Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Keseller barada maglumatlar Infeksiýon däl AÝAGYŇ TROMBOFLEBIT KESELI: SEBÄPLERI, ALAMATLARY, GAÝRAÜZÜLMELERI, BEJERGISI WE ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI
( 19 Ses Berme )

Tromboflebit keseli näme?

Damaryň içki diwarynyň gaýnaglamagy we şonuň netijesinde diwarda trombyň (gan lagtasy) emele gelmegine – tromboflebit diýilýär. Köplenç tromboflebit aýaklarda duş gelse-de, aýratyn ýagdaýlarda ol ellerde, döş kapasa wenalarynda we boýun wenalarynda hem emele gelip bilýär. Damaryň diwarynda tromb emele gelmän gaýnaglama hadysasy dörände flebit barada aýdylýandyr.

Tromboflebit keseliniň döremeginiň sebäpleri nähili?

► Ýerli we umumy gaýnaglama hadysasynyň döremegi;

Damaryň içinde ganyň saklanmagyna getirýän damarlardaky gan akymynyň tizliginiň peselmegi (meselem, warikoz keseli);

Trombyň emele gelmeginiň nesilden-nesle geçýän we gazanylan keseller bilen bagly bolmagy (koagulopatiýalar, trombofiliýa ýagdaýlary);

Damaryň diwarynyň zeperlenmegi (kähalatlarda damara kateter goýlandan soň hem ýüze çykyp bilýär).

Ýokarda agzalyp geçilenleriň hemmesi tromboflebit keseliniň döremeginiň esasy sebäpleri bolup durýar.

Tromboflebit keseliniň esasy alamatlary:

Dörän ýerinde agyrynyň döremegi;

Aýakda ýerli çişiň emele gelmegi;

Beden gyzgynynyň ýokarlanmagy;

Zeperlenen damaryň ugry boýunça gyzarmalaryň we dykyzlanmalaryň emele gelmegi.

Tromboflebit keselinde näsag ýokarda görkezilen alamatlaryň birnäçe günüň dowamynda gaýtalanmagyna arz edýär. Haçanda çiş we agyry has aýdyň bildirip, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, demgysma, tutgaýly üsgürme ýa-da onuň döşdäki agyrylar bilen bilelikde ýüze çykan ýagdaýynda gijä galman tiz lukmançylyk kömegini çagyrmalydyr. Sebäbi bu ýagdaýda çuň ýerleşen damarlaryň trombozy bolup geçýär we islendik wagt trombyň gopup, öýken wenalaryna tarap hereket edip başlamagy mümkindir.

TROMBOFLEBIT KESELINIŇ BEJERILIŞ ÇÄRELERI

Ýüzleý wena damarlaryň tromboflebit keseliniň bejerilşi

Ýüzleý wena damarlaryň tromboflebit keselini lukmanyň gözegçiliginde ambulator şertlerde hem geçirip bolýandyr. Maslahat berlen derman serişdelere esasan şular degişli bolýar:

1. Gaýnaglama garşy serişdeler (steroid däl gaýnaglama garşy serişdeler Nimesil, Ibuprofen, Diklofenak we ş.m.)

2. Ýerli bejergiler (kompress, çalgylar, melhemler)

3. Kompressiýa – gysma arkaly geçirilýän bejergi çäreler (elastiki daňylar, gysýan trikotaž we ş.m.)

4. Flebotoniki serişdeler (Detraleks, Antistaks, Wazoket we ş.m.)

Ýüzleý wena damarlaryň tromboflebit keselinde näsag lukmanyň beren maslahatyny doly we dürs ýerine ýetirse, hassahanada ýatyp bejergi almak zerurlygy aýrylýar we tiz wagtyň dowamynda sagalma bolýar.

Çuň ýerleşen wena damarlarynyň trombozynyň bejergisi

1. Derman serişdeler bilen bejergi.

Gany suwuklandyryjy serişdeleriň bellenilmegi – antikoagulýant derman serişdeleri (geparin ýa-da şoňa meňzeş täsirli serişdeler – kleksan, fraksiparin, fragmin). Geparin bilen bejergi tamamlanandan soň antikoagulýant derman serişdesiniň gerdejik görnüşini ulanyp başlamaly. Antikoagulýant derman serişdesi gany suwuklandyryp, trombyň göwrüminiň ulalmagyny togtadýar we täze tromblaryň emele gelmeginiň öňüni alýar.

2. Kompression bejergi.

Elastiki daňylaryň we ýörite gysyjy trikotažlaryň ulanylmagy çuň damarlardaky trombyň emele gelmeginiň öňüni almakda iň esasy çäreleriň biri bolup durýar. Şonuň üçin size degişli bolan görnüşini saýlap almak üçin lukman bilen maslahatlaşmagyňyz zerurdyr.

3. Kawa – süzgüç ornaşdyrmak.

Käbir ýagdaýlarda, gany suwardyjy serişdeleri ulanmaga garşy görkezme dörände, ýa-da bu serişdeleriň ulanylmagy hiç hili täsir görkezmese, kawa – süzgüç enjamy ýogyn damarlaryň içine ornaşdyrylýar. Bu enjam implantasiýa ýoly bilen ýerli narkozyň astynda ornaşdyrylyp, gopan trombyň öýken damarlaryny baryp dykmak howpundan goraýar. Enjam 3-4 hepde, kähalatlarda hemişelik dakylyp biler.

4. Hirurgiki bejergi.

Trombektomiýa, damar angioplastikasy we damara şunt goýmak usullary degişlidir.

Tromb damaryň içinde has köp mukdarda ýygnanan ýagdaýynda hirurgiki bejergi çäreleri ulanylýar. Hirurgiki usul bilen ol ýygnanan trombyň bölekleri damar kesip çykarylýar. Uzak wagtlap dykylyp duran tromby aýyrmak üçin ýörite şunt ýa-da stent goýmak usuly hem ulanylýar.

5. Trombolizis (tromby eretmek).

Tromby eretmek üçin ulanylýan ýörite serişdeler – trombolitikler (urokinaza, aktiliz we ş.m.) ulanylýar. Emma bu serişdeler keseliň başlangyç döwründe ulanylýar.

Tromboflebit keselinde saklamaly berhiz

Berhiz gök-önüm we miweleri, iri süýümli önümleri, hoz, ýokary hilli bitewi däneli çörek ýaly önümleri ulanmagy öz içine alýar. Bulardan başga, damar kesellerinde aşakdaky ösümlikler hem ulanylýar:

Gingko biloba;

Zenjebil;

Gyzyl burç;

Pişikdyrnagyň (walerýana) köki;

Sarymsak;

Ýemşeniň miwesi.

Iýmit goşundylary we witaminler:

⇒ Witaminler C, A, E we B6;

Zygyr ýagy;

Magniý we kalsiý minerallary.

Tromboflebit keselli näsaglaryň ýaşaýyş durmuş şertlerine üýtgeşme girizmek barada maslahatlar:

Dynç alyş we uklama döwründe aýaklary bedenden ýokary galdyrmaly;

Uzak wagtlap gymyldysyz oturma ýa-da durmak ýagdaýlaryndan saklanmaly;

Agyr fiziki zähmeti çäklendirmeli;

Bedeni uzak wagt gyzzyrmadan we guraklykdan gaça durmaly (meselem, hammamda uzak wagt bolmak)

Degişli gysyjy häsiýetli trikotažy geýmek;

Elmydama fiziki işjeň ýagdaýda bolmaly – pyýada gezelenç etmek, suwda ýüzmek, tigir sürmek;

► Aýaga rahat, ortopediki köwüşleri saýlap geýmek.

Awtor: Emir Aliýew

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele