Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Ruhy keseller Umumy "GAM KÖLÜNE BATMAŇ SIZ..." ÝA-DA ÝENE BIR GEZEK RUHY GAMGYNLYLYK BARADA
( 17 Ses Berme )

Adamynyň günde ençeme kynçylyklary ýeňip geçýän, daşdan köp müňlerçe gelýän habarlary kabul edip seljermeli bolýan, okgunlylygy, tizligi, ýygjamlylygy talap edýän döwrümizde ruhy gamgynlylyk ýagdaýy (depressiýa ýa-da depressiw bozulmalar) has ýygy duş gelýändir.

Ruhy gamgynlylyk (depressiýa) – ruhy keseller toplumy bolup, keýpiň pesligi, durmuşa bolan höwesiň ýitmegi, öz-özüňe kast etme (suisidal) pikirleriň döremegi bilen häsiýetlendirilýär.

Depressiýanyň ýüze çykyş sebäpleri belli däldir. Psihiatrlaryň bellemegine görä, depressiýanyň döremegi adamynyň nerw ulgamynyň ýagdaýyna, onuň gylyk-häsiýetleriniň aýratynlygyna, daş-töweregine we dürli ýaşaýyş kynçylyklaryna garaýşy we ýeňip geçişine bagly bolup durýandyr.

Depressiýanyň döremegine käbir möhüm faktorlar sebäp bolup biler:

  1. Tohum yzarlama häsiýeti ýa-da ruhy gamgynlylyga genetiki töwekgelçiligiň bolmagy. Ýakyn garyndaşlary (ene-atasy, doganlary) depressiýadan ejir çekýän adamlarda hem onuň ýüze çykma mümkinçiligi ýokarydyr.
  2. Beýnide biologiki işjeň maddalaryň arabaglanşygynyň bozulmagy. Depressiýanyň döremeginde serotoniniň, noradrenaliniň, dopaminiň orny uludyr. Şu biologiki maddalaryň alyş-çalyş ýagdaýyny kadalaşdyrýan serişdeler depressiýanyň bejergisinde hem ulanylýar.
  3. Erkek adamlar bilen deňeşdirlende, aýallarda depressiýa ýagdaýy has ýygy duş gelýändir. Bu ýagdaý olarda geçýän gormonal üýtgemeleriň ýygylygy (jynsy taýdan ýetişmek, göwrelilik, aýbaşyndan galma döwri) bilen düşündirilýär. Käbir aýallarda dogrumdan soň döreýän depressiýalar bolýar. Bu ruhy keseliň aýry görnüşidir. 
  4. Howanyň üýtgemegi möwsümleýin depressiýanyň döremegine getirip, ol esasan güýz we gyş aýlary ýüze çykýandyr.
  5. Gipotireoz (galkan şekilli mäziň gormonlarynyň peselmegi), Kuşingyň sindromy (böwreküsti mäziň gormonlarynyň ýokarlanmagy), süýji keseli ýaly endokrin ulgamyň keselleri hem depressiýaniň sebäbi bolup bilýändirler.
  6. Howply we howply däl täze döremeleri, miokardyň infarkty, AIDS, inçekesel, Parkinsonyň keseli, dagynyk skleroz ýaly keseller hem depressiýa getirip biler.
  7. Käbir dermanlary uzak wagtlaýyn kabul etmek hem: glucokortikoidler, interferon, indometasin, howply täze döremelere garşy berilýän dermanlar, estrogen saklaýan serişdeler hem ruhy gamgynlylygyň alamatlaryny ýüze çykaryp biler.
  8. Neşekeşlik we alkogol içgileri kabul etmek.
  9. Ýakyn adamlaryňdan aýra düşmek, emlägiň ýitirilmegi, ýalňyzlyk, işsizlik ýaly emosional sarsgynlyga getirýän faktorlar hem, depressiýa ýagdaýyna töwekgelçiligi bolan adamlarda bu keseli ýüze çykaryp biler.

Depressiýanyň ýa-da depressiw bozulmalaryň birnäçe görnüşi bolup, olar alamatlaryň ýüze çykyş derejesi we olaryň dowamlylygy bilen tapawutlanýandyrlar.

Uly depressiw bozulmalar

Uly depressiw bozulma ýa-da uly depressiýa adamyň öndürijilikli işlemegine, adamlar bilen gatnaşmaga, öwrenmäge, durmuşdan lezzet almaga päsgel berýän alamatlar utgaşmalarynyň ýüze çykmagy bilen häsiýetlendirilýär.

Adam durmuşynda uly depressiýanyň birnäçe gezek gaýtalanmagy bolup biler.

Uly depressiýadan ejir çekýän adamlarda soňky 2 hepdede, aşakda sanalyp geçilen alamatlaryň azyndan 5-si duş gelip bilýändir:

  • Keýpsizlik we gaharjaňlyk;
  • Öň halaýan işleriňe höwesiň ýitmegi we olara biparh garamak;
  • Işdäniň kesilmegi, bedeniň agramynyň azalmagy;
  • Ukysyzlyk ýa-da tersine, ukuçyllyk;
  • Gowşaklyk, "içki kuwwatlylygyň ýitmegi";
  • Öz peýdasyzlygyňy duýmak;
  • Ünsi jemlemek ukybynyň peselmegi;
  • Ölüm barada we özüňe kast etmek pikiriniň döremegi;
  • Hereketleriň haýallanmagy ýa-da tersine, çendenaşa tolgunma ýagdaýlarynyň ýüze çykmagy;
  • Özüňe kast etmäge synanyşmak ýa-da ony geçirmegi meýilleşdirmek.

Ýokarda bellenilen alamatlar hemişe ruhdan düşme duýgusy bilen utgaşykda duş gelýändir.

Eger uly depressiýanyň alamatlary 2 ýyldan uzak dowam etse, ol dowamly hasaplanýandyr.

Distimiýa bozulmalary

Distimiýa bozulmalary – bu keýpiň ýaramazlaşmagy bolup, 2 ýyl we ondan hem köp dowam edip bilýändir. Bu bozulma alamatlary uly depressiýa bozulmalary ýaly ol diýen güýçli bildirmeýär we bu ýagdaý adamyň işlemegine, okamagyna we daş-töweregindäki adamlar bilen gatnaşykda bolmagyna täsir edýän däldir.

Distimiýa bozulmasyna duçar bolan adam keýpsiz, "ýüzi gamaşyp duran", öz pikir girdabynda ýaşaýan, özüne we başga adamlara tankydy göz bilen garaýan, degişmä düşünmeýän bolýar. Ol adamlar uly depressiw bozulma ýagdaýyna hem, howsala düşme ýagdaýyna hem duçar bolup bilerler.

Kiçi depressiýa

Kiçi depressiýa hem uly depressiýanyň alamatlary bilen ýüze çykýar, ýöne ol az wagtly bolup, 2 hepdä çenli dowam edýändir. Kiçi depressiýa näsag adamynyň durmuşynyň hil taýdan üýtgemegine  täsir edýän däldir.

Möwsümleýin depressiw bozulmalar

Depressiýanyň bu görnüşi güýz we gyş aýlary döräp, ýaz we tomus aýlary geçip gidýändir. Ýylyň sowuk wagty günüň ýylylygynyň we ýagtylygynyň ýetmezçiligi sebäpli endokrin ulgamynyň işiniň üýtgemegi netijesinde döräp bilýändir.

Dogrumdan soňky depressiýa

Aýallaryň 75%-den gowragy dogrumdan soňky birinji 4 hepdesinde keýpiň bozulmalarynyň dürli derejesini başdan geçirýändirler. Köp aýallarda gamgynlylyk ýagdaýy ýüze çykýp, ol diýen bir aýdyň bolmadyk alamatlar bilen geçýändir. Keýpiň üýtgäp durmagy, aglaklyk, howsala düşmek duýgusy, ýaňy bolan çaganyň saglygy babatda ýerliksiz howsala düşmek ýaly alamatlar döräp biler.

Düzgün bolşy ýaly, bu ýagdaý dogrumdan 4-5 gün geçenden soň başlap, 2 hepdeden soň özbaşdak aýrylýandyr. Aýallar öz kiçi çagalaryna ideg etmäge ukyply bolup, bu ýagdaý ýörite bejergini talap edýän däldir. Maşgalada aýala dogan-garyndaşlary tarapyndan berilýän kömek we ünsli garaýyş gowy goltgy bolup biler.

Eger agzalan alamatlar 2 hepdeden köp wagt dowam etse, onda dogrumdan soňky depressiýa barada pikir etmelidir.

Aýalda dogrumdan soňky 1 ýylyň içinde depressiýa ýagdaýy döräp, bejergi geçirilmedik ýagdaýynda, ol köp ýyllaryň dowamynda saklanyp biler.

Dogrumdan soňky depressiýanyň alamatlary uly depressiw bozulmalaryň alamatlaryndan tapawutlanýan däldir. Alamatlarynyň ýüze çykyş derejesi boýunça dogrumdan soňky depressiýa ýeňil, ortalyk we agyr derejelerde geçip bilýändir.

Agyr derejeli depressiýadan ejir çekýän aýallaryň özüne we çagasyna şikes ýetirip bilme ýagdaýyny göz öňüne tutup, olara keselhanada bejergi bermek hökmandyr. Olar garyndaşlary we lukmançylyk işgärleri tarapyndan üznüksiz gözegçilige mätäçdirler.

Depressiýa köplenç anoreksiýa (horlanmak maksady bilen iýmitden ýüz öwürmek), howsalaly bozulmalar, neşekeşlik we alkogolizm keseli bilen utgaşykda geçip bilýändir. Şonuň ýaly ýagdaýlarda esasy keseli bejermekden başlamalydyr.

Hemme adamlar hem käwagtlar keýpsiz ýagdaýda bolup bilýärler. Ýakyn adamlardan aýrylmak ýa-da olaryň ölümi, emlägiňi we işiňi ýitirmek ýaly ahwalatlar islendik adamy emosianal deň-agramlylykdan  çykaryp biler.

Adam durmuşynda ýaramaz ahwalatlar netijesinde dörän emosianal üýtgemeleri, ruhy kesel bolan depressiýadan aşakdaky alamatlar boýunça tapawutlandyryp bolýandyr:

1.   Keýpiň bolmazlygy we göwnüçökgünlik depressiýada 2 ýa-da ondan hem köp hepde dowam edýär.

2.   Depressiýa hemişe başga agzalaryň işiniň bozulmalary bilen utgaşyp gelýändir:

  • Iýmit siňdiriş ulgamy tarapyndan - içiňde agyrlyk we agyry, sarynyň gaýnamagy, içiň ýellenmegi, içiň gatamagy ýa-da geçmegi;
  • Ýürek-damar ulgamynda – ýürek agyrylary, ýürek urgularyň ýygylaşmagy, baş aýlanma;
  • Dem alyş ulgamy tarapyndan – howa ýetmezçilik duýdusy, çalt-çaltdan dem alma, pallama ýaly alamatlar bolup biler. Ondan başga-da ukynyň bozulmagy, işdäniň peselmegi, horlanmak, çalt-çaltdan buşukma, derlegenlik ýüze çykyp biler.

3.   Öz-özüňe kast etme pikirleriniň ýüze çykmagy depressiw bozulmasyndan habar berýändir.

4.   Käwagtlar depressiýa hiç hili sebäpsiz hem ýüze çykyp bilýär. Eger depressiýa agyr durmuş kynçylyklary sebäpli ýüze çykýan bolsa, ol alamatlary boýunça agyr geçýän däldir we 2 hepdeden az dowam edýändir. Şonuň ýaly sebäpler bilen ýüze çykýan depressiýa psihogen depressiýalar diýilýär we olar hem bejergä mätäçdirler.

Depressiw ýagdaýlary psihiatr lukmanlar gürrüňleşme, ýörite test barlaglary arkaly anyklaýarlar. Gerek bolan halatlarynda başga hünärmenleriň maslahatyny we goşmaça barlag usullaryny hem geçirýärler.

Depressiýany näsaga ruhy taýdan täsir edip bejermek usullary we depressiýa garşy serişdeler (antidepressantlar) bilen üstünlikli bejerip bolýandyr.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#12 Gammar 2016-12-19 00:25
Soňky wagtlarda durmuşyň artyp barýan nowsanlyklary (işsizlik, her bir öwrümde gabat gelýän parahorlyk, lukmançylyk hyzmatlarynyň gymmatlamagy, adam gatnaşyklarynyň sowuklygy we ş.m.) sebäpli aýratyn hem ýaşlaryň arasynda janyna kast edýän köpeldi. Durmuş goltgysyndan başga hem olara yzygiderli psiholog lukmanlaryň kömegi örän zerur.
Sitata
 
 
#11 Emin. 2016-08-08 06:09
Depressiýada, sussypeslikde bolmajak bolsaň, öz erkiňi elde saklamany başarmaly. Ol bolsa özüňiň her bir hereketiňejogapkärçilikli garap bilýänadamlara başardýar. Şu döwürde durmuşyň her öwrümde çylşyrymlaşmagy bilen adamlaryň aladany azaltjak bolup, köp alada galýan döwründe käbirlere keýpiçaglykda bolmak başardyp hem duranok.
Sitata
 
 
#10 Gartaşan. 2016-06-22 00:02
Köpräk özüňe ýaraýan edebi eserleri okamaly. Sazlary diňlemeli, adamlar bilen gepleşmäge ymtylmaly, aýratyn hem olary diňlemegi başarmaly, öz garyndaşlaryň, göwnüňe ýaraýan adamlar bilen görüşip durmaly. Olaryň käwagt däl-de mydama, yzygiderli bolmagyny gazanyp bilseň, sussypeslige wagt hem galmaz we dermanlary ulanmagyň geregi hem bolmaz.
Sitata
 
 
#9 Ýaşuly. 2016-03-15 02:36
Jemgyýetiň döreden ruhy gamgynlygynyň bejergisi barmyka? O nähili diýmegiňiz mümkin. Sebäbi biz ýaşuly nesliň soýuz dargamagy bilen emlägiň (amanat kassalardaky goýulan puluň) püçewe çykarylmagy, ýurtda ylymyň we lukmançylygyň elýeter edilmezligi, köne nesliň adamlarynda bejerip bolmajak depressiýa döretdi.
Sitata
 
 
#8 Maşat. 2016-03-12 00:28
Adam öz ömründe depressiýanyň haýsy hem bolsa bir görnüşine duçar bolmak bilen ýaşaýar. Ony birnäçeler seýrek, beýlekiler bolsa ýygy-ýygydan başdan geçirýärler. Ondan azat bolmak üçin adama töwerekdäkileriň goldawy we onuň belli bir peýdaly gyzyklandyrýan iş bilen meşgul bolmagy derwaýys. Neşe we alkogol bilen wagtlaýyn keýpiçaglyk döretjek bolmaklyk hiç hilem oňat netije bermeýär.
Sitata
 
 
#7 Rahat 2014-03-06 13:07
Jogabyñyza kop garasmaly bolarmyka
Sitata
 
 
#6 Rahat 2014-03-05 15:24
Salam lukman.men dostum 18yasynda mydama keypi yok,gamgyn,kopculige bolanok,kopculikde tolgunyp name etyaninem bilenok.yatkesligem gowy dal.hic zada howesi yok. ozem sesinin üytgeyandiginden zeyrenyar.onun sesi ka yogyn ka ince cykyar. sakawlayar sesine erk edip bilmeyanini aytyar,sesi name sebapden uytgeyarka.kicilikden bari sonyaly.ony bejerip bolarmyka men sizin komeginize matac.jogap bermeginizi hayys edyan.
Sitata
 
 
#5 Selim 2014-02-24 02:31
Örän çylşyrymly zatlar. Bu ýerde psiholog lukmanlaryň kömegi uly bolmaly. Ýöne öz-özüňe erk edip bilmek örän wajyp bolup durýar. Onuň üçinem paýhasly, akylly adamlaryň maslahatlary gerek.
Sitata
 
 
#4 Gaýgysyz 2014-02-24 01:47
Gündelik durmuşda özüňde we töwerek daşyňda bolýan zat. Ýöne çözmesi kyn zat bolsada öz-özüňe bolan we başgalaryň kömegine mätäçlik döredýän ýagdaý.
Sitata
 
 
#3 Gunça.Talyp. 2011-08-18 01:23
Hormatly Lukman! Beren soragyma wagt tapyp ýazan degerli jogabyňyza, göwnejaý maslahatyňyza minnetdar. Siziň belleýşiňiz ýaly, gamgynlylygyň sebäbini bilip aradan aýyrmaga, maslahatyňyzy berjaý etmäge çalşaryn. Saglyk, işiňizde üstünlik arzuw edýärin
Sitata
 
 
#2 Lukman. 2011-08-17 21:37
Hormatly Gunça! Ruhy kesellerden tapawutlandyrylýan, psihogen dartgynlylyk netijesinde ýüze çykýan gamgynlylyk adamda ýöne ýere, sebäpsiz ýüze çykmaýar. Pikir edip görseňiz, onuň aňyrsynda hökman bir sebäp „gizlenip“ ýatandyr... Öz meýilleşdirilen işleriň başa barmazlygy, maşgalada ýa-da işde dartgynlylyk ýagdaýynyň döremegi, ýakyn adamlaryňy ýitirmek, halaýan ýaş ýigidiň bilen düşünişmezligiň döremegi ýaly durmuş faktorlary Sizi gamgynlylyk ýagdaýyna getirip biler. Siz ol ýagdaýa düşeniňizi birden aňşyryp hem bilmersiňiz. Şonuň ýaly ýagdaýlarda sebäbi anyklap, aradan aýyrmak zerurdyr. Elbetde, bu birden başa barmaz. Köp meseleleriň çözülmegine wagt gerek bolýar ahyryn. Ruhy kanagatlanarlygy dikeltmegi dürli ýagdaýlar bilen gazanyp bolar: öz halaýan işiňiz bilen meşgullanmak, halaýan lybasyňyzy satyn almak, gyzykly kinofilm görmek, kitap okamak, dostlaryň bilen gatnaşmak, öz halaýan nygmatyňyzy iýmek... Ýogsa-da, şokolad, doňdurma, magyzlar keýpi galdyrmakda gowy kömek edýän önümlerdir.
Sitata
 
 
#1 Gunça. Talyp. 2011-08-11 01:30
Köplenç ýagdaýlarda ruhy gamgynlylygyň sebäpsiz bimaza edýän halatlary bolýar. Sebäbini bilseň, aradan aýraýmaly. Depressiýa garşy serişdeler (antidepressantlar)ruhy kesellerde bellenilýär. Psihogen gamgynlylykdaky adama nähili kömek edip, ruhy gamgynlylygyny ýeňledip bolar.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele