Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Keseller barada maglumatlar Infeksiýon däl ÇAGALARDA DÖREÝÄN DEMIR ÝETMEZÇILIKLI GANAZLYLYGYŇ SEBÄPLERI WE BEJERGISI
( 11 Ses Berme )

Köp sebäpleriň netijesinde döreýän ganazlylygy lukmanyň has ýygy duş gelýän bozulmalar toparyna degişli edip bolýandyr.

Ganazlylyk – bu alamatlaryň toplumyny özünde jemleýän düşünje bolup, deriniň we nemli bardalaryň reňkiniň solgunlylygy, içki agzalaryň özgermesi bilen häsiýetlenýär we gan derňewinde eritrositleriň we eritrositiň düzümindäki kislorod bilen baglanşyp, dokumalary onuň bilen üpjün edýän gemoglobiniň mukdarynyň azalmagy ýüze çykýar.

Ganazlylykly ýagdaýlaryň dürli görnüşleriniň içinde demir ýetmezçilikli ganazlylyk has ýygy duş gelýändir. Bedene demir mineraly kadaly mukdarda ýetirilmedik ýagdaýda, ol ony özünde jemläp saklaýan agzalarda (süňk ýiligi, bagyr, myşsalar) azalýar. Demir bedene onikibarmak we inçe içegede siňýär. Bir gije-gündiziň döwamyndaky kabul edilen iýmitiň düzüminde 5-20 mg aralygy demir saklansa hem, iýmit-siňdiriş agzalaryň işine baglylykda onuň diňe 1-2 mg mukdary siňýändir.

Et önümleriň düzümindäki demriň 9-22%-i beden tarapyndan aňsat özleşdirilýändir. Ene süýdündäki demriň (laktoferrin görnüşinde) hem 60%-i gowy siňdirilse-de, ene süýdünde demriň mukdary köp däldir – 1,5 mg /litr. Ondan başga-da, enäniň özi hem ganazlylykdan ejir çekýän ýagdaýynda ýa-da onuň iýmitiniň düzüminde demir ýetmezçiligi bolsa, ene süýdünde hem demir has azalýar.

Çagalar günüň döwamynda peşew, täret, der, saç, dyrnaklar bilen takmynan 0,1-0,3 mg demir, ýetginjekler bolsa – 0,5-1,0 mg ýitirýärler.

Kiçi çagalaryň kadaly ösmegi üçin günüň döwamynda 0,5-1,2 mg demir gerekdir.

GANAZLYLYGYŇ SEBÄPLERI

Aşakdaky sebäpler köplenç ganazlylygyň döremeginiň sebäbi bolup biler:

► Çaganyň iýmitiniň düzüminiň köpdürliligi göz öňüne tutulman, iýmitinde az mukdarda et önümleri, köp mukdarda süýt we undan taýýarlanýan önümler ulanylsa;

Çaga emeli iýmitlenip, goşmaça iýmit giç girizilse, esasan hem süýt onümlerden ybarat iýmit berilse;

Çaganyň ýygy-ýygydan syrkawlamagy (igleme, içegäniň mikroflorasynyň bozulmagy, iýmit allergiýasy, iýmit-siňdiriş ulgamynyň keselleri, gelmintoz);

Çaganyň çalt ösmegi sebäpli bedeniň demre bolan talabynyň ýokarlanmagy;

Dürli sebäpli gan akmalar (başly kolit, gyzylödegiň wenalarynyň giňelmegi, babasyl keseli, aşgazan-içege ýaralary, iýmit siňdiriş ulgamynyň dogabitdi keselleri, howply döremeler we baş.);

Käbir derman serişdeleriň (salisilatlar, gormonlar, steroid däl serişdeler) ulanylmagy.

GANAZLYLYGYŇ ALAMATLARY

Demir ýetmezçilikli ganazlylyk umumy alamatlar bilen ýüze çykýar. Esasy we aýdyň görünýän alamatlaryň biri hem – deriniň, nemli bardalarynyň, gözleriň birleşdiriji bardasynyň solgunlygydyr. Umumy gowşaklyk, ynjyklyk, aglaklyk, duýgurlygyň ýokarlanmagy, umumy beden şähtiniň peselmegi, derleklik, işdäsiniň peselmegi, ýüzleý uky, iýmitden soň gaýtarma döreýär, gözleriň ýitiligi peselýär. Çaga çalt ýadaýar, derisi gurak, büdür-südür bolýar, agzynda ýaralar, agzynyň burçlarynda bolsa ýaryklar, ýalpyldysyz saçlar köp mukdarda düşýär, dyrnaklar tutuk reňkde, çalt döwülýär. Çaganyň dişleri hem zaýalanýar (kariýes), fiziki we psihiki ösüşi yza galýar.

Keseliň agyrlygyna görä hem başga alamatlar ýüze çykyp bilýär: ýüregiň çalt urmaklygy, ýygy-ýygydan kelle agyry, başaýlanma, çaşmaklyk, hereketjeňligiň peselmegi, gan basyşynyň we ýürek urmasynyň birden peselmegi. Çaganyň bagrynyň we dalagynyň ulalmagy mümkin. Çaganyň içi çişýär, käte iç gatama, käte içgeçme bolup bilýär, toýun, toprak iýmek islegi döreýär.

ANYKLAÝYŞ

Ganazlylyk ýagdaýyny we onuň derejesini anyklamak maksady bilen ganyň umumy barlagyny geçirmek hökmanydyr. Barlag geçirilende haýsy ganyň barlanýandygyna hem üns bermelidir, çünki wenadaky ganyň gemoglobin görkezijisi arterial ganyň gemoglobin görkezijisinden tapawutlanyp, 10-5 g/l pesdir. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň bellän düzgüni boýunça wena damarynyň gany barlanýandyr.

Çaganyň ýaşyna baglylykda gemoglobiniň kadaly görkezijileri dürli-dürli bolup bilýär:

♦ Ömrüniň 0-1 güni – 145 g|l ýokary;

Ömrüniň 1-14 güni – 130 g|l ýokary;

Ömrüniň 14-28 güni – 120 g|l ýokary;

1 aý-6 ýaş aralygy – 110 g|l ýokary.

Ganyň dernewi netijesinde diňe gemoglobiniň görkezijisiniň peselmegini anyklamak ýeterlik däldir. Eritrositleriň peseliş derejesini, reňk görkezijisini, ganyň syworotkasyndaky demriň görkezijisini hem anyklamak möhümdir.

BEJERGISI

Ganazlylygyň bejergisi çaganyň gün tertibini we iýmitini kadalaşdyrmakdan, oňa getiren sebäbi aradan aýyrmakdan, demriň serişdelerini we goşmaça serişdeleri bellemekden düzülendir.

Çaganyň iýmitiniň düzüm bölegi seredilmelidir. Onuň iýmiti kadalaşdyrylmadyk ýagdaýynda, berlen başga bejerginiň ähmiýeti gaçýar. Ýaşyna ýetmedik çagalaryň esasy iýmiti – ene süýdüdir. Onuň düzümindäki demir çaganyň iýmit-siňdiriş ulgamynda gowy siňýär we ene süýdi başga iýmitdäki demriň siňmegini ýeňilleşdirýär. Emma enäniň özünde ganazlylyk ýüze çykýan bolsa, onda ilki onyň özüni bejermek örän wajypdyr.

Bagyr, malyň dili, böwrek, ýumurtganyň sarysy, kösükliler, künji, deňiz kelemi, bugdaý kepegi, greçka ýarmasy, pisse, şetdaly, süle ýarmasy, ysmanak ýaly önümleriň köp mukdarda demri öz düzüminde saklaýandygyny göz öňüne tutmalydyr.

Emma ýörite düzülen berhiz bilen birlikde demir saklaýan serişdeleri (ferrum-lek, maltofer, aktiferrin, ferropleks, gemofer, totema, ferronat we baş.) kabul etmek hem bejerginiň esasy bölegi bolup durýandyr.

Demriň protein we gidroksid-polimaltoz himiki toplumlary (ferlatum, maltofer, ferrum-lek) uly molekula agramly bolup, içege boşlugyndan gana işjeň siňýändir we şol sebäpli olaryň artyk mukdary bedene düşýän däldir (demriň duz birleşmelerinden tapawutlylykda). Ondan başga-da, bu serişdeler öz goşmaça täsirleriniň (ýürek bulanma, gaýtarma, içgeçme, iç gatama) ýüze çykyşynyň pesligi bilen hem tapawutlanýarlar.

Bir gije-gündiziň döwamynda takmynan 5 mg/kg agramyna demir ýeterlikdir. Artykmaç demriň bedende özleşmeýänligi sebäpli, ondan köp mukdarda serişde bermegiň zerurlygy ýokdur.

Çagalarda ganazlylygyň özi aýratyn kesel bolup duş gelmeýär. Köplenç witaminleriň ýetmezçiligi hem goşulýar (C, B12, B6, PP, A, E, foliý turşusy, sink, mis, we beýlekiler). Şonuň üçin gapdaldan witamin toplumyny saklaýan serişdeleri hem bermelidir.

Bejergi kadaly geçýän ýagdaýda, çaganyň gemoglobin görkezijisi her hepdede 10 mg/l köpelmelidir. Diýmek, doly bejergi 3-5 hepdäniň dowamynda oňaýly netije bermäge ukyplydyr (ganazlylygyň agyrlygyna görä).

Bedendäki demri saklaýan agzalarda hem onuň doly derejede üstüniň ýetirilmegi üçin, demir saklaýan serişdeleri azyndan 3 aýyň döwamynda bermek maslahat berilýär. Egerde 3-4 hepdäniň dowamynda bejergi gemoglobin görkezijisini kadalaşdyrmasa, onda onuň sebäbini täzeden anyklamalydyr (döwamly sowuklama keselleri, döremeler, ganakma, goşmaça B12 witamin ýetmezçiligi, bedene gurçuklaryň düşmegi we baş).

ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI

Göwrelilik döwründe zenanyň gün tertibini we iýmitlenmegini kadalaşdyrmak, ganazlylygyň özwagtynda ýüze çykarylmagy hem-de doly bejerilmegi, täze bolan çagalarda ganazlylygyň döremegini peseltmäge ýardam berip biler.

Öňüni alyş maksady bilen demir serişdelerini, eger:

→ çaga dogurmaga ukyply ýaşdaky aýallarda köp mukdarda we uzak wagtlap aýbaşy gelýan bolsa;

aýal gan tabşyrýan (donor) bolsa;

göwreli aýallara, has hem göwrelilik gysga arakesmeden soň bolan bolsa;

çaga emdirýan döwründe, aýalyň iýmitlenmegi doly däl we kadasyz bolsa belleme maslahat berilýändir.

Öňüni alyş maksady bilen demir serişdelerini çagalara, eger:

⇒ wagtyndan öň doglan bolsa (iki aýlykdan başlap);

ekiz çagalara, göwrelilik we dogrum gaýraüzülmeler bilen geçen ýagdaýda;

çaga çalt ösüp, iri bolsa;

çaga emeli iýmitlenip, iýmiti uýgunlaşdyrylmadyk bolsa;

döwamly keseller bilen ýygy keselleýän bolsa;

gan akma ýa-da hirurgiki usul bilen bejergi geçirlen bolsa belläp bolýandyr.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 Lukman. 2015-09-11 01:00
Demir ýetmeýän ganazlylyk esasan çaga dogurýan aýallarda we kiçi çagalarda duş gelýär. Bu babatda iýmitlenişde goýberilýän ýalňyşlyklar möhüm orun eýeleýär. Her günde yzygiderli ulanylýan bir dürli iýmitler demir ýetmeýän ganazlylygyň ýüze çykmagyna getirýär.
Sitata
 
 
#2 Talyp. 2015-07-24 00:08
Köçede göreniňde ol aýallary soraman bilse bolýara. Olaryň ýüzüniň reňkleri solak, özlerem hor. Hereket edenlerinde gowuşgynsyz görünýärler. Çaga emdirýän aýal şeýle bolsa çagalarynyň demir ganazlygy bilen kösenjegi belli ahyry.
Sitata
 
 
#1 Maşgala lukmany. 2015-07-22 00:31
Hormatly Lukman gaty dogry belläpsiňiz. Gan azlylyk ejeler bilen bir hatarda çagalaryň arasynda, esasan hem bir ýaşa çenli çagalarda örän ýygy duş gelýär. Sebäbi belleýşiňiz ýaly göwreli zenanlaryň hemmesi diýen ýaly göwrelilikde gan azlylykdan kösenip, bejergi kabul etselerde dogrumdan soňam şol bozulma köplenç dowam edýär. Köp ýaş ejeler çaga emdirýän, dogry iýmitleneýin diýip alada edibem baranoklar. Ýogsam ejesi sagdyn bolsa ene süýdündäki demir hem emýän çagasyna ýeterlik boljak.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele