Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Keseller barada maglumatlar Infeksiýon
( 12 Ses Berme )

Aýal jyns agzalarynyň inçekeseli inçekesel taýajygynyň täsiri bilen döräp, özbaşdak kesel däl-de, bedendäki inçekesel ýokançlygynyň ýüze çykmagydyr.

Jyns agzalaryna gan damarlarynyň usti bilen köplenç öýkenden, seýrek ýagdaýlarda içegeden ýokançlygyň düşmegi zeperlenmeleriň başyny başlap biler. Inçekesel mikobakteriýalary köp wagtlap limfatiki düwünlerde saklanyp, bedeniň kesellere durnuklylyk häsiýeti gowşan ýagdaýynda ýaýrama ukyply bolýandyr.

 
( 8 Ses Berme )

Çaganyň syrkawlamagy hemişe uly alada, gaýgy, betbagytçylyk. Ony näçe aýasaň-da, käbir ýagdaýlarda keselden gorap saklap bolmaýar. Körpejäniň inçekesel ýaly uly adamlara mahsus kesele sataşmagy bolsa öränelhenç ýagdaýdyr. Ony wagtynda ýüze çykaryp, öte geçmeginiň öňüni almak üçin, ata-eneler çaga inçekeseli, onuň geçiş aýratynlyklary we alamatlary barada içgin bilmegi zerurdyr.

Statistiki maglumatlara görä, ýer ýüzünde azyndan her ýylda ýarym million kiçi çaganyň bu kesele sezewar bolup, olaryň 70 müňüsi onuň pidasy bolýar. Şonuň üçin-de, çagalar babatda bejeriş we öňüni alyş çärelerine has hem ýokary derejede üns berilmelidir.

 
( 20 Ses Berme )

2012-nji ýylyň 28-nji iýuly gepatit keseline garşy bütündünýä göreş güni. Bu sene Bütündünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan 2011-nji ýylda resmileşdirilip, halkyň gepatit keseli barada düşünjesini artdyrmaga, ony bejermek we öňüni alyş çärelerini ýerlikli geçirmek baradaky işleri alyp barmaga gönükdirilendir

Gepatit sözi, gadymy grek dilindäki hepar, hepatos sözlerinden gelip çykýar we bagyr diýmegi aňladýar. Bagyr adamyň bedeniniň iň uly mäzidir. Onda ýüze çykýan näsazlyklar bolsa bedende düýpli bozulmalara getirip biler. Hytaý lukmanlarynyň bellemegine görä, adam bedeniniň garramagy bagrynyň ýagdaýy bilen gönüden-göni baglydyr. Sagdyn bagyr doly gymmatly ýaşaýyşyň girewidir. Şeýle-de, ol bedeniň özboluşly "biohimiýa laboratoriýasy" bolup durýar. Bagyr zäherleýji maddalary zyýansyzlandyrýar, ganyň belokly maddalaryny işläp çykarýar, onda öt we glikogen emele gelýär, şeýle hem bagyr limfa suwuklygynyň emele gelmesine gatnaşýar, ganyň mukdaryny we uýamagyny sazlamak we saklamak wezipesini ýerine ýetirýär.

 
( 7 Ses Berme )

Ganly içgeçme – içege ýokançlyklarynyň keselleri toparyna degişli bolup, iýmit siňdiriş ulgamynyň, esasan hem ýogyn içegäniň zeperlenmesi bilen geçýän keseldir. Il arasynda muňa "hapa elleriň keseli" hem diýilýär. Bu keselde esasan-da ýogyn içegäniň aşakybölüminiň nemli gatlagy zeperlenýär. Keseliň alamatlary bedeniň umumy zäherlenmesi, içagyrylar, gan we nem gatyşykly içgeçmeler görnüşinde ýüze çykýar.

Ýokançlygyň ýokuşma ýollary we keseliň geçiş aýratynlyklary

Ganly içgeçme näsag adamdan sagdyn adama täret bilen hapalanan iýmit önümleri, suw we öýdäki gatnaşyklar arkaly ýokuşyp bilýär.

Bu kesel şu topara degişli adamlar arkaly giňden ýaýrap bilýär:

 
( 23 Ses Berme )

Mugthor gurçuklar ýa-da ylmy dil bilen aýdanymyzda gelmintler – adamyň bedenine ornaşyp, onda dürli gurçuk kesellerini – gelmintozlary döretmäge ukyply ýönekeý gurçuklaryň uly toparydyr. Olar adamzadyň saglygyna howp salýan musallatdyr. Göräýmäge arassaçylyk şertlerini berjaý edýänlere gurçuk ýolukmajak ýaly, emma öýde arassaçylyk kadalary doly saklansa-da, köpçülik ýerlerinde dürli ýollar bilen bu kesel ýokuşyp bilýändir.

Gelmintleriň ýaýramagy ilki bilen howa şertlerine, soňra bolsa ýerlerdäki durmuş-ykdysady ýagdaýa baglydyr. Hemmetaraplaýyn ösen ýurtlarda gelmintoza ýolukmagyň derejesi yzagalak tropiki we subtropiki guşaklykdaka ýurtlara garanyňda mes-mälim pesdir.

 
( 13 Ses Berme )

Sözenek keseliniň taryhyndan gysgaça maglumat

Sözenek (gonoreýa) – jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän keselleriň arasynda iň ýygy duş gelýän görnüşi bolup, ol dürli alamatlaryň ýüze çykmagy we gaýraüzülmeleriň döremegi bilen tapawutlanýandyr.

Adamzada sözenek keseli gadymy asyrlardan bäri belli bolup, onuň alamatlaryna meňzeş keseliň häsiýetlendirmesine b. e. öň IV asyra degişli kitaplarda duş gelmek bolýar.

 
( 10 Ses Berme )

Piyelonefrit (grek dil. piyelos - çanajyk, ýargak, nefros - böwrek) böwrek dokumasynyň sowuklama keselidir. Bu kesel peşew çykaryş ulgamynyň keselleriniň içinde ýygy duş gelip, ol dürli ýaşdaky adamlarda ýüze çykyp bilýär.

Aýallar we gyzlar erkeklere we oglanlara garanda piyelonefrit bilen has ýygy keselleýärler. Aýallaryň peşew çykaryş kanalynyň erkekleriňkiden gysga bolýanlygy sebäpli, dürli ýokançlyklar aňsatlyk bilen peşew halta we böwreklere ýetip bilýändir.

Çagalarda bolsa bu kesel dem alyş ýollarynyň kesellerinden soň ýygylygy boýunça ikinji ýerde durýandyr.

 
( 17 Ses Berme )

Uçuk (gerpes) ýokançlygy – belli bir kesel däl-de, öz içine keseller toplumyny alýan düşünjedir. Ol uçuk wirusynyň täsiri bilen ýüze çykyp, deriniň, nemli örtükleriň, merkezi nerw ulgamynyň we başga beden agzalarynyň zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýär.

Janly tebigatda uçuk ýokançlygynyň 80-e golaý görnüşi belli bolup, şolardan 6-sy adamda duş gelýändir. Bu uçuk maşgalasyna agzyň, jyns agzalaryň uçugy, garamygyň, sitomegalowirusyň, ýokançly mononukleazyň, gurşaýjy uçugyň wirusy, Berkittyň uçugy degişlidir.

 
( 8 Ses Berme )

Dümew – agyr wirus ýokançlygy. Ol adamyň ýaşyna ýa-da jynsyna garamazdan, hemmelere ýokup bilýär. Bu ýiti kesel duýdansyz başlanýan rinit, burnuň bitmegi, bronhlary şikeslendirýän üsgülewügiň ýüze çykmagy bilen tapawutlanýar.

Her ýylyň sowuk paslynda dümewiň epidemiýasy ýer togalagynyň ilatynyň 15%-ni şikeslendirýär. Dümew we ýiti respirator wirus ýokançlygy ýokanç keselleriň umumy göwrüminiň  95%-ni tutýar. Her ýyl  dünýäde 500 million adam  dümewläp, olaryň 2 million töweregi aradan çykýar. Dümew we ýiti respirator keseli ýygy-ýygydan gaýtalanyp, biziň  kadaly durmuşymyzyň 1 ýyla barabar döwrüni eýeleýär. Şol bir ýylyň dowamynda adam gyzdyrmadan, wirus beloklary zerarly bedeniniň zäherlenmesinden, kellagyrydan, ysgynsyzlykdan, umumy gowşaklykdan ejir çekip, ygtyýarsyz ýagdaýda ýatýar. Dümew agyr geçende, ýürek-damar ulgamyny, dem alyş agzalaryny, merkezi nerw ulgamyny  şikeslendirilip, agyr gaýraüzülmeler ýüze çykýar. Bu bolsa öz gezeginde  ýürek-damar keselleriniň, dem alyş ýollarynyň we öýken sowuklamasynyň, beýniniň we onuň bardalarynyň (meningoensefalit) zeperlenmeginiň döremegine sebäp bolup biler.

 
( 9 Ses Berme )

Bronhit — bu bronhlaryň sowuklamasydyr. Bronhitde esasan hem bronhlaryň nemli bardasy zeperlenýär. Dem alyş bilen bagly keselleriň arasynda bronhit iň köp duş gelýän keseldir. Bronhitiň özbaşdak, bir-birinden tapawutlanýan dowamly we ýiti görnüşi bolýar.

Ýiti bronhit

Ýiti bronhitiň esasynda respirator wiruslar  zerarly döreýän bronhlaryň nemli bardasynyň alawlama ýagdaýy ýatyr. Respirator wiruslaryna streptokokklar, pnewmokokklar, gemofiliýa taýajygy ýaly ýokançlyklar birigip bilýär. Şeýle hem  traheit, laringit, rinofaringit ýaly keseller bilen ýüze çykyp bilýär.