Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Keseller barada maglumatlar Infeksiýon däl AÝAKLARYŇ AGYRMAGYNYŇ WE GURŞMAGYNYŇ SEBÄPLERI WE BEJERGISI
( 11 Ses Berme )

Adam aýagy bedende esasy mehaniki hereketi ýerine ýetirýän agzalaryň iň esasylarynyň biridir. Her günde aýaklarymyzyň bu mehanizmi amala aşyryp uly agramlara sezewar bolýandygy üçin, olara yzygiderli dogry ideg edilmelidir.

Durmuşyň häzirki zaman talaplary sebäpli uzak gün aýak üstünde gezilip, hat-da olara ideg etmeklige wagtymyzyň tapylmaýan pursatlary hem az bolmaýar. Köplenç bolsa aýaklarda döreýän agyrylara kän üns hem bermeýäris. Aýaklar diňe bir ýadawlyk sebäpli agyrýan bolsa, onda dynç alnandan soň agyrylaryň aýryljagy ikuçsyz bolsa hem, bu ýagdaý käte çynlakaý bir keseliň başlangyjy, alamaty hem bolup bilýändir.

Aýagyň agyrmagynyň sebäpleri

Aýaklaryň agyrmagyna ýadawlykdan başga-da aşakdaky keseller sebäp bolup biler:

1. Ýasydabanlyk. Häzir ýasydabanlyk keseliniň dürli derejelerine her ikinji adamda duşmak bolýar. Eger siz ýöräňizde çalt ýadap, günüň ahyrynda dabanyňyz agyrýan bolsa we topuklarda çiş emele gelse, onda onuň ýasydabanlykdan döreýändiginiň ähtimallygy ýokarydyr. Eger ýasydabanlygyň agyr görnüşleri bolup, ol uzak dowam etse, onda diňe bir dabanlar däl-de buduň, çanaklyk süňkleriniň, oňurgalaryň hem agyrmagy ýaly alamatlar ýüze çykyp bilýändir. Şonuň üçin hem, çagalarda we ulularda ýasydabanlygyň öňüni almak, aýaklarda dörejek agyrylary hem aradan aýryp biler. Keseliň derejelerine görä, ortoped lukmanlar ýörite bejergini, ortopediki köwüşleri we petekleri geýmekligi belleýärler. Has agyr derejelerde hirurgiýa bejergileri berilýär. Sizde ýasydabanlygyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin öz köwşüňize serediň. Eger köwşüňiz iç tarapa gyşaran bolsa, onda ortoped lukmanyna görüniň.

2. Wenalaryň warikoz giňelmegi. Adamda warikoz keseli emele gelende, aýakda wena gan aýlanşygy bozulýar, netijede periferiýadaky myşsalar we nerwler ýeterlik mukdarda kislorody alyp bilmeýärler. Şeýle hem, olarda madda çalşygyndaky gerekmejek artykmaç önümler toplanýarlar. Bu maddalar nerwleri gyjyndyryp, aýakda agyrynyň döremegine sebäp bolýarlar.

Warikozda "çekiji" agyry bolup, iş günüň ahyrynda güýçlenip ugraýar. Näsag agşam aýagynyň çişýändigine we agyra arz edýär. Näsagda aýagyny ýokary göterip ýatmak islegi döreýär. Eger şeýle edilende agyry alamatlary peselse, onda onuň warikozdygy gaty ähtimaldyr.

3. Osteoporoz. Osteoporozdan köp halatlarda uly ýaşly aýallar ejir çekýärler we ony aýal keseli hasaplaýarlar. Osteoporozyň sebäbi – bedende kalsiý mineralynyň ýetmezçiligidir. Aýaklarda damar çekmeler, bogunlarda we injik myşsalarda güýçli agyrylaryň peýda bolmagy ýaly alamatlar dörän bolsa lukmana ýüz tutmalydyr. Osteoporozy anyklamak üçin densitometriýa (süňk dokumasynyň dykyzlygyny kesgitleme) barlagy bellenilýär. Görkezmelere laýyklykda kalsiý we witamin D saklaýan serişdeler kabul edilmelidir.

4. Artrit. Artritde agyry irden bogunlarda ýüze çykyp, käwagt güýçlenme, käwagtlar bolsa gowşama häsiýetlidir. Artritiň sebäpleriniň biri, bogunlary zeperleýji ýokançlyklaryň bedene düşmegidir. Köplenç zeperlenen bogun gyzaryp, çişip, sähelçe hereketde-de güýçli agyryny döredýär. Artrit köp görnüşli bolup, daban, dyz bogunlaryny köplenç guragyryly artrit zeperleýär. Bogunlaryň rentgen barlagy we ganyň barlaglaryndan soňra artit keseli anyklanylýar we rewmatolog lukmany tarapyndan bejerilýär.

5. Endarteriit. Endarteriit – arteriýa gan damarynyň içki gatlagynyň sowuklama ýagdaýydyr. Agyry alamaty bu keselde hereket wagtynda, injikde we dabanda peýda bolýar. Käwagt aýagyň gurşmagy hem bolup geçýär. Endarteriitde agyry hemişe döremeýär: durlanda agyry peselip, hereket edilende güýçlenýändir. Keseli doly anyklamak üçin damar keselleri hirurgyna ýüz tutup, barlaglardan soň (gan barlaglary, angiografiýa, MRT, USB) degişli bejergini almalydyr.

6. Osteohondroz we oňurga ingisi. Osteohondroz ýagdaýy we bil oňurgasyndaky ingileriň nerw köklerini gysmagy netijesinde aýakda agyry döreýär. Bilden aýaga tarap ýaýraýan agyryny beýleki agyrylardan tapawutlandyrmak mümkindir:agyry aýagyň daş tarapy bilen gidip, hereketde çalt güýçlenýär. Eger agyry awuşamak bilen aýagyň üşemegi, sançmak we gurşmak ýaly alamatlary bilen bile gelse, onda sebäbini oňurgadan gözläbermelidir. Beýle ýagdaýda sebäbi anyklamak üçin newropatolog, neýrohirurg lukmanlaryna ýüz tutmak wajypdyr.

7. Süýji keseli. Süýji keselinde aýaklarda agyry, çişginlilik, sançmaklyk we gurşmak ýaly alamatlar ýygy duş gelýändir. Injik derisi gury we sypyrylmana ukyply bolýar. Süýji keselinde aýakda agyrylar bilen birlikde güýçli suwsamaklyk we umumy gowşaklyk ýüze çykýar. Süýji keseliniň bejergisi endokrinolog lukmany tarapyndan, ganda glýukozanyň derejesi kesgitlenenden soň bellenilýär.

8. Miozitler. Has güýçli agyrylar myşsalaryň sowuklamagynda peýda bolup bilýändir. Miozitler hemişe lukmanyň gözegçiliginde bolmagy talap edýän keselleriň biridir.

9. Şikesler. Käbir ýagdaýlarda aýaklardaky agyry geçirilen şikeslerden soň (çat açma, döwülme, çykyk, baglaýjylaryň üzülmegi we ş. m.) döräp bilýändir.

Bellik! Aşakdaky alamatlar dörände lukmana ýüz tutmalydyr:

► üç günläp aýrylmaýan duýdansyz dörän agyrylar;

aýaklar gurşýar, sowaýar we gowşaýar;

agyry aýagyň ýokarky we aşaky böleklerine ýaýranda;

deri gögerip çişende;

şikesden soňra güýli çiş peýda bolanda.

Aýakdaky agyrylaryň bejergisi

Alamatlara görä bejergi. Biz islendik agyry peýda bolanyndan alamatlary aýyrmak üçin bejergini alýarys. Edil şolar ýaly hem aýaklardaky agyry üçin şeýle bejergini belläp bolýandyr:

→ oňurga ingilerinde döreýän agyrylary aýyrmak üçin, lukman oňurga agyrsyzlandyryjy (nowokain, lidokain we baş.) serişdeleri göýberýär we duýujylygy togtadýar. Ondan başga-da, agyrsyzlandyryjylary gerdejik ýa-da sanjym görnüşinde kabul etmek bolar.

sowuklama garşy steroid däl serişdeleri (diklofenak, ibuprofen) ulanmak. Bu serişdeleriň melhem, krem görnüşlerini agyrýan ýere ulanmak bolar. Gyzdyryjy serişdeleri saklaýan melhemleri, gelleri peýdalanmak hem oňaýly täsir edip biler.

hassahananyň çäginde lukman miorelaksantlary belläp biler we bu serişdeler myşsalaryň ýygrylmalary güýçli bolanda peýdaly bolup bilýändir.

Periferiýa gan aýlanşygyny gowlandyrýan serişdeler (aktowegin, kawinton we baş.) zeperlenen ýerde gan aýlanşygyny ýokarlandyryp, ol ýerde madda çalşygy netijesinde toplanýan we agyry alamatyny döredýän maddalary aradan aýyrýar, meselem, süýt turşysyny.

Manual (el bilen täsir etme) bejergisi – aýaklarda agyryny aýyrmakda esasy orny eýeleýär. Çuň manual täsir etmeler nerw süýümlerini gowşadýar, myşsalaryň ýygrylmagyny peseldýär, myşsa dartgynlygyny aýyrýar. Bejergi maşklary, fiziobejergiler we beýleki usullar bilen bile geçirilýän manual täsir etmeler bejerginiň netijeliligini ýokarlandyrýar we myşsalary berkidýär.

Aýaklaryň gurşmagy

Aýaklaryň gurşmagy – duýujylygy ýitirmek ýa-da aýaklarda wagtal-wagtal sançma, deriň jümşüldemegi, awuşamagy ýaly wagtlaýyn ýa-da uzak wagtlyk alamatlaryň peýda bolmagydyr.

Aýaklaryň gurşmagynyň sebäpleri

⇒ Aýak gurşmagynyň sebäpleriniň hemmesi hem, aýaklaryň gan aýlanşygy we nerw dolandyrylşygynyň näsazlyklary bilen baglanşyklydyr. Köp halatlarda oňurga sütüniniň aşaky böleklerinde (bilde, türrede) döreýän näsazlyklara bagly bolýar. Bu ýagdaýda oňurga kanalyndan çykýan nerw süýümleriň gysylmagy bolup geçýär, netijede agyry ýa-da gurşmaklyk ýüze çykýar.

Osteofitler bilen gysylmaklyk – oňurga bedeninde ösýän süňk ösüntgiler. Oňurga ýiliginiň bardasy we nerw dokumalarynyň özüniň gyjyndyrylmagy netijesinde, dürli newrologiki alamatlar bilen birlikde aýagyň gurşmagy hem döräp bilýändir.

Aýak gurşmagynyň beýleki sebäpleri:

► Oňurgada, periferiýa nerwlerde we beýleki gan we nerw damarlarynyň gysylmagyna getirjek täze döreme çiş keselleri;

Oňurga inçekeseli;

Süýji keseli we beýleki nerw dokumasynyň näzarlygyna getirýän madda çalşygynyň bozulmalary;

Poliartrit, arteriit, flebit, artritler;

Reýno keseli;

Gan we nerw damarlarynyň sklerozly üýtgemeleri.

Näsag barlagdan geçirilende ilkinji nobatda ýaşaýyş üçin howply bolan merkezi nerw ulgamynyň ýiti keselleri we damarlaryň geçirijiliginiň bozulmalary bolan trombozdyr, tromboemboliýa ýagdaýlary aradan aýrylmalydyr. Anyklaýyş maksatlary bilen häzirki zaman usullar – oňurgalaryň rentgen, MRT, KT, damarlaryň – dopplerografiýa, elektroensefalografiýa, elektromiografiýa ýaly barlaglary geçirilýär.

Aýaklaryň gurşmagynyň bejergisi

Aýaklaryň gurşmagynyň bejergisini, ýokarda belläp geçilen aýak agyrylaryň sebäbine meňzeşlikde, ony döredýän sebäpleri aradan aýyrmakdan başlamalydyr. Şeýlelikde, oňurga inçekeseli ýörite bellenilen antibiotikler we himiýa serişdeleri bilen bejerilip, kesel döredijini ýok etmeklige ugrukdyrylandyr. Çiş keselleri bolsa uzak wagtlyk şöhle we himiýa bejergisini talap edip, gerek halatynda hirurgiki çäreler geçirilýär.

Oňurga kesellerinde (osteohondroz, skolioz, ingiler we ş. m.) we olaryň gaýry üzülmelerinde, aýakda döreýän agyrylara bellenilýän bejergilere meňzeş bejergini belleýärler, çünki bu iki alamat biri-biri bilen aýrylmaz baglanşyklydyr.

Dermanly bejergi – sowuklama garşy steroid däl serişdeleri, gerek halatynda steroidly serişdeleri hem belleýärler. Görkezmä baglylykda agyrsyzlandyryjylar, miorelaksantlar, hondroprotektorlar, witaminler, minerallar, gan aýlanşygy gowlandyrýan serişdeler bellenilýär.

Manual terapiýa – myşsa dartgynlygyny aýyrmak, bogunlaryň işjeňligini dikeltmek, nerwleri we gan damarlary dartgyn ýagdaýdan gowşatmak üçn bellenilýär.

Bejergi maşklary – aýaklaryň gan aýlanşygyny dikeltmekde uly ýardam berip, myşsalary berkidýar we näsazlygyň geljekde ýüze çykmagyny peseldýär.

Fizioterapiýa – mikrotoklar, ultrases, pesgeçirijili lazer şöhleleri, magnit terapiýasy, elektroforez, fonoforez we beýleki köp sanly usullar – dokumalaryň gan aýlanşygyny ýokarlandyryp we kislorod üpjünçiligini gowlandyryp dokumalaryň dikeldilmegine kömek berýär.

Gündogar lukmançylygy – girudoterapiýa (sülükli bejergi), iňňe goýma bilen bejergi, daşly bejergi zeperlenen ýeriň iýmitlenşini gowlaşdyrýar we öz tijendiriji täsirini ýetirýär.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele