Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Keseller barada maglumatlar Infeksiýon GIJILEWÜK: ALAMATLARY, BEJERGISI WE ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI
( 14 Ses Berme )

Gijilewük – ýokanç deri keseli bolup, onuň ýüze çykmagyna ownuk mugthorlar – gijilewük sakyrtgasy bolan Sarcoptes scabiei ýa-da il arasynda goturlyk sakyrtgasy  ady bilen belli bolan mugthor sebäp bolýar.  Bu kesel edepli-tertipli jemgyýetde orun tapmadyk, arassaçylyk şertlerine boýun bolmaýan adamlara mahsus diýip arkaýyn bolmak ýalňyşlykdyr. Ol jemgyýetiň ähli sosial gatlaklaryna degişli adamlarda ýüze çykyp bilýär.

Keseliň döremegine urkaçy sakyrtgalar sebäp bolýar. Olaryň uzynlygy 0,3-0,4 mm ýetip, bir aýa golaý ýaşaýyş ukybyny saklaýar. Adamyň derisine düşen badyna olar  deriniň ýokarky gatynda (epidermisde) ýol ýasanyp, günde 2-3 ýumurtga taşlaýarlar. Olardan bolsa liçinkalar çykýp, olar 2-3 hepdeden ýetişen sakyrtga öwrülýär.

Gijilewük nädip ýokuşýar?

Gijilewük bir adamdan başga adama ýokuşmaga ukyply keseldir. Köplenç ol deri bilen deri galtaşan ýagdaýynda geçýär. Keseliň döremegine arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmezlik ýardam berýär, ýöne ol onuň esasy sebäbi däldir. Bedene düşen gijilewük sakyrtgasy hapaçylykda özüni has oňaýly duýýar.  Bu kesel çagalaryň syrkaw ata-enesi bilen bir düşekde ýatmagy, syrkaw çaga bilen oýnamagy, elleşmek,  jynsy gatnaşyklar we birnäçe başga syrkawyň derisine  ýanaşmak bilen bagly ýagdaýlarda ýokuşyp  bilýär. Uly şäherde gijilewük keseli bilen syrkawlamak howpundan hiç bir adam ätiýaçlanyp bilmeýär. Sebäbi ol örän seýrek hem bolsa öý goşlary, ýorgan-düşek, gap-gaçlaryň üsti bilen, awtoulagda ýolagçy syrkaw adamdan soň ýapyşalgadan tutanda  ýokuşmagy ähtimal. Şonuň üçin siziň tanyşlaryňyzyň içinde gijilewük keseline duçar bolany ýüze çyksa, ony hapysaçylykda aýyplamaga howlukmaň.

Keseliň ýokuşmagynyň özboluşlylygy bu mugthoruň ýaşaýyş aýratynlygyna baglydyr:

gijilewük sakyrtgasy gündiz hereket etmeýär. Urkaçy sakyrtgalar deriniň ýüzüne diňe giç agşam we gije çykýarlar. Şol sebäpli gijileme alamaty gijelerine has güýçli ýüze çykýandyr;

sakyrtganyň adamyň derisine ornaşmagy üçin 30 minuda golaý wagt gerek;

daşky gurşawda mugthor sakyrtgalar çalt ölýär (21ºC we 40-80% çyglykda   24-36 sagadyň içinde), näçe ýyly hem gury bolsa, şonça-da çalt ýok bolýarlar; işjeňligini bolsa ondan hem öň ýitirýär.

Gijilewük keseliniň haýwanlardan ýokuşmagy

Itler, pişikler, dürli öý haýwanlary Sarcoptes scabiei sakyrtgasynyň adamlara ýokuşmaga ukyply dürli görnüşleri bilen zeperlenip bilýärler. Ýöne olar adamyň bedenine geçip, doly ýaşaýyş tapgyryny berjaý edip bilmeýär. Şol sebäpli bu ýol bilen ýokuşan gijilewük wagtlaýyn  we  ýörite derman serişdeleri  bilen bejermegi talap etmeýär.

Gijilewügiň alamatlary

Eger deride gijelerine we gyzgyn hammamdan soň  has öjügýän, yzygiderli gijileme bilen özboluşly örgün peýda bolsa, gijilewük keseli diýip çaklap bolar. Üns berip seredilen ýagdaýynda deriniň ýüzünde ujy kiçijek gabarçakly 3-15 mm uzynlykdaky egri zolak görnüşindäki gijilewük sakyrtgasynyň giren ýollaryny synlap bolýar. Şeýle hem deriň ýüzünde owunjak gaty düwürtijekler ýa-da tozgalanyp suwjaryp duran düwünjikler emele gelýär. Adatça gijilewük bilen bedeniň derisi näzik, ýuka bolan ýerleri zeperlenýär: goşar bognunyň eplenýän ýerleri, göwräniň gapdallary, barmaklaryň aralary, süýt mäzleriniň aşagyndaky gasynlar, daşky jyns agzalary.

Çagalarda gijilewük keseli esasan hem dabanynyň içki gyralarynda, ökjede, eliniň aýasynda, otyrýerinde, ýüz we kellesiniň derisinde ýüze çykýar.

Bedendäki gijilewük sakyrtgalaryň nejasatlarynyň allergiki täsirliligi ýüze çykarmagy netijesinde döreýär. Güýçli gijilenmäni gaşamak bolsa deride sypjyrma, ýara emele gelmegine getirýär. Derini gaşan wagty syrkawlar köplenç oňa goşmaça  ýokançlyklary geçirýär. Şunuň netijesinde gijilewük keseliniň dürli iriňli ýokançlykly gaýraüzülmeleri  döräp biler.

Gijilewigi anyklamak

Tejribeli lukman keseli  ýüze çykan alamatlara esaslanyp anyklap bilýär. Ýöne soňky ýyllarda dermatolog lukmanlar arassaçyl adamlaryň gijilewügi diýen ýagdaýa  duş gelip başladylar. Bu görnüş ýygy-ýygy ýuwunýan, has hem gije ýatmazdan öň ýuwunmagy gowy görýän adamlarda duş gelýär. Deriniň suw we sabyn bilen aragatnaşykda bolmagy gijilewük sakyrtgalarynyň köp mukdarynyň ýuwlup aýrylmagyna getirýär. Netijede mugthorlaryň derä girýän ýollary az bolup, ony saýgarmak kynlaşýar. Köp  lukmanlar gijilewük ýodajyklaryny görünmänsoň, onda başga deri keselleriniň alamatlaryny gözläp başlaýarlar. Şular ýaly  ýagdaýda anyklamany takyklamak üçin dürli laborator barlag çärelerini geçirmek   gerek bolýar. Laborator barlaglardan sakyrtgany iňňe bilen çykarmak, inçe gatlaklaýyn kesme, sakyrtgany derini ganatmazdan gyryp alma, sakyrtga ýodajygyna mineral ýagyny guýup gyryp alma ýaly usullar ulanylýar.

Gijilewük sakyrtgasy derä ornaşan soň, adamyň geçirýän arassaçylyk çärelerine garamazdan  ýakymsyz deri gijelenmesi  aýrylmaýar. Sebäbi deriň içinde galan sakyrtgalar hereketde bolup, ony gyjyndyryp durýar. Gijilewügiň bu görnüşi edil adaty görnüşindäki ýaly deriniň alawlama  keseli bolan -- dermatit we süýjibaş (ekzema) keselleri ýaly gaýraüzülmelere getirip bilýär.

Eger gijilewük keseli maşgala agzasynyň birinde ýüze çykarylan bolsa, galanlaryna  hem barlagdan geçmek maslahat berilýär.

Gijilewügi bejermek

Bejergisiz özbaşdak bu kesel aýrylmaýar. Ol birnäçe aýlaryň we ýyllaryň dowamynda wagtal-wagtal güýjäp, peselip dowam edýär. Gijilewükden halas bolmak üçin sakyrtgalary we olaryň ýumurtgalaryny ýok etmeli. Häzirki döwürde bu kesel bilen göreşmek üçin dürli netijeli derman serişdeleri ulanmaga  hödürlenýär. Olar gijilewük sakyrtgalaryny ýok etmek üçin niýetlenen akarisid  derman serişdeleridir. Bu serişdelerden kükürdi saklaýan dermanlary, benzilbenzoat, lindan, krotamiton. permetrin, iwermektin, tiabendozol serişdeleri mysal getirmek bolar. Olar 4-5 günüň dowamynda ulanylýar. Soňra iki hepde dermatolog lukman bilen bilelikde deriniň ýagdaýyny gözegçilikde saklamaly. Gijilewükli näsaglary bejermekde birnäçe umumy düzgünleri berjaý etmelidir:

Derman serişdesi diňe sakyrtga bilen zeperlenen ýere däl-de,  bedeniň hemme ýerine ýukajyk gatlak görnüşinde çalynmalydyr. Esasan hem elleriň, aýaklaryň barmaklarynyň aralarynyň, goltuklaryň, daşky jyns agzalaryň derman bilen işlenilmegine üns bermelidir.

Dermanlaryň gözlere, nemli örtüklere düşmeginden gaça duruň.

Derman serişdeleriň mukdary köp bolmaly däldir. Olar bilen birlikde başga ýerli ulanylýan serişdeleri bejergä goşmak bolmaýar.

Gaýraüzülmeli gijilewükde ilki bilen deri zeperlenmeleri işlenilip, ikilenç ýüze çykan ýokançlyklar üçin bolsa antiseptik serişdeleri ulanylýandyr. Dermatit we ekzema bejergisi üçin ýumşadyjy ýerli serişdeler ulanylýar.

Bejergiden soň deridäki örgün we gijilewük birnäçe günüň, käbir ýagdaýlarda hepdäniň dowamynda saklanyp biler. Bu ýagdaý kem-kemden aýrylýar. Sebäbi sakyrtga ölensoň hem  belli bir wagt deride bolup, allergiki ýagdaýy döredip durýar. Gijilewüge garşy bellenen derman serişdesini özbaşdak, bejergi möhleti dolan soň ulanmany dowam etmek uly ýalňyşlykdyr. Akarisid derman serişdeleri gerek mukdaryndan artyk ulanylanda öz zäherli häsiýetlerini ýüze çykaryp biler.  Diňe dermatolog lukmanyň maslahaty bilen bellenen bejergi oňaýly netije berýär.

Keseliň öňüni alyş çäreleri

Gijilewük keseliniň öňüni alyş çäreleri onuň ýaýraýyş we ýüze çykyş ýagdaýyna görä geçirilýär. Ilki bilen syrkawyň ýaşaýan ýeriniň golaýyndaky arassaçylyga we keselleriň öňüni alynşyna gözegçilik edýän lukmançylyk edarasyna habar bermeli.

Syrkaw bilen aragatnaşykda bolan adamlaryň ählisi deri örtüklerini gijilewük sakyrtgasyna garşy ýörite serişde bilen  bir gezeklik arassalaýyş işini geçirmeli.

Bejergi bilen birlikde syrkawyň bolýan öýünde ýörite serişdeleriň kömegi bilen, düýpli dezinfeksiýa çärelerini geçirmek örän wajypdyr. Syrkawyň ähli eşiklerini, ýassyk we düşek daşlaryny, çaga oýunjaklaryny gyzgyn suwda ýuwmaly ýa-da gaýnatmaly. Ýorgan-düşek ýaly ýuwup bolmaýan zatlar bolsa gyzgyn ütük bilen dezinfesirlenýär ýa-da arassa howada 5-7 günläp şemalladylýar.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Okyjy. 2015-08-23 01:48
Çagaly öýde it, pişik saklamak howply bolup, käbir ýagdaýlarda olardan sakyrtganyň çaga bedenine düşüp, gijilewik döretmegi, ondan başga hem ehinokokk bedene düýüp bagry, öýkeni ýa-da kelle beýnisini zaýalamagy mümkin.
Sitata
 
 
#3 Täşli. 2015-06-08 00:03
Deri keselleriniň haýsy hem bolsa bir alamaty gijlewik bilen bagly bolýar. Şonuň üçin gijilewik duýup ugranyňdan gowysy deri lukmanyna ýüz tutmak ýerlikli. Öz-özüňi bejermek gowy netije berenok.
Sitata
 
 
#2 Begli 2013-03-13 04:28
Hormatly lukman hakyt sizin aytyan gijilewiginiz mende hem bar. Yagny men dasary yurtda rossiyada okayan.gundelik suwada dusyan. Men gecen yyl tanys dostlarymyn bolyan oyune myhmancylyga baramda yatymlayyn galypdym. Sonda mana sol yerde bolyan oglanlaryn biri mana jinside yatmagyn kyn bolar diyip oz oy balagyny beripdi, men sol balagy geyip bir gije gecirdim welin ertesi menin satanymda(yagny jyns agzalarymyn towereginde) gijilewik peyda boldy bu gijilewik mende hazirem bar sol aytyan dermanlarynyz rossiyada satylyarmy olaryn bahasy nacerak men tolegli okuwda okayanlygym un mana onun bahasy elbetde gyzyklandyrya we nahili ulanmaly
Sitata
 
 
#1 Abdulla 2012-11-28 09:46
Şuny terjime edip goýsaňyz haýyrly bolardy.
P.S Sahypaňyz örän gowy...

http://islambio.com/pitanie/satanizm-chasticy-abortirovannyx-mladencev-v-pepsi.htm
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele