Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Keseller barada maglumatlar Infeksiýon däl KRIPTORHIZM
( 8 Ses Berme )

Kriptorhizm (grek dil kriptos gizlin, orhis ýumurtgajyklar) – ýumurtgajyklaryň öz anatomiki ýerine düşmekliginiň bozulmasy bolup, onuň ýumurtga haltajygyndan başga ýerlerde ýerleşýän ýagdaýyna aýdylýandyr. Ol garyn boşlugynda ýa-da gasyk kanalynda ýerleşip biler.

Ondan başga-da, aşak düşmeginiň bozulmagy netijesinde öz ugruny üýtgedip we gasyk kanalyndan çykyp, ol deriniň aşagynda, butlarda, ýamyzda, gasyk süňküniň üstünde ýerleşip biler.

Ýumurtgajyklaryň öz ýerinde bolmazlygy wagty ýetip doglan çagalaryň 2-4%-de, wagtyndan öň doglan çagalaryň 15-30%-de we 1 ýaşa ýetmedik oglanjyklaryň 1%-de duş gelýändir.

Ýumurtga haltajygyna düşmedik ýumurtgajygy 60% ýagdaýlarda el bilen barlap bolýandyr. 3% ýagdaýlarda bir ýa-da iki ýumurtgajyklaryň düýbünden bolmazlygy hem duş gelip bilýändir.

Ýumurtgajyklar göwreliligiň IV aýynda garyn boşlugynda emele gelip, V aýlykda gasyk kanalynyň içki deşigine ýetýändir. Göwreliligiň VII-VIII aýynda ýumurtgajyklar eýýäm ýumurtga haltajygyna düşýändirler. Bedeniň genetiki aýratynlyklaryna baglylykda ýumurtgajyklar çaganyň 1 ýaşyna çenli öz anatomiki ýerine düşüp bilerler.  

Ýumurtgajyklaryň wagtynda ýumurtga haltajyga düşmezligi birnäçe sebäplere görä bolup bilerler:

1. Himiki maddalaryň täsiri netijesinde ýüze çykýan hromosom şikeslenmeleri ýa-da göwrelilik döwründe geçirilen wirus keselleri (dümew, gyzylja, toksoplazmoz, jyns gatnaşygy arkaly geçýän keseller).

Göwreli aýalda ýa-da düwünçekde ýüze çykýan endokrin näsazlyklar hem bu ýagdaýa uly sebäp bolup bilerler.

Kriptorhizm düwünçegiň ösüşiniň yza galmagynyň bir alamaty höküminde ýüze çykyp, ol käwagtlar dogabitdi şikeslenmeler bilen hem utgaşykda duş gelip biler: gulak ýelkenleriniň nädogry görnüşleri, giň maňlaýlylyk, döş kapasasynyň üýtgemegi, oňurganyň gyşarmagy, göbek ýa-da gasyk ingisi, kelle çanagynyň nädogry görnüşleri;

2. Wagtyndan öň bolýan dogrumlar;

3. Göwrelilik döwründe narkotiki däl agyrsyzlandyryjylaryň (aspirin, ibuprofen, parasetamol) ulanylmagy.

Geçirilen barlaglar göwrelilik döwründe şu serişdeleri ulanan aýallarda, dermanlary kabul etmedik aýallar bilen deňeşdirlende, kriptorhizmli çagalaryň dogulma töwekgelçiliginiň 16 gezege çenli ýokarlanýandygyndan güwä geçýär. Şonuň ýaly-da, göwreliligiň birinji üç aýynda estrogen serişdelerini ulanmak hem bu töwekgelçiligi ýokarlandyryp biler.

4. Köp düwünçekli göwrelilik (ekiz, üçem çaga);

5. Ene-atalaryň işindäki ýaramaz täsirler (himikatlar, pestisidler);

Kriptorhizim birnäçe görnüşde ýüze çykyp biler:

  • Hakyky kriptorhizm – bu görnüş üçin, ýumurtgajyklary el bilen ýumurtga haltajygyna süýşürip bilmezlik ýagdaýy mahsusdyr. Ýumurtgajyk garyn boşlugynda, gasyk kanalynda, üstki gasyk halkasynda, ýumurtga haltajygynyň ýokarky ýa-da ortaky böleginde ýerleşip biler.
  • Hakyky däl (ýalan) kriptorhizim – ýygy duş gelip, bu görnüşde ýumurtgajygyň ilkibaşky ýerleşýän ýagdaýyna garamazdan, ony el bilen ýerine süýşürip bolýandyr. Ýumurtgajyklary galdyrýan myşsanyň aşa dartylmagy bu görnüşe getirýän esasy sebäp bolup, çaganyň ömrüniň ilkinji aýlarynda bu myşsa ýygrylman, onuň dartylmagy 2 ýaşda ýokarlanyp, 8 ýaşa çenli şol ýagdaýda galýandyr.
  • Ýumurtgajyklaryň ektopiýasy ( ýerini üýtgetmesi) – bu görnüşde ol ýamyzda, butda, ujydyň düýbünde, gasykda ýerleşip, ony ýumurtga haltajygyna düşürip bolmaýar. Ektopiýa kriptorhizmiň 5%-ni düzýändir.
  • Ýokary galan ýumurtgajyk – käwagtlar ýumurtga haltajygyna düşen ýumurtgajyk ol ýerden tohum geçirijileriň ýeterlik ösmezligi netijesine ýokary galyp biler.

Öz wagtynda bilinmedik we bejerilmedik kriptorhizim birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler:

1. Önelgesizligiň ýüze çykmagy – kadaly erkeklik jyns öýjükleriň emele gelmegi  garyn boşlugynyň temperaturasyndan 1,5-2,5 ºС pes bolan ýumurtga haltajygynda bolup geçip biler.

Ýumurtgajyk garyn boşlugynda näçe ýokary we uzak ýerleşdigi saýy, şonça hem ol uzak ýokary temperaturanyň täsirine  sezewar bolup, önelgelilik işjeňligi hem peselýändir.

2. Erkeklik (androgen) gormonlarynyň işiniň peselmegi – oglanjykda beden agramy artyp, semizligiň ýüze çykma töwekgelçiligi ýokarlanýar.

Ikilenç jynsy alamatlaryň (jynsy agzalaryň, gasygyň gyl bilen ýeterlik örtülmezligi, murtuň we sakgalyň haýal ösmegi) doly we özwagtynda emele gelmegi bozulýar. Ýaş ulaldygyça jynsy gowşaklyk ýüze çykýar.

3. Ýumurtgajyklaryň öz ýerine düşmezligi gasyk we göbek ingisiniň emele gelmegi bilen utgaşyp biler. Inginiň ingi halkasynda gysylmagy gaýragoýulmasyz hirurgiki kömegi talap edip biler. Şonuň ýaly-da, ýumurtgajygyň towlanmagy, gasykda ýerleşen ýumurtgajygyň şikeslendirilmegi lukmançylyk kömeginiň tiz berilmegine mätäçlik döredip biler.

4. Garyn boşlugynda ýokary temperaturanyň  täsirine sezewar bolan ýumurtgajyklarda howply täze döremeler, kadaly ýerleşen ýagdaýy bilen deňeşdirlende 35 esse ýokarydyr.

Iň howply gaýraüzülme ýumurtgajyklaryň çişiniň (seminomanyň) döremegidir.

5. Wagtyň geçmegi bilen psihiki bozulmalar(ruhy gamgynlylyk, newrozlar) hem goşulyp biler.

Kriptorhizmi öz wagtynda ýüze çykarmak üçin çagany ömrüniň birinji günlerinde (hepdelerinde) barlamak hökmandyr. Barlag ýyly otagda geçirilýär. Bir eliň barmaklaryny ýumurtga haltajygynyň aşagynda goýup, ýumurtgajyklaryň süýşmeginiň öňi alynýar. Beýleki el bilen barlag geçirilýär.

Eger ýumurtgajyk ýumurtga haltasynda bolmasa,ýanbaş süňküniň ýokarky öňki gerşinden, aşak we içine gasyk tümmejigine çenli gasyk kanaly barlanýar.

Eger ol gasyk kanalynda bolsa, ony ýumurtga haltajygyna süýşürmäge ymtylýarlar. Bu hereket hakyky we ýalan kriptorhizmi seljermäge kömek edýär.

Ýumurtgajyklaryň diňe biriniň bardygyny (monorhizm) ýa-da asla ýoklugyny (anorhizm) anyklamak üçin kontrasly wazografiýa (damarlara kontrastirleýji madda goýberilip, surata düşürilýär) barlagy geçirilýär. Bu usul ektopiki kriptorhizmi hem anyklamaga kömek edýär.

Kriptorhizmiň bejergisi iki usul bilen – gormon serişdesi we hirurgiki bejergi arkaly alnyp barylýar.

Gormon serişdesi bilen bejergide horion gonadotropini ulanylyp, ol esasan hakyky däl kriptorhizmde ulanylmaga maslahat berilýändir. Gormon 4-5 hepdäniň dowamynda hepdede 2 gezek bellenilýär.

Gormon serişdäniň kadaly mukdaryny bellemek hökmandyr. Uly mukdarda ol deride meneklerin köpelmegine, ujydyň ösmegine, ýumurtga haltajygynyň ulalmagyna, erkeklik jyns mäziniň üýtgemegine getirip biler. Kadaly bellenen mukdara geçilensoň, bu alamatlaryň aýrlyp gitmegi mümkindir.

Hirurgiki bejergi çaga 1 ýaşandan soň geçirilýändir. Diňe ýumurtgajyklaryň ýokarda (garyn boşlugynda) ýerleşmegi, hirurgiki bejergini 1 ýaşdan öň geçirmäge görkezme bolup biler.

Hirurgiki bejergi orhiopeksiýa adyny alyp, ol aşakdaky çärelerden ybaratdyr:

  • Ýumurtgajygy gasykda tapyp, çykarmak;
  • Utgaşyp gelende gasyk ingisini aýyrmak;
  • Ýumurtga haltajykda ýörite döredilen "jübüjige" ýumurtgajygy getirmek;
  • "Jübiniň" içinde ýumurtgajygy berklemek.

Ýumurtgajygyň garyn boşlugynda ýa-da onuň yz tarapynda ýerleşen görnüşinde, laparoskopiýa usuly ulanylyp, ol agzany tapyp, ony ýumurtga haltajyga düşürmäge ýaramly şertleri döretmäge ýa-da ösmedik ýumurtgajygy aýyrmaga kömek edýär.

Hirurgiki bejergide hem, ýygy bolmasa-da, gaýraüzülmeler ýüze çykyp biler: gan ýygnanmalar, sowuklama ýagdaýy, aşak düşürilen ýumurtgajykda gan aýlanyşygynyň bozulmagy.

Kriptorhizmiň döremeginiň öňüni almakda ýörite çäreler toplumy ýokdur.

Geljekki göwrelilige taýynlyk görüp, dowamly ýokançlyk keselleri bejermelidir.

Düwünçegiň hemme agzalarynyň emele gelýän göwreliligiň birinji aýlarynda himiki serişdeleri bilen işlemekden (öýde abatlaýjy işleri geçirmek, iş ýeriňiziň zyýanly täsirleri) gaça durmalydyr

Bu döwürde derman serişdelerini diňe lukmanyň maslahaty bilen kabul etmek ýerlikli bolar.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 Tapyl 2014-01-07 13:24
Örân gowy maglumat.Awtora sagbolsun
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele