Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Keseller barada maglumatlar Infeksiýon däl BURUNDAN DEM ALŞYŇ KYNLAŞMAGYNYŇ SEBÄPLERI WE BEJERGISI
( 12 Ses Berme )

Ähli janly-jandaryň ýaşaýşy üçin wajyp zatlaryň biri – dem alyşdyr. Şonuň üçin hem bedeniň arkaýynçylygy, oňaýlylygy, agzalaryň dogry işlemegi dem alşyň hiline baglydyr.

Burnuň dykylmagy güýz-gyş döwürlerinde beden üçin köpdürli oňaýsyzlygy döredýän esasy meseleleriň biridir. Burnuň çylşyrymly gurluşy dem alşyň kynlaşmagyna getirip bilýändir.

Geliň, düşünmek üçin burnuň gurluşyna üns bereliň:

► Burny iki deşige bölýän burun germewi.

Esasy wezipesi dem alyş döwründe howany çyglandyrmagy ýerine ýetirýän nemli gatlak. Burun ýollarynyň üst ýüzünde ýerleşip, ýöriteleşen öýjükleriň hasabyna nem işlenip çykarylýar, ol nem bolsa burun boşlugynda hapalaryň toplanmagyndan arassalap we howany çyglandyrylyp geçirmekde uly orny eýeleýär.

Burun ýollaryndaky tüýjagazlar. Olaryň wezipesi hem burna düşýän ýokançlyklary, hapalary saklamak we aňry geçirmezlikdir.

Burun nowajyklary (rakowinasy). Üç sany burun rakowinasy bolup, aşaky, ortaky we ýokarky görnüşlere bölünýär.

Goşmaça boşluklar. Olaryň esasy wezipesi – dem alynýan howany ýylatmak. Adamda şeýle boşluklaryň dört sany jübüti ýerleşýändir (gaýmoraw, gözenek şekilli, esasy we maňlaý).

Aşaky we ortaky burun rakowinasynda ýerleşýän köwekli dokuma. Haçan-da biz sowuk howadan dem alamyzda, wena gan damaryna baý bolan köwekli dokuma çişýär we burun boşlugyny gysýar.

Burundan dem almak kynçylygy nähili sebäplere görä döreýär?

Burnuň nemli gatlagynyň çişmegi:

→ ýokarky dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri;

granulomatoz keselleri;

rinit (alawlama hadysaly, allergiýaly ýa-da damar bozulmaly);

sinusitler (gaýmorit, etmoidit) we beýleki keseller.

Anatomiýa näsazlyklary:

⇒ burun germewiniň gyşarmagy;

burun rakowinalarynyň nemli örtüginiň galyňlaşmagy (gipertrofiýasy);

burun ýollarynyň geçirijiliginiň bozulmagy (dogabitdi kemlikler);

burun boşlugyna del jisimleriň düşmegi;

boşluklaryň bitikligi.

Dokumalaryň çenden aşa ösmekligi, burun boşlugynda polipdir, adenoidli täze döremelere getirip bilýändir.

Burundan dem alyşyň kynlaşmaklygy diňe bir oňaýsyzlygy döretmän, başgada çynlakaý ýagdaýlara getirip biler:

► burundan dem almaklyk kynçylygy dörände, agzyň üsti bilen dem almaklyga mejbur bolunýar. Bu ýagdaýda öýkene düşýän howa arassalanmadyk we ýyladylmadyk bolup, bokurdakda we aşaky dem alyş ýollarynda ýokançlyklaryň döremegine getirýändir;

kislorod ýetmezçiligi döräp, bu ýagdaý beýniniň işine ýaramaz täsirini ýetirýär, kellagyrylar, baş aýlanmalar ýüze çykýar;

burnuň hemişe dykylyp durmagy eşidişiň hem peselmegine sebäpdir, bu ýagdaý eşidiş turbasynyň hem sowuklamagyna getirýär.

Anyklanylşy

Burnuň anatomiýa näsazlyklary baradaky ähli maglumatlar LOR-lukmanynyň gözegçiliginde ýüze çykarylýar (polipler, burun germewüniň gyşarylmagy we ş.m.)

Şeýle hem gerek halatynda lukmanyň başgada goşmaça barlaglary bellemekligi mümkindir – endoskopiýa, tomografiýa we rinometriýa. Burun töweregindäki boşluklary barlamak maksady bilen rentgenografiýa usuly peýdalanylýar.

Eger täze döremeler we dogabitdi kemlikler güman edilse, ýüzi kompýuter tomografiýa barlagyndan geçirmek hökmanydyr. Bulardan başga hem rinomanometriýa usuly bellidir, ýöne gynansakda bu usul hemme hassahanalarda ornaşdyrylmadykdyr. Bu usulyň kömegi bilen burundan dem almaklygyň kynçylygynyň sebäplerini anyklap, geçirilýän bejergileriň netijesine gözegçilik edip bolýar.

Bejergisi

Köp adamlar sähelçe burun dykylmalarda-da dem alşy ýeňilleşdirmek üçin hemişe damar daraldyjy damjalary ulanýarlar. Bu çykalga däldir, çünki bu serişdeleriň ýaramaz täsirleri bellidir.

Burun dykylmada damar daraldyjy damjalar ulanylyp, olar öz täsirliligi bilen tapawutlanýandyr:

1. Gysga wagtlaýyn täsir edijiler – nafozolin toparly damjalar;

2. Biraz uzak wagtlyk täsir ediji damjalar (olaryň düzüminde finilefrin saklanýar);

3. Eger damjanyň düzüminde ksilometozin saklanýan bolsa, 6-8 sagatdan köp bolmadyk wagtda ýeňil dem alşy ýola goýup bolýandyr;

4. 10 sagada çenli täsir edip biljek damjalaryň düzüminde hökmany suratda oksimetazolin saklanýar.

Damar daraldyjy damjalar ulanylanda göz öňüne tutulmaly ýagdaýlar:

► beýle damjalar bejeriş maksatly däldirler, olar diňe dem alşy ýeňilleşdirýärler;

uzak wagtlap ulanylanda endikli edip, soňundan olary taşlama kynçylygyny döredýär;

lukman gözegçiligi bolmasa beýle damjalary 5 güne çenli ulanmak mümkindir;

eger dem alyş hadysasy 5 günden kadalaşmasa, lukmana ýüz tutuň!

Beýleki kesellerde döreýän dem alşyň kynlaşmagyny bejermek usullary:

→ ýiti rinitde kömekçi çäreler – burun owkalamasy, aýaklar üçin ýyly wannalar we gyzdyrgyçlary ulanmaklyk talap edilýär;

burun boşlugyny bakteriýalardan arassalamak we nemli gatlagy çyglandyrmak üçin duzly erginler bilen burny ýuwmak.Bu ergini öý şertlerinde taýýarlamaklyk ýa-da dermanhanalardan taýýaryny almaklyk mümkindir (meselem, Akwa-LOR ýa-da Akwamaris);

nemli gatlagy ýumşatmak üçin ösümlikden taýýarlanan serişdeleri damdyrmalydyr. Adatça olar ýagly görnüşe eýe bolýandyrlar (Pinosol, erik ýagy we narpyzly damjalar);

dem alşyň kynlaşan halatynda iriňli bölünip çykmalar peýda bolsa, onda antiseptik serişdeleri kabul edilmelidir (miramistin ýa-da dioksidin);

kömekçi çäreleriň biri hökmünde efir ýaglaryndan dem almaklyk (sowuklamada örän gowy peýda berýän – ewkalipt, sosna ýa-da kedr ýaglary);

allergiýaly rinitlerde allergiýa garşy ulanylýan spreýleri peýdalanyp bolar (Allergodil, Nazoneks) şeýle hem gerdejikleri (loratadin ýa-da suprastin) içmeklik mümkindir;

burundan dem almaklygyň kynlaşmagynda fizioterapiýa çäreleri hem geçirilýär (kalsiý hloridli elektroforez).

Burnuň anatomiýa gurluşy bilen bagly näsazlyklarda we beýleki bökdençliklerde berilýän bejergi usullary:

⇒ nemli gatlagynyň gipertrofiýasynda lazer ýa-da ýörite himiki maddanyň kömegi bilen nemli gatlak ýakylýar;

septoplastika (burun germewi gyşyk halatynda hirurgiýa usuly bilen döwülýär we gönlenilýar);

wazotomiýa (köwekli dokuma çişmez ýaly onuň bir bölegi kesilýär);

polipler we adenoidler hirurgiýa usuly bilen aýrylýar.

Halk lukmançylygy

Üşelen ýagdaýlarda, şeýle hem gaýmoritde öý şertlerinde burun boşlugyny ýuwmaklyk, çaýkamaklyk geçirilýar. Ergin hökmünde propolisli (ary balyndan alynýan dermanlyk önüm), duzly we bejeriş otlardan taýýarlanan demlemeleri peýdalanylýandyr. Şeýle hem, narpyz ýagyny, zeýtun we ysmanak ýaglaryny burun boşlugyna damdyrmaklyk bilen nemli gatlagynyň gyjyndyryjylygyny peseldip bolýar.

Sarymsak şiresine ezilen tamponlar burnuň iriňli kesellerinde giňden peýdalanylýar. Öňden belli bolan usullaryň biri – gaýnadylan ýeralmaly suwuň buguna propolis we ýokançlyklara garşy serişdeleri goşup dem almaklyk oňaýly netije berýändir.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 Okyjy. 2017-05-22 23:20
Bizde türkmenlerde keselleriň köpüsi aşgazan we aýagyň üsti bilen ýolukýar ahyryn. Aýagyňy ýyly saklamak, aýratyn hem burnuň dykylyp dursa, aýagyňy ýyly suwda saklamak, ýagny wanna etmek, onsoňam burnuňa halk lukmançylygyň ündeýän sarymsak, sogan şiresini, bejergi otlardan erginleri damdyrmak gowy netijeleri berýär. Dermanhanada bolan dermanlara burnuň nemli bardasy çalt öwrenişip, olaryň ulanmagyny irginsizlige öwürýär.
Sitata
 
 
#2 BegencMKR 2017-05-17 21:38
Salam hormatly saglyk infonyn agzybir kallektibi. Menin size bir soragym bar. Gudizlerne , koplenc gijelerne ayaklarym silkyar yagny zynyar sebabi namedenka. Ukuda wagtym bimaza edyar.
Sitata
 
 
#1 GARSAK 2017-05-17 21:21
Minnetdarlygymy bildiryan saglyk infonyn agzybir kallektibi.(BEGENC GARLY ZNAK)
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele