Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Keseller barada maglumatlar Infeksiýon DOWAMLY TONZILLIT: ALAMATLARY, GAÝRAÜZÜLMELERI WE BEJERGI ÇÄRELERI
( 12 Ses Berme )

Badam  şekilli  mäzleriň  ýiti (angina) we dowamly sowuklama keselleri babatda lukmançylyk kömegini  berme otorinolaringolog  lukmanynyň işiniň agramly bölegini tutýandyr. Güýz we gyş aýlary has ýygy duş gelýän badam şekilli mäzleriň sowuklamagy  özwagtynda bejerilmedik ýagdaýynda, çynlakaý gaýraüzülmelere we zähmete ukyplylygyň  peselme ýagdaýlaryna getirip biler.

Eýsem, dowamly tonzillit näme?

Dowamly tonzillit-kentlewükde ýerleşýän badam şekilli mäzleriň sowuklamasydyr. Badam şekilli mäzleri bedeniň immunobiologik goranyş mehanizmine işjeň gatnaşýan beden agzasydyr. Bu işjeňlik, esasanam, çagalyk döwründe aýdyň ýüze çykýp, badam şekilli mäzlerinde bolup geçýän sowuklama hadysalary durnukly immunitetiň işlenilmegine getirýär.

Emma  badam şekilli mäzleriniň ýygy-ýygydan sowuklap durmagy bakterial ýokançlyklar zerarly immunitetiň işlenilmegini togtadyarlar we dowamly tonzillitiň döremegine sebäp bolýarlar. Mundan başga-da, immunitetiň işlenilmeginiň togtamagy antibiotikler bilen görkezmesiz bejerilmegi, şeýle hem gyzgyny peseldiji derman serişdeleriniň nädogry kabul edilmegi bilen bagly bolýar.

Dowamly tonzillit burun bilen dem alma bozulanda (adenoidler, burun germewiniň gyşarmagy, burnuň polipleri we ş.m.) hem döräp bilýär. Mäze golaý ýerleşýän karioz dişlerdäki, iriňli gaýmoritlerdäki, dowamly adenoidlerdäki ýokançlykly ojaklar ýerli häsiýetli bozulmalaryň sebäbi bolup bilýär.

Dowamly tonzillitiň döremeginde immunitetiň, bedeniň goranyş güýçleriniň, allergik ýagdaýlaryň täsiri uludyr.

Badam şekilli mäzleriň dowamly sowuklamasynda nähili üýtgeşmeler bolup geçýär?

Ýokançlyklaryň täsiri bilen emele gelýän üýtgeşmeler  badam şekilli mäzleriniň lakunalarynda (gasynlary) toplanýar. Sowuklama ahwalatlary ýumşak limfoid dokumanyň deregine birleşdiriji dokumanyň emele gelmegine sebäp bolýar. Badam şekilli mäzlerde sepleşme  birleşmeleri emele gelýär, lakunalaryň birnäçesi daralýar we ýapylýar. Netijede, töweregi ýapyk iriňli ojaklar döreýär.

Badam şekilli mäzleriň ýumşamagy ýa-da tersine, gatamagy,  kentlewük ýaý halkalarynyň (boýuntyryk) we badam şekilli mäzleriniň aralygynda sepleşen  birleşmeleriň döremegi ýaly alamatlar dowamly sowuklama ýagdaýynyň barlygyndan habar berip biler.Ýiteleşme döwri üçin mäz gasynlarynda iriňli "dykyjyklaryň" (nokatjyklar görnüşde) ýa-da suwuk görnüşli iriňiň döremegi, boýundaky limfa düwünleriniň ulalmagy mahsusdyr.

Tonzillitiň  kompensirlenen we kompensirlenmedik görnüşlerini belleýärler. Tonzillitiň kompensirlenen görnüşinde badam şekilli mäziň sowuklamasynyň  diňe ýerli alamatlary ýüze çykýar, bedeniň goranyş ulgamy bolsa ýerli sowuklama ýagdaýyny deňagramlylykda saklap, onuň bedene ýaýramagynyň öňi alynýar.

Tonzillitiň kompensirlenmedik görnüşinde dowamly sowuklamanyň ýerli alamatlaryndan başga-da mäziň ýiti sowuklamasy (angina), badam şekilli mäziň iriňlemegi, onda iriňli boşluklaryň döremegi, ýürek-damar (miokardit, endokardit) ulgamynyň, peşew-jyns agzalarynyň keselleri ýaly beden ulgamlarynyň bozulmalary bilen häsiýetlendirilýän gaýraüzülmeler ýüze çykýar.

Dowamly tonzillitiň islendik görnüşi tutuş bedende allergiýa täsirliliginiň we ýokançly ojaklaryň döremegine sebäp bolup  bilýär.Mäz lakunalaryndaky  ýokançlyklaryň göwreli aýallar üçin has hem howpludygyny, ýokançly ojagyň düwünçegiň ösüşine ýaramaz (çörekçäniň bozulmalary, çaga ýan suwlarynyň azalmagy ýa-da köpelmegi we başgalar) täsir edip biljekdigini bellemelidir.

Dowamly tonzillit bilen bagly keseller

Guragyry, düwün periarteriiti, sklerodermiýa, dermatomiozit ýaly dokumalar ulgamyny zeperlendirýän  keseller, psoriaz, ekzema (süýjübaş) ýaly birnäçe deri keselleri, nefrit, tireotoksikoz, pleksit, radikulit ýaly keseller badam şekilli mäziň dowamly geçýän sowuklamasy bilen bagly bolup bilerler. Uzaga çeken beden zäherlenmesi trombositopeniki purpuranyň we gemmoragik waskulitiň ýüze çykmagyna itergi berip biler.

Dowamly tonzilliti bejermegiň usullary

Bejergi çäreleri tonzillitiň görnüşine bagly bolýar. Tonzillit dekompensirlenen bolsa, onuň ýaýraýyş we zeperlendiriş derejesini  kesgitlemelidir. Bejergä başlamazdan, kariýes bilen zeperlenen dişleri bejerme, burundaky we ýüz süňk boşluklaryndaky sowuklamany aradan aýyrma hökmany çäre bolup durýandyr.

Dowamly tonzillidiň bejergisinde derman serişdeleriň toplumyny, fizioemleri we görkezmeler bilen hirurgiki usullary ulanýarlar.

Hirurgiki usullar

Operatiw bejergini  tonzillitiň  kompensirlenmedik  görnüşini derman serişdeleri bilen bejerip bolmadyk ýagdaýynda belleýärler.

Häzirki döwürde lazer lakunotomiýasy ýa-da tonzillektomiýasy ýaly täze hirurgiki usullaryň üstünde işlenilýär.

Badam şekilli mäzlerine hirurgiki ultra ses arkaly hem täsir ýetirilýär. Kriohirurgiki (sowuk temperaturanyň täsiri) usul hem giňden ulanylýandyr.

Tonzillektomiýa gemofiliýada, ýürek-damar, böwrek ýetmezçiliginde, süýji keselinde, inçekeselde, ýiti ýokanç kesellerinde, göwreliligiň soňky aýlarynda, aýbaşydan öň bellenilmeýär we geçirilmeýär. Operasiýadan öň näsag angina bilen kesellän bolsa, ara 2-3 hepde  salmak hökmany düzgün bolup durýandyr.

Derman serişdeleri bilen bejeriş usullary

Konserwatiw bejergi tonzillitiň kompensirlenen görnüşinde bellenilip, ol birnäçe görnüşi öz içine alýandyr.

1. Bedeniň goranyş ukybyny ýokarlandyrýan serişdeler: oňaýly gün tertibi, düzümi witaminli ýokumly iýmit, fiziki maşklar, bedeniň goraglylyk ulgamyny berkidiji serişdeler, demir mineralyny saklaýan serişdeler (esasan hem dowamly gan azlylykda) we ş.m.

2. Gönüden-göni immuniteti tijendiriji serişdeler: lewamizol, taktiwin, prodigiozan, timalin we ş.m.

3. Bedene reflektor täsir ediji serişdeler: nowokain bilen gurşap almagyň dürli görnüşleri, iňňe bilen bejergi, oňurganyň boýun bolüminiň manual (el bilen) bejergisi.

4. Kentlewük badam şekilli mäzlerine we olaryň töweregindäki limfa düwünlerine arassalaýjy täsiriniýetirýän serişdeleri ulanma: badam şekilli mäzleriniň lakunalaryny ýuwma olardaky dykylary we iriňi aýyrmak maksady bilen geçirilýär. Ýuwma üçinantiseptikler, antibiotikler, fermentler, kömelejiklere garşy, immuniteti tijendiriji we biologiki taýdan işjeň serişdeler ulanylýar. Bu usul dogry amala aşyrylanda, lakunalardaky ýokançly ojaklar ýok edilýär, badam şekilli mäzler kiçelýär.Elektrosorujy abzalyň kömegi bilen  hem lakunalardaky iriňi aýyrmak bolýar.

5. Lakunalara derman serişdeleriniň goýberilmegi. Derman goýbermek üçin ýörite uçly (kanyulýaly) şpris ulanylýar. Onuň kömegi bilen dürli emulsiýalar, pastalar, çalgy ýaglary lakunalara goýberilýär. Ol ýerde derman serişdeler has uzak wagt saklanylyp, olaryň täsiri güýçlenýär. Lukman bu maksat üçin hiorgeksidiniň, dioksidiň erginini, propolisiň, ewkaliptiň, ýapon soforasynyň, hlorofilliptiň spirtli erginlerini ulanyp biler.

6. Badam şekilli mäzlere sanjym edilmegi. Şprisiň kömegi bilen badam şekilli mäzleriň dokumalaryna we olaryň töweregine dürli derman serişdeler sanjylyp siňdirilýär. Häzirki döwürde bu maksatlar üçin köp sanly owunjak iňňeli şprisler hem ulanylyp, derman serişdesi dokumanyň hemme ýerine birmeňzeş siňdirilýändir.

7. Badam şekilli mäzlerine derman serişdeleriniň çalynmagy. Dermanlaryň çalynmagy hem edil olaryň göýberilmegi ýaly täsir edip, bu maksat  üçin kollargolyň, Lýugolyň ergini, hlorofilliptiň ýagly ergini, propolis bilen ýagyň demlemesi ulanylýar.

8. Bokurdagy çaýkamak. Bu usuly näsagyň özi geçirip biler. Halk tebipçiliginde bokurdagy çaýkamak üçin (meselem, süýde goşulan owradylan sarymsak) dürli serişdeler hödürlenilýär. Şeýle erginler dermanhanalarda-da (rotokan, elekasol, tonzilgon) ulanylmaga taýýar görnüşde satylýandyr.

Fizioemleri bilen bejeriş usullary

Ultra ses, mikrotolkunlaryň, lazeriň täsiri, induktotermiýa, ýokary ýygylykdaky tolkunlar, ultramelewşe şöhlelendirilmegi, magnitoterapiýa, elektroforez fiziki usullary dowamly tonzillitde giňden ulanylýar. Mundan başga-da, "Witafon" enjamy, "Bioptron" çyrasy, palçyk bilen bejerme, dermanlaryň bugy bilen täsir etme ýaly enjamlar we usullar netijeli bolup biler.

Tonzillitiň bejergisinde emler 10-12 gezege çenli ulanylyp, bir ýylyň dowamynda bejergini güýz we ýaz paslynyň başynda almak maslahat berilýär.

Dowamly tonzillitiň  bejergisi has netijeli bolar ýaly, maşgala agzalarynda  ýüze çykarylan tonzillit hem doly we özwagtynda  bejerilmelidir.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 Annanur 2016-02-19 14:12
Iki yasly caga isdasi yok nameden bolup biler
Sitata
 
 
#1 merjen 2015-06-06 10:45
Menin 8 aylyk gyzym bar anginasy galyp gyzdyryar isdasi yok zat itip bilemok. Name etsem bolar
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele