Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Keseller barada maglumatlar Infeksiýon däl
( 7 Ses Berme )

"Käwagtlar men özümi, öz derimi ýigrenýärin..."

"Ýene bejergi almagyň nämä geregi bar? Köp serişdeler ulanylyp görüldi, emma kesel ýene gaýdyp gelýär. Men ýadadym."

"Men gysga ýeňli köýnekleri hem geýip bilemok..."

"Häzirki zaman lukmançylygy peýdaly bejergini tapyp bilmeýärmikä?"

Şeýle jümleleri lukman teňňeli demrew (psoriaz) keselinden ejir çekýän näsaglardan köp gezek eşidýär.

 
( 18 Ses Berme )

Ilkinji adamyň aýagyna galyp ýöräp gitmegi, onuň gelejekki nesillerini oňurga bilen bagly bolan ezýetlere sezewar etdi. Dört aýakly haýwanlarda oňurga keselegine ýerleşip, hemme beden böleklerini deňagramlylykda saklamaga kömek berýändir. Şunuň ýaly oňurga hemme ýaramaz täsirleriň, dartgynlylygyň hötdesinden gelip, uzak wagt şikessiz ýagdaýda hyzmat edýär.

Adamda oňurga sütüniň işini ýerine ýetirip, ýeňillik bilen zeperlenýän beden bölegine öwrüldi. Adamynyň ýaşaýyş ýörelgesi, şertleri ony oňurga şikeslenmelerine sezewar edip bilýär. Statistiki maglumatlara görä, her ikinji adamy arkada ýüze çykýan agyrylar biynjalyk edýär. Oňurgalaryň üýtgemelerinden 50 ýaşa ýeten erkek adamlaryň 80%-i, aýallaryň bolsa 60%-i ejir çekýärler. Alamatlaryň ýüze çykmagy bolsa zähmete ukyply ýaşda (ortaça 35 ýaş) başlap biler.

 
( 21 Ses Berme )

Iglilik (rahit) – bedende D witaminiň ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykýan kesel. D witamini deride ultramelewşe şöhleleriniň täsir etmegi bilen emele gelip, ol balyk ýagy, ýumurtganyň sarysy, süýt önümleri ýaly iýmitleriň düzüminde hem duş gelýändir. Bu witamin süňk dokumasynyň ösmegi, merkezi nerw ulgamynyň işjeňligi we beýleki beden agzalary üçin zerur bolup, içegeden kalsiniň işjeň özleşmegine we bedende dogry ulanylmagyna ýardam berýär.

 
( 13 Ses Berme )

Uglerod saklaýjy maddalaryň doly ýanmagyna şert bolmadyk islendik ýerlerde bogujy gaz ýa-da uglerodyň okisi (CO) emele gelip bilýär. Bu gaz reňksiz, tagamsyz häsiýetli bolup, onuň ysyny duýup bolmaýar. Uglerod okisiniň iki göwrümi bilen kislorodyň bir göwrüminiň garyndysy ýakylanda partlama ýüze çykaryp biler.

Öý şertlerinde bogujy gaz bilen zäherlenme ýyladyjy peçlerden, suwy ýyladyjy gaz enjamlaryndan nädogry peýdalanmak zerarly döräp biler.

 
( 12 Ses Berme )

Sagdyn oňurga sütüni adamyň hereketleriniň erkinligini, sazlaşykly bolmagyny üpjün edýär. Ýeterlik hereket edilmedik ýagdaýynda, osteohondroz döreýär. Sizde osteohondrozyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak isleseňiz, aşakdaky soraglara jogap berip görüň:

  • Arkaňyzda agyry, guruşma, dartgynlyk duýýarsyňyzmy?
  • Boýnuňyzdan, arkaňyzdan, biliňizden garynjalar ýöreýän ýaly bolýarmy?
  • Arkaňyzda sanjylar bolýarmy ýa-da eliňizde we boýnuňyzda dartyp durýän agyry bolýarmy?
 
( 29 Ses Berme )

Soňky ýyllarda öt haltanyň daş keseli (ÖHDK)  bilen keselçilik ýokarlandy. Bu "abadançylygyň keseli" ösen ýurtlarda ýygylygy boýunça aşgazanyň we onkibarmak içegäniň baş keseli bilen deňleşip, sosial taýdan ähmiýetli keselleriň hataryna girýändir.

Dürli sebäplere görä ýogalan adamlaryň jesedi kesilip öwrenilende, olaryň her onunjysynyň öt haltasynda daş tapylypdyr. Oňa garamazdan, özünde daş göterijileriň diňe 10%-de keseliň alamatlary ýüze çykyp, ol esasan 30-55 ýaş aralygyndaky aýallarda has ýygy duş gelýändir.

Öt haltada daşlaryň emele gelýän wagtyny doly anyklamak kyndyr, sebäbi birinji klinlki alamatlaryň ýüze çykmagy daşlaryň emele geliş wagty bilen deň gelmeýär. Ýöne ömrüň her onýyllygynda öt haltanyň daş keseliniň ýygylygynyň ýokarlanýandygy takyk subut edilendir.

 
( 8 Ses Berme )

Otit – bu gulak sowuklamasydyr. Onuň birnäçe görnüşleri bolýar. Agyrynyň toplanýan ýerine laýyklykda, daşky, ortaky we içki otiti bellemek bolýar. Şeýle hem otitiň ýiti we dowamly görnüşleri bardyr.

Daşky otitde gulak perdesiniň we gulagyň girelgesiniň arasynda ýerleşýän eşidiş geçelgesi çişýär. Ortaky otitde gulak perdesiniň aňyrsynda, sesleri içki gulaga  ýetirýän üç sany süňkden emele gelen boşlukda ýerleşýän ortaky gulak çişýär. Içki otitde içki gulak çişýär.

 
( 7 Ses Berme )

Stenokardiýa (tutgaýly ýüregagyry keseli) – ýürek myşsasynyň (miokardyň) gan aýlanyşygynyň ýiti ýetmezçiligi netijesinde, döşde duýdansyz döreýän agyryly tutgaýlardyr.

"Ýüregiň infarkty" diýen düşünje kesgitlenýänçä, 140 ýyldan hem köp wagtlap stenokardiýa ýüregiň işemiýa (ýerli gan ýetmezçiligi) keseliniň ýeke-täk häsiýetlendirijisi hökmünde kesgitlenipdir.

Stenokardiýanyň alamatlary Gippokrata we Galena hem belli bolupdyr. Birinji gezek "stenokardiýa" ýa-da "döş gurbagasy" (onuň başga sinonimy) diýen düşünjäni 1768-nji ýylda B. Gaberden ulanýar. 1772-nji ýylda bolsa onuň alamatlaryny doly we düşnükli beýan edýär.

 
( 2 Ses Berme )

Radikulit – daşky nerw ulgamynyň oňurga ýiliginden gaýdýan nerw süýmleriniň çogdamjyklaryny  şikeslendirýän keseldir. Radikulitiň iň ýygy duş gelýän sebäpleriniň biri oňurga keseli osteohondrozdyr.

Osteohondrozda oňurgara kitirdewük diskleri çeýelegini ýitirip, nerw çogdamjyklaryny gysýar. Diskleri üýtgän oňurga birikmelerinde duz ýygnanýar.  Munuň netijesinde döreýän çykytlar agram salnanda nerw  çogdamjyklary gysyp, agyryny döredýärler. Birden çalt hereket edilende, oňurgada ýiti agyrylar döredýär.

 
( 2 Ses Berme )

Gipotireoz (miksedema) – köp duş gelýän kliniki alamatlar toplumy bolup, galkan şekilli mäziň (GŞM) gormonlarynyň täsiriniň ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykýandyr.

GŞM-iň işläp çykarýan gormonlaryna tiroksin (T4) we triýodtironin (T3) degişlidir. T4 we T3 gormonlarynyň beden öýjüklerindäki biohimiki alyş-çalyş ýagdaýlaryna gatnaşyp, bedeniň ösüşine we kämilleşmegine täsirini ýetirýänligi üçin, olaryň ýetmezçiligi beden ulgamlarynyň köpsanly bozulmalaryna getirip biler. Gipotireozyň öte geçen görnüşleri zähmete bolan ukyplylygy peseldip, köp ýagdaýlarda näsagy maýyplyga getirýändir. Keseli irki möhletlerde anyklamak bilen, ony doly bejerip hem-de agyr görnüşleriniň öňüni alyp boljakdygyny bellemek wajypdyr.