Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Ruhy keseller Umumy ÖZ RUHY SAGLYGYŇY NÄHILI GORAMALY?
( 20 Ses Berme )

Ruhy saglyk – bu diňe bir ruhy keselleriň bolmazlygyny aňlatman, eýsem adamyň öz mümkinçiliklerini görkezmäne, stres ýagdaýlary ýeňip geçmäge, öndürijilikli zähmet çekmäge we öz ýaşaýan jemgyýetiniň durmuşyna öz goşandyny goşmaga mümkinçilik berýän ruhy we sosial abadançylyk ýagdaýydyr.

Adam öz maşgalasynyň we çagalarynyň aladasyny edip, olary durmuşa gönükdirmäge, durmuşdan lezzet alyp ýaşamaga we garrylyk döwründe döräp biljek ruhy bozulmalaryň öňüni almaga mümkinçiligi gazanmak üçin ruhy saglyga bütin ömrüniň dowamynda üns bermelidir. Ruhy saglyk hem, edil beden saglygyny goramak üçin geçirilýän çärelere meňzeş aladalary talap edýändir.

Ruhy saglygyň ýagdaýy nämelere bagly?

1. Iýmitlenme. Kabul edýän iýmitimiziň hili beden saglygymyza hem, ruhy saglygymyzyň ýagdaýyna hem täsir edýändir. Käbir önümleriň aşa köp kabul edilmegi (duz, şeker, sarymsak, gyzyl burç, gazlandyrylan içgiler) bedende gahar-gazap duýgyny, emosional dartgynlylygy ýokarlandyrýan gormonlaryň köp işläp çykmagyna getirip bilýändir. Tersine, suwuň talaba laýyk mukdarda içilmegi öz içki duýgularyňa erk etmäge kömek edip biler.

2. Fiziki işjeňlik. Fiziki saglygyň ruhy saglyk bilen aýrylmaz baglanşykdadygyny unutmaň. Geçirilýän maşklar diňe bir ýüregi we beden myşsalaryny taplandyrman, eýsem keýpiňi galdyrýan endorfin gormonlarynyň işläp çykmagyna ýardam berýär. Fiziki işjeňligi dynç alma bilen utgaşdyrma (7-8 sagat dowamly gijeki uky), "ýykylyp barýakaň" dälde, özwagtynda dynç alma wajypdyr. Ruhy ýagdaýa arassa howada, Günüň ýagtylygynda gezelençler etme (günde 25-30 min.) hem juda peýdaly bolup durýandyr.

3. Öz duýgularyňyzy bolşy ýaly kabul ediň. Gahar-gazap, gaýgy-hasrat, gorky, öz maksatlaryňa ýetme synanşygynyň puja çykmagy, ynamyň gaçmagy – ýakymsyz duýgular bolup, köp adamlar bu duýgulary özlerinde basyp, döreýän oňaýsyzlyklardan gaçmaga ymtylýarlar. Köplenç oňaýsyz ýagdaýlardan gaça durma islegi bilen biz öz hakyky duýgularymyzy, emosiýalarymyzy basyp ýatyrmaga çalyşýarys. Şeýle etmek bilen, biz özümizde daş-töwerekde bolup geçýän hadysalara perwaýsyzlyk we gatyşmazlyk häsiýetlerini döredýäris. Öz duýgularymyzy basyp ýatyryp, adamlar bilen gatnaşyklarda wajyp bolup durýan, begenmek, gynanmak, duýgudaşlyk etmek häsiýetlerinden özümizi mahrum etmäge çalyşýarys.

Ýaramaz duýgular – adamynyň ençeme ýaramaz (kadadan çykýan) ýagdaýlara bildirýan kadaly, adaty häsiýetidir. Eger maşgalaňyzdan daşda bolup, gynanma häsiýetini başdan geçirýän bolsaňyz ýa-da dükandaky satyjynyn aldandygyny bilip, gaharlanýan bolsaňyz, bu duýgulardan utanmagyň geregi ýokdur. Bu duýgular adama mahsus emosiýalar bolup, olary özüňde "basyp ýatyranyňdan" boýun alanyň peýdalydyr. Eger öz duýgularyňyzy aýdyň ýüze çykarmaga mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda ( meselem, siz öz ýolbaşçyňyza duýduryş berip bilmeýäňiz), öz ýaramaz duýgyňyzy daşyna çykaryp "zyňmagyň" başga ýollaryny gözläň. Gezelenç etme, ylgama ýa-da tennis oýnama, bolan ýagdaýy dostuňyz (joraňyz) bilen maslahatlaşma siziň gaharyňyzyň ýitip gitmegine kömek edip biler.

4. Öz duýgularyňyza gözegçilik ediň. Gahar-gazap duýgularyňyza we ýaramaz emosiýalara gözegçilik etme – siziň ruhy saglygyňyzyň we emosional ýagdaýyňyzyň gowy görkezijisi bolup durýandyr. Onuň üçin käbir usullary (20-den 0 çenli sanama, dem alyş maşklary) we ýoga, öz duýgularyňa erk etme (meditasiýa) ýollaryny ulanma maslahat berip bolar. Özüňiz üçin ýaramaz duýgularyňyzy, keýpiňizi äşgär etmegiň usulyny tapyp, olary ýüze çykarmak üçin turgenleşiň. Özüňizi biynjalyk edýän ýagdaýy dogry ýüze çykarmaga çalşyň. Meselem, "Siz meni aldaýarsyňyz" diýmegiň ýerine, "Men özümi aldanan adam ýaly duýýaryn". "Siz gödek adam" diýmegiň ýerine, "Siz meniň bilen şeýle gepleşeniňizde, men özümi lapykeç duýýaryn".

5. Öz ýetmezçilikleriňizi biliň. Eger siz haýsy ýagdaýlaryň sizde oňaýsyzlyk döredýändigini anyklasaňyz, stress ýagdaýyndan özüňizi gorap bilersiňiz. Siz ol ýagdaýlardan gaça durmalysyňyz ýa-da olarda nämäniň sizi oňaýsyzlyga getirýändigini öwrenmelisiňiz. Belki, sizi köpçüligiň öňünde çykyş etme oňaýsyzlyga getirýändir. Siz çykyş etmeden gaça durup bilersiňiz ýa-da ýörite bu ugurdan tälim berýän okuw sapaklaryny alyp, öz utanjaňlygyňyzy, özüňize bolan ynamsyzlygyňyzy ýeňip geçip bilersiňiz. Özüňizi gowy netijelere gönükdiriň. "Agzymy açanymdan meniň üstümden gülerler" diýmegiň ýerine, "Meniň aýtjak maglumatlarym adamlara gyzykly bolar we men ýalňyşlyk göýbersem hem, hiç aljyraman" diýmek dogry bolar.

6. Öz aňyňyzy gowy netijelere gönükdiriň. Ilki bilen özüňizi ýaramaz maglumatlardan goramaga başaryň we töwerekdäki adamlary, ýaramaz goňşyňyzy, işdeşleriňizi tankytlamagy bes ediň. Ýönekeý hadysalara üns berip, olara şatlanmagy başaryň: baharyň birinji gülüne, ýetip gelýän zähmet rugsadyňyza, öýüňiziň ýanynda gurulýan täse dükana...

7. Işiňizi meýilleşdirme we iş arakesmeleri sizi aljyraňlykdan halas edip, has wajyp işlere ünsüňizi gönükdirmäge we esasy çärelere wagt tapmaga kömek eder, stersden halas eder.

8. Öz başarnygyňyzy we gyzyklanmalaryňyzy kämilleşdiriň. Tukat we bagtsyz adamlaryň gyzyklanýan zatlary köp bolmaýar. Häzirki wagtda, bilim beriş merkezleriň meýilnamalary dürli ýaşdaky adamlara sport, ylym, sungat, döredijilik we hünär beriş ugurlardan bilimlerini ýokarlandyryp, başarnyklaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik açýar. Köp zatlary başaryp, köp täze maglumatlary bildigiňizçe, durmuş hem şonça size gyzykly bolup başlaýar. Bilimlilik, başarjaňlyk häsiýetleri siziň özüňize bolan hormatyňyzy ýokarlandyrýar.

9. Ýakyn adamlaryňyzy begendirmäge çalşyň. Meselem, siziň ýaşuly daýzaňyzyň doglan gününiň ýetip gelýändigini öz wagtynda ýatlap, ony gül desseleri bilen gutlama oňa näçe şatlyk getirer. Adamlara näçe şatlyk paýladyňyzça, şonça-da öz ruhy dünýäňiziň baýlaşýandygyny duýarsyňyz.

10. Ýylgyrmagy öwreniň. Goňşyňyza ir çagy ýylgyryp salam berme ýa-da sorag bilen ýüzlenen ötegçä ýylgyryp jogap berme gaty bir çylşyrymly däl. Ýylgyryň we size hem şonça şatlyk we mähir gaýdyp geler.

Durmuşy täsin, gözel we dürli öwüşginli kabul etmäge ukypsyzlyk ruhy saglyga täsir edýändir. Ýaramly, ýakymly duýgularyň bolmazlygy we olary başdan geçirip bilmezlik ýagdaýy ruhy bozulmalaryň döremegine sebäp bolup biler. Gynansak hem, durmuşa begenip, ondan lezzet almagy hemmeler başarmaýar. Ony başarma uly ussatlylyk bolup, ony öwrenmelidir.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#10 Mykgy 2017-02-02 23:23
Ruhy saglygyňy goramak köplenç ýagdaýda optimist adamlara başardýar. Başga adamlarda ony goramak "pişigiň ýyndamlygy samankepbä çenli" diýilşi ýaly wagtlaýyn bolýar. Häsiýetiňden kösenmek ruhy goraga yzygiderli badak salýar.
Sitata
 
 
#9 Mhmmd 2016-11-02 23:36
Sağlyk barada ahli soraglarynyz jogaby üçin line id akmshm
Sitata
 
 
#8 Zumrat Yusupowa 2016-10-07 01:07
Salam hormatly lukman men arim bilen onusmamyz gun gecdigice sonun ucin ozumize sahsy lukman tutmaga karar berdik su mesele barada komek etseniz sizden minnetdar bolardyk tel 66998053_69262528 bar istegimiz bagtly yasamakdyr.
Sitata
 
 
#7 Okyjy. 2016-06-17 00:16
Ruhy göýdükligi bolan adamynyň ruhy saglygyny goramagyny üpjün edip biljegine menä ynanyp baramok. Sebäbi ol adam bişen ýaly bolsa-da tagamy bolmadyk miwäni ýatlatýar ahyryn.
Sitata
 
 
#6 Gartaşan. 2016-02-29 00:42
Ýaşlyk döwründe ruhy saglygyňy saklamak köp babatda özüňe bagly. Ýöne ol wagt hem özüňde durmuşa hyjuw bolmasa ýa-da seniň töweregiňde pessimist adamlar köp bolsa, durmuşda kynçylyk boljagy ikiuçsyz. Gartaşanyňdan soň bedeniň aýdan-aýa, ýyldan-ýyla gowşap gidip barmagy bilen akylyna erk edip ýaşasaň hem ruhy saglygy goramak her ýagdaýda hem kynrak düşýär.
Sitata
 
 
#5 Myratly. 2016-02-22 23:28
Adam sag, bilimli, başarjaň bolsa-da, ýaşaýan durmuşynda ynamly bolmasa ruhy gowşaklyga sezewar bolup ýaşaýar. Belkäm, onuň ynamsyzlygynda durmuşda onuň üçin ýaramaz öwrülşikler sebäp bolyandyr.
Sitata
 
 
#4 Pikirli 2016-01-08 01:00
Dogrudan hem ruhy saglyk barada pikirem, aladada edilenok. Ýeke men däl, başgalary hem daşyndan synlanyňda ruhy saglygy barada alada edýäne meňzänok. Ruhy saglyk belli bir derejede her adamyň özünede baglydyr weli, köp derejede ýaşaýan jemgyýetiniň ýagdaýyna, guraşap alan daş-töweregindäki adamlaryň gatnaşygynada baglydyr.
Sitata
 
 
#3 Seýdi 2015-12-01 01:02
Adam üçin beden saglygyndan soň ruhy baýlykda ýaşamak örän derwaýys diýip düşünýärin. Ol baýlygy yzygiderli saklamak bolsa seniň durmuşda okgunly, hyjuwly ýaşamagyňa we seniň ýaşaýan jemgyýetiň döwrebaplygyna baglymyka diýýärin.
Sitata
 
 
#2 Han. 2015-10-15 00:26
Ýer ýüzünde hemme adamlar ruhy saglykda ýaşasadylar nähili gowy bolardy. Nebsimiz agysada sansyz köpler ruhy saglyksyz we ruhy göýdüklikde ýaşaýarlar. Dünýä ýüzünde adamlar biri-birini goldap, ynsanperwerlikde bolsadylar belkäm ruhy bozulmalar hem az bolardy.
Sitata
 
 
#1 Talyp. 2015-10-14 00:28
Peýdaly maslahatyňyz üçin sag boluň. Ruhy saglygam, beden saglygam bir-birinden aýralykda göz öňüne getirip bolmaýar. Sebäbi olar biri-biri bilen baglanşykda sazlaşykly işleýärler ahyryn. Olaryň bozulmalary ruhy keselleri hasap etmämizdede bedeniň keselçiligine getirýär.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele