Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Ruhy keseller Umumy “DIŇE MEN, BAŞGA HIÇ KIM!”
( 34 Ses Berme )

Ençeme wagtdan bäri men Internetde, esasan hem "V-kontakte" sosial ulgamynda, "Syndicate", "Top-People-of-Turkmenistan" we "Exclusive Turkmenistan" atly toparlarda türkmen ýaşlarynyň paýlaşýan suratlaryny görüp aňk-taňk bolýaryn. Meselem, gelin-gyzlar saçlaryny sary reňke boýap, dodaklaryny plastik hirurglaryň ýa-da makiýažyň kömegi bilen çişirip, ulaldyp, gözlerini çenden aşa gara sürmä boýap, uýat ýerlerini görkezýän köýnekleri geýip düşen suratlaryny Internetde paýlaşýarlar. Oglanlar bolsa, öz maşynlarynyň markasyny, gymmat köwüşlerini we sagatlaryny, nirelerde we nähili lezzet alýandyklaryny paýlaşýarlar. Bu suratlary görüp, "Adamlar näme üçin öz hususy durmuşlaryny Internet köpçüligine çykarýarlarka?!" diýenimi duýman galýaryn. Ýa-da bolmasa ýaşlarymyzyň özlerini tapawutly alyp baryşlary oňki gymmatlyklaryň çagşandygyny aňladyarmyka?! Eýsem özlerini haryt kimin alyp baryp, seksual pozalarda durup surata düşýän gelin-gyzlarymyz, öz maddy baýlyklaryny (maşyn, egin-eşik we ş. m.) güjeňläp surata düşýän ýigitlerimiz bu birtüýsli hereketlerinden bihabarmyka?!

Meniň bilesigelijiligim kem-kemden möwjäp, bir pilleden soňra zamanamyzda internet dünýäsiniň hödürleýän täzeçe üýtgeşmeleriniň sebäplerini öwrenmäge alyp bardy. Netijede, köp adamlaryň nerkeslik (narsizm) häsiýetlere eýe bolýandygyna göz ýetirdim.

Narsissikusyň rowaýaty

"Narcissism [Inglisçe]" ýa-da "Nerkeslik [Türkmençe]" söz Narsissikus diýen gadymy grek rowaýatyndan gelip çykýar. Rowaýata göra, Narsissikus atly ýaş we görmegeý bir ýigit söýgüniň yşgyna düşüp, intizar bolýar. Günleriň bir güni Narsissikusyň jemalyna owadan Ýaň Perisi aşyk bolyar we ol Narsissikusyň diýýan her bir sözüni gaýtalaýar. Narsissikus bolsa Ýaň Periniň duygusyny terk edip, ozüne mynasyp boljak taý gözlemegini dowam edýär. Bir pursat Narsissikus öz şeklini suwda görüp oňa aşyk bolýar we şol şekli yzygiderli, tä ýogalýança synlap oturýar. Narsissikusyň ýogalan derýasynyň kenarynda bir gül peýda bolýar we ony adamlar biziň günümize çenli "Nargis" diýip atlandyrýarlar.

Narsissikus rowaýaty adamyň öz-özüne aşa köňül berip, daş-töweregindäkiler bilen netijeli aragatnaşyk gurup bilmeýändigi üçin ýüze çykýan tragediýany görkezýar. Bu hem biziň şu günki zamanamyzda nerkes keseline duçar bolan adamlaryň köpelmegi sebäpli bolup geçýän wakalara kybap gelýär.

Nerkes keseli näme?

Nerkes keseli fiziki däl-de, psihiki we ruhy ýagdaýdyr. Bu kesel birnäçe häsiýetleri öz içine alýar. Olar: gedemlik, men-menlik, şöhratparazlyk we özdiýenlilikdir.

Nerkes keseliniň alamatlary

Tanymal amerikan psihoterapewty Sandy Hotçkisiň bellemegine göra, narsistler köpçülik tarapyndan kabul edilen kadaly edep-terbiýeden çykyp, birnäçe aýratynlyklary görkezýärler:

► Untançsyzlyk – nerkes keseli bilen syrkawlan adamlar öz üstünlikleri, akyly we sypaty barada utanman owünýärler. Utanjyň ýoklugy sebäpli hem nerkes ýaşlar internetde öz maddy baýlyklaryny we daş-keşplerini gorkezýän suratlaryny ikirjiňlenmän paýlaşýarlar.

Gedemlik – nerkes adamlar ulumsy äheňde gürleýärler. Olar meselem, özleriniň BMW maşynynyň barlygyny görkezmek üçin "Meniň maşynymyň açaryny gördüňizmi?" diymäniň deregine "Meniň BMW maşynymyn açaryny gördüňizmi?" diýip, gopbamsyraýarlar.

Bahyllyk – nerkes başgalaryň özlerinden has üstün, has akylly we owadan bolmagyny islemeýärler. Şeýlelikde, olar her kimden öňde bolmak üçin mekirlige baş urmana, plastiki hirurgiýany ulanmaga we para almaga taýyn adamlardyr.

Perwaýsyzlyk – nerkes keseline duçar bolan ynsanlar adamlar bilen özara gatnaşyklarda köp perwaýsyzlyk görkezýärler. Şol sebäpli hem olar bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary ýa-da berk dostluk/joralyk gurmak kyn bolýar. Olar başga adamy öz peýdasy üçin ulanmagy hiç zatça görmeýärlar.

Men-menlik – nerkesler özlerini üýtgeşik we has mertebeli saýýandyklary uçin başga adamlardan yzygiderli öwgi we üns hantama bolýarlar. Olaryň pikirine görä, başgalar olara elmydama borçly.

Derisi galyňlylyk – narsist bir zat gerek bolsa hiç kimden çekinmän "ýolup-goparyp" aljak adamdyr. Üstesine hem, olar tankytlary kän ýüzlerine almaýarlar.

Nerkes häsiýetiniň bejeriş we öňüni alyş çäreleri

Köp ýokanç kesselleri antibiotikler arkaly bejerip bolýan bolsa, nerkes keseliniň psihiki ýagdaý bolany üçin, oňa gönüden-göni bejergi ýokdur. Nerkesleriň utançsyz, gedem, bahyl, perwaýsyz, borçsuz we derisi galyň häsiýetleri kem-kemden olardan maşgalalaryny, dost-ýarlaryny we kärdeşlerini daşlaşdyryp, olaryň töwereginde emeli boşluk döredýär. Yöne bu ýekeligiň bejergisiniň täsiriniň boljagyna umyt azdyr. Sebäbi nerkesler ýeke galandan soň edil awçy ýaly özlerine täze "aw gözlemäge" başlaýarlar. Şu sebäpden hem, olar öz-özlerine kömek edip bilmeýärler we bu ýagdaýdan gutulmany islemeýärler.

Nädip nerkes keseliniň öňüni alyp bilersiňiz?

► Internedi diňe öz maşgalaňyz üçin, gymmatly dostluk gatnaşyklaryňyz we olary oňküden hem has beter güýçlendirmek üçin ulanyň.

Gerekmejek, yeňil-yelpaý "dost-joralaryňyzy" öz sahypaňyzdan aýyryň.

Internetdäky we daş-töweregiňizdäki adamlaryň elmydama sizi makullamagyna garaşmaň.

Her adamyň maddy ýagdaýynyň tapawutlydygyna düşünmäge çalşyň. Maddy baýlyklaryňyzy internetde paýlaşmak size lezzet berse-de, başgalarda öz ýagdaýlary babatda sussupeslik ýa-da gynanç döredip, sizi bolsa nerkese has ýakynlaşdyryp biljekdiginden habardar boluň.

Esasan, sizi köpleriň ýakyndan tanamaýan internet dünýäsinde özüňizi sada we giň düşünjeli alyp barmaga çalşyň. Diýjek sözleriňizi we goýjak suratlaryňyzy "ýedi ölçäp, bir kesiň".

Mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda sosiologiýa, filosofiýa we psihologiýa mugallymlary bilen bilelikde, internetde özüňi kadaly alyp barmagyň aýratynlyklary we howpsuzlygy barada okuwçylar/talyplar bilen söhbetdeşlikler / ýygnaklar geçirilmelidir.

Awtor: Artykgözel Ýazmyradowa

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#17 Poran 2016-12-22 23:25
Käbir maşgalalarda ata-enesiniň we çagalarynyň nerseslik häsiýetlerine dahyllydygy göze görnüp dur. Ulylar ol maşgalanyň köne nesliniň hem şol alamatlar bilen ýaşandygyny tekrarlamaklary nerkesligiň genler bilen geçýändigine güwä geçirýär.
Sitata
 
 
#16 ELMAN 2016-09-25 18:11
Kop adamlardan sorasan dowur osya dowurden yza galyan w sh m sozler diyyaler men pikirimche gun sho bir yerden dogup sho bir yerdenem yashya men uchin uytgeyan zat dowurde dalde adamdamyka diyyan?! Sagat wagyt gun dogup yashmasy sho bir zaman aylanmasy name uchin inni adamlar dowuri ara sokup ozlerinin hudayyn onunde gunali hasap etmeyarmikaler?! Yada bu dunyade omur 1 gezek gelyar edenimi edeyin yada iyenimi iyeyin diyip utanch hays sherimi bir gyrada zynyp goydular yanki gurrune dolanyp barsak hakykatdanam adamlar her hili bolup pornografiae yada yrym yalanach fotolary goyup top 100 gatnashyalar muna ene atalar oz chagalary bn az gyzyklanmanyn alamaty ka bir ayallary goremizde oz gyzyndanam gaty erwet gozden chykgynch geyinyaler ine terbiye bermeli enelerem shular bolmaly!!!
Sitata
 
 
#15 Okyjy 2016-08-12 09:10
Nerkeslik alamatlary bilen ýaşaýan adamlar gara bagt adamlar bolup, olar durmuşda öz häsiýetlerinden kösenip ýaşaýarlar.Olar üçin lukmançylykda ýetelik bejergi ýok. Onsaňam aýdylyşy ýaly "küýküni gabyr düzeder".
Sitata
 
 
#14 Şeker. 2016-08-08 08:56
Musulman dini öň kän bir bu zatlara ýol bemeýärmikä diýsek, indi oňa sala salýan, aýratyn hem ýaş gelin-gyzlar örän azalan ýaly bolup, dini ündeýän mollalar ol ahwalatlara üns bermeýän ýaly.
Sitata
 
 
#13 eziz 2016-05-07 09:53
Gowy tema köp sagbolyñ!
Sitata
 
 
#12 Taýmaz.. 2016-05-04 23:41
Köp gyzlar şu döwürde aýagyndan tä başyna çenli boýap, okuwa, işe imrikmän owadan oglanlaryň başyny aýlap, äre çykmakdan başga niýeti we pişesi ýok ýaly.
Sitata
 
 
#11 Tirkeş. 2016-04-28 18:23
Bir ýagdaýda açyk aýtmaga esas bar. Ol hem ýaşlaryň internetde meşgul bolýan pişesine haý-küş diýilmese,olaryň köplere nerkeslik alamatlaryny ýokuşdyryp, neşe serişdeleriniň bedeni zaýalaýyşy ýaly soňra düzetmesi kyn ahwalatlara getirmegi ikiuçsyzdyr.
Sitata
 
 
#10 Toýly SAZAKOW 2016-04-20 05:33
Quoting Artykgozel:
Salam Sazakov, soraglarinnyz bar bolsa shul yerde yazip bilersiniz!


Salam Artykgözel!
Bagyşlaň, soraglarymy bu ýerde ýazyp bilmeýän, eger ýazyp bolsa öň ýazardym...
Sitata
 
 
#9 Okyjy. 2016-04-19 21:58
Döwür üýtgeýär, adamlaryň hem gylyk- häsiýetleri,ýagny ruhy ýagdaýlary üýtgäp, ozal eşidilmedik keseller bilen keselläp, täze ruhy keseliň döremegine sebäp boljakda! Seredip otursaň bu keseliň alamatlaryny köp adamlarda, esasanam ýaşlarda görse bolýar. Keseliň döremeginiň sebäbi nämedenkä? Ýa-da nerkesligi döredýän wirus barmyka? Beýnide, ýagny beýniniň haýsy böleginde nähili ýagdaýlar bolup geçýärkä?
Sitata
 
 
#8 Bagul Garyagdyyewa 2016-04-13 17:08
Quoting Yurek:
Dowur adama bagly dal, dowur uytgemeli, yogsam adam we adamyn pikirleri any ozgermez, ene-ata bilen chagalarynyn arasynda hokman tapawut bolmaly... adamlar bir galypda yasalan yaly bolmaly dal, durli-durli bolmaly, kanunlaryn chaklerinde oz psihiki yagdayyny gorkezmane haklary bar, sachyny kesmane surat goymana hukugy bar... ony beyleki adamlar gabanmaly dal, yazgarmaly dal...

Ol rowayat pikiri 17-...-20 asyrlarda yashan adamlaryn yagdayy bilen den gelip biler, modern adamlar hakda aydanymyzda - ol rowayat hich zadam subut etmeyar, 17-20 asyrlarda dowurlerde adamlar adamyn any durmushy sadady yonekeydi, yone modern dowurde utanchsyzlyk gedem bahyl ... yaly gorunyan adamlara Narcissus keseli bar diymek dogry dal, keselin alamatlary diyip sanalan 7 alamat - ahlisinie umumy bir at berman- her biri ayratynlykda yeke-yekeden ele alynmaly,... sebabi modern dowurde adamyn duygulary hal-ahwaly oran chylshyrymly, olary bashdan-ayak Narcissus keseli diymek dogry dal, sebabi Narcissus kesel dalde her biri ayry ayry adamyn psihiki hal-ahwaly.


Rowaýatlar aslynda hemme dowürlere degişli bolýar. Eger Narsisizm barada biziň döwrümizde pikir etmek gerekmejek bolsa, onda geliň adamçylyk, ak ýürerlilik barada-da pikir etmäli, çagalarymyza öwretmäli. Sebäbi olar barada rowaýatlar 16-17 asyrlarda ýazyldy.
Sitata
 
 
#7 Atsyz Näbelliyew 2016-04-13 16:12
слепость, не образованность, без культурие ведет к такому образу
Sitata
 
 
#6 Artykgozel 2016-04-13 12:26
[quote name="Toýly SAZAKOW"]Salam!
Makalanyň awtory bilen biraz söhbetdeş bolmak isleýärin.
Nähili ýagdaýda habarlaşyp bilerkäm?
Makalasynda "vkontakte" saýtynda diýipdir, onda şol ýerde habarlaşşagam bolýar. Sahypam: Sazakow_93

Salam Sazakov, soraglarinnyz bar bolsa shul yerde yazip bilersiniz!
Sitata
 
 
#5 Toýly SAZAKOW 2016-04-13 07:25
Salam!
Makalanyň awtory bilen biraz söhbetdeş bolmak isleýärin.
Nähili ýagdaýda habarlaşyp bilerkäm?
Makalasynda "vkontakte" saýtynda diýipdir, onda şol ýerde habarlaşşagam bolýar. Sahypam: Sazakow_93

Sag boluň!
Sitata
 
 
#4 Pylany 2016-04-13 05:51
Meniň ünsümi esasy 1-nji paragraf çekdi. Gyzlaryň we oglanlaryň has "ideal" görünmek maksady bilen öz keşplerini üýtgetmeleri hemme wagt olaryň Nergis kesellidigini däl-de, olaryň
(1) deň-duşlaryndan täsirlenýändiklerini, ýa-da
(2) Günbatar Modasyna uýýandyklaryny, şolara meňzemäge çemeleşýändiklerini aňladýar diýip düşünýän men-ä. Bu Orta Aziýada hem örän ýörgünli endik (günbatarda ideal bolan gözelligi edinmek).
Sitata
 
 
#3 Yurek 2016-04-13 03:28
Dowur adama bagly dal, dowur uytgemeli, yogsam adam we adamyn pikirleri any ozgermez, ene-ata bilen chagalarynyn arasynda hokman tapawut bolmaly... adamlar bir galypda yasalan yaly bolmaly dal, durli-durli bolmaly, kanunlaryn chaklerinde oz psihiki yagdayyny gorkezmane haklary bar, sachyny kesmane surat goymana hukugy bar... ony beyleki adamlar gabanmaly dal, yazgarmaly dal...

Ol rowayat pikiri 17-...-20 asyrlarda yashan adamlaryn yagdayy bilen den gelip biler, modern adamlar hakda aydanymyzda - ol rowayat hich zadam subut etmeyar, 17-20 asyrlarda dowurlerde adamlar adamyn any durmushy sadady yonekeydi, yone modern dowurde utanchsyzlyk gedem bahyl ... yaly gorunyan adamlara Narcissus keseli bar diymek dogry dal, keselin alamatlary diyip sanalan 7 alamat - ahlisinie umumy bir at berman- her biri ayratynlykda yeke-yekeden ele alynmaly,... sebabi modern dowurde adamyn duygulary hal-ahwaly oran chylshyrymly, olary bashdan-ayak Narcissus keseli diymek dogry dal, sebabi Narcissus kesel dalde her biri ayry ayry adamyn psihiki hal-ahwaly.
Sitata
 
 
#2 Inkognito 2016-04-13 01:25
Quoting Yurek:
Dunye sheyle., bu zatlar indi gen dal, we hukuk dowletinde bir adam beyleki adamy eshigine geynishine seredip yazgarmana haky yok


Döwür adamlara bagly.

Adamlaryň arasynda mydama nerkeslik bolan (muňa rowaýatyň özi subutnama), indi internet bolansoň biz olary aýdyň görüp bilýäris.
Sitata
 
 
#1 Yurek 2016-04-12 22:16
Dunye sheyle., bu zatlar indi gen dal, we hukuk dowletinde bir adam beyleki adamy eshigine geynishine seredip yazgarmana haky yok
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele