Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Keseller barada maglumatlar Infeksiýon däl GÖBEK INGISI: SEBÄPLERI, ÇAGALARDA WE ULULARDA BEJERILIŞ AÝRATYNLYKLARY
( 21 Ses Berme )

Göbek ingisi – göbek halkasynyň gowşaklygy we giňelmegi sebäpli, ondan garyn boşlugynyň agzalarynyň (içegeler, içýag, garnyň ýylmanak bardasynyň) çykyp bilmeginiň kadasyz ýagdaýydyr.

Çagalarda döreýän göbek ingisi

Çaga göbek ingisi göbek bagy gaçandan soň göbek halkasynyň ýapylmagynyň saklanmagy ýa-da ol ýeriň garyn fassiýasy bilen doly ýapylmazlygy netijesinde döreýär. Çagalarda döreýän ingileriň 4%-10% aralygyny göbek ingisi tutup, ol köplenç gyzjagazlarda ýüze çykýar. Ýaýran düşünjelere görä, üsgürme, çaganyň uzak we gaty aglamagy, içegelerde howanyň toplanmagy, gaýtarma hem göbekde inginiň döremeginiň sebäbi bolup bilýär diýip hasaplaýarlar. Bu sanalan ýagdaýlar diňe bar bolan anatomiki ýetmezçiligiň ýüze çykmagyna itergi berýän sebäpler bolup, inginiň döremeginiň ilkinji sebäpleri höküminde bellenilip bilinmeýär.

Alamatlary

Göbek ingisi tegelek ýa-da süýrümtik çiş görnüşinde ýüze çykýar. Haçan-da çaga arkan ýatan ýagdaýynda göbek ingisini ýeňillik bilen düzedip, göbek halkasyny elläp bolýar. Eger inginiň göwrümi uly bolsa, onuň üstündäki deri örtügi süýnýär we ýukalýar.

Çagada inginiň duýulmagy göbek halkasynyň ýagdaýyna bagly bolýar. Göbek halkasynyň giňän ýagdaýynda, çaga sähelçe birahat bolan halatynda hem ingi çişi ýüze çykýar we eliň bilen basaňda ýeňillik bilen, agyry döretmezden önki ýerine barýar. Göbek halkasy juda kiçi we gyralary dartgynly bolan halatynda çaganyň bimaza bolmagyna sebäp döräp biler.

Göbek ingisiniň bejergisi onuň ululygyna we çaganyň ýaşyna bagly bolýar. Bejergi dogry geçirlende, kiçi çagalarda 60-70% ýagdaýlarda 2-3 ýaşa çenli sagalmanyň gazanylmagy syn edilýär. Köp çaga hirurglary göbek halkasynyň giňligi 0,5-0,7 sm. uly bolmasa, ingi çişi kiçi bolup, ýerine aňsatlyk bilen salynýan bolsa, "Göbek ingisi" kesel kesgidini goýman, netijäni "Göbek halkasynyň giňemegi" diýip belleýärler.

Bejergişi

Çagalarda giňän göbek halkasynyň ýapylmagy üçin garnyň diwarlarynyň myşsalaryny ösdürýän maşklar we owkalama ulanylýar.

Çagalarda bejergi 1 aýlyk döwründen başlanýar. Şunuň üçin körpäni emdirmezden öň garnynyň üstüne 1-3 minut ýatyrmaly we bu maşky günde 5-10 gezek gaýtalamaly. Bu ýagdaýda çaga kellesini galdyrjak bolup, arka myşsasynyň dartgynlygyny güýçlendirýär, elleri we aýaklary bilen hereket edýär. Bu maşk beden myşsalarynyň, şol sanda garnyň diwarynyň myşsalarynyň berkemegine itergi berýär. Ondan başga-da, göbek halkasyny ýapyp durar ýaly, lukmanyň maslahatyndan soň ýörite plastyrleri (meselem, Porofiks) 10-20 günüň dowamynda ýelmemek maslahat berilýär.

Üç aýlyk döwürde bejeriş owkalamalary geçirilip, lukmanyň görkezmelerinden we maslahatyndan soň, ene-atalaryň özleri çaganyň garyn myşsalaryny taplandyrýan owkalamalary geçirip bilýärler.

Geçirilýän bejergi çäreleriň netijesiz bolmagy, inginiň ulalmagy ýa-da inginiň göbek halkasynda gysylmagy hirurgiki bejergini talap edýändir. Öňler göbek ingisini hirurgiki ýoly bilen aýyrmak 2 ýaşdan soň maslahat berilýärdi. Häzirki döwürde agyrsyzlandyrma usullarynyň kämilleşmegi, has kiçi ýaşly bäbeklerde hem göbek ingisini operatiw usuly bilen bejermeklige giňden ýol açdy.

Ulularda döreýän göbek ingisi

Uly ýaşly adamlarda göbek ingisi köplenç 40 ýaşdan geçen, köp dogran aýallarda, aşa fiziki agramy talap edýän işde zähmet çekýän adamlarda, artykmaç beden agramly we dowamly iç gatamalardan kösenýän adamlarda, şikeslenme almak netijesinde, göwrelilik döwründe ýüze çykyp biler.

Bu sebäpleriň täsiri garyn diwarynyň myşsalarynyň we baglaýjylarynyň gowşamagyna hem-de garyn boşlugyndaky agzalaryň göbek halkasyndan çykmagyna getirýär. Ingileriň ululygy 1-3 sm-den 20 sm. aralygy bolup, köplenç ýagdaýlarda ol 10 sm-den uly bolmaýar.

Alamatlary

Göbek ingisiniň döremegini näsag göbegiň ýanynda ýa-da üstünde çişiň, "dömmäniň" döremegi bilen baglanyşdyrýar. Köp göwreli aýallar onuň döremegini göwrelilik döwri bilen baglanyşdyryp, oňa aýratyn üns hem bermeýärler. Başda ingi aňsatlyk bilen ýerine salynýar, ýatan wagty ýitýar we näsagda biynjalyklylyk döretmeýär. Keseliň ýaýbaňlanmagy netijesinde garyn boşlugynyň agzalarynyň arasynda sepleşme döräp, inginiň yzyna salynmagynda kynçylyk döredýär. Näsagy agyrylar, içiň gatamagy, içegedäki howanyň kynçylyk bilen çykmagy, ýörek bulanma kösäp başlaýar.

Gaýraüzülmeleri

Ulularda döreýän göbek ingisi ýiti agyrylaryň döremegi, ingi çişiniň derisiniň reňkiniň üýtgemegi, gaýtarma bilen häsiýetlendirilýän inginiň göbek halkasynda gysylmagy, ingide alawlamanyň döremegi, täretiň saklanmagy ýaly howply ýagdaýlar bilen gaýraüzülip bilner.

Bejergisi

Uly adamlarda göbek ingisi dine operatiw usuly bilen bejerilýär. Lukmanlar bu operasiýany entek ingi erkin hereketli wagty, ýagny basaňda garyn boşlugyna gidýän wagty ýerine ýetirmegi maslahat berýärler. Bu ýagdaýda operasiýanyň göwrümi azalyp, göbek halkasynyň berkidilmegi bilen çäklenilýär. Haçan-da ingi halkasy has giň bolanda, onda plastika usulyny ulanmaly bolýar. Operasiýa wagty garnyň öňki diwaryna gözenek görnüşli implantant goýlup dikeldilme bejergisi geçirilýär. Bu operasiýanyň şu wagta çenli hiç hili kemçiligi bellenilmeýär. Operasiýadan soňky dikeldiş döwri 1 aý dowam edip, näsag öňki fiziki işjeňligini doly dikeldip biler. Operasiýadan soň näsaga ýörite guşagy (bandaž) geýmek maslahat berlip, ulanma möhleti ýagdaýa görä kesgitlenýär.

Göbek ingisiniň göwrelilerde bejerilşi

Köplenç göwreliligiň bu kesele getirip bilýändigine garamazdan, bu döwürde gyssagly bejergi çäreleri geçirilmeýär. Operatiw bejergi bilen bagly stress ýagdaýynyň we ulanyljak derman serişdeleriniň düwünçege ýaramaz täsir edip biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir. Göwreli aýallara ýörite saýlanan bandažlary geýmek we hirurg lukmanyň gözegçiliginde bolmak maslahat berilýär. Lukman operatiw bejergi üçin amatly wagty we bejerginiň göwrümini kesgitlemäge kömek berýär. Dogrumdan soň geçirilýän operatiw bejergi göbek ingisi bilen bilelikde, göwrelilik bilen bagly başga beden näsazlyklaryny (garnyň süýnen derisi, artykmaç ýag gatlagy) hem aýyrmaga mümkinçilik döredýär. Hirurgiki bejergini dogrumdan 6-8 aý geçenden soň geçirmek maslahat berilýär, çünki diňe şu wagt aralygynda garnyň diwarynyň süýnen myşsalarynyň we bedeniň dikelmegi bolup geçýär.

Öňüni alyş çäreleri

Göbek ingisiniň döremeginiň öňüni almak üçin birnäçe düzgünleri berjaý etmek maslahat berilýär:

► Garnyň öňki diwarynyň myşsalaryny maşklar bilen berkitmek;

Beden agramyny kadaly ýagdaýda saklamak;

Göwrelilik döwründe bandaž geýmek;

Iýmitiňe gözegçilik etmek, içiň gatamagynyň öňüni almak;

Agyr fiziki işlerden we agyr ýükleri götermekden gaça durmak.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#8 Okyjy 2017-04-09 18:24
Göbek ingisi ulularda semizlerde duşýan kesel. Ondan soň hemaşlykdan garyn etleriniň gowşak bolup, soň hem ululykda agyr ýük göteren ulularda ýüze çykýan kesel. Ýöne käbirleri oňa pitiwa etmän, garyn ýüzünde bigörkligi ser salman tä agyry ýüze çykýança lukmana ýüz tutmaýarlar.
Sitata
 
 
#7 kösenen 2016-08-19 08:57
Käbir köp çaga dogran aýallarda garnyn ýüzündäki deriniň gowşamagy bilen gasyn-gasyn deri gatlaklary emele gelip, ňrän bigörk edýär. Ony ingidir diýip kabul etmek ýalňyşdyr. Ondan dynmak üçin hem hirurgik operasiýasy geçirilip. sallabnyp duran deriden dynmak zerurdyr,
Sitata
 
 
#6 Tally. 2016-06-19 22:56
Gasyk, seprijik, ogurgaara, garynüsti ingileriň arasynda göbek ingisi hem adamlarda duşýanlarynyň bir görnüşidir. Olar çagada, aýal, erkekde bedeniň köplenç gowşak ýerlerinde ýüze çykýarlar.
Sitata
 
 
#5 Okyjy. 2016-03-09 00:47
Häzirki döwürde lukmançylygyň ösmegi bilen göbek ingisinden diňe ol hem däl beýlekilerinden hem operasiýa üsti bilen beçerişde gowy netijeler gazanylýar. Öň ata-babalarymyz ondan nähili kösenendiklerini ýatlap kelläňi ýaýkanyňy duýman galýarsyň.
Sitata
 
 
#4 Ogulla. 2016-03-05 23:49
Bir ýagdaýy gowy ýatlaýaryn. Aýallar, aýratyn hem obada çaga dogurandan soň billeri guşakly gezerdiler. Soň sorap otursam göwreli döwründe we çaga dogandan soň inginiň netijesinde agyry duýmak bolup, billerine düýe ýüňünden ýasy guşak guşardylar.
Sitata
 
 
#3 Bähbit. 2016-03-01 00:02
Tesbirçi Beg! Gürrüň emele gelen göbek ingisi barada gidýär. Ondan opersiýasyz dynyp bolmazmyka diýýärin. Ýaşlykdan, esasanam gyz çagalary bedenterbiýä imrikdirip, maşklary etmegi gündelik durmuşyna ornaşdyryp bilseň, bedeni, esasanam garyn boşlugynyň öňündäki myşsalara üns berip, türgenleşen, göbek ingisiniň nämedigini hem bilmez. Ýöne şol maşklardan biz daşda-da...
Sitata
 
 
#2 Beg 2016-02-29 22:57
Quoting Bähbit.:
Ingi ýüze çykmagy lukmanlaryň barlagyndan soň oňat bejergi hirurgig operasiýa bolup, beýlekiler, dermanlar we maşklar bilen gutarnykly netije alyp bolmaýar. Sebäbi ol döremegine görä şeýle bejergä mätäç.

Siz dogry aýdaýarsyňyz. Emma maşklaryň hem peýda eden ýerleri bolandygyny size aýdasym gelýär. maşklary çaga entek bäbek wagty başlansa gowy netije berýär.
Sitata
 
 
#1 Bähbit. 2016-02-27 00:16
Ingi ýüze çykmagy lukmanlaryň barlagyndan soň oňat bejergi hirurgig operasiýa bolup, beýlekiler, dermanlar we maşklar bilen gutarnykly netije alyp bolmaýar. Sebäbi ol döremegine görä şeýle bejergä mätäç.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele