Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Keseller barada maglumatlar Infeksiýon BSŽ ÝA-DA ÖMÜRLIK YZ GALDYRÝAN SANJYM
( 8 Ses Berme )

INÇEKESEL HOWPLUDYR!

Inçekesel  kesellemek we ölümçilik bilen tamamlanmak görkezijileriniň ýokarylygyna görä dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýär. Her ýyl bu kesele 9 milliondan gowrak adam duçar bolup, ol 3-4 million adamynyň ölüminiň sebäbi bolýandyr. Häzirki döwürde inçekesele garşy edilýän sanjymlar dünýäniň 64 döwletinde hökmany diýip yglan edilip, 118 döwletde  sanjymlary dowam etmek maslahat berilýär. Olaryň hökmany senenamalara salynmadyk ýurtlarynda hem, ýaramaz sosial-durmuş şertlerinde ýaşaýan, şeýle hem inçekesel bilen syrkawlamagy ýokary bolan döwletlerden gelenlere bu sanjymlar edilýär. Soňky 10 ýylda Russiýada we GDA ýurtlarynyň käbirinde  inçekesel bilen (şol sanda çaga inçekeseli bilen) syrkawlamagyň derejesi 2 esseden hem gowrak ýokarlandy. Bu keseliň gozgadyjysy, öň Kohuň taýajygy ady bilen belli bolan (ony açan nemes bakteriologynyň adyna görä) mikobakteriýa  zeperlenen beden agzalarynda özboluşly çişme prosesini döredýär – olarda kesele mahsus "güberçek" emele gelýär.  Keseliň häzirki  zaman ady  latyn sözünden gelip çykyp, güberçek diýmegi aňladýan tuberculum sözünden emele gelýär.

Inçekesele duçar bolan syrkawlaryň umumy sanyndan 7-8%-i çagalar bolup durýar. Esasan hem bu ýokanja has kiçi körpejeler duýgurdyr. Inçekesel syrkaw adamlar asgyranda, üsgürende, gepleşigiň dowamynda bölüp çykarýan tüýkülik arkaly daşky gurşawa ýaýramagy netijesinde ýokuşýar. Emma, ýokanç şol töwerekde bolan ähli adamlara geçmeýär, ýokanja sezewar bolanlaryň hem diňe 5-15% inçekesel bilen  syrkawlaýar. Galanlaryň bedeninde kesel gozgadyjynyň saklanýanlygyna garamazdan kesellere garşy goraglylyk ulgamy (immunitet) işläp, ol güýçli bolan ýagdaýynda kesele garşy göreşip ýeňmegi başarýar.

Inçekesele garşy edilýän sanjymlar öz ähmiýetliligi boýunça ägirt uly orny eýeleýändirler. Sanjym edilen çagalar hem ulular ýaly ýokançlyga duçar bolup biler, ýöne olarda kesel ýeňil görnüşde geçip, köplenç zeperlenme başlangyç döwründe kämilleşen immun ulgamyň täsiri bilen öz-özünden geçip bilýändir. Şonuň üçin ýaňy ýagty jahana inen körpejelere waksinasiýa we ýetginjeklere  hem-de ululara rewaksinasiýa (täzeden waksina göýbermek) geçirmek örän wajypdyr.

WAKSINANYŇ GÖRNÜŞLERI WE ONY ULANMAGYŇ  DÜZGÜNLERI

1919-njy ýylda fransuz alymlary Albert Kalmet we Kamil Geren öküzden alynan mikobakteriýany (inçekeseli dörediji) ulanyp, ilkinji bolup inçekesele garşy waksinany almaň usulyny tapdylar. Gaýtadan ekme usuly bilen kesel gozgadyjynyň güýçden gaçan (attenuirlenen) görnüşi ösdürip ýetişdirildi. Oňa oýlap tapyjy alymlaryň adyna görä bacillus Calmette-Gueuin – BCG diýip  at goýdular.

BSŽ waksinasy inçekeseliň ilkinji görnüşlerinden, has hem anyklamasy we bejergisi kyn bolan, agyr, giňden ýaýran we öýkenden daşary ýüze çykýan (meningit, süňkleriň zeperlenmesi) görnüşlerinden goraýar. Eger-de ene öz çagasyna BSŽ sanjymyny etdirmekden boýun gaçyrýan bolsa, onda ol  perzendini örän uly howpa – inçekesel bilen syrkawlamak howpuna salýandygyny ýatdan çykarmaly däldir. Şonuň bilen birlikde ene çagasynyň syrkaw adamlar bilen aragatnaşykda bolmaýanlygyna doly göz ýetirmelidir.

Inçekesele garşy sanjymy çaga doglandan 4-5 gün geçen soň bäbekhanada edýärler.  Immunizasiýa üçin waksinanyň iki görnüşini ulanýarlar – BSŽ we   BSŽ-M. Ikinjisiniň düzüminde antigeniň (belli bir kesel gozgadyjynyň belogynyň)  mukdary iki esse azdyr. BSŽ waksinasyny doglanda agramy 2500 gr az bolmadyk, sagdyn çagalara sançmak üçin ulanýarlar. BSŽ-M waksinasyny BSŽ sanjymyny etmäge garşy görkezmeleri  bolan çagalara ulanýarlar. Mysal üçin, beden agramy 2000 gramdan pes bolan çagalara, gemolitiki (enäniň we çaganyň ganynyň rezus-faktory we toparyna görä utgaşyksyzlygy zerarly ýüze çykan kesel)  kesel bilen dogulanlara, merkezi nerw ulgamynda zeperlenme bar bolanlara, şeýle hem dürli sebäplere görä bäbekhanada sanjym edilmedik çagalara ulanylýandyr.

WAKSINASIÝA HAÇAN GEÇIRILMEÝÄR?

Eger çagada doga ýa-da gazanylan (meselem, AIW ýokançlygy zerarly) görnüşli immun ýetmezçiligi bar bolsa; körpejäniň doganlarynyň inçekesele garşy waksinasiýadan soň agyr, ýaýran gaýraüzülmelere duçar bolmagy,inçekeseli başdan  geçiren ýa-da mikobakteriýa ýokançlygy bar bolan, položitel ýa-da şübheli Mantu synagy (проба) ýüze çykarylan çagalara sanjym we rewaksinasiýa edilmeýär.

MANTU SYNAGY NÄME?

Mantu synagy ( has ýygy ulanylýar) we Pirke synagy (synagy hödürlän lukmanlaryň ady dakylan) – bedende inçekesele garşy immunitediň  ýa-da şol ýokanjyň barlygyny anyklamak üçin ulanylýan çäredir. Deriň icine (Mantu synagy) ýa-da derüsti (Pirke synagy) inçekeseli döredijiden alnan belogy - tuberkulini goýberýärler. Göýberilen yerinde papulanyň (suwuklykly düwnüň) emele gelmegi, immun ulgamyň öň bu belok bilen tanyşlygyndan habar berýär. Synag geçirilen  wagtyndan 72 sagat soň, dury lineýkanyň kömegi bilen, emele gelen  düwnüň diametrini ölçeýärler. Käbir ýagdaýlarda düwnüň töwereginde gyzarma emele gelýär, ýöne ol inçekesele bolan immunitediň ýa-da ýokanjyň barlygyny aňlatman, tuberkuline bolan allergiki häsiýet bolmagy ähtimal, şonuň üçin barlag geçirlende diňe düwünjigiň özi ölçenýär. Netijelere baha berilýänçä sanjym ýerine suw degirmek, gaşamak, leýkoplastyr ýelmemek, ýaşylboýag, wodorod öteturşusyny  çalmak bolmaýar.

Mantu synagy her ýylda geçirilmeli çäre bolup, eger çaga ilkinji gezek bäbekhanada inçekesele garşy sanjym alan bolsa, onda Mantu synagyny 1 ýaşandan soň geçirmelidir.

Tuberkulin goýberilenden soň papula emele gelmese synag otrisatel diýip hasaplanylýar. Otrisatel reaksiýa bedende inçekesele bolan immunitetiň ýokdugyny aňladýar. Waksinasiýadan soň ýara yzy döremedik bolsa we iki ýyl yzly-yzyna Mantu synagy otrisatel netije görkezen bolsa, inçekesele garşy waksinasiýa bellenilen öňüni alyş sanjymlaryň milli senenamasy boýunça geçirilýär. Eger synag položitel netije beren bolsa, onda ol bedeniň eýýäm mikobakteriýa  duş gelendigini aňladýar.

Mantu synagyndan soň papulanyň diametri çagalarda – 17 mm-den, uly adamlarda – 21 mm-den uly bolsa, şeýle hem synag sanjymy edlen ýerinde gabarçaklar ýa-da ýaralaryň  emele gelmesi, oňa golaý bolan limfatik düwünleriň ulalmasy bolup geçse, bedeniň synaga aşa duýgur jogap bermesi diýip hasaplanýar.

Eger bedeniň aşa duýgurlylygy ýüze çyksa, geçen ýylky bilen deňeşdirilende papulasynyň ölçegi 5 mm we ondan köp ulalan bolsa, öň ýanyndaky synag  otrisatel netije berip soň položitel papula ýüze çyksa  hökman ftiziatr lukmanyň maslahatyny almak wajypdyr.

Mantu synagy sanjym däldir, şol sebäpli hem käbir ýagdaýlara görä çaga öňüni alyş sanjymlardan boşadylan hem bolsa, Mantu synagyny geçirmelidir. Ony diňe çagada ýaýran allergiki alamatlaryň netijesinde, eliniň  tuberkulin  goýberilmeli ýeri doly zeperlenen bolsa geçirmek bolmaýar. Ýiti keseller dörände we gyzdyrma döwründe mantu synagyny, diňe inçekeseliň baryny-ýoguny anyklamak zerur bolanda edilýär, galan ýagdaýlarda syrkaw doly gutulandan 1 aý soň  geçirmelidir.

ŞEÝLE TÄSIN ÝARA YZY

Waksina janly, ýöne gowşan öküz mikobakteriýalaryndan durýar we gury görnüşde alynýar. Ulanmazdan öň, ýany bilen berilýän zyýansyzlandyrylan fiziologiki ergin bilen garylýar. Sanjym üçin ýörite göwrümi 1 mm durýan  tuberkulin sanjym iňňesi ulanylýar. Waksina çep egne, diňe deriasty usul bilen goýberilýär. Ilkinji sapar geçirilen waksinasiýadan soň 4-6 hepde geçende, rewaksinasiýanyň bolsa birinji hepdesinde sanjym edilen ýerinde tegmil, soňra diametri 5-10 mm-den uly bolmadyk gatylyk  peýda bolýar. Uzagyndan ol ýerde dury, soňra bolsa bulanyk erginli  iriňli gabarçak emele gelýär (onyň ölçegi hem 10 mm uly bolmaly däl) we onuň ýüzüni gabyk tutýar. 5-6 aýdan soň çagalaryň köpüsiniň sanjym edilen ýerinde uzynlygy 3-10 mm bolan ýönekeýje ýara yzy galýar, 1 ýaşa çenli bolsa ol durnukly sudura öwrülýär. Ýara yzynyň emele gelmegi sanjymyň başa baranlygyna şaýatlyk edip (ýerli deri inçekeselini geçirme alamaty), bedeniň inçekesel mikobakteriýasyna garşy özboluşly goragy döredendigini aňladýar. Waksinasiýa goýberlen ýere ýod we beýleki arassalaýjy serişdelerini çalmak, şeýle hem ony daňmak we güberçegiň içindäki suwuklygy gysyp çykarmak bolmaýar. Eger güberçek käbir sebäplere görä açylsa, ony serişdeler bilen arassalamakdan saklanyp, ýaranyň özi gurap ýüzi gabyklaýança garaşmalydyr. Gabygy goparmakdan, suwa düşülende sürtgüç bilen gazamakdan saklanmaly, sebäbi  ol ýerli ýokançly şikeslenmeleriň başlangyjy bolup biler. Eger gatylygyň ölçegi adatdakydan uly bolsa (10 mm köp) ýa-da waksina goýberilen ýerinde güberçek,  6 aýdan bolsa ýara yzy  emele gelmedik bolsa, eger  körpejäniň goltugynyň töweregindäki limfatik düwünleriniň ulalmagy ýüze çyksa, ftiziatr lukmana ýüz tutmalydyr.

EGER BÄBEKHANADA SANJYM EDILMEDIK BOLSA...

Käbir ýagdaýlara görä, çaga bäbekhanada 4-6 günlük wagty sanjym edilmedik bolsa, onuň edilmegine rugsat berlenden soň, saglyk öýünde ýa-da hassahanada (eger çagany bäbekhanadan  hassahana geçirseler) edilýär. Çaga doglandan 2 aýlyk bolýança inçekesele garşy sanjym, öňünden edilýän Mantu synagy geçirilmezden edilýär. Inçekesele garşy waksinasiýa 2 aýdan uly ýaşly çaga edilmeli bolsa, onda oňa hökman Mantu synagy geçirilip, sanjym soňundaky netije göz öňüne tutulandan soň  geçirilýär (bu ýagdaý çaganyň sanjym almanka,  inçekesel ýokanjyna duçar bolmak howpy bilen baglanyşykly). Mantu synagy otrisatel netije görkezen badyna sanjym geçirmeli, ýöne  synagyň geçirilen wagtyndan 2 hepdeden uzak wagt geçmeli däldir. Eger körpejäni bäbekhanadan BSŽ (BSŽ-M) sanjymyny etmän çykaran bolsalar, ony gurşap aljak ähli uly adamlar flýurografiýa barlagyndan geçmelidir.

BSŽ SANJYMYNYŇ BEÝLEKI SANJYMLAR BILEN UTGAŞMAGY

BSŽ we BSŽ-M sanjymlary başga sanjymlar bilen bir wagytda geçirilmeýär. Olaryň arasyndaky araçäk 1 aý bolmalydyr. Bu kadadan çykma diňe ýaňy dogan çaga geçirilýän gepatit B keseline garşy sanjymdyr. Ony BSŽ sanjymyndan 3-4 gün öň geçirýärler. Bu shema dünýäniň köp ýurtlarynda ulanylýar we howpsuz hasaplanýar. Waksinalaryň ikisinde hem mümkin bolan goşmaça täsiri ýokarlanmaýar, immunitetiň berkeme netijeliligi bolsa saklanýar.

BOLUP BILJEK  GAÝRAÜZÜLMELER

BSŽ waksinasiýasyndan soň ýerli gaýraüzülmeler ýüze çykyp biler:

limfodenit (ýokanjyň goltuk asty  limfatik düwünlerine ýaýramagynyň netijesinde olaryň ulalmagy);

sanjym geçirilen ýerinde diametri 10 mm gowrak derasty sowuk abssesiň (iriň we mikobakteriýalar bilen dolan boşlugyň) emele gelmegi;

keloid görnüşli ýara yzy (sanjym ýerinde ýara yzynyň çensiz, gödek görnüşli ulalmagy);

ostemiýelit (süňküň zeperlenmegi).

Gaýraüzülmeler örän seýrek duş gelip, beýle ýagdaýlar sanjym edilen çagalaryň 0,02%-0,004 %-ne degişli edilip bilner. Rewaksinasiýada gaýraüzülmeleriň ýygylygy has pes- 0,001%-0,0001% ýagdaýlary düzýändir. Bularyň sebäbi, adatça, waksinasiýany geçirme düzgünleriniň bozulmagy bilen bagly bolup, derman serişdesini deriň içine goýbermän, deriň aşagyna goýberilmegi bilen düşündirilip bilner. Waksinanyň mikobakteriýalarynyň sanjym edilen çaganyň  bedenine ýaýramagy, BSŽ ýokançlygy bilen bagly agyr gaýraüzülmelere getirip biler. Bu  ýagdaý agyr immun ýetmezçiligi bilen doglan we immun ýetmezçiligi bilen häsiýetlendirilýän  AIDS keseli bar bolan çagalarda ýüze çykyp biler. Şol sebäpli bu ýagdaýlar diňe inçekesele garşy waksina däl, eýsem ähli janly waksinalary goýbermek üçin ýaramsyz hasaplanýar. Sanjymdan soň adatdan daşary alamatlar peýda bolsa ýa-da gaýraüzülmeleriň ýüze çykmagyna şübhe dörese, ýöriteleşdirilen bejergi geçirilip ftiziatr lukmanyň gözegçiliginde bolmalydyr. Inçekesele garşy edilen sanjymdan soň gaýraüzülmeler dörän çagalara rewaksinasiýa geçirilmeýär.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele