Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Keseller barada maglumatlar Infeksiýon däl
( 24 Ses Berme )

Ynsan bedeninde peşew ganyň böwreklerden süzülmegi bilen emele gelip, ol böwrek jübütlerinden çykýan peşew kanallary arkaly peşew haltasynda toplanýar. Bu ýerde ýygnanan peşew belli bir mukdara ýetenden soň peşew haltasynyň ýygrylmagy bilen, daşky peşew kanaly arkaly bedenden daşary çykarylýar. Bu agzalan ýerlere zyýanly ýokançlyklaryň aralaşyp köpelmegi netijesinde peşew ýollarynyň ýokançlygy ýüze çykýar.

"Peşew ýollarynyň ýokançlygy" (PÝÝ) diýen umumy lukmançylyk termini bilen peşew bölüp çykaryş ulgamynyň dürli agzalarynda ýüze çykýan alawlama ýagdaýyny belleýärler. Ýüze çykyş ýagdaýyna görä, aşaky (uretrit, sistit) we ýokarky (piýelonefrit, böwregiň iriňlemegi) peşew çykaryş ýollarynyň ýokançlyklary tapawutlandyrylýar.

 
( 21 Ses Berme )

Okuma (rusça-panarisiý) – bu elleriň we aýaklaryň ýumşak dokumalarynyň we süňkleriniň iriňli alawlamasydyr. Köplenç bu ýagdaý şikeslenme we ýokançlyklaryň düşme ähtimallygy ýokary bolan elleriň dyrnaklarynyň ýerleşýän ýerinde duş gelýändir.

Dürli kesiji we çümüji-deşiji gurallar bilen iş çalyşýan adamlarda şikeslenme hadysalary ýygy-ýygydan bolup durýar. Şahsy gigiýena düzgünleriniň berjaý edilmedik ýagdaýlarynda bu şikeslenen ýerlerden ýokançlyklar girip, alawlama hadysasynyň döremegine sebäp bolýarlar.

Keseliň alamatlary

Okumanyň alamatlary we ýüze çykyşy keseliň görnüşlerine bagly bolup durýan bolsa-da, onuň umumy alamatlary aşakdakylardan ybaratdyr:

 
( 22 Ses Berme )

Fimoz – ujydyň pürçüginiň gysylma ýagdaýy bolup, ujydyň kellejiginiň daşyna çykmagynyň agyrlylygy we kynlaşmagy bilen häsiýetlendirilýär.

FIMOZYŇ GÖRNÜŞLERI

Lukmançylykda fimozyň iki görnüşi tapawutlandyrylýar:

⇒ Fiziologiki – ujydyň kellejigi bilen onuň pürçüginiň içki örtüginiň ýelmeşmegi bilen häsiýetlenip, 6-7 ýaşa ýetmedik (kähalatlarda jynsy kämillige çenli) oglanjyklarda anyklanylyp bilýändir.

 
( 27 Ses Berme )

Aşgazanasty mäzi iýmit-siňdiriş ulgamynyň işinde wajyp orny eýeleýän agza bolup, ol garyn boşlugynyň ýokarky, çep böleginde ýerleşýär. Bu mäz adamyň ýaşaýyş ukybyny sazlaşykly berjaý etmek bilen, beloklary, uglewodlary we ýaglary siňdirmek işine gönüden-göni gatnaşýan fermentleri işläp çykarýar.

Fermentler, ilki bilen, aşgazanasty mäziň birleşdiriji kanalyna, soňra bolsa oniki barmak içegä düşüp işjeň görnüşe eýe bolýarlar. Şol ýerde hem olaryň iýmit siňdiriş hadysasyna täsiri bolup geçýär. Şeýle hem, hut aşgazan asty mäzinde ýaşaýyş üçin zerur bolan insulin gormonyny işläp çykarýan özboluşly öýjükler ýerleşýär. Aşgazanasty mäziň çykarýan insulin gormony gana düşüp, bedende süýji çalşygynyň sazlaşygyny berjaý edýär. Bedende insulin ýeterlikli çykarylmadyk ýagdaýynda süýji keseli döreýär.

 
( 25 Ses Berme )

"Hemme kesel nerw dartgynlylygyndan döreýär!..." Gündeki durmuşymyzda biz häli-şindi bu sözleri oýundan-çyndan gaýtalap durýas. Nähili bolsa-da, bu ýönekeý hakykat jedelsiz kabul edilmäge mynasypdyr. Güýçli ruhy dartgynlyk, stress, newroz – dürli keselleriň döremegine getirýär. Dowamly stress bedeniň gormonal durkuna täsir edýänligi bilen howpludyr. Wagtyň geçmegi bilen gormonal ulgamynyň durnuksyzlygy immunitetiň peselmegine, beden agzalarynyň we ulgamlarynyň işiniň bozulmagyna getirýär. Hut nerw we gormonal ulgamynyň bozulmalary mastopatiýa keseliniň döremegine getirýän esasy sebäp bolup durýar.

 
( 34 Ses Berme )

Biziň halkymyzda "çyban" (rus. – çireý) diýip atlandyrylýan ýiti deri keselleriniň biri bolan furunkulez hakda eşitmedik az-az bolsa gerek. Eger habarly hem bolsaňyz, bu deri keseli baradaky umumy we giňişleýin maglumatlary şu makalanyň kömegi bilen size ýetirme makul bilindi.

Furunkulez – derini örtýän tüýleriň follikulalarynyň (kökleri) we olaryň töweregindäki birleşdiriji dokumanyň iriňli jansyzlanmagy netijesinde döreýän deri keselidir. Egerde deride ýekeje çyban peýda bolan bolsa oňy "furunkul" diyip atlandyrýarlar. Eger olaryň birnäçesi dörän bolsa bu kesel "furunkulez" adyna eýe bolýar. Kesel deriniň aýratyn böleklerinde ýüze çykyp biler, meselem, boýunda, tirsekde, bilde, ýanbaşda. Şeýle-de furunkullaryň tutuş derä ýaýramagy hem bolup biler.

 
( 23 Ses Berme )

Paraproktit – göni içegäniň töwereginde ýerleşýän ýagly öýjükligiň alawlama keselidir. Paraproktitiň ýiti we dowamly görnüşleri tapawutlandyrylýar. Ýiti paraproktit keselinde ýagly öýjüklikde çäkli iriňli boşluk (absses) emele gelýär. Dowamly paraproktit, köplenç geçirilen keseliň ýiti görnüşinden soň göni içegäniň we artbujagyň töwereginde fistulanyň (içki deşigi göni içegede, daşky deşigi bolsa ýamzyň derisine açylan ýara ýoly) döremegi bilen häsiýetlendirilýär. Paraproktit göni içegäniň keselleriniň arasynda proktit we babasyl keselinden soň iň ýygy duş gelýän kesel bolup durýandyr. Näsaglaryň 90%-niň ýaşy 20-60 ýaş aralygy tutýandyr. Bu kesel bilen aýallara garanyňda erkek adamlar ýygy keselläp, bu gatnaşyk 7:3 deňdir.

 
( 27 Ses Berme )

Ýasydabanlyk – bu daban güberçeklikleriniň peselmegi bilen häsiýetlendirilýän dabanyň görnüşiniň üýtgemegidir. Daban güberçeklikleri hereket wagty döreýän sarsgynlyklary peseldip, deňagramlylygy saklamakda möhüm işi amala aşyrýarlar. Daban myşsalary we baglaýjylary gowşap, öz işini ýerine ýetirmedik halatynda, daban öz kadaly görnüşini ýitirip, ýasy görnüşe eýe bolýar. Şunuň ýaly ýagdaýda dabanyň ýerine ýetirmeli fiziologiki işini oňurgalyk, aýagyň bogunlary öz üstüne almaly bolýar. Netijede, ýasydaban çagalarda we uly ýaşly adamlarda bogunlara we oňurgalara düşýän agramyn artmagy, olaryň tiz sandan çykmagyna getirýär. Ýasydabanlykda näsag hemişe dabanda, injikde, butda we bilde agyry, basyş alamatlaryny duýup gezýär. Agyry alamatlary ýüze çykan halatynda, beden kadaly ýagdaýda hereket edişini üýtgedýär, eýýäm çanaklyk-but, dyz bogunlaryna zeper ýetip, hat-da göwräniň duruşynyň görnüşi heh üýtgeýändir. Netijede ýasydabanlyk çagalarda we uly ýaşly adamlarda artrozyň we skoliozyň döremegine sebäp bolup biler. Şeýle-de, bu kesel wenalaryň warikoz giňelmeginiň hem bir sebabi bolup bilýändir.

 
( 12 Ses Berme )

Orhit – ýumurtgajygyň ýiti sowuklama keselidir. Urologiki tejribede bu ýagdaý ýygy duş gelip, adatça orhit özbaşdak döremän, ol bedende bolup geçýän umumy ýokançlyklaryň täsiri bilen geçýän hadysalaryň gaýraüzülmesi netijesinde ýüze çykýandyr.

ORHIT KESELI NÄME SEBÄPDEN DÖREÝÄR?

Orhit keseliniň döremeginiň has ýygy duş gelýän sebäpleriniň biri höküminde, beýleki peşew-jyns agzalaryny zeperlendirýän we jyns gatnaşygy arkaly geçýän ýokançlyklaryň ýumurtgajyga geçmegini belläp bolar. Şular ýaly kesel döredijileriň hataryna gonokokklar, trihomonada, hlamidiýa, mikoplazma we ureaplazma degişli edilip bilner. Keseliň döremeginiň ýene bir sebäpleriniň biri, ýokançlygyň gan akymy arkaly ýaýramagydyr. Köplenç orhit keseliniň döremegine hapgyrtma, şeýle hem dümewiň, gyzyljanyň, garamygyň wirusy, pnewmokokklar sebäp bolýarlar. Käbir ýagdaýlarda, orhit keseli autoimmun hadysalary netijesinde döreýär, mysal üçin, ol bogun guragyry keselinde hem ýüze çykyp bilýär. Şeýle hem bu kesel ýumurgajyga şikes ýetmegi sebäpli ýa-da erkek adamynyň daşky jyns agzalaryna geçiren hirurgiki bejergisiniň gaýraüzülmesi netijesinde döräp bilýändir.

 
( 22 Ses Berme )

Holesistit – öt haltasynyň alawlama keselidir. Adaty ýagdaýda öt haltasy 40-70 sm3 göwrüme barabar suwuklygy saklap bilýän "ätiýaçlyk çelegi" bolup gulluk edýär. Ol iýmit siňdiriş hadysasynyň kadaly geçmegi üçin zerur bolan bagryň işläp çykarýan ödüni özünde saklaýar. Bedende maddalaryň çalşygy bozulan ýagdaýynda ödüň düzümi hem bozulýar we öt haltasynyň boşlugynda we öt çykaryjy ýollarda daşlaryň emele gelmek töwekgelçiligi döreýär. Bu ýagdaýa, ýokançlygyň täsiri bilen alawlama hadysalary goşulanda bolsa, ýiti holesistit ýüze çykýar.