Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Keseller barada maglumatlar Infeksiýon däl SÜÝJÜLI DÄL DIABET: SEBÄPLERI, ALAMATLARY WE BEJERGI ÇÄRELERI
( 11 Ses Berme )

Süýjüli däl diabet – bedende wazopressin gormonynyň ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykýan kesel bolup, ol ýygy hem-de köp mukdarda peşew bölüp çykarma we teşneligiň döremegi ýaly alamatlar bilen häsiýetlendirilýändir. Bu gormon başgaça antidiuretiki gormon hem diýip atlandyrylýar. Ol gipotalamusda emele gelip, gipofiz mäzinde toplanýar we beden suwuklyklarynyň: gandaky, öýjügiň içindäki we daşyndaky suwuklygyň mukdarynyň deň agramlylykda saklanmagyna jogap berýändir.

Süýjüli däl diabet gipofiz mäzinde ýüze çykýan howply täze döremeleri, ony zeperlendirýän ýiti we dowamly ýokançlykly hadysalary we beýniniň damar ulgamynyň näsazlyklary zerarly döräp bilýändir. Gipofiz mäziniň şikeslenmeginiň ýene bir mümkin bolan sebäplerine, kelle beýnisinde geçirilýän şowsuz hirurgiki bejergisi degişli edilýändir. Süýjüli däl diabetiň her 5-nji ýüze çykan ýagdaýy – şular ýaly şowsuz neýrohirurgiki operasiýanyň netijesi bolýar.

Bu keseliň nesil yzarlama häsiýeti ýokdyr. Ol örän seýrek duş gelip, ähli endokrin keselleriniň 0,7%-ni tutýandyr. Aýallarda hem erkeklerde bu keseldeň derejede ýüze çykyp, uly adamlarda onuň dürli sebäpleriň täsiri bilen gazanylan görnüşi ýüze çykýandyr. Çagalarda ol adatça doga ýüze çykýp, keseliň alamatlary giç, köplenç 20 ýaşdan soň bildirip başlaýar.

SÜÝJÜLI DÄL DIABEDIŇ GÖRNÜŞLERI

Çagalarda ýüze çykýan doga süýjüli däl diabetden we uly adamlarda anyklanýan gazanylan görnüşlerinden başga-da, bu keseliň merkezi, böwrek bilen bagly ýa-da sebäbi näbelli (idiopatiki) görnüşleri tapawutlandyrylýar.

Süýjüli däl diabetiň merkezi görnüşi

Keseliň merkezi görnüşi antidiuretiki gormonynyň işläp çykyşynyň bozulmagy ýa-da kadaly bölünip çykan gormonyň fiziologiki täsirliliginiň üýtgemegi bilen ýüze çykýandyr. Bu gormonyň ýetmezçiligi böwreklerde peşewiň täzeden yzyna alynmagyny peseldip, dykyzlygy pes bolan peşewiň bölünip çykmagynyň sebäbi bolýandyr. Merkezi süýjüli däl diabet uzaga çeken ýagdaýynda, näsagda böwreginiň emeli goýberilýän antidiuretiki gormona duýgurlylygynyň ýitmegi ýüze çykýar. Şol sebäpli hem, keseliň bu görnüşinde ir başlanylan bejergi has netijeli bolup bilýändir.

Döreýiş sebäbi belli bolmadyk (idiopatiki) süýjüli däl diabeti

Bu keseliň ýüze çykyş halatlarynyň üçden bir bölegi näbelli sebäplere görä döräp, anyklama çäreleri gipotalamo-gipofizar ulgamynda hiç hili bozulmalary ýüze çykarmaýar.

Nefrogen (böwrek bilen bagly) süýjüli däl diabeti

Keseliň bu görnüşi böwregiň täze döremeleriniň, sowuklama hadysalarynyň täsir etmegi netijesinde ýüze çykýp biler. Ol süýjüli däl diabetiň örän seýrek duş gelýän görnüşi bolup, çagalarda esasy doga görnüşi duş gelýändir. Bu görnüşiň döremeginde antidiuretiki gormonyna täsirli böwrek reseptorlaryň doga üýtgemeginiň orny aýratyn bellenip geçilýändir.

Uly adamlarda gazanylan süýjüli däl diabet dürli sebäplere görä dörän böwrek ýetmezçiliginde, litiý saklaýan, ganda kalsiý mineralynyň mukdaryny ýokarlandyrýan derman serişdeleri bilen uzak wagt bejergi geçirilende has hem ýaýbaňlanyp biler.

SÜÝJÜLI DÄL DIABETIŇ ALAMATLARY

Süýjüli däl diabetiň esasy alamatlary buşukmagyň ýygylaşmagy (poliuriýa) we teşneligiň (polidipsiýa) peýda bolmagyndan ybaratdyr. Keseliň bu alamatlary dürli derejede ýüze çykyp bilýär. Antidiuretiki gormonyň ujypsyz ýetmezçiliginde keseliň alamatlary ol diýen aýdyň däl derejede peýda bolup bilýär. Emma onuň döremeginiň näbelli görnüşine, tersine, ýiti başlangyç häsiýetlidir.

Süýjili däl diabetiň uzak wagta çeken görnüşiniň kliniki alamatlaryna aşakdakylar degişlidir:

peşew haltanyň göwrüminiň ulalmagy;

aşgazanyň göwrüminiň ulalmagy we aşak düşmegi;

arterial gan basyşynyň pese düşmegi;

bedende suwsuzlanma alamatlarynyň ýüze çykmagy;

içege ýygrylmalarynyň güýçlenmegi.

Çagalarda bu keseliň alamatlary örän ýiti görnüşde geçip, newrologiki bozulmalara, beden gyzgynynyň birden ýokary galmagyna, tapdan düşürýän gaýtarma, peşewiň durmazlygyna we bedende suwuklyk ýetmezçiligi netijesinde döreýän koma ýagdaýa çenli ýetip bilýändir.

SÜÝJÜLI DÄL DIABET KESELINIŇ ANYKLANYLŞY

Bu keseli anyklamak çäreleriniň arasynda peşewiň umumy mukdarynyň derňewini geçirme barlagy giňden ulanylýar. Adatça adamyň bedeninden bölünip çykýan peşewiň mukdary gije-gündiziň dowamynda 3 litrden köp bolmaly däldir. Süýjüli däl diabet keseline duçar bolan näsaglaryň bölüp çykarýan peşewiniň mukdary adatdaky syndan ýokary (6-15 litra barabar) bolýar, peşewiň dykyzlygy bolsa pes bolýar.

Süýjüli däl diabedi anyklamak üçin ulanylýan barlaglaryň ýene biri gury iýmit iýmekdir (gury naharlanma). Syrkawa 8 sagadyň dowamynda suwuklyk içmekden saklanmak maslahat berilýär. Eger bu döwriň içinde näsagyň beden agramy birden ýeňlese, peşewiniň dykyzlygynyň bolsa 300 mosm/l ýokary galmadyk haladynda, näsaga "süýjüli däl diabet" kesgidi goýulýar.

Eger adam ozal diabetiň insulina bagly görnüşinden, böwregiň işiniň bozulmalaryndan, ruhy we newrologiki bozulmalardan, gipotalamo-gipofizar ulgamyň täze döremelerinden ejir çekýän bolsa süýjüli däl diabediň aýyl-saýyl ediş derňewi geçirilmeýär.

SÜÝJÜLI DÄL DIABETIŇ BEJERGISI

Keseliň esasy bejeriş usuly wazopressiniň sintetiki görnüşlerini kadaly ulanmakdan ybaratdyr. Bedende antidiuretiki gormonyň ornuny tutup bilýän derman serişdelere Desmopressin ýa-da Adiuretin degişlidir. Olar gerdejik ýa-da burna sepilýän spreý (sepme) görnüşinde çykarylýar.

Süýjüli däl diabeti bejermekde Desmopressiniň gerdejik görnüşiniň 0,4 mg mukdary günde 3-4 gezek ulanylýar. Suwuklyk görnüşdäkini burna sepmek usuly hem günde 3 gezekden az ulanylmaly däldir.

Bu keseli bejermek üçin, uzak wagt täsir etmek ukyby bolan Pitressin Tanat ýaly derman serişdeleri hem ulanylýar. Ony 3-5 gije-gündizden 1 gezek ulanma maslahat berilýär.

Süýjüli däl diabet keselini bejermek-de berhiz tutma wajyp orunlaryň birini eýeleýär. Bedende antidiuretiki gormony ýetmezçilik edýän näsaglaryň hemmesine ýygy-ýygydan naharlanyp durmak we iýmitiň düzüminde çylşyrymly uglewodlaryň (ýer almasy, gök-önümler, däne we kösükli önümler, et, hoz) mukdaryny köpeltmek maslahat berilýär.

Süýjüli däl diabetiň ýeňil görnüşinde, adaty wazopressiniň özbaşdak işläp çykmagyna itergi bermek üçin Hlorpropamid we Karbomazepin derman serişdeleri ulanylýandyr.

Gipofiz mäziniň täze döremeleri sebäpli ýüze çykan süýjüli däl diabetli näsaglara, zeperlenen ojagy aýyrmak maksady bilen hirurgiki bejergisi bellenilýär. Zerur bolan ýagdaýynda radioaktiw şöhlelenmesi hem ulanylýandyr.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele