Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Keseller barada maglumatlar Infeksiýon däl
( 9 Ses Berme )

Köpden bäri garaşan ýaz paslymyz ýetip geldi. Tebigat oýanýar. Hemme zat gülleýär. Daş töweregimiz al-ýaşyl mahmala bürenýär. Günüň ýakymly şöhlelerine çoýunyp, özgerýän tebigata ser salyp oturmakdan ýakymly dynç alyş barmyka?...

"Gözleriňde gijileme döräp, ýaş akyp, burnuňdan hem dem alyp bolmasa, tebigaty synlamaga keýpiň bolarmy?" - diýen soraglar hem ýüze çykyp biler.

Hemme ösümlikleriň güllemesi, olaryň tozanjyklarynyň howa arkaly ýaýrap, burnuň, agzyň nemli gatlagyna, gözlere, dem alyş ýollaryna düşmegine getirýär. Tozanjyklar deri bilen hem galtaşyp, olara duýgur adamlarda allergiki täsiriň ýüze çykmagyna getirýär.

 
( 4 Ses Berme )

Siz aýaklarda gögümtil «kerepjikleri» we damar ýyldyzjyklarynyň peýda bolanyna üns berdiňizmi? Damarlaryň mese-mälim görnüp durmagynyň ilkinji tapgyrynda bu gaty bir gorkuly hem däldir. Emma soňabaka bu ýagdaý saglyk kynçylyklaryny döredip, durmuşyňyzda çynlakaý gaýraüzülmelere sebäp bolmagy ahmal. Bu ýagdýyň adamyň janyna howp salmagy hem ahmaldyr.

Damarlaryň warikoz  giňelmesi (warikoz keseli) — damar ulgamynyň keselleriniň has köp ýaýaran görnüşidir. Ol adatça aýaklarda duş gelýär. Bu kesele duçar bolan adamyň ellerindäki we aýaklaryndaky damarlary gan aýlanyşyga doly gatnaşyp bilmeýärler.

 
( 9 Ses Berme )

Howply täze döremeleriň içinde gyzylödegiň ragy ýygy duş gelýän (5-7%) görnüşleriň biridir. Ol esasan orta ýaşan we gartaşan erkek adamlarda has köp duş gelýär. Rak köplenç gyzylödegiň ortaky we aşaky böleklerine zeper ýetirýär.

Keseliň döremeginiň esasy sebäplerine, nädogry iýmitlenme – gaty we gyzgyn nahary köp iýmek, alkogol içgileri köp kabul etmek ýaly faktorlar degişlidir.

Keseliň döremek ähtimallygy çilim çekme netijesinde 2-3 esse, alkogol içgileri kabul etmek netijesinde 12 esse artýandyr. Gyzylödegiň rak keseli, onuň nemli bardasynyň aşgarlaryň täsiri netijesinde zeperlenmesinden soň hem köp duş gelýändir. (köp ýyllar geçenine seretmezden).

 
( 20 Ses Berme )

Öz ömründe kellagyrydan ejir çekmedik adamyny tapaýmak kyn bolsa gerek. Duýdansyz ýüze çykýan ýa-da dowamly, barha güýjeýän, sorkuldaýan, gysýan, çekýän ýaly  bolup duýulýan kellagyrylary bilen biziň hemmämiz tanyş ahyryn. Kelläniň belli bir böleginde ýüze çykýan ýa-da tutuş kelläni sämedýän agyrylara öwrenşip, gezip ýören hem bolsak, gürsüldäp, gözüňi çykaryp barýan agyrylarda adam özüni nirä urjagyny hem bilmeýär.

Agyryny kabul ediji nerw süýümleriniň uçlary beýniň gaty gabygynda, damarlaryň diwarynda ýerleşendir. Şolaryň gyjyndyrylmagy netijesinde döreýän signallar beýniň uly ýarym şarlaryna ýetende agyry döreýändir.

 
( 15 Ses Berme )

Ýer ýüzünde maýyplyga we ölümçilige getirýän ýürek-damar, onkologiki keseller bilen bir hatarda, süýji keseli hem uly kynçylyklara getirýändir.

Süýji keseli adamzada gadymy zamanlardan bäri bellidir. Bu kesel barada birinji maglumatlar b.e. öň 1550-nji ýyla degişli bolan golýazmalarda duş gelýär.

Keseliň alamatlarynyň biri bolan – näsagyň peşewiniň süýjüligi barada gündogar alymy, lukman Awisenna hem belläp geçipdir. Süýji keseliň häsiýetlendirilmesi gadymy hindi, arap, hytaý ylmy  ýazuwlarynda duş gelýär.

Keseliň döreýşi, sebäpleri, görnüşleri, geçişi I. Mering, O.Minkowskiý, P. Langergans, L. Sobalew, G. Buntingyň, Ç. Best ýaly uly  alymlaryň geçiren köpýyllyk işleri netijesinde öwrenildi. Köp ýurtlaryň alymlarynyň geçiren kliniki barlaglary, aşgazanasty mäziň B-öýjükleriniň işläp çykarýan gormonynyň – insulynyň ýetmezçiligi sebäpli süýji keseliň döreýänligini anyklady.

 
( 14 Ses Berme )

Semizlik (adopositas)  – bu adamyň organizminde ýagyň çenden aşa köp ýygnanmagydyr. Bu ýagdaý adamyň saglyk ýagdaýyna uly howp salýar.  

Semizligiň birnäçe görnüşi bolýar. Onuň birinji görnüşi gönüden-göni iýmit faktory bilen baglanyşyklydyr. Ikinji görnüşi bolsa merkezi nerw ulgamanyň we içki sekresiýa mäzleriniň keslleriniň netijesinde ýüze çykyp bilýär.

Semiz adamlaryň 75%-i semizligiň birinji görnüşinden ejir çekýärler. Bütindünýä Saglygy Goraýyş (BSG) guramasynyň bellemegine görä, ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň her üçünji ýaşaýjysynyň agramy kadalaýyk  agramdan  20% artykdyr.

 
( 27 Ses Berme )

Ateroskleroz (ýürek-damar ulgamynyň keseli) we damarlar ulgamy.

Ýürek-damar ulgamynyň keselleri birdenkä ýüze çykmaýar. Olar biziň bedenimizde uzak wagtlap dowam eden ýagdaýlaryň netijesidir. Ýaglaryň, aýratyn-da holesterin bilen trigliseridiň ýygnanmagy arteriýa damarlarynyň diwarlaryny galňadyp, artesklerozyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Stenokardiýa, kardiuoskleroz, miokarditler, miokardioskleroz, ýürek demgysmasy we beýleki ýürek-damar keselleri hem şol sebäpli ýüze çykyp bilýär.

Ýürek-damar keselleri birnäçe ýyllaryň dowamynda emele gelip, atesklerozyň damar ulgamyna zyýan ýetirip, ýüregiň gan bilen üpjün edilişini haýalladýar, ony ýokumly iýmitlenmeden we kisloroddan mahrum edýär. Adamyň ýüregi agyryp başlanda, bu eýýäm düýpli ýürek keseliniň bardygynyň alamatydyr. Şonuň üçin-de, adam «ýürek tutgaýynyň» tutaryna garaşman, wagtynda ýüreginiň aladasyny edip başlamalydyr.

 
( 5 Ses Berme )

Poliomiýelit - wirus arkaly döreýän kesel bolup, adatça 9 - 10 ýaşa ýetmedik kiçi çagalar keselleýär. Ýöne bu keseli uly adamlar hem agyr görnüşde geçirip bilýärler.

Kesel howa, hapalanan azyk önümleri we suw arkaly ýaýraýar. Has köp duş gelýän wagty tomus-güýz (awgust-oktýabr) aýlarydyr.

Poliomiýelidiň wirusy ilki agza, ondan bolsa dem alyş ýa-da iýmit siňdiriş ýollary arkaly (iýmitden geçen bolsa) oňurga we kelle ýiligine düşýär we nerw süýümlerini zayalap, ysmaz edýär.