Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Keseller barada maglumatlar Infeksiýon däl TROFIKI BAŞ KESELI: SEBÄPLERI, BEJERGISI
( 14 Ses Berme )

Trofiki baş keseli aýratyn bir kesel hökmünde seredilmän, ol öz içine birnäçe keseliň alamatlar toplumyny jemleýändir. Trofiki başlar baradaky maglumatlar biziň döwrümize gadymy Müsür döwletiniň tebiplerinden ýetip gelip, bu kesel adamzada gadym döwürlerden bäri belli bolupdyr. Häzirki wagtda dünýäde 2 mln. gowrak adam aýaklarda dörän trofiki baş keselinden ejir çekýändir.

Trofiki başlaryň emele gelmeginiň sebäpleri

Aýaklarda gan we limfa damarlarynyň ýetmezçiligi netijesinde dokumalaryň iýmitlenmeginiň bozulmalary trofiki (iýmitlenme) başlaryň emele gelmegine getirip biler.

Trofiki başlaryň emele gelmegine damarlardaky ganyň aýlanşygynyň bozulmalaryndan başga, bedende alyş-çalyş hadysalaryň, nerw duýujylygynyň bozulmagy we deriniň dürli şikeslenmeleri sebäp bolup biler

Trofiki başlaryň döremegine getirýän keseller:

► Arterial gan aýlanşygyň bozulmalary;

Aýaklaryň warikoz keseli (iň ýygy duş gelýän sebäp);

Gan basyşyň ýokarlanmagy;

Tromboflebit keseli;

Deriniň dürli sebäplere görä zeperlenmegi;

Süýjüli diabet;

Nerw üpjünçiligiň bozulmagy.

Trofiki baş keseliniň alamatlary

Trofiki başlaryň görnüşi, döreýän ýerleri, göşmaça ýaramaz alamatlar bilen utgaşma häsiýeti olaryň döremegine getiren kesele baglylykda dürli-dürlidir.

Esasy arteriýalaryň ateroskleroz zeperlenmesi netijesinde injigiň dokumalarynyň gan ýetmezçiligi sebäpli aterosklerotiki trofiki başlar döreýändir. Şeýle başlar dabanyň iç ýüzünde we aşagynda, uly barmakda, ökjede ýerleşip, ýarym tegelek görnüşde, uly bolmadyk ölçegdedir, başyň ýüzi iriňli nem bilen örtülendir. Aterosklerotiki başlar esasan gartaşan adamlarda duş gelip, ol basgançakdan münende döreýän kynçylyk we agsama alamaty bilen utgaşýandyr. Aýaklar hemişe sowuk bolup, gijeler agyrýarlar. Eger şu tapgyrda bejergi başlanmasa, onda bütin dabana ýaýraýan başlar döreýärler.

Aýaklaryň wena gan damarlarynyň ýetmezçiligi (aýagyň warikoz keseliniň gaýraüzülmesi höküminde hem) netijesinde emele gelýän başlaryň döremeginiň öňsyrasynda aşakdaky alamatlar peýda bolýar:

→ Baldyrda çişginliligiň, agyrlygyň döremegi;

Gije damar çekmeler ýüze çykýar;

Injigiň derisi "gijäp" başlaýar, onuň ýüzünde giňelen wenalardan ybarat "torjagaz" peýda bolýar:

Ýuwaş-ýuwaşdan wenalar birleşip, soňundan melewşe reňke öwrülýän goýy gyzyl reňkli tegmilleri emele getirýärler;

Keseliň ýaýbaňlanmagy netijesinde deri galňap, ýalpyldaýar.

Eger şu tapgyrda bejergi başlanmasa, onda uly bolmadyk baş emele gelýär. Ilki bilen ol derini, soň ökje siňirini, baldyr myşsasyny, uly injik süňküniň daşky gatlagyny zeperleýär. Dogry bellenmedik bejergi ýa-da gijikdirilen bejergi netijesinde beze keseli, iriňli tromboflebit, limfa düwünleriniň alawlamagy ýaly gaýraüzülmeler döräp biler.

Gan basyşynyň ýokarlanmagy netijesinde döreýän trofiki başlar (Martorellanyň başlary) seýrek duş gelip, gan basyşynyň dowamly ýokarlanmagy netijesinde kiçi gan damarlarynyň diwarlarynyň gatamagy hem-de olaryň gysylmagy sebäpli ýüze çykýar. Köplenç 40 ýaşdan soň, aýallarda duş gelýär. Keseliň başlanmagy kiçi düwünçejigiň ýa-da biraz agyryly gyzylymtyl-gök reňkli ýerleriň döremegi bilen häsiýetlenýär. Gan basyşyň ýokarlanmagy bilen döreýän başlaryň bir aýratynlygy – zeperlenmeleriň iki tarapda hem döremegidir: başlar iki injigiň daş ýüzüniň ortasynda ýerleşýärler. Başlaryň döremegi gije-gündiz gowşamaýan agyrylary döredip biler.

Süýjüli diabetde dokumalaryň iýmitlenmeginiň (diabetiki angiopatiýa) we alyş-çalyş hadysalaryň bozulmagy netijesinde trofiki başlar ýüze çykýar. Näsaglaryň ýaralarynyň töwereginde agyry bolmaýar, sebäbi ol ýerdäki nerw dokumalary ölen ýagdaýda bolýar. Aýaklarda gije döreýän agyrylar ýüze çykýar. Alamatlary arteriýa gan aýlanşygyň bozulmagy netijesinde döreýän trofiki başlara meňzeş bolýar, ýöne bir tapawudy – agsama bolmaýar. Başlar esasan aýagyň uly barmagynda döräp, ol uly ölçegde we çuň häsiýetli bolýar. Diabetiki trofiki başlar, başga görnüşler bilen deňeşdirlende, ýokançlyklaryň täsirine duýgur bolup, bu gaýraüzülme aýagyň dokumalarynyň çüýremegine we aýagyň amputasiýasyna (aýrylmagyna) getirip biler.

Dokumalaryň we damarlaryň nerw geçirijiliginiň bozulmagy zerarly ýüze çykýan trofiki başlar beýniniň we oňurganyň şikeslerinde döreýär. Şeýle başlaryň şikeslendirýän ýerleri – ökjäniň gapdal tarapy ýa-da ökje tümmegi tarapyndan ökjäniň aşagydyr. Başlar çuň krater görnüşde bolup, onuň düýbi süňkden, siňirden ýa-da myşsadan ybaratdyr. Başyň ýerleşen ýeriniň töweregi öz duýujylygyny ýitirýändir.

Trofiki başlaryň bejergisi

Aýaklaryň trofiki başlarynyň bejergisi her näsag üçin dürli bolup, bu olaryň sebäpleriniň köpdürliligi bilen düşündirilýändir. Başlary hirurgiki usul bilen, şeýle hem derman serişdeleriniň kömegi bilen bejerip bolýar. Başlaryň ýagdaýyna görä bejergi usullaryň dürli utgaşmalary ulanylýar.

Hirurgiki usullar

⇒ Wakuum bejergisi – poliuretandan ybarat özenli sargylary ulanyp, pes otrisatel basyş bilen bejermekdir. Bu usul ýaralardan iriňli bölünip çykmalary çalt we netijeli aýyrmaga, başlaryň ölçeglerini kiçeltmäge, olaryň daşyndaky çişginliligi aýyrmaga, dokumalarda gan aýlanşygy gowlandyryp, dikeldilme hadysalaryny çaltlaşdyrmaga kömek berýär. Wakkum bejergisi ýaranyň içinde ýokançlyklar üçin bökdençlik bolup durýan çygly gurşawy döredýändir.

Trofiki başlaryň käbir görnüşlerinde kateter goýma usuly hem ulanylýandyr.

Nerw üpjünçiliginiň pesligi bilen döreýän başlaryň bejergisinde "wirtual amputasiýa" usuly giňden ulanylýandyr. Bu usulyň esasy manysy, dabanyň anatomiki bütewliligini bozmazdan, daraklyk-barmaklar bognuny we daraklyk süňküni kesip aýyrmakdyr. Şeýle usulyň kömegi bilen artykmaç basyş aradan aýrylyp, süňkli ýokançlyk ojaklary ýok edilýändir.

Derman serişdeleri bilen bejergi

Derman serişdeleri bilen bejergi hirurgiki bejerginiň öňünden geçirilýän taýynlaýjy çäreler bolup hyzmat edýär. Ýöne geçişi boýunça orta we ýeňil derejeli başlarda derman bilen bejergi esasy usul höküminde hem ulanylyp bilner. Ýaralaryň ýagdaýyna görä, derman bilen bejergi birnäçe tapgyrlara bölünip biler.

 Başlaryň suwjarmagy bilen geçýän ilkinji tapgyrda bejergi aşakdaky dermanlardan düzülýär:

♦  Giň gerimli antibiotik serişdeleri;

♦  Steroid däl alawlama garşy serişdeler (ketoprofen, diklofenak);

♦  Gany suwuklandyryjy serişdeler (pentoksifellin, peopoluglýukin);

♦  Allergiki täsirlilige garşy serişdeler: tawegil, suprastin.

Ýerli bejergi bu tapgyrda başy ölen dokumalardan we ýokançlyklardan arassalama gönükdirilen bolup, aşakdaky çärelerden ybaratdyr:

•  Antiseptik serişdeler bilen ýarany ýuwma: marganes turşylygy, furasilin, hlorgeksidin;

•  Bejeriş melhemleri (dioksikol, lewomekol, streptolawen, iruksol) bilen sargy goýmak.

Ýara arassalanyp, bitişme döwri başlanandan soň, ýarany bitiriji melhemler – aktowegin, solkoseril, ebermin ulanylýar. Bu tapgyrda ýarany ýapmak üçin swiderm, geşispon, algipor, allewin serişdeleri giňden ulanylýar.

Ýaralaryň bitişme döwründe, bejerginiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen enjamly fiziki emleri usullary üstünlikli ulanylýar: pes ýygylykly ultrases kawitasiýasy, lazer bejergisi, magnit bejergisi, ultramelewşe şöhlelendirme, ozon we azot bilen bejergi.

Şeýle hem, bejerginiň hemme tapgyrlarynda elastiki, kompression (basyjy) lukmançylyk trikotažyny (jorap görnüşde) geýmek maslahat berilýär. Basyjy trikotaž önümleri çişginliligi aýyrýar, wenalaryň göwrümini kiçeldýär, aýaklaryň gan we limfa aýlanşygyny gowlandyrýar.

Trofiki başlaryň çylşyrymly görnüşleriniň bejergisi

Kähalatlarda ýaralar uly ölçeglerde bolup, geçirilýän bejergi çäreleri netijesiz bolýar. Ýara açyk galyp, näsaga ezýetleri berýär. Köplenç şeýle zeperlenme wena damarlarynyň ýetmezçiliginde duş gelýär. Şeýle ýagdaýlarda ýanbaşdan ýa-da butdan alnan deriniň oturdylmagy geçirilýär. Oturdylan deri bölekleri bitişip, ýaranyň töwereginde dikeldilme hadysalaryny tijendirýärler.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 gozel 2016-12-18 00:38
8 yyl mundan on burnumdan et aldylar. shu wagtlar dine yatamda burnum dykylyar dem almak kynlashyar. Etin yene doran bolmagy mumkinmi
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele