Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Keseller barada maglumatlar Infeksiýon BIZ GEPATIT BARADA NÄMELERI BILMELI?
( 30 Ses Berme )

Gepatit keseli – bagryň wiruslar, zäherli maddalar ýa-da adam bedeniniň immunitetiniň bozulmalary sebäpli ýüze çykýan zeperlenmesidir. Deriniň we gözleriň saralma alamatyna laýyklykda, halk arasynda bu keseli "sary getirme" diýip hem atlandyrýarlar.

Bagryň zeperlenmesi bilen geçýän keselleriň arasynda, onuň wirusly şikeslenmeleri has ýygy duş gelýändir. BSGG-nyň hünärmenleri sary getirme keselini adamzat saglygyna howp salýan esasy töwekgellik faktory hasaplaýarlar. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, Ýer togalagynyň ýaşaýjylarynyň 1/3 bölegi B ýa-da C gepatiti bilen keselläp, ýarym milliarddan gowuragy bolsa bu keselleriň dowamly görnüşlerinden ejir çekýändir.

Gepatite mahsus alamatlar

Wirusly gepatitleriň ilkinji alamatlary adaty dümewiň alamatlaryna meňzeş bolýar: ysgynsyzlyk, ýadawlylyk, kellagyry, işdäsizlik, ýürekbulanma, gaýtarma, bogunlaryň agyrmagy, bagryň we dalagyň ulalmagy (esasan hem gepatitiň B we C görnüşi üçin), gyzgynyň 38.8 derejä çenli ýokarlanmagy. Näsagyň ýagdaýy has ýaramazlaşanda, onuň deri örtügi, gözüniň agy saralyp başlaýar, peşewi goýy goňur reňkli bolýar, täreti bolsa agarýar, sag gapyrganyň aşagynda agyry ýüze çykýar. Sary getirmäniň kä halatlarda alamatsyz geçýändigi, esasy bellemeli zatlaryň biridir.

Wirusly gepatitleriň görnüşleri

Wirusly gepatitleriň 6 sany görnüşi tapawutlandyrylýandyr.

Gepatitiň A görnüşi – hapa eller, iýmit, gap-gaç, oýunjaklar arkaly ýaýraýan, has giňden ýaýran görnüşi bolup durýandyr. Gepatitiň bu görnüşiniň öňüni almakda arassaçylyk düzgünleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň örän uly ähmiýeti bardyr. Hajathanadan soň, nahar taýynlamazdan öň we soň, daşardan gelensoňyz elleriňizi hökman sabynlap ýuwuň. Suwy filtrler arkaly arassalap ulanmaga mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda, ony diňe gaýnadyp içmäge ymtylyň.

Gepatitiň A görnüşi ýokuşanda, onuň alamatlary 2-6 hepdeden soň ýüze çykýandyr. Şol döwrüň içinde näsag beýleki adamlara gepatiti ýokuşdyryp bilýändir. A gepatitiň wirusy esasan täret bilen bölünip çykyp, ol efiriň, hloryň, turşylyklaryň täsirine durnuklydyr. Formaline duýgur bolup, 5 minudyň dowamynda gaýnadylanda işjeňligini ýitirip bilýändir. Maşgalada A gepatiti bilen kesellän adam bar bolsa, hökman lukmana habar bermelidir. Zerur bolan ýagdaýynda, lukman ähli maşgala agzalaryna immunoglobulin sanjymlaryny belläp, näsagy hassahana bejergi üçin ýollaýar.

Alamatlaryň köpüsi birnäçe günden ýa-da birnäçe hepdeden aýrylyp gitse-de, ýadawlyk, ysgynsyzlyk ýaly alamatlar bagryň işi doly kadalaşýança birnäçe wagtyň dowamynda biynjalyk edip bilýändir.

Gepatitiň B görnüşi wirusly gepatitleriň agyr we gaýraüzülmeli geçýän görnüşidir. Gepatitiň bu görnüşi bilen kesellän näsaglaryň 10 %-de kesel dowamly görnüşe geçip, sirroz we bagryň düwnük keseliniň döremegine töwekgelçilik ýokarlanýandyr.

Gepatitiň bu görnüşi jynsy gatnaşyklar arkaly, neşekeşler tarapdan hapa iňňeler ulanylanda, eneden göwredäki çaga geçip bilýändir. Keseliň alamatlary, ýokuşmadan soň 2-6 aýdan ýüze çykyp bilýändir.

B gepatitiniň alamatlary sary getirmäniň beýleki görnüşleriniň alamatlaryna meňzeş bolup, ol kem-kemden ýaýbaňlanýandyr, emma has uzak we agyr derejede geçýändir.

Gepatitiň C görnüşi – esasan bedene gan guýmalar, jyns gatnaşyklary arkaly, hapa şprisler ulanylanda ýüze çykýan, gepatitleriň has agyr görnüşidir. Käte sary getirme alamatlary asla bildirmeýär, deri örtügi saralmaýar. Gepatitiň bu görnüşi bilen keselländigini bilmeýän adamlar hem az däldir. Olar keseli bejertmän, beýleki adamlara hem keseli ýokuşdyrma howpyny ýokarlandyrýandyrlar. Bu keseliň dowamly görnüşi has hem howply bolup, ol näsaglaryň 70-80%-de ýaýbaňlanýandyr. Gepatitiň C görnüşiniň başga görnüşler bilen utgaşmagy, keseliň geçişini has hem agyrlaşdyryp, ölüm howply gaýraüzülmelere getirmäge ukyplydyr.

Gepatitiň D görnüşi – "utgaşýan" kesel bolup, ol B gepatitiň geçişini agyrlaşdyrýandyr.

Gepatitiň E görnüşi – keseliň A görnüşine meňzeş bolsa-da,ýiti başlanmaýar we göwreli aýallar üçin has howply bolup durýandyr.

Wirusly gepatitlere degişli G gepatiti C gepatite meňzeş bolsa-da, ol az howplydyr.

Siz wirusly gepatitden nähili goranyp bilersiňiz?

Häzirki wagtda, gepatitiň A we B görnüşlerine garşy öňüni alyş sanjymlary döredilendir.

A görnüşe garşy waksina A gepatitň öldürilen wiruslaryndan ybarat bolup, ol iki gezek, sanjymlaryň arasyna 6-12 aý salnyp geçirilýändir. Bu waksinanyň goraglylyk täsiri 6-10 ýyl aralygy saklanýandyr. A gepatitine garşy öňüni alyş sanjymlary bu keseliň ýaýran ýerlerine gidýän adamlara (syýahatçylar, harby gullukçylar, şertnama bilen işlemäge gidýän hünärmenler), ýokanç keseller bölümleriniň işgärlerine, mekdebe çenli ýaşly edaralaryň we suw üpjünçiligi hem-de jemgyýetçilik iýmitleniş edaralaryň işgärlerine almak maslahat berilýändir.

Gepatitiň B görnüşine garşy geçirilýän waksinasiýa hemmelere geşirilip, ençeme döwletlerde çagalara geçirilýän keselleriň öňüni alyş sanjymlaryň meýilnamasyna goşulandyr. Türkmenistanda bu sanjym täze doglan çagalara ilkinji 24 sagadyň dowamynda, 2 – 4 aýlykda geçirilýändir. Şeýle-de, bu sanjymy geçirme gepatitiň başga wirusy ýokuşan (meselem, C gepatit) adamlara, dowamly gepatitden ejir çekýän näsaglaryň maşgala agzalaryna, lukmançylyk ulgamynyň hemme işgärlerine we lukmançylyk okuw jaýlarynyň talyplaryna, gan we gandan ýasalan serişdeler bilen işleýän lukmanlara görkezilendir.

Bu sanjym üç gezek edilýär: birinji sanjymdan 1 aý soň ikinji sanjym, ikinjiden 5 aý geçenden soň üçünji sanjym geçirilýär.

Waksina çynlakaý ýaramaz täsirleriň ýüze çykmagyna getirmeýär. Kä halatlarda sanjymyň edilen ýerinde agyry, beden temperaturasynyň biraz ýokarlanmagy, seýrek ýagdaýlarda allergiki täsirliligiň ýüze çykmagy bellenilip bilner. Waksinasiýadan soň onuň goraglylyk täsiri 8-10 ýyla çenli, hat-da ömrüň soňuna çenli saklanyp galyp biler.

Gepatitiň C görnüşine garşy waksina entek ýokdyr. BSGG-nyň berýän maglumatlaryna görä, häzir Ýewropada gepatitiň bu görnüşini bejermäge niýetlenen waksina syndan geçip, bu ugurda işleýän birnäçe halkara taslamalaryň bardygy bellenilýändir.

Gepatitiň C görnüşiniň ýokuşmagynyň öňüni almak üçin:

Gan damjalaryny saklap biljek diş çotgalaryny, sakgal syrmaga niýetlenen serişdeleri başgalara bermäň we başgalardan almaň.

Eger Siz lukmançylyk ulgamyň işgäri bolsaňyz, ýiti lukmançylyk gurallary bilen işläniňizde degişli goraýyş düzgünleri berjaý ediň. Gepatitiň B görnüşine garşy sanjym alyň.

Lukmançylyk edaralaryna, diş bejeriş merkezlerine ýüz tutanyňyzda, hemme bejeriş çäreleriň bir gezek ulanylýan gurallar bilen geçirilýändigine ynamly boluň.

Tatuaž (derä surat çekdirme) ýa-da pirsing (halka dakma) etdirmekçi bolsaňyz, haýsy hünärmene ýüzlenjekdigiňiz babatda oýlanyň. Hünärmen hemme arassaçylyk düzgünleri berjaý edip, bir gezek ulanylýan gurallar bilen işlemelidir.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 emir 2016-07-21 06:57
Gipatit b gecirdim name un burun ganayar namanin alamatyka
Sitata
 
 
#3 emir 2016-07-21 06:56
Gipatit b gecirdim name un burun ganaysr
Sitata
 
 
#2 merdan 2016-02-23 13:55
Ganyń düzüminde bilurbiniń artmagy nämäniñ alamaty
Sitata
 
 
#1 Gowher 2013-09-11 02:31
peydaly informatsiya! Sagja bol Lukman!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele