Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Keseller barada maglumatlar Infeksiýon GAÝMORIT: SEBÄPLERI, ALAMATLARY, GAÝRAÜZÜLMESI WE BEJERGI ÇÄRELERI
( 25 Ses Berme )

Burnuň iki gapdaly bilen, ýokarky äňde ýerleşýän süňk boşlugynyň (gaýmorowa boşlugy) nemli örtüginde alawlama hadysasynyň ýüze çykmagyny gaýmorit diýip atlandyrýarlar. Bu keseliň döremegine bakteriýalar, wiruslar, kömelejikler, şeýle hem allergiki faktorlar sebäp bolup bilýär. Alawlama ýagdaýlary burun boşlugyndan (birinden ýa-da ikisinden) nemli suwuklygyň erkin akmagynyň bozulmagy netijesinde ýüze çykýar. Suwuklygyň bir ýerde jemlenmegi alawlama hadysasynyň ýaýbaňlanmagy üçin oňaýly şert döredýär we bedeniň ýokançlyga garşy göreşmegini kynlaşdyrýar.

Nemli suwuklygyň adaty akymyna päsgel berýän goşmaça faktorlar: burnuň anatomiki gurluşynyň belli bir aýratynlyklary (burun germewiniň gyşarmagy), goşmaça keselleriň täsiri (mukawissidoz, allergiki we allergiki däl rinit), belli bir durmuş şertleriniň täsiri (çilimkeşlik, suw astynda ýüzme) – gaýmorit keseliniň ýüze çykmak howpuny ýokarlandyrýar. Ýaýrama derejesine görä bu kesel sinusitleriň (ýüz süňkleriniň boşluklarynyň alawlama zeperlenmesi) arasynda birinji orny eýeleýändir.

GAÝMORIT KESELINIŇ GÖRNÜŞLERI

Gaýmorit keseliniň ýiti we dowamly görnüşleri bolýar:

Ýiti gaýmorit

Keseliň bu görnüşi ýiti rinitiň gaýraüzülmesi, dümewden, gyzamyk, hörezek we beýleki ýokanç kesellerden soň, dişiň we diş etiniň sowuklama keselleriniň netijesinde ýüze çykyp bilýär. Dowamly gaýmoritden tapawutlylykda ýiti gaýmoridiň alamatlary birden ýüze çykýar. Onuň esasy aýratynlygy beden gyzgynynyň ýokarlanmagydyr. Bu alamat bilen utgaşykga burun boşlugynda nemiň üýşmegi netijesinde dem alma kynçylygy dörän bolsa, ýiti gaýmorit diýlen anyklama goýlup bilner. Keseliň bu görnüşinde beden gyzgyny 40 gradusa çenli ýokarlanýar.

Dowamly gaýmorit

Burun boşlugynda ýygnanan nemli suwuklygyň akmagy üçin ýaramaz şertler aradan aýrylman, ýiti gaýmoridiň bejergisi uzaga çeken halatlarynda bu ýagdaý dowamly görnüşe geçip biler. Oňa burnuň nemli örtüginiň galňamagy, ýokarky äňi düzýän süňkleriň içindäki boşlukdan suwuklygyň çykmaly ýoluny daraldýan ýa-da ýapýan burun diwarynyň gyşarmagy sebäp bolýar. Dowamly gaýmoridiň alamatlary aýdyň ýüze çykman, anyklama we bejergi çärelerini kynlaşdyrýandyr.

GAÝMORIT KESELINIŇ ALAMATLARY

Çekgelerde ýüze çykýan agyry we göz hanalarynyň töwereginde agyrlygyň peýda bolmagy, keseliň esasy we ýygy duş gelýän alamatydyr. Adatça gury burun boşlugynda sowuklama hadysasy döreýär we onda emele gelen basyş bolsa agyry duýgusynyň ýüze çykmagyna getirýär. Şeýle hem sowuklama ahwalaty burundan dem alma päsgelçiligini döredýändir. Köp halatlarda ys alma ukyby hem peselip bilýändir.

Gaýmorit keselini häsiýetlendirýän esasy alamatlar aşakdakylardan ybaratdyr:

beden gyzgynynyň ýokarlanmagy;

gözleriň töweregindäki deriniň gyzarmagy;

ilki ýokarky, soňra bolsa aşaky hatar dişlere agyrynyň ýaýramagy;

burun boşlugynda ýüze çykýan agyrynyň we agyrlygyň ýüzüň çep we sag tarapyna birmeňzeş derejede ýaýramagy.

Gaýmorit keselinde adatça burundan we bokurdakdan nemli bölünip çykmalar döräp, agyzdan ýakymsyz ysyň gelmegine sebäp bolýar.

KESELIŇ ANYKLANYLŞY

Ýiti we dowamly gaýmoridiň anyklama we bejergi çäreleri otorinolaringolog (LOR) lukmany tarapyndan geçirilýär. Ol rinoskopiýa (burun boşlugynyň ýagdaýyny anyklamak) barlagyny geçirýär, keseli dörediji ýokançlygyň görnüşini anyklamak maksady bilen bölünip çykmalaryň bakteriologiki we gaýmorowa boşlugynyň rentgen barlagyny geçirýär. Barlaglaryň netijesi boýunça, lukman her näsagyň ýagdaýyna baglylykda bejergi belleýär. Bejergi, näsagda bar bolan utgaşykly keselleriň geçiş häsiýetini hem göz öňüne tutyp bellenilmelidir.

GAÝMORIT KESELINIŇ BEJERGISI

Gaýmorit keseliň bejergisi antibiotik serişdeleriň kömegi bilen geçirilýär. Burun boşlugynda sowuklama hadysalarynyň sebäbi bolýan bakterial ýokançlyklar, şol sanda pnewmokokk hem antibiotikleriň kömegi bilen netijeli ýok edilýändir. Gaýmorit keselini bejermek üçin has ýygy ulanylýan derman serişdeleri penisillin toparyna we sefalosporin hataryna degişli antibiotik serişdeleridir.

Amoksisillin derman serişdesi penisillin toparyna degişli özboluşly antibiotik bolup, gaýmorow boşlugynda alawlama döredýän zyýanly bakteriýalary ýok edýär we täze bakterial toparlaryň emele gelmegine päsgel döredip, olaryň köpelmeginiň öňüni alýar. Amoksisillin bilen bejergi tapgyry bir hepdäniň dowamynda alnyp barylýar. Serişde günde 500 milligramdan günüň dowamynda 4 gezek kabul edilýär.

Gaýmorit keselini bejermek üçin ulanylýan beýleki derman serişdelerden, bakteriýalary ýok edýän sefalosporinleri we keseliň mundan beýläk ýaýbaňlanmagyna päsgel berýän makrolidler toparyna degişli (wilprafen, klaritromisin, roksitromisin) serişdeleri agzap geçmek bolar.

Gaýmoridiň bejergisinde boşlugyň nemli örtüginiň gan damarlaryny daraldyp, çişginlilik ýagdaýy aradan aýyrýan serişdeleri, burnuň nemli örtügini nemlendirýän serişdeleri (Pinosol, Komozitum), gaýmorowa boşlugyň nemli örtügini dikeldiji (Sinupret) dermanlary we ýokançlyklara garşy täsir edýän ýuwujy (Miramistin, Dioksidin, Dolfin, Akwamaris, Salin, Fiziomer) serişdeleri ulanma gowy bejeriş netijeleri gazanmaga kömek edip biler.

Keseliň ýiti görnüşinde ýa-da onuň gaýraüzülmeli geçen ýagdaýynda gaýmorowa boşlugy ýörite iňňe bilen deşip (punktirleme), ýygnanan iriňi çykarma usuly köp ýyllaryň dowamynda ulanylýandyr.

Bu keseli bejermekde, ЯМИК-kateteri bilen burun boşlugynyň wakuum (seýrekleşdirilen howa) kateterizasiýasyny geçirme usuly hem giňden ulanýlýar. Burnuň içine ýörite salnan ballonlaryň çişirilmegi netijesinde basyş döredilýär we gaýmorowa boşlugynda ýygnanan iriňi aýyrmaga hem-de derman serişdeleri göýbermäge şert döredilýär. Bu gural diňe gaýmorit keselini däl, eýsem beýleki sinusit kesellerini (etmoidit, frontit, sfenoidit) bejermäge mümkinçilik döredýär. Az möhletiň içinde, agyry duýgusy döredilmän geçirilýän bejergini näsaglar ýeňillik bilen kabul edýär we ondan soň gaýraüzülmeler ýüze çykmaýar.

Gaýmorit keseliň bejergisinde, boşlukdan iriň çykarylansoň, kömekçi usullar höküminde lazer şöhleleriň täsiri, ultramelewşe şöhlelendirme, burun boşlugyna ultrasesiň kömegi bilen derman serişdelerini göýberme görnüşli fizioemleri hem giňden ulanylýar.

Bejergi usullaryň täsir etmedik halatlarynda hem-de köpsanly gaýraüzülmeler bilen geçýän gaýmoritde hirurgiki usullar ulanylýar.

Keseliň gaýtalanmazlygy üçin immun ulgamyny berkidiji çäreleri geçirme, bedeni taplama wajyp bolup durýandyr.

GAÝMORIT KESELINI ÖÝ ŞERTLERINDE BEJERIP BOLÝARMY?

Gaýmorit keseline duçar bolan näsag, lukmanyň kömegine çenli özüne öý şertlerinde ilkinji kömegi berip biler. Bu bejerginiň esasy maksady, gaýmorow boşlugynda döreýän sowuklama ýagdaýynyň ýaýbaňlanmagynyň öňüni almakdyr.

Öý şertlerinde bu keseli bejermegiň iň giňden ýaýran usullarynyň biri – burun boşlugyny ýuwmakdyr. Ol keseliň bir näçe alamatlaryndan halas bolmaga we sowuklama zeperlenmelerini aradan aýyrmaga kömek edýär. Burun boşlugyny ýuwmak üçin gadymy hindi lukmançylygyndan gelen "Jala nedi" çäýnegini ulanýarlar, ol bolmadyk ýagdaýynda onuň ornuny ýönekeý 10 ml. göwrümli, bir gezek ulanylýan plastik şprisler tutup biler. Ilki bilen bir nahar çemçe iýmit sodasyny bir bulgur ýyly suwda garmaly. Ergin bilen şprisi dolduryp, gabyň üstünde egilmeli we burun deşiginiň birine ýuwaşlyk bilen ergini goýberip başlamaly. Goýberilýän ergin beýleki burun deşiginden çykyp, burun boşlugyny arassalaýar. Burny şeýle usulda duzly suw bilen ýuwma hem peýdaly bolup bilýändir.

GAÝMORIT KESELINIŇ GAÝRAÜZÜLMELERI BARMY?

Gaýmorit keseliniň gaýraüzülmeleri örän seýrek ýüze çykýar, ýöne olar dörän ýagdaýynda adamyň janyna howp salyp, köplenç çynlakaý hirurgiýa bejergisini talap edýändir.

Gaýmoridiň netijesinde ýüze çykan gaýraüzülme, ýokançlygyň burun boşlugynyň daşyna ýaýramagy bilen döreýändir.

Ýokançlyk ýüzüň süňküni (osteomiýelit) ýa-da beýni perdesini (meningit) zeperlendirip bilýär.

Burun boşlugynyň daşyna ýaýran ýokançlyk gözüň hanasynda, beýnide we ýüzüň dokumasynda iriň (abssess) ýygnanmalaryň döremegine getirip bilýär.

Şeýle hem gaýmorit keseli, demi gysmanyň we beýleki dowamly öýken keselleriniň beterleşmeginiň sebäbi bolup biler.

GAÝMORIT KESELINIŇ ÖŇÜNI ALMAK ÜÇIN GEÇIRILMELI ÇÄRELER

Bu keseliň öňüni almak maksady bilen, her bir adam ilki bilen öz immun ulgamyny berkitmelidir. Onuň üçin dogry iýmitlenmegiň we sport maşklary bilen kadaly meşgullanmagyň zerurdygyny ýene bir gezek bellemelidir. Sport we dogry iýmitlenmek diňe bir gaýmorit keseliniň däl, eýsem beýleki sowuklama keselleriniň hem öňüni almaga ýardam berip biler. Şeýle hem bu keseliň öňüni almak üçin, bedene daşky gurşawdan täsir edýän allergenleriň düşmegini we sowuklamaly, dümewli näsaglar bilen aragatnaşyk saklamagy çäklendirmelidir.

Agyz boşlugynyň arassaçylygy barada wagtly-wagtynda we dogry alada etmek, bu keseliň öňüni almagynyň ýenede bir zerur çäreleriniň biridir. Bu çäre agyz boşlugynda emele gelip, ýokarky äň we gaýmorow boşlugyna ýaýrap biljek ýokançlygyň öňüni almak üçin zerurdyr. Gaýmorit keseline duçar bolmazlyk üçin dişiňizi gün içinde iki gezek arassalamak we agyz boşlugyny çaýkamak üçin ýörite taýynlanan antibakterial erginleri ulanmak maslahat berilýär.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#12 Lara 2017-03-02 20:53
Gaymarit bolan Çağanın özünde gitmesi nrmalmi
Sitata
 
 
#11 Selim 2016-04-22 22:52
Pkpjpjpjp
Sitata
 
 
#10 Selim 2016-04-22 22:51
Mamedow
Sitata
 
 
#9 Selim 2016-04-22 22:50
9pbek
Sitata
 
 
#8 myrat 2015-11-27 10:52
Meniň burnumda et bar, birinden dem alýan beýleki burnumdan az mukdarda howa geçýär bu hem gaýmorytmy bu nädip aýryp bolýar
Sitata
 
 
#7 Bayram 2015-02-21 12:29
Bayram
Sitata
 
 
#6 Garadamakly 2013-10-03 17:09
Salam.

Makalaňyz düşnükli ýazylypdyr. Örän minnetdar.

Sorasym gelýän zadym: Aşgabatda gaýmorit we beýleki sinusitleri häzirki zaman usullary bilen bejerýän hassahana barmyka?

Sag boluň.
Sitata
 
 
#5 aycicek 2013-09-12 07:37
mende hem 3 yy ozal gyshda gaymorit yuze cykdy...hatta egilip hem bilemokdym...lukmanlara gitmeklige gorkdym, maña burnyñ içinden deshyaler diyenleri ucin. soñ ozum ingolyasiya edip bejergi aldym.
Sitata
 
 
#4 Gowher 2013-09-03 04:08
Sapar, yzydiderli yuwmana synanşyň. Iň gowysy her gün diş ýuwuşyňyz ýaly endik ediniň. Gowysy duzu aptekadan alyň. Yone suwyňyz ggaýnadylan, mylaýym suw bolmaly hökmän.
Sitata
 
 
#3 SaparMR 2013-09-01 12:57
Quoting Gowher:
Sapar, men gaty erbet gaymoritden ejir cekyadim. Yone 3 yyl mundan ozal men dusly suw bilen burnymyn içini yuwup basladym. Ine su metod byuncha http://o-gaimorite.ru/promivanie-nosa-pri-gaimorite/. Gaymorit syptomlary cala baslanda men günde bir iki üç gezek ýuwýan. Belki sana da hayýr eder. indi men hiç hili dermanGöw ulanamok, antibiotiç atyp halys bolupdym

Quoting Gowher:
Sapar, men gaty erbet gaymoritden ejir cekyadim. Yone 3 yyl mundan ozal men dusly suw bilen burnymyn içini yuwup basladym. Ine su metod byuncha http://o-gaimorite.ru/promivanie-nosa-pri-gaimorite/. Gaymorit syptomlary cala baslanda men günde bir iki üç gezek ýuwýan. Belki sana da hayýr eder. indi men hiç hili derman ulanamok, antibiotiç atyp halys bolupdym


Göwher,sag bol maslahatyňa..Duzly suwyň düzimi diňe suw bilen nahar duzymy?

Özüm "morskaýa woda" "akwamaris" bilen ýuwýadym,ýöne yzygiderli däl..
Sitata
 
 
#2 Gowher 2013-08-31 22:35
Sapar, men gaty erbet gaymoritden ejir cekyadim. Yone 3 yyl mundan ozal men dusly suw bilen burnymyn içini yuwup basladym. Ine su metod byuncha http://o-gaimorite.ru/promivanie-nosa-pri-gaimorite/. Gaymorit syptomlary cala baslanda men günde bir iki üç gezek ýuwýan. Belki sana da hayýr eder. indi men hiç hili derman ulanamok, antibiotiç atyp halys bolupdym
Sitata
 
 
#1 SaparMR 2013-08-31 19:09
Sinuforte - bu hem azda kände peýdasy bar eken,ýöne doly bejerenok..Bahasy hem gymmat,Aşgabatdan Mara 265 täze manada getirdiler.

1.5 ýyl bäri kösenýän,hasam gyşda.

Gaýmorit Aşgabatda bejerilýämikä ýa Eýrana gitseň gowmy? ( operasiýasyz,deşmesiz)
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele