Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Keseller barada maglumatlar Infeksiýon
( 26 Ses Berme )

Doňuz dümewi öý haýwanlarynyň, esasan hem doňuzlaryň arasynda giňden ýaýrap, aňsat ýokuşýan ýokanç kesellere degişlidir. Dümewiň bu görnüşini 1931-nji ýylda amerikan alymy Riçard Şoup açdy. Ýöne onuň döredýän keselçiliginden biz soňky ýyllar habardar bolup başladyk, çünki ozal bu wirus esasan ABŞ-nyň, Ýewropanyň, Keniýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň fermer hojalyklarynda giňden ýaýrandy. Söwda gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagy köp keselleriň, şonuň ýaly-da dümewiň bu görnüşiniň ýaýramagyna sebäp boldy.

Doňuz dümewiniň wirusynyň üýtgäp durýandygy sebäpli, oňa garşy belli bir waksinany taýynlamak kynçylyk döredýär. Lukmanlar doňuz dümewiniň birnäçe görnüşlerini tapawutlandyrýarlar: H1N1, H3N1, H3N2. Şularyň içinde iň ýygy duş gelýäni we çalt ýaýraýany H1N1 görnüşi bolup durýar. Wirusyň bu görnüşi uly epidemiýalary döredip bilýändir. Dümewiň hemme görnüşleri üçin howa-damja ýoly (asgyrma, üsgürme, hapa eller we baş.) bilen ýaýrama häsiýeti mahsusdyr.

 
( 22 Ses Berme )

Häzirki wagtda Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň esasy üns merkezinde saklanýan Ebola (Ebola gemorragiki gyzdyrmasy ady bilen hem belli) keseline ýoluganlaryň sany 6000-den geçip, şolardan 3000-e golaý adam bu keseliň pidasy boldular. Resmi çeşmeleriň habar bermegine görä, 2015-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrlarynda Ebola keseline duçar boljak adamlaryň sany 550 000 barabar bolar. Bu keseliň biziň ýurdumyzda ýaýrama mümkinçiligi pes hem bolsa, dünýäniň dürli künjeklerinde okap-işläp ýören ildeşlerimiziň kesel barada bilmegi has möhümdir. Şu nuknaýnazardan ugur alyp, bu kesel barada has kop berilýän soraglaryň jogaplaryny size ýetirýäris.

 
( 27 Ses Berme )

Gepatit keseli – bagryň wiruslar, zäherli maddalar ýa-da adam bedeniniň immunitetiniň bozulmalary sebäpli ýüze çykýan zeperlenmesidir. Deriniň we gözleriň saralma alamatyna laýyklykda, halk arasynda bu keseli "sary getirme" diýip hem atlandyrýarlar.

Bagryň zeperlenmesi bilen geçýän keselleriň arasynda, onuň wirusly şikeslenmeleri has ýygy duş gelýändir. BSGG-nyň hünärmenleri sary getirme keselini adamzat saglygyna howp salýan esasy töwekgellik faktory hasaplaýarlar. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, Ýer togalagynyň ýaşaýjylarynyň 1/3 bölegi B ýa-da C gepatiti bilen keselläp, ýarym milliarddan gowuragy bolsa bu keselleriň dowamly görnüşlerinden ejir çekýändir.

 
( 22 Ses Berme )

Burnuň iki gapdaly bilen, ýokarky äňde ýerleşýän süňk boşlugynyň (gaýmorowa boşlugy) nemli örtüginde alawlama hadysasynyň ýüze çykmagyny gaýmorit diýip atlandyrýarlar. Bu keseliň döremegine bakteriýalar, wiruslar, kömelejikler, şeýle hem allergiki faktorlar sebäp bolup bilýär. Alawlama ýagdaýlary burun boşlugyndan (birinden ýa-da ikisinden) nemli suwuklygyň erkin akmagynyň bozulmagy netijesinde ýüze çykýar. Suwuklygyň bir ýerde jemlenmegi alawlama hadysasynyň ýaýbaňlanmagy üçin oňaýly şert döredýär we bedeniň ýokançlyga garşy göreşmegini kynlaşdyrýar.

 
( 8 Ses Berme )

Häzirki wagtda süňk inçekeseli yüze çykyş ýygylygy boýunça öýkenden daşary döreýän inçekeseliň görnüşleriniň arasynda dördünji orny eýeleýändir.

Süňk inçekeseliniň gysga häsiýetnamasy

Eger inçekesel ýokanjy oňurgany we süňk bogunlaryny zeperlendiren bolsa, syrkawa süňk inçekeseli diýen kesel kesgidi goýulýar. Keseliň bu görnüşi Kohuň  taýajygynyň ilkinji inçekesel ojagyndan, gan arkaly,  süňk ýiligine geçmegi bilen döreýär we  on ýaşa çenli çagalarda has ýygy duş gelýär. Süňk inçekeseli  köplenç süňk ýiliginiň ahyrky böleklerinde (epifizde) ýaýbaňlanyp başlaýar. Soňra ol bogny örtýän nemli haltajygyna (sinowial haltajygy) we bogun kekirdewüklerine geçýär.

 
( 8 Ses Berme )

INÇEKESEL HOWPLUDYR!

Inçekesel  kesellemek we ölümçilik bilen tamamlanmak görkezijileriniň ýokarylygyna görä dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýär. Her ýyl bu kesele 9 milliondan gowrak adam duçar bolup, ol 3-4 million adamynyň ölüminiň sebäbi bolýandyr. Häzirki döwürde inçekesele garşy edilýän sanjymlar dünýäniň 64 döwletinde hökmany diýip yglan edilip, 118 döwletde  sanjymlary dowam etmek maslahat berilýär. Olaryň hökmany senenamalara salynmadyk ýurtlarynda hem, ýaramaz sosial-durmuş şertlerinde ýaşaýan, şeýle hem inçekesel bilen syrkawlamagy ýokary bolan döwletlerden gelenlere bu sanjymlar edilýär. Soňky 10 ýylda Russiýada we GDA ýurtlarynyň käbirinde  inçekesel bilen (şol sanda çaga inçekeseli bilen) syrkawlamagyň derejesi 2 esseden hem gowrak ýokarlandy. Bu keseliň gozgadyjysy, öň Kohuň taýajygy ady bilen belli bolan (ony açan nemes bakteriologynyň adyna görä) mikobakteriýa  zeperlenen beden agzalarynda özboluşly çişme prosesini döredýär – olarda kesele mahsus "güberçek" emele gelýär.  Keseliň häzirki  zaman ady  latyn sözünden gelip çykyp, güberçek diýmegi aňladýan tuberculum sözünden emele gelýär.

 
( 12 Ses Berme )

Badam  şekilli  mäzleriň  ýiti (angina) we dowamly sowuklama keselleri babatda lukmançylyk kömegini  berme otorinolaringolog  lukmanynyň işiniň agramly bölegini tutýandyr. Güýz we gyş aýlary has ýygy duş gelýän badam şekilli mäzleriň sowuklamagy  özwagtynda bejerilmedik ýagdaýynda, çynlakaý gaýraüzülmelere we zähmete ukyplylygyň  peselme ýagdaýlaryna getirip biler.

 
( 23 Ses Berme )

Inçekesel örän howply, bejergisi kyn bolan ýokanç keseldir. Ol syrkawy üzak wagtyň dowamynda zähmede ukypsyz edýär, onuň ölümçilik bilen gutarýan wagty hem seýrek däl.

Köplenç inçekesel bilen adamyň dem alyş agzalary (öýken, bronhlar we plewra) zeperlenýär, ýöne beýleki agzalaryň  içege, böwrek, peşew çykaryjy ýollaryň, süňkleriň, deriniň we limfatik düwünleriň zeperlenýän ýagdaýy hem  seýrek däl. Limfatik düwünleriniň inçekeseli köplenç çagalarda duş gelýär.

 
( 11 Ses Berme )

Sitomegalowirus (SMW) ýokançlygy – ýer ýüzünde giňden ýaýran ýokançlyk bolup, immunitetiň gowşamagy bilen baglanyşykly, köpdürli kliniki alamatlaryň ýüze çykmagy bilen häsiýetlendirilýändir. Uçuklar wirusy maşgalasynyň iň howply görnüşlerine degişlidir.

Häzirki zaman amaly lukmançylykda bu wirus ýokançlygy aýratyn ünse eýe bolup, Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň Ýewropa bölümi tarapyndan ol ýokanç keselleri bilen keselçiligiň geljegini kesgitleýän keseller toparyna degişli edildi.

 
( 14 Ses Berme )

Gijilewük – ýokanç deri keseli bolup, onuň ýüze çykmagyna ownuk mugthorlar – gijilewük sakyrtgasy bolan Sarcoptes scabiei ýa-da il arasynda goturlyk sakyrtgasy  ady bilen belli bolan mugthor sebäp bolýar.  Bu kesel edepli-tertipli jemgyýetde orun tapmadyk, arassaçylyk şertlerine boýun bolmaýan adamlara mahsus diýip arkaýyn bolmak ýalňyşlykdyr. Ol jemgyýetiň ähli sosial gatlaklaryna degişli adamlarda ýüze çykyp bilýär.

Keseliň döremegine urkaçy sakyrtgalar sebäp bolýar. Olaryň uzynlygy 0,3-0,4 mm ýetip, bir aýa golaý ýaşaýyş ukybyny saklaýar. Adamyň derisine düşen badyna olar  deriniň ýokarky gatynda (epidermisde) ýol ýasanyp, günde 2-3 ýumurtga taşlaýarlar. Olardan bolsa liçinkalar çykýp, olar 2-3 hepdeden ýetişen sakyrtga öwrülýär.