Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Keseller barada maglumatlar Infeksiýon
( 6 Ses Berme )

Garamyk keseli — giňden ýaýaran ýokanç keseldir. Bu kesel gaty bir howply bolmasa-da, çagany wagtlaýyn birahat edip bilýär.

Garamyk keseliniň döremegine endama täsir edýän wiruslar sebäp bolýar. Olar howa-damja ýollary arkaly bir adamdan başga bir adama aňsatlyk bilen geçip bilýärler. Şäheriň bir ýerinde peýda bolan garamyk aňsatlyk bilen şäheriň beýleki ýerine geçip bilýär. Olar edil bir ýerden başga ýere ýel bilen geçen ýaly hereket edýärler. Garamyk keseliniň "ojaklary" hemişe bellidir. Olara esasan-da çagalar baglary ýa-da mekdepler degişlidir. Sebäbi bu ýerlerde çagalar köpçülikleýin keselleýärler.

 
( 6 Ses Berme )

Wirusly gepatitler – dürli wiruslaryň täsiri bilen döreýän, köp duş gelyän we adam üçin howply infeksion keselleriň toparydyr. Olar bagryň öýjüklerine täsir edip, onuň işine zeper ýetirýärler. Wirusly gepatitleriň dürli görnüşleri, gepatitleriň has ýaýran alamaty esasynda, “sarylama“ diýip hem atlandyrylýar.

Sarylamanyň epidemiýalary barada entek b.e. öň V asyrda Gippokrat hem beýan edip geçipdir. Keseliň alamatlary belli bolsada, gepatitleri dörediji wiruslar diňe geçen asyryň ortasynda açyldy. Keseli dörediji wiruslar, şoňa göräde, olaryň döredyän gepatitleriniň görnüşleri harplar bilen (A, B, C, D, E we başgalar) aňladylýar.

Gepatitiň A wirusy, gepatitiň A görnüşini, B wirus gepatitiň B görnüşini döretjekligi düşnüklidir. Şonuň ýaly-da, her harpyň aňyrsynda belli bir özbaşdak wirusyň we özbaşdak keseliň ýatanlygyny ýatdan çykarmaly däldir. Ol keseller ilatyň arasynda ýaýraýyş ýoly, inkubasion döwrüniň möhleti, keseliň geçiş aýratynlyklary, gaýraüzülmeleri bilen özara tapawutlanýandyr. Ondan başga-da, gepatitler aýry kesel görnüşinde duş gelmän, aýry-aýry keselleriň alamaty görnüşinde hem ýüze çykýar.

 
( 7 Ses Berme )

Jyns gatnaşygy arkaly geçýän keselleriň içinde hlamidioz has köp duş gelýän ýokançlyklaryň biridir. Her ýylda dünýäde bu kesel bilen takmynan 70 mln. adam keselleýär.

Orsýetde bu kesel ýaýraýşy boýunça, grippden soň ikinji orny eýeleýär. 90-njy ýyllaryň ahyrynda Günbatar Ýewropada her ýyl bu kesel bilen 3-4 mln. adam keselledi. Peşew çykaryş we jyns agzalaryň sowuklama kesellerinden ejir çekýän aýallaryň 40-60%-de we erkek adamlaryň 50%-de hlamidiýanyň tapylanlygyny barlaglaryň netijesi tassyklady.

 
( 6 Ses Berme )

Guduzlama keseli adamzada gadymy zamanlardan bäri bellidir. Ol kesel barada maglumatlar gadymy hindi, müsür golýazmalarynda hem ýazylandyr.

Guduzlama – ýiti ýokançly kesel bolup, ol merkezi nerw ulgamyna zeper ýetme bilen häsiýetlendirilýär. Kesel döredýän wirusy, tebigatda käbir ýabany haýwanlar, ýarganatlar özünde saklaýarlar. Köplenç halatlarda keseli eýesiz itler, pişikler hem-de möjekler, tilkiler ýaýradýarlar.

 
( 6 Ses Berme )

Inçekesel – iň gadymy we giňden ýaýran keselleriň biridir. Onuň şeýledigine, Müsürde tapylan adam süňklerindäki inçekesele mahsus alamatlar hem güwä geçýär.

Gadymy asyrlaryň lukmanlary bu keseli öwrenip, näsaglan adamyň gaty horlanýanlygyny belläpdirler. Olar ony “ftiza“ diýip atlandyrypdyrlar (grekçe-hoplanma, dargama). Bu sözden hem “ftiziatriýa“- inçekeseli öwrenýän ylmyň ady gelip çykypdyr.

Keseliň alamatlary barada maglumaty Gippokratyň, Galeniň, Awisennanyň işlerinde tapyp bolýar.

 
( 10 Ses Berme )

Jyns ýollarynyň trihomoniazy – iň köp ýaýran weneriki keselleriň biri bolup, ony jynshana trihomonadasy döredýändir. Bu kesel jyns gatnaşygy arkaly geçip, başga zatlaryň (süpürgiç, moçalka, düşek we başgalar) üsti bilen ýokuşmak ýoly örän seýrek duş gelýär.

Keseliň geçişi bedeniň kesellere garşy göreşiji güýçlerine, jyns ýollarynyň ýagdaýyna we başga ýokançlyklar (gonokokklar, kömelekler, mikoplazmalar) bilen utgaşmagyna baglydyr.

Keseliň inkubasion (keseliň ýokuşyp, birinji alamatlarynyň ýüze çykýan wagty) döwri 2 - 3 güňden 3 - 4 hepdä çenli dowam edip bilýär.

Trihomoniazyň birnäçe görnüşleri bardyr:

 
( 15 Ses Berme )

Ýiti respirator keseli bilen keselleýän maşgala

Howanyň sowamagy bilen, güýz-gyş aýlary ýiti respirator wirusly keselleri (ÝRK) köpelýär. Bu keseli wiruslaryň birnäçe görnüşi (paragripp, adenowirus, rinowirus, reowirus) döredýärler. Olar esasan dem alyş ýollaryna zeper ýetirýärler.

Halk arasynda bolsa köplenç bu kesel dodakda adaty uçugyň döremegi bilen tanalyp, “sowuklama“ diylip atlandyrylýar. ÝRK-iň üstüne bakterial infeksiýa hem goşulyp bilýär.