Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Ruhy keseller Umumy NERW DARTGYNLYGYNY NÄHILI AÝYRMALY
( 23 Ses Berme )

Biziň döwrümizde nerw dartgynlygy  her üç adamyň birinde duş gelýär. Şäheriň hysyrdyly durmuşy, ýollardaky dartgynlylyk, jemgyýetçilik ulagyndaky adamlaryň hyryn-dykynlygy, iş ýerimizdäki kynçylyklar, dem alýan howamyzyň hapalanmagy bularyň bary güýçli nerw dartgynlygynyň döremegine sebäp bolýar. Bu dartgynlykdan özbaşdak dynmak aňsat däldir. Ýöne bu ýagdaýa biperwaý garamakda bolýan däldir. Sebäbi tiz wagtda bu ýagdaý siziň daş keşbiňize, soňra bolsa saglygyňyza zeper ýetirmegi ahmal.

Nerw dartgynlygyň ýüze çykan ýagdaýynda adamyň işe bolan ukyby peselýär. Onda ukusyzlyk, göwniçökgünlik peýda bolýar. Onuň göwnüne hemmeler oňa erbet garaýan ýaly bolup görünýär. Kynçylyklar diňe ony saýlandyr öýdýär. Şeýle göwnüçökgünlilik ýagdaýy tizara dowamly görnüşe geçýär. Bu bolsa adam organizminiň endokrin bozulmalaryna, ýygy-ýygydan kesellemegine sebäp bolýar. Göwnüçökgünliligiň kesellere "el bulap", olary çagyrýandygyna, kesel ýakynlaşanda bolsa wiruslary  "myhmansöýerlik" bilen kabul edýändigi ýadyňyzda bolsun. Dyngysyz sowuklamalar, ýürek-damar ulgamynyň we beýleki keselleriň döremegine hem nerw dartgynlygy  sebäp bolýandyr. Daş görnüşimiz barada aýtmak-da gerek däl: saçlarymyz düşýär, gözümiziň gabaklary ýellenýär, gözlerimiziň aşagynda meşijekler emele gelýär, derimiziň reňki solýar.

Nerw dartgynlygynyň ilkinji alamatlary şulardyr:

  • işjeňligiň we kuwwatlylygyň peselmegi;
  • haýsydyr bir oňaýsyzlygyň duýulmagy;
  • ukusyzlyk;
  • ýersiz-ýere gaharlanmak;
  • garasöýmezlik ýaly häsiýetiň döremegi;

Eger siz özüňizde nerw dartgynlygy döräp başlandyr diýip güman etseňiz, tizden-tiz degişli çäreleri görüň. 
Oňat netije berýän çäreleriň biri
ylgamak ýa-da sport bilen meşgullanmak. Tans toparyna ýazylyp, tans oýnamak hem nerw dartgynlygy aýyrýar. Garaz, sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmak organizmdäki endorfinleriň, ýagny şatlygyň we bagtyýarlygyň gormonynyň derejesini ýokarlandyrýar. Sportzala baranyňyzda ýadaw bolsaňyz-da, gaýdanyňyzda eýýäm ýeňilligiň duýulýandygyny, belki, özüňiz-de bilýänsiňiz. Sport bilen meşgullanmak gan aýlanyşygy gowulandyryp, erbet pikirleriň ýom-ýok bolmagyna ýardam berýär. Ynanmasyňyz, özüňiz barlap göräýiň. 

Nerw dartgynlygynyň öňüni almagyň usuly dynç almagy başarmaly. Çagalara garaň: olar nerw dartgynlygyň nämedigini-de bilmeýärler. Elbetde, siz olaryň gaýgy-aladasy ýok diýersiňiz. Ýöne gürrüň bu barada däl-de, çagalaryň öz ünsüni bir zatdan başga bir zada aňsatlyk bilen sowup bilýänligindedir. Şonuň üçin-de, işden geleniňizde soň, iş barada pikir etmejek boluň. Öýüň bosagasyndan ätläp, öýe gireniňizde, ünsüňizi söýgüli maşgala agzalaryňyza gönükdiriň. Ýöne hemmeleriň göwnünden turjak bolup, özüňizi unudaýmaň. Özüňiz barada-da alada ediň.

Dynç alyş günleri öýüňizde "gizlenip", ýekelikde galmaň. Dost-ýarlaryňyz, joralaryňyz bilen duşuşyň, gyzykly adamlar bilen söhbetdeş boluň.

Ýöne hepdäniň dowamynda adamlar bilen juda köp gatnaşan ýa-da gürrüňdeş bolan bolsaňyz, onda "gizlenseňiz-de" bolýar. Garaz, özüňize haýsysy oňaýly bolsa, şony ediň.

Dogry iýmitlenme we witaminleri kabul etmek hem nerw dartgynlygynyň aýrylmagyna ýardam berýär. Fastfud atly tizara taýýarlanylan naharlaryň adam aşgazany üçin urgudygyny ýatdan çykarmaň. Iýmit adamy kuwwatlandyrmalydyr, onuň organizmini "hapalamaly" däldir. Tiz ereýän kofeden, gazly içgilerden ýüz öwrüň. Süýt önümlerini, suwy mümkin boldugyndan köpräk içiň.

Umuman aýdanymyzda, durmuş kynçylyklary-da, nerw dartgynlygy-da bolar. Ýöne beýle dartgynlygyň özüňizde mesgen tutmagyna ýol bermäň. Oňa garşy degişli çäreleri wagtynda görüň. Söýgüli şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň aýdyşy ýaly:

"Her hili çykgynsyz ýagdaýda galaý

Umytdan düşmek namartçylykdyr.

Her bir kynçylygyň dört tarapy bar:

Üçi ýapyk bolsa, biri açykdyr"

Çykgynsyz ýagdaýlar bolmaýar. Şonuň üçin-de, özüňizi-de, öz ýakynlaryňyzy-da nerw dartgynlygyndan goraň.

Ulanylan WEB Salgy

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#7 Meylis 2015-11-05 01:57
men name etmeli name derman icmeli
Sitata
 
 
#6 Meylis 2015-11-05 01:56
Salam men kop gaharlanyan i dine kellamde pul we dine ozimi bilyan
Sitata
 
 
#5 sirin 2014-06-07 12:27
Salam saytyn lukmanlary.mrnin kellam damary cekya sony nali halda bejerip bolya
Sitata
 
 
#4 Rejep 2014-04-20 17:52
Makalalar gaty ýöntem.
Sitata
 
 
#3 Pikirli 2014-02-26 01:30
Örän gowy, derwaýys zatlar. Köpüsi özüňe bagly. Aýdylýarda "Adam özüň bilmez ham hyýal bolar" Şoňa ynanamok. "Başgalary bilen adam gowy paýhasly, özüni bilen okuwly" diýip hytaý akyldary ýazypdyr. Her bir ýagdaýdan many çykaryp adamlar bilen geçirimli, çydamlylyk bilen gürleşmeli. Şol bolsa şypalydyr.
Sitata
 
 
#2 Soragly 2014-02-25 02:11
Mydama böwrüni diňleýän adamlar bilen adam dilinde gepleşip bilmeseň şol bir keseliň ýamany.
Sitata
 
 
#1 Senem 2014-02-24 02:50
Bu ýazylanlar güler ýüzli optimistik adam üçin bir gülki ýaly.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele