Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Keseller barada maglumatlar Infeksiýon INÇEKESELIŇ DÖREMEGINE GETIRÝÄN TÖWEKGELLIK FAKTORLARY
( 25 Ses Berme )

Inçekesel örän howply, bejergisi kyn bolan ýokanç keseldir. Ol syrkawy üzak wagtyň dowamynda zähmede ukypsyz edýär, onuň ölümçilik bilen gutarýan wagty hem seýrek däl.

Köplenç inçekesel bilen adamyň dem alyş agzalary (öýken, bronhlar we plewra) zeperlenýär, ýöne beýleki agzalaryň  içege, böwrek, peşew çykaryjy ýollaryň, süňkleriň, deriniň we limfatik düwünleriň zeperlenýän ýagdaýy hem  seýrek däl. Limfatik düwünleriniň inçekeseli köplenç çagalarda duş gelýär.

Ýokançlyga duçar bolandan soňra keseliň alamatlary peýda bolýança birnäçe aý ýa-da birnäçe ýyl geçip biler. Şuňa  adamyň bedeniniň goranmak güýjüniň,esasanhem immun ulgamynyň ýagdaýy uly täsir edýärKöplenç bu kesel bilen, inçekesele garşy goranyş ukybyny peseldýän töwekgellik faktorlary, mysal üçin, dowamly keselleri bar bolan adamlar syrkawlaýar. Şeýle hem inçekeseliň ýeterliksiz we sazlaşyksyz iýmit bilen baglydygy bellidir.  Ol esasan sosial taýdan goralmadyk, jemgyýetiň pes gatlagynda ýaşaýan, kesele garşy goranmak ukyby pes, üznüksiz ruhy dartgynlygy başdan geçirýän şahslarda  has ýygy duş gelýär diýip hasaplanýar.

Inçekesel ýokançlygyna sezewar bolmak töwekgelçiligi esasy iki faktorlara görä anyklanylýar: inçekeseliň açyk görnüşinden ejir çekýän syrkaw bilen aragatnaşykda bolmak we yokançlygy ýokary kabul edijilik. Inçekesel bilen zeperlenmek töwekgelçiligi bolan topara:

inçekeseli bolan adam bilen hojalykda ýakyndan aragatnaşykda bolýan (bir maşgalanyň agzalary, umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýanlar...);

spirtli içgileri we neşe serişdelerini çensiz ulanýanlar;

tussaglar we penitensiar (jeza çekilýän) edaralaryň işgärleri;

lukmançylyk edaralaryň işgärleri;

hemişelik ýaşaýan ýeri bolmadyk, öýsüz adamlar degişlidir.

Mycobacterium tuberculosis köplenç ýagdaýda howa-damja ýoly bilen ýokuşýar. Öýken inçekeselinden ejir çekýän syrkawlar üsgürende, asgyranda, sözleşigiň dowamynda keseli gozgadyjy bölejikleri daşky gurşawa bölüp çykarýar. Olar guraýar we 1-10 mkm diametrden durýan, birki mikrob öýjüklerinden ybarat bolan  bölejikleri emele getirýär. Uzak wagtyň dowamynda, bu bölejikler agramlylygyň güýjiniň täsirine boýun bolman, howada gaýyp ýörýär we sagdyn adamyň öýkenine düşmek howpuny döredýär.

Mycobacterium bovis  alimentar ýol bilen – çig süýdüň üsti bilen geçýär. Ýokançlygyň bu görnüşiniň geçmişde  giňden ýaýrandygyna garamazdan,  häzirki döwürde wajyplygyny ýitirdi. Keseliň ýokuşmagynyň başga görnüşleri, mysal üçin ýaşaýyş gatnaşyklary we çaga çörekçesiniň üsti arkaly ýaýraýan görnüşleri hem häzirki wagtda örän seýrek duş gelýär.

Mycobacterium tuberculosis ýokançlygyna sezewar bolmak töwekgelligi ýokanjy ýaýradyjy bilen aragatnaşykda bolmaga, şol gatnaşygyň häsiýetine we uzaklygyna, syrkawyň kesel ýaýratmak ukybynyň derejesine, şeýle hem aragatnaşygyň nähili şertde bolup geçýändigine baglydyr. Syrkaw bilen ýakyndan aragatnaşykda bolnan ýagdaýynda, kesele duçar bolmak howpy, mikroskopiýa barlagynyň netijesinde syrkawyň gakylygynda kesel gozgadyjy anyklanan bolsa, has howply diýip hasaplanýar.

Gakylygynyň barlagy otrisatel netije görkezen öýken inçekeseli ýüze çykarylan  syrkawlar we inçekeseliň öýkenden daşary görnüşlerinden ejir çekýänler bolsa düýbünden ýokançly däl diýseň hem bolýar.

Ýokançlyga duçar bolmak töwekgelligine garanyňda, kesellemek töwekgelligi esasy endogen faktorlaryna (bedeniň içki gurşawyndaky faktorlara), aýratyn hem Mycobacterium tuberculosisa hususy duýgurlygyna we öýjük immunitetiniň ýagdaýyna baglydyr.

Eger kesel ýokançlyk bedene düşenbadyna dörese, muny ilkinji döwürdäki  inçekesel diýip atlandyrýarlar.  Keseliň bu görnüşi, köplenç 4 ýaşa ýetmedik çagalarda ýüze çykýar. Ilkinji döwürdäki inçekeseliň agyr we ýaýrama häsiýetibilen geçýänligine garamazdan, syrkawlar, adatça ýokançly bolmaýarlar. Haçan-da ol has uly ýaşda ýokuşsa, immun ulgamy özbaşdak ýokançlygy ýeňip geçmegi başarmagy ahmal (iň bolmanda wagtlaýyn). Ýönebedeniňkesele garşy göreşmek ukybyýokançlygyň ýaýbaňlanmasyny basyp ýatyryp bilmese,  ilkinji iki ýylyň dowamynda  inçekeseliň ösüşi başlaýar. Ol onlarça ýylyň dowamynda hem  gizlin görnüşinde  saklanyp bilýär. Soňra inçekeseli döredijiniň täzeden işjeňleşmegi bolup geçýär we keseliň ikinji döwri  başlaýar. Adatça, ikinji döwürdäki inçekesele duçar bolanlar örän ýokançlydyrlar. Umuman ýokançlyga duçar bolanlaryň 10%-de  inçekeseliň işjeň görnüşi ýüze çykýar. Ikinji döwürdäki inçekesel taýajygynyň gaýtadan  ýokuşmasy bilen hem bagly bolup biler.  Onuň ýaramaz epidemiologiki  şertleriň dörän ýerlerinde ýaýramagy hem  ähtimal.

Birnäçe barlaglaryň netijesine görä, kesellemek töwekgelçiligi,  saldamly derejede ýokançlyga sezewar bolanlaryň ýaşynada baglydyr. Ýokançlygy göterýänleriň arasynda inçekesel bilen syrkawlaýanlaryň sany ýetginjek we irki kämillik ýaşyndaky adamlarda has ýokary bolup, onuň sebäpleri häzirki güne çenli doly anyklanylmadykdyr. 25-34 ýaşlar aralygyndaky aýallar, şol ýaşdaky erkek adamlara garanyňda has köp inçekesel bilen syrkawlaýarlar. Emma ýaş ulaldygyça, olar ornuny çalyşýar. Gartaşan adamlarda immun ulgamynyň pese düşenligi sebäpli  syrkawlamak töwekgelçiligi  ýokarlanýar.

Mycobacterium tuberculosis ýokançlygyny göterýänleriň arasynda aktiw inçekeseliň döremegine birnäçe keseller täsir edip biler. Olaryň arasynda, öýjük immunitetini gowşadýan, AIW ýokançlygy öňdebaryjy orny eýeleýär.

Şeýle hem inçekesel bilen syrkawlamak howpy: önümçilik zeperlenmelerinde (silikoz, asbestoz we ş.m.), limfoma, limfogranulematoz, leýkoz (akganlyk) keselleri we başga-da howply täze döremelerde, gemofiliýa, insulin mätäçligi bolan süýji keselinde, immun ulgamyň işini peseldýän serişdeler kabul edilende, igläp tapdan düşme ýagdaýynda ýokarlanýar.

Inçekeseliň ýokuşmagyna sebäp bolýan töwekgellik faktorlarynyň içinde has möhüm orny eýeleýäni – wagtly-wagtynda howasyny çalşyp bolmaýan jaýyň içinde adamlaryň jemlenmegidir. Mysal üçin, tussaghanalarda inçekesel bilen syrkawlaýanlaryň sany erkin durmuşda ýaşaýanlar bilen deňeşdireniňde 16 esse ýokarydyr, onuň ölümçilik bilen gutarýan ýagdaýy bolsa 4 esse ýokary. Ýöne bu mesele ähli raýatlara degişlidir. Sebäbi tussagda ýerleşýän adamlar irugiç azatlyga çykýar we ýokançlygy ýaýradyjy çeşmä öwrülýär. Soňky 8 ýylyň içinde bu edaralarda ýagdaý ele alnyp, ony düzetmegiň ugrunda dürli çäreler görülýär.    

Ýöne geçirilýän çärelere garamazdan, häzirki wagta çenli halkyň sosial taýdan şowly gatlagynyň arasyndan hem bu keseli ýok edip bolanok.   

INÇEKESELIŇ OJAGYNDA GEÇIRILÝÄN ÖŇÜNI  ALYŞ ÇÄRELERI

Inçekesel bilen syrkawlamak töwekgelçiligi, esasy daşky faktorlara bagly diýip bellemek bolar. Lukmana giç ýüz tutanlygy sebäpli, öýken inçekeseliniň işjeň görnüşine duçar bolanlar  kesel anyklanylmanka, adatça,  2-3 adamy kesele sezewar edip  ýetişýär.  Şol sebäpli keseliň öňüni alyş lukmançylygynyň öňünde iki uly wezipe dur:

syrkawyň töweregindäki adamlara ýokançlygy ýaýratmagyň derejesini peseltmek (has gowusy ýok etmek);

bedeniň goranyş güýjüniň işjeňligini ýokarlandyrmak we syrkawlar bilen   aragatnaşykda bolýanlaryň immun goranyşyny peseldýän faktorlaryň täsirini kemeltmek.

Keseliň köp görnüşlerinde syrkawy ýöriteleşdirilen keselhana ýerleşdirýärler. Inçekeseliň açyk görnüşi anyklanylan syrkawyň öýünde we işinde hökman arassalaýyş çäreleri (dezinfeksiýa) geçirilýär.

Käbir ýagdaýda syrkaw bejergini öýünde alyp bilýär. Bu ýagdaýda ol lukmanyň görkezmelerini gyşarnyksyz ýerine ýetirmeli we ýakynlaryny keselden goramaga mümkinçilik berýän, şahsy gigiýenanyň kadalaryny doly berjaý etmegi unutmaly däldir.

Otagda gündeki arassalyk çärelerini berjaý edip, çyg mata bilen  ýa-da arassalaýjy serişdeleri bilen öý goşlaryny we syrkawyň aragatnaşykda bolan zatlaryny süpürip durmaly.

Mycobacterium tuberculosis daşky gurşawyň faktorlarynyň täsirine durnuklydyr. Belli bolşy ýaly otag temperaturasynda olar 4 aýyň dowamynda, suwuň içinde – 5 aýa çenli işjeňligini saklaýar. Ýöne göni düşen günüň şöhlesi Mycobacterium tuberculosisy bir ýarym sagadyň içinde, ultramelewşe şöhleleri bolsa 2-3 minudyň içinde öldürmäge ukyplydyr. Şol sebäpli näsagyň otagyna adaty ýagtylygyň düşüp durmagy örän wajypdyr.

INÇEKESELE DUÇAR BOLMAZLYGYŇ ESASY ŞAHSY ŞERTLERI:

1. Wagtynda, sazlaşykly iýmitlenmek. Onuň düzümine hökman mal belogy (et, balyk), gök önüm we miwe (ter we konserwirlenen görnüşde) bolmaly, şeýle hem witamin serişdelerini ulanmaly.

2. Hereketiň ýeterlikli bolmagy arassa howada gezelenç, sport bilen meşgullanmak, maşklary berjaý etmek.

3. Çilimkeşlikden we başga ýaramaz endiklerden çetde durmak.

4. Bedeni taplama.

5. Şahsy gigiýenany berjaý etmek we öz saglygyňa ünsli bolmak, dem alyş ulgamyň kesellerini (bronhit, öýken sowuklamasy, plewrit) özwagtynda bejermek, yzygiderli lukmanyň gözegçiliginden geçmek.

Umuman aýdanymyzda, saglygymyzy saklamak üçin özümiz degerli çäreleri wagtynda geçirmegiň aladasynda bolmalydygymyzy unutmaly däldir.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#10 okyjy 2017-01-24 23:00
Injekesel hemme döwrüň keseli. Köp adamlar oňa parhsyz garaýarlar we ol hakda degerli maglumatlary bilmeýärler. Şu wagt bizde onuň ýaýramagy üçin ýollar giňden açyk ýaly bolup dur. Dürli ýerlerde azyk önümleri satýan adamlar, sadakalarda, geçirilýän çärelerde antisanitariýa ýagdaýlary, halk arasynda düşündiriş işleriniň ýaramazlygy, süýtden öndürilýän önümler taýýarlananda düzgün bozulmalar we şuňa meňzeşler.
Sitata
 
 
#9 Welnazar 2016-08-11 09:52
Köne döwürde türkmenler ýaramaz durmuş şertlerinde ýaşanlary sebäpli inçekesel olaryň köpüsiniň ömür tanapyny kesipdir. Kesel ýokuşan adamsyny horlap, bedenini inçeldip, ahyry hem ölüme getiripdir. Şonuň üçin türkmenler oňa inçekesel diýipdirler. Ol wagtlar ylmy lukmançylyk bolmandyr ahyryn.
Sitata
 
 
#8 Sabyr. 2016-03-14 00:01
Inçekesel durmuşy kesel bolmak bilen arassaçylygyň göwnejaý berjaý edilmezliginden onuň ýaýramagynyň pidasy bolýarlar. Esasy gorkuly zady hem kesellän adamyň wagtynda lukmana ýüz tutman hem-de adamlar bilen ýakyn aragatnaşykda bolmagydyr.
Sitata
 
 
#7 Garabeg 2016-02-17 02:31
Türkmenistznyň tussaghanalarynda bolup gelen ýaşlaryň birnäçesinde inçekesel bilen kesellänleriň sany artmak bilen bolýar. Ol ýerlerde saklanyş şertleriniň nähilidigini soraman aňsa bolýar we ol ýaşlaryň türmeden soňky durmuşy hakynda pikir etmeýärlermikä?!
Sitata
 
 
#6 Gulamaly. 2016-02-14 02:11
Köpden bäri aýdylşyna görä inçekeseli bejermekde baýtal gymyzy örän gowy netije berýär diýýärler. Eger ol şeýle bolsa, bizde atlara uly üns berilýär we at çapyşyklary üçin köp ösdürilýär. Bejerişde gymyz üçin baýtallar hem ösdürilip, Başgyrstandaky Şafran sanatoriýasy ýaly bejeriş ýeri ýola goýulsa maksada laýyk bolardy.
Sitata
 
 
#5 Gartaşan. 2015-11-30 00:54
Sowet lukmançylygynda hen inçekesele garşy çäreler köpdürliligi bilen tapawutlanan bolsada we häzirki wagtda hem ol kesel bilen keselleýänler azalyp baranok. Kadaly sagdyn durmuş ýoly bilen ýaşamaýan adamlar näçe boldugyça şonça hem ol kesel bilen keselleýän keselliler ýüze çukar durar.
Sitata
 
 
#4 Serdar. 2015-11-22 19:46
Nebsimiz agyrsada inçekeseliň açyk görnüşi bilen azap çekýän keselliler jemgyýet üçin köpçüligi gyrýan ýaraglardan enaýy dälmikä diýýärsiň. Olary adamlardan üzňe ,ýagny ýapyk saklamak döwletiň wajyp aladalarynyň biri bolup durýar.
Sitata
 
 
#3 Mekan 2014-02-28 21:25
Injekesel diýileni örän takyk kesel. Ýolugan adamsyny igledip alýar. Çagalara we ulylara kesel hakynda ýeterlikli, irginsiz düşündiriş işleri geçirilip durulsa örän ýerlikli bolardy.
Sitata
 
 
#2 Okyjy 2014-02-28 14:08
Lukmançylygyň örän gowşaklygy sebäpli türkmenler bu keselden köp jeza çekipdirler. Häzirki wagtda durmuş gowy bolsada keselleýänleriň onçakly azalmaýanlygy lapyňy keç edýär.
Sitata
 
 
#1 Mugallym 2014-02-28 02:11
Adamlaryň durmuş ýagdaýy gowy bolmadyk, ykdysady ýagdaýy pes bolan ýurtlarda inçekesel adamlaryň "hemrasy".
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele