Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Keseller barada maglumatlar Infeksiýon däl ÝÜREK-DAMAR KESELLERINIŇ ÖŇÜNI ALMAK
( 27 Ses Berme )

Ateroskleroz (ýürek-damar ulgamynyň keseli) we damarlar ulgamy.

Ýürek-damar ulgamynyň keselleri birdenkä ýüze çykmaýar. Olar biziň bedenimizde uzak wagtlap dowam eden ýagdaýlaryň netijesidir. Ýaglaryň, aýratyn-da holesterin bilen trigliseridiň ýygnanmagy arteriýa damarlarynyň diwarlaryny galňadyp, artesklerozyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Stenokardiýa, kardiuoskleroz, miokarditler, miokardioskleroz, ýürek demgysmasy we beýleki ýürek-damar keselleri hem şol sebäpli ýüze çykyp bilýär.

Ýürek-damar keselleri birnäçe ýyllaryň dowamynda emele gelip, atesklerozyň damar ulgamyna zyýan ýetirip, ýüregiň gan bilen üpjün edilişini haýalladýar, ony ýokumly iýmitlenmeden we kisloroddan mahrum edýär. Adamyň ýüregi agyryp başlanda, bu eýýäm düýpli ýürek keseliniň bardygynyň alamatydyr. Şonuň üçin-de, adam «ýürek tutgaýynyň» tutaryna garaşman, wagtynda ýüreginiň aladasyny edip başlamalydyr.

Maddalaryň çalyşmasynyň bozulmalary, aýratyn-da holesteriniň derejesiniň sagdyn deňagramlylygyň ýitirilmegi — ýüregiň we damarlaryň kesellemeginiň esasy sebäbi. Holesterin maddasy ýagly zatlaryň bagyr tarapyndan gaýtadan işlenilmeginiň netijesinde emeler gelýär. Elbetde, organizmiň sazlaşykly işlemegi üçin ýaglaryň-da, holesteriniň-de belli bir mukdarynyň ganda bolmagy hökmandyr. Emma olaryň mukdary gerekli çäkden geçse, olar adamyň saglygyna howp salyp başlaýar. Sebäbi holesteriniň mukdary kada laýyk bolmasa, ol mum maddasy ýaly, gan geçirýän damarlaryň diwarjyklaryna ýelmeşip başlaýar. Soňabaka bu ýelmeşip, çöküp galan maddalar damar diwarjyklarynyň üýtgedip, galňamalary emele getirýär. Olar bolsa öz gezeginde holesteriniň we mineral maddalaryň has köp mukdarynyň ýelmeşip, çöküp galmagyna sebäp bolýar. Bu ýagdaý atereskleroz diýip atlandyrylýar. Bu keselde damarlaryň diwarjyklary gatap, çeýeligini ýitirýär, olar daralyp, gan akymlarynyň peselmegine eltýär. Eger bu maddalaryň çökündileri tromblary döretse, onda bu damarlardan gan aýlanyşygy kesilýär. Tromblar damarlardaky gan akyma böwet bolup, insulta we infarkta eltýär.

Şular ýaly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin iýmitlenmä aýratyn üns bermelidir. Ýüregiň sagdyn bolmagy üçin ýagsyz eti we doýgun bolmadyk ýaglary iýmelidir. Olarda holesterin az bolýar. Ýygy-ýygydan etiň deregine balyk iýiň. Towuk etinde hem holesterin azdyr. Köp iýmejek bolmaly. Azyk rasionynyň köp bölegini gök önümler, ir-iýmişler tutmalydyr. Mümkin bolan ýagdaýynda, olary çigligine iýmäge çalşyň.

Pyrtykal, greýpfrut, limon, noýba, mekgejöwen, oblepiha, garaly, sogan, sarymsak, gül kelem, pomidor, ukrop, deňiz kelemi, kädi, hoz, gawun, greçka, böwürslen, süle, petruşka, zirk, narpyz dagylar damarlary arassalap, atesklerozyň öňüni alýar. Ýürek bozulmalarynyň islendik görnüşlerinde nitrogliserin içmäň-de, derman otlaryndan peýdalanjak boluň. Sebäbi nitrogliserin agyryny köşeşdirýär, derman otlary bolsa bejerýändir. Nitrogliserini kabul edilende köp hereket etmek gadagan edilýär. Derman otlaryny kabul edilende bolsa, tersine, hereketleri artdyrmaly bolýar. Agyrýan ýürek üçin tut miweleri, alyçynyň miweleri we walerýana dagylar iň oňat serişdedir.

Ýürek üçin düzüminde magniý we kaliý bolan azyklar we ösümlik otlary hem örän wajypdyr. Magniý pomidorlaryň, seldereýiň, hozuň, süläniň, erigiň, üzümiň, şugundyryň, badamjanyň düzüminde bardyr. Kaliý erik kişdesiniň, kişmişiň, guradylan garalynyň, hurmanyň, injiriň, petruşkanyň, kelemiň, gara smorodinanyň, ananasyň, bananlaryň we şetdalynyň düzüminde bardyr.

Galyberse-de, sagdyn iýmit bedeniň hemme ulgamlarynyň, şol sanda ýürek-damar ulgamynyň hem gerekli witaminleri kabul etmegine ýardam berýär.

Sagdyn durmuş üçin nerw işjeňligini hem kadalaşdyrmalydyr. Häzirki wagtda adamlar köplenç iş sebäpli ukusyny kemýärler. Emma sagdyn bolmak üçin adam gije-gündiziň dowamynda sekiz sagatdan az ýatmaly däldir. Adam mümkin boldugyndan dawa-jenjellerden, duýgy çekeleşiklerden gaça durmaly.

Uzak wagtyň dowamynda şol bir halda oturmak hem ýürek, damarlar we tutuş organizm üçin zyýanlydyr. Oturymly işlerde her sagatdan turup, birnäçe maşklary etmek maslahat berilýär. Köp pyýada ýöremäge çalyşmaly. Günüň dowamynda bäş kilometre golaý aralyk pyýada geçilse, dem alyş ulgamy we ýürek üçin örän peýdalydyr.

Gan aýlanyş ulgamynyň keselleriniň köp görnüşleri bar. Bu keseller öz gezeginde başga keselleriň netijesinde ýüze çykýar. Mysal üçin, perikardit (ýürek haltajygynyň sowuklamasy) inçekesel ýokanç keseliniň netijesinde ýüze çykýar. Inçekesel bilen kesellän adam bu keseliň ýüregine ýetirjek zeperini bilip, degişli lukmanlara ýüz tutmalydyr. Şeýle eden ýagdaýynda ol ýürek keselleriniň öňüni alyp bilerdi.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#12 Mansur 2017-05-20 22:05
Yurek damarlary awurta gatasa nae etse bolya .
Sitata
 
 
#11 Artogrul 2016-11-07 19:45
Salam Hormatly lukman. Kyn gorman jogaplayyngda! Mening soygulimde yurek agyry bar. Men ony gowy goremsong onyng bilen aramyzy achasym gelenok. Sheyle yagdaya seretmezden men onga oylensem, yurek keseli chagalarymada gechermi? Ongunden kop sagbolung!
Sitata
 
 
#10 Myraly 2014-12-13 13:10
Ýürek ýaly hereket edýän guraly adamzat näçe jan etsede henize çenli ylmyň özmegine garamazdan döredip bilenok. Her zada aýawlyk gerek bolşy ýaly ýüregiňi tämiz saklasaň garran ýaşyňda hem seni biynjalyň etmez.
Sitata
 
 
#9 Toýly 2014-11-30 06:33
Jeňçi,şerçraý, gybatkeş, görüp,içýakgyç, içigara adamlar jemgyýetde azalsa ýürek kesellerem azalar.
Sitata
 
 
#8 Ýaşuly 2014-11-11 06:08
Bizde "herekete bereket" diýilýänem dogry weli, başarsaň hereketi saglyk manysynda ulanmaly. Ýöne iýip ýöreniň bilen saglyk bolayonok. Bir mollanyň aýdany ýadymda "Hudaýjan adamlara ýüzlenip, men saglygy açlykda gizledim, siz bolsa ony doklukdan gözlediňiz" diýipdir. Oňa pitiwa kylsaň dogry bolubam dur.
Sitata
 
 
#7 Gartaşan 2014-10-20 05:48
Şu döwürde infarkt bilen kelle gan inmesinden köp adamlar maýyp bolup ýa-da heläk bolýarlar. Maýdaja infarkt adama ol dünýeden kakylýan jaňjagazy ýatladýar. Soňky biparhlyk pajyga bilen gutarmagy ähtimal.
Sitata
 
 
#6 Ilhan. 2014-09-29 08:52
Biziň halkymyz ýagly naharlary gowy görýär. Onsoňam gowy garnyny doýuryp, ýassygy goltuklap ýatmaga endik edinipdirler. Ana, nirede döreýär, belaň körügi.
Sitata
 
 
#5 Şajan. 2014-09-14 07:58
Özge durmuşy zatlaryň ählisem ulydyr weli, ýöne dargursak, pessimist bolsaň ýüregiňi gysajyň arasynda saklaýaň diýip biläý.
Sitata
 
 
#4 Rahat. 2014-09-01 08:23
Ýüregiň dogabitdi ýetmezi bolaýmasa sagdyn ýürek keselläp durmazam weli adam ony biparhlygy, öz hereketlerine jogap bermezligi bilen kesele itekleýär. Bu babatda beýniniň ýürek-damar ulgamyna jogapkär merkeziniň sazlaşykly işlemegi örän möhümdir.
Sitata
 
 
#3 Erjel. 2014-03-08 00:52
Türkmnlerde "görk agyzdan girer" diýip aýdylan bir söz bar. Olama dogry weli, şol agyzdan iýmäni oňarmasaň, kesel hem girýär. Şolaryň birinji sebäbi ýagly naharlar...
Sitata
 
 
#2 Bilgiç 2014-03-06 03:10
Hemme zady iýjek bolup ýörmän, tagamly ýagsyzja naharlary iýseň, gök önümleri aýratyn çig iýseň, köpräk hereket etseň, özüň hem optimist (şadyýan) bolsaň, ýüregiň dermansyz hem öz gününi görer.
Sitata
 
 
#1 Peder 2014-03-05 21:42
Keseli bejereniňden onuň öňüni almak has ýeňildir diýilşi ýaly ýürek-damar keselleriniň öňüni almak çärelerini ýaşlykdan başlamaly.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele