Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Keseller barada maglumatlar Infeksiýon DOŇUZ DÜMEWI NÄME WE ONY NÄHILI BEJERMELI?
( 28 Ses Berme )

Doňuz dümewi öý haýwanlarynyň, esasan hem doňuzlaryň arasynda giňden ýaýrap, aňsat ýokuşýan ýokanç kesellere degişlidir. Dümewiň bu görnüşini 1931-nji ýylda amerikan alymy Riçard Şoup açdy. Ýöne onuň döredýän keselçiliginden biz soňky ýyllar habardar bolup başladyk, çünki ozal bu wirus esasan ABŞ-nyň, Ýewropanyň, Keniýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň fermer hojalyklarynda giňden ýaýrandy. Söwda gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagy köp keselleriň, şonuň ýaly-da dümewiň bu görnüşiniň ýaýramagyna sebäp boldy.

Doňuz dümewiniň wirusynyň üýtgäp durýandygy sebäpli, oňa garşy belli bir waksinany taýynlamak kynçylyk döredýär. Lukmanlar doňuz dümewiniň birnäçe görnüşlerini tapawutlandyrýarlar: H1N1, H3N1, H3N2. Şularyň içinde iň ýygy duş gelýäni we çalt ýaýraýany H1N1 görnüşi bolup durýar. Wirusyň bu görnüşi uly epidemiýalary döredip bilýändir. Dümewiň hemme görnüşleri üçin howa-damja ýoly (asgyrma, üsgürme, hapa eller we baş.) bilen ýaýrama häsiýeti mahsusdyr.

Doňuz dümewiniň alamatlary

Dümewiň bu görnüşi üçin beden gyzgynynyň ýokarlanmagy we üşütmäniň döremegi häsiýetli alamat bolup durýar. Ondan başga-da, dümewiň başga görnüşlerine mahsus bolan üsgürme, burnuň dykylmagy we akmagy, kellagyry, bedeniň agyrmagy, ýüzüň gyzarmagy, gaýtarma we içiň geçmegi ýaly alamatlar hem ýüze çykyp biler.

LUKMANYŇ KÖMEGINI TALAP EDÝÄN HOWPLY ALAMATLAR:

Çagalara degişli

→ Dem alşyň ýygylaşmagy ýa-da kynlaşmagy;

Deriniň gögümtil ýa-da mele reňke eýe bolmagy;

Çaganyň işdäsiniň peselmegi;

Kesilmeýän gaýtarmanyň ýüze çykmagy;

Çaganyň uzak ýatmagy, halsyz bolmagy;

Çaga gaty gaharjaň, ynjyk;

Alamatlar wagtlaýyn aýrylsa-da, gaýtadan başlaýar;

Çaga üsgürýär we beden gyzgyny ýokary.

Ululara degişli

⇒ Adamyň dem almasynyň kynlaşmagy;

Gursagyň ýa-da garnyň agyrmagy;

Baş aýlanmalaryň döremegi ýa-da huşuň bulaşmagy;

Dowamly gaýtarmanyň ýüze çykmagy.

2 ýaşa çenli we 5 ýaşdan uly çagalar, gartaşan adamlar, göwreli aýallar we dowamly keselleri (öýken we peşew çykaryş ýollaryň keselleri, süýji keseli, howply döremeler, immun ulgamynyň gowşamagy) bolan adamlar doňuz dümewiniň ýokuşmagy boýunça töwekgelçilik toparyna degişli edilýändir. Ýöne doňuz dümewi diňe şu topara degişli adamlara ýokuşman, düýbünden sagdyn adamlary hem keselçilige sezewar edip bilýändir. Adamyň immun ulgamynyň ýagdaýyna we wirusyň häsiýetine baglylykda, doňuz dümewi öýken sowuklamasy, dem alşyň ýetmezçiligi, böwregiň işiniň ýetmezçiligi, miokardit, perikardit ýaly howply gaýraüzülmelere getirip bilýändir. Şonuň üçin hem, keseliň birinji alamatlary ýüze çykanyndan, lukmana ýüz tutmak hökmandyr.

Doňuz dümewiniň bejergisi

Dümewiň bejergisinde wirusa garşy serişdeler bellenilip, antibiotikleriň netijesizdigini ýatda saklamalydyr. Antibiotikler diňe dümewden soňky bakteriýlaryň döredýän gaýraüzülmeleriniň garşysyna ulanylyp bilner. Wirusa garşy serişdelerden wifiron, gripferon, zanamiwir, kagosel, arbidol, oseltamiwir dermanlaryny belläp geçip bolar.

Şeýle-de döreýän alamatlara baglylykda, beden gyzgynyny düşüriji (panadol, parasetamol), üsgülewige garşy (sinekod, bromgeksin, buýan köküniň toşaby, mukaltin we baş.) serişdeleri, C witamini, witamin toplumlary kabul etme maslahat berilýär.

Eger Siz dümew bilen kesellän bolsaňyz öz we başgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin:

► Hiç ýere gitmän, öýde galmagy;

Lukmanyň maslahatyndan soň, bejergi çärelerini geçirmegi;

Işjeňligi azaldyp, düşekde ýatmagy;

Elleriňizi ýygy-ýygydan ýuwmagy;

Gapynyň tutawaçlaryny zyýansyzlandyryp ýuwmagy;

Gorag maskalaryň dakylmagyny maslahat berip bolar.

Bejergiler dogry geçirlende, 7-10 günden keseliň alamatlary aýrylýar. Ýöne siz öz sagalandygyňyzdan we töwerekdäkilere ýokuşdyryp bilmejekdigiňize ynamly bolmalysyňyz. Beden gyzgynynyň düşmegi, ysgynsyzlygyň, beden agyrylaryň, üsgülewigiň aýrylmagy we kadaly işjeňlik ýagdaýynyň döremegi sagalmanyň esasy görkezijisi bolup durýar.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#7 Talyp 2016-09-01 09:14
Howanyň azajyk sowamagyna garaşyp duran gripden ýa-da şonuň özi ýalylaram diýsek ýalňyşmarys. Soňky ýyllarda adamzadyň başyna musallat bolan doňuz, guş we ýeneler, keselleriň sanyny artdyryp barýan ýaly.Her haýwan adam üçin mojuk bolan keseli ýüze çykaryp dursa, özem wirus tebigaty bolan ýokançly hassalygy adamlara güzap boljak.
Sitata
 
 
#6 Çüli. 2016-05-31 00:04
Birnäçe çiş keselleri ýaly wiruslaryň hem döredýän keselleriniň tebigaty, gelip çykyşy we bejermeleri häzirki lukmançylyk üçin köp garaňkylyklar döedýär. Keseli kabul etmezlikde bedeniň güýçli immuniteti hakynda näçe aýdylsada, oňa garamazdan ol adamlar hem wagtal-wagtal haýsydyr bir görnüşli grip bilen keselleýärler ahyryn.
Sitata
 
 
#5 Ýalkap. 2016-03-22 22:02
Lukmanlar ýaly lukmançylykdan başym çykmasada bir zada käwagt üýşendirýär. Ol hem doňuz ýa-da guş dümewi ýüze çykyp ugranyndan adamlar olaryň etini satyn alyp iýmekden özlerini çäklendirýärler. Ol bolsa adamlaryň iýmitlerini kemeltmek bilen söwdagärleriň hem gazançlaryna uly täsirini ýetirýär.
Sitata
 
 
#4 Azym. 2016-02-04 01:11
Nähili dümew bolsa-da doňuzymy ýa-da başgamy ýüze çykyşy bir hiliräk bolup, bir hepde azap çekdirýär. Ýöne lukmanlara gulak asman, onuň alamatlaryna garşy göreşmeseň soň onuň döredýän gaýrauzulmeleri bedeniň üçin bejermesi kyn bolan kesellere getirmegi mümkindir.
Sitata
 
 
#3 Pikirli. 2016-02-03 01:22
Tesbirçi okyjy! Ýerlikli sorag beripsiňiz. Zika wirusy diýip, bir düşnüksiz zat tapdylar. Munuň çybynlar bilenem bir dahyly bar. Gadymky eşiden gyzdyrma (maleriýa) keseline meňseş ýaly. Ýöne munuň döredijisi wirus dälmikä diýip çak edýärin.
Sitata
 
 
#2 Söýnaly 2016-01-31 00:29
Doňuz etini iýmeýänime örän şat. Sygyr, goýun, düýe dümewiniň entek ýokdygyna begenmän duramok. Ýöne, guş dümewi weli lapyňy keç edýär. Onsoňam başga ýurtlarda barlygy eşdiläýmese, bizde ol hakynda degerli maglumatlar berilmeýär. Ol bolmasa lukmanlar hem serim-sazak bolup galýarlar.
Sitata
 
 
#1 Okyjy. 2016-01-30 10:37
Hormatly Lukman! Mundan öň eşitmeýän Zika diýip atlandyrylýan wirusyň peýda bolmagyny telewizordan eşitdik. Ol wirusyň dümew bilen arabaglanşygy barmy ýa-da başga kesel dörediji wirusmy?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele