-07 21:19
Ulularyň gepleşmek ukyby çagalykdan başlaýar. Şonuň üçin hem çagalar bilen maşgalada gepleşilende örän eserdeň bolmaly. Olar bilen ulular ýaly gepleşjek bolmaly, geplänlerinde hem diňlemegi başarmaly. Suwjuk, gödek, gorkuzyp äsgermezlik bilen gepleşilen çaga soň näçe jan etseňem terbiýesinde "Soňky tüýkülik sakgal ezmez bolaýýar".
Sitata
 
 
#8 Ataş. 2014-07-28 23:19
Söhbetdeşiň aýal ýa-da erkek bolsum parhy ýok. Sözleri seljerip ýerinde ulanyp, gepläp gürleşeniňde özüňi beýgeldip ýa-da peseldip durmakdan gaça durjak bolmaly.
Sitata
 
 
#7 Aýbibi. 2014-07-19 00:20
Gowy ýaramly, mähirli gepleşip bilýän adamlary çalt-çaltdan görmeseň hem ýygy-ýygydan ýatlaýarsyň. Gödek geplemäni başarmaýan adamy ýoluň bir bolsada sowulyp geçeniňi kem göreňok. Men ol adamlary bagtsyz diýip hasap edýärin.
Sitata
 
 
#6 Maksat. 2014-07-10 02:24
Beýik fransuz ýazyjy Antuan Ekzýuperi aýdypdyr."Meniň üçin ýeke-täk we hakyky ýakymly zat ol hem bolsa adamlaryň öz arasynda ýakymly gepleşip bilmekleridir". Örän gowy aýdylan söz. Türkmenlerde bir nakyl "Ýagşy söz ýylany hinden çykarar, ýaman söz pyçagy gyndan çykarar" gepleşme täliminiň nähili wajypdygyny subut edýär.
Sitata
 
 
#5 Talyp. 2014-07-05 23:52
Gepleşmek gowymy ýa-da gepleşmezlik. Bu wagtyň ösen tehnikasy adamlary doň bagyr, dymma edip barýan ýaly. Ýöne näme dogrymy aýtsam: kim bilen gepleşýärsiň, näme üçin gepleşýärsiň, we haýsy wagtda. Örän kyn mesele.
Sitata
 
 
#4 Baýyrly. 2014-07-01 20:51
Gowy sazlaşykly, medeniýetli, kanagatly gepleşip bilmek köp adamlara berilmändir. Sebäbi ýakymly gepleşip bilmek sungatyň bir görnüşidir. Köp ýagdaýlarda ol nesil yzarlaýar we ýaşlykdan berilýän terbiýe bilen baglanyşyklydyr.
Sitata
 
 
#3 Ynam 2014-02-28 16:52
Mekdeplerde aýratyn sapak döredip, çagalara gürrüňleşmek medeniýeti okadylsa örän gowy bolardy. Haýp ol unydylan zat.
Sitata
 
 
#2 Sapa 2014-02-27 11:28
Çaganyň ösmeginde sözleşmek terbiýesi örän wajyp. Oňy örän jogapkärli alyp barmaly. Ýöne ony köp adam başarybam baranok.
Sitata
 
 
#1 Hemra 2014-02-27 02:06
Söhbet etmek, gürleşmek adam ýaşaýşynyň aýrylmaz bölegi. Ýöne,nähili? Medeniýetlimi, ýagny mähirlimi, güler ýüzlimi,düşünişmek bilenmi? Ana soragam şonda. Gödek, kemsidiji, ýaranjaňlykly, manysyz, suwjuk gürrüň adamyň lapyny keç edýär. Gowy gürleşip bilmek,ýagny başgalary diňlemegi başarmak, söhbetdeşligi goldap, oňa hemaýat bermek tebigatyň saňa beren peşgeşi ahyryn.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele