Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy KLIMATYŇ ÜÝTGEMEGI: NÄMELERE TAÝARLYK GÖRMELI?
( 39 Ses Berme )

Biziň ýurdumyzda "klimatyň üýtgemegi", "howanyň maýlamagy" ýaly jümleleri eşiden adam az bolmasa hem, bu hadysalaryň ýönekeý adamyň durmuşyna ýetirjek ýaramaz täsirinden az adam habarlymyka diýip pikir edýärin. Hawa, köpümize mälim bolşy ýaly, klimatyň üýtgemegi we dünýä derejede howanyň maýlamagy – howanyň garaşylmadyk ýagdaýda çalşyp durmagyna getirýän sebäp diýlip aýdylýan düşünjelerdir.

Ýöne adamlaryň aglaba bölegi: "Bu bir başga ýurduň, sebitiň duş gelýän kynçylygy. Maňa, meniň çagalarymyň geljegine bu ýagdaýlaryň hiç hili dahyly ýok" diýip pikir edýärler. Olar öz durmuşynyň, hereketleriniň we klimatyň üýtgemeginiň arasyndaky arabaglanşygy seljerenoklar. Meseleler diňe alymlar tarapyndan çözüler diýip arkaýynlanýarlar ya-da "Menden soň näme bolsa, şol bolsun" diýen düşünjä eýerýärler. Şu sebäpli men şu çylşyrymly we derwaýs mesele babatda sada dilde ýazylan maglumatlary toplamana synanşdym. Elbetde, ýekeje makalanyň çäklerinde bu çylşyrymly meseläniň hemme tarapy barada durup geçip hem bolmaz. Okyjylarymyzyň arasynda bu mesele bilen aladalanýanlar gurrüňdeşlige goşulyp, türkmen dilinde bolan maglumatlary bilen paýlaşarlar diýip umyt edýärin.

Dünýädäki uly ylmy guramalar klimatyň üýtgemegi barada näme pikirde?

Döwlet we döwlete garaşly bolmadyk guramalar klimatyň üýtgemeginiň bolup geçýändigini we adamlar öz edýän hereketleri, işleri bilen onuň üýtgemegine goşant goşýandygyny tassyklaýarlar. Klimatyň üýtgemegi adamzada we tebigata uly howp salýar. Ýöne hemme alymlaryň bu kynçylyk babatda hemme çaklamalarynyň deň gelmeýändigini hem belläp geçmelidir. Oňa garamazdan, alymlaryň aglaba bölegi klimatyň üytgemeginiň bolup geçýändigi bilen ylalaşýarlar we onuň esasy sebäbi höküminde adamlaryň ýaşaýyş uçin edýän hemme hereketleriniň netijesinde çendenaşa kömürturşy gazynyň çykmagyny we ýaýramagyny belleýärler.

Alymlar geçirýän barlaglary bilen, takyk Ýer togalagynyň nä derejede maýlajakdygyny, onuň tizligini, dünýäniň dürli sebitlerine ýetirjek tasirini kesgitlemäge synanyşýarlar. Alymlar barlaglary jemgyýeti habarly etmek, adamlaryň klimatyň üýtgeme hadysasyna taýýarlykly gelmegi, döwlet derejesinde meýilnama işläp düzmek maksady bilen geçirýärler. Ýöne klimatyň üýgemeginiň esasy sebäpleri we täsiri barada ýeterlik anyklyklyk, faktlaryň barlygy uçin, ekologik betbagtçylygyň geljek nesillere ýaramaz töwekgellçiligini azaltmak uçin, indi alymlar adamlary herekete geçmäge çagyryş edýärler.

Nämeler esasynda klimatyň üýtgemegi, howanyň maýlamagy subut edilýär?

Soňky asyryň dowamynda Yer ýüzüniň temperaturasy ortaça 1.4 F artdy. The National Oceanic and Atmospheric Administration (NOAA) habar bermegine gorä, 2000-2010 onýyllygy iň gyzgyn diýp belenilýär we hasabatlara görä 2010-nji we 2005-nji ýyllary howasy iň yssy yllar diýip hasaplaýarlar. NOAA – okeanlaryň we atmosferanyň ýagdaýy barada maglumat berýan, Amerikaň hökümetine garaşly bolan guramadyr. Klimatyň üýtgemegi, temperaturanyň ýokarlanmagyndan başga-da köp üýtgeşmeler bilen kesgitlenýär: ýagynyň aşa kän ýagmagy, ýygy-ýygydan bolup durýan jöwzaly howa, ýyllaryň dowamynda okeanlaryň düzümindäki turşulyk (kislota) deňagramlylygynyň artmagy, dünýä derejesinde buzluklaryň eremegi we deňziň derejesiniň ýokarlanmagy. Bularyň hemmesi klimatyň maýlaýandygynyň subutnamasy bolup durýandyr.

Häzirki wagtda klimatyň üýtgemeginiň sebäbi näme: adamlaryň täsirimi ýa-da tebigatyň adaty ýagdaýda üýtgäp durmagymy?

Ýer togalagy adaty bolşy ýaly, kadaly ýagdaýda gyzmak we sowamak aýlawyny başdan geçirýär. Bular günde bolup geçýän üýtgeşmeler bilen kesgitlenýärler. Barlaglarlaryň netijesine görä, soňky 50 ýýlyň dowamyndaky howanyň maýlamagyny diňe tebigatda bolup geçýän adaty üýgeşmeler bilen düşundirip bolanok. Adamlaryň ýaramaz goşandy – klimatyň üýtgemeginiň esasy sebäbi bolup durýär.

Kömürturşy gazy adamlara nähili ýaramaz täsir edip bilýär?

Kömürturşy ösümliklerde fotosintez hadysasynyň geçmegi uçin zerur we atmosfera uçin möhüm bolup durýan maddadyr. Ýöne atmosferada kömürturşy gazynyň çendenaşa köp mukdary toplananda ýaramaz ýagdaý döreýär. Atmosfera goşulýan kömürturşy gazy dünýä derejede howanyň maýlamagyna, klimatyň üýtgemegine getirip haýwanlara, ösumliklere we adamlara ýaramaz täsir edýär.

Seniň ýaşaýan ýeriňde 1-2 gezek aşa sowuk ya-da garly gyşyň bolmagy klimatyň üýtgemeýändigini aňladyp bilýärmi?

Ýok, gynansakda bu ýagdaý klimatyň üýtgemeginiň bolup geçmeýänini aňladanok. Dünýä derejede temperaturalar ýokarlanyp barýarlar. Gaýtam gaty sowuk gyşlaryň bolmagyna garaşylýar. Mylaýym klimatda atmosferada howa buglary köp möçberde toplanýarlar. Bular uly ýagşyň we garly tupanyň sebäbi bolup bilýärler. Klimatyň uýtgemegi bilen garly möwsümiň gysgalmagyna garaşýlýar.

Ozon gatlagynda dörän "deşigiň" klimatyň üýtgemegi bilen baglanşygy barmy?

Ozon gatlagyndaky deşik we klimatyň üýtgemegi – iki sany özbaşdak, aýra meselelerdir. Ozondaky "deşik" ýer togalagynyň ýokary atmosferasyndaky bolýan ozon molekulaly gatlagynyň ýitmegini aňladýar. Ol gatlak bütewi bolan ýagdaýynda, ýer togalagyny günüň ýaramaz ultramelewşe şöhlesinden gorap saklaýar. Ozon gatlagynyň ýukalmagynyň sebäbi – hlorftoruglerod (rus. хлорфторуглерод) maddasydyr. Bu madda sowadyjylaryň önümçiliginde, adamlaryň ulanýan aerozol ballonly önümlerinde giňden ulanylýandyr. Ýukalan ozon gatlagy zyýanly ultramelewşe şöhlesiniň ýere ýetmegi üçin mümkinçilik döredýär. Bu ýagdaý adamlaryň derisinde howply täze döremeleriň ýüze çykmagyna, katarakta we başga-da adam saglygy üçin howply keselleriň köpelmegine getirip biler.

Merkezi Aziýa sebitinde klimatyň uýtgemegi bilen bagly nähili üýtgeşmeler bolup geçýär?

Halkara guramalaryň hünärmenleri Merkezi Aziýadaky döwletleriň hökümetlerini klimatyň maýlamagynyň öňüni almak ugrunda netijeli işleriň alnyp barylmagyna çagyryş edýärler. Olar kilmatyň üýtgemeginiň geljekde pajygaly ýagdaýlara getirjekdigini belleýärler. Aprel aýynda çykan hasabata gorä (onuň netijeleri Ýaponiýada yglan edildi), Merkezi Aziýadaky jemgyýetleriň klimatyň üýtgemegine, üýtgeýän we üýtgäp barýan ýagdaýlara taýýar däldigi bellenildi.

Merkezi Aziýa sebitinde ýgalyň azalmagy, munuň suwuň ýiti ýetmezçiligine getirjekdigi we bu ýagdaýyň oba hojalygyň ösüşine yaramaz tasir etjekdigi nygtalýar. Ýygy-ýygydan bolup geçýan gurakçylyk ekinlere zerur bolan, suwaryşa gerek suwa bolan talaby ýokarlandyrar. Gowaçaň we şalyň ýetişmegine ýaramaz täsir eder. Bu ýagdaý ekerançylar we saherde ýaşaýan ilatyň garyp gatlaklary uçin agyr ýagdaý bolup durýandyr.

Hasabatda Merkezi Aziyada ýerleşýän buzlaryň eremeginiň dowam etjekdigi, ýagdaýyň oba hojalygyna etjek täsiri barada we bütünleý ýurtlaryň ykdysadyýetine ýetirjek ýaramaz täsiri barada nygtalýar. Klimatyň üýtgemegi tebigy harasatlaryň köpelmegi, biodürlüligiň erbetleşmegi, ekosistemanyň dargamagy we topragyň ýaramazlaşmagy bilen häsiýetlendirilýär.

Klimatyň üýtgemeginiň öňüni almak maksady bilen indi bir zat etmek giçmikä?

Ýok, entek giç däldigini, ýöne wagtyň az galandygyny bellemelidir. Häkimiýetler, jemgyýetçilik, adamlar we şereketler geljekde boljak üýtgeşmelere, agyr ýagdaýlara bilelikde taýarlyk görmeli. Ýone bir zady ýatda saklamaly, her adamyň irdenden gün ýaşýança ýaşaýyş uçin edýän hemme hereketleri daşky gurşawda ýitmeýän yz galdyrýar. Her adam bu kynçylygy çözmek ugrunda bir zat edip biler. Gündelik durmuşunda öz isleglerini we hereketlerini sadalaşdyryp we çäklendirip, daşky gurşawa edýän ýaramaz tasirini azaldyp biler!

Ulanylan çeşmeler: 1 / 2

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#8 Syýasatçy. 2014-07-10 01:22
Adamlaryň mümkinçilikleri hem bardyr weli, esasy iş döwletleriň öňden görüjilikli akylly başly aladasy, daşky gurşawyň abat saklanmagyna saldamly kömek bolardy. Aýratyn hem bu babatda garaşsyz döwlet guramalary uly işler edip biler.
Sitata
 
 
#7 Ekolog. 2014-07-04 00:37
Ýer togalagy edil adam bedeniniň bir bitewiligi ýaly bolansoň adam tarapyndan döredilýän ýaramaz goşantdan ejir çekýär. Muňa garşy aýry-aýrylykda göreşmek oňat netijeler bermez.
Sitata
 
 
#6 Kelte. 2014-06-30 20:14
Adamlara Hudaýyň özi haý-küş diýäýmese dünýäni ýyklaklaý!
Sitata
 
 
#5 Howandar. 2014-06-25 13:36
Ekologiýa gaty bozulýar. Her näçe aýdylsada, öwrenilsede belli bir netije ýok. Kömürturşy gazy, metan, azotturşulygy janly jandaryň kastyna çykan ýaly bolup dur.
Sitata
 
 
#4 Girman. 2014-06-18 00:41
Öňler häzirki ýaly klimat bolmandyr. Näçe ýyl mundan öňem ýagşyň, garyň, şemalyň ýüze çykmagy köp üýtgeşiklikler bilen bagly ýaly bolup dur.
Sitata
 
 
#3 Saýpal. 2014-06-16 16:27
Köp ýurtlaryň klimaty edil "guduzlan it" ýaly. Adamzat üçin howply ýagdaýlar döreýär we durmuşy kynlaşdyrýar. Köpüsine adamzadyň öz mümkinçiliklerini ýaramaz ulanýanlygy sebäpli hem ýüze çykýar.
Sitata
 
 
#2 Okyjy. 2014-05-31 00:54
Klimat üýtgeýär, adamlar hem üýtgeýär. Şonuň bilen bilelikde durmuş başgalanýar. Hemmesi sazlaşykly ýaly bolup dur.
Sitata
 
 
#1 teswirçi 2014-05-30 22:35
Klimat üytgeyar, adamlaryn işjenligi sebapli üytgeyar. Muny kabul etmedik ABŞ hökümedi öz wagtynda yörüte barlag geçiridipdir we klimatyn yaramazlaşmagyna adamzadyn tasirinin gönümeldigi yüze çykarylypdyr.

Klimatyn üytgemeginin içinde bolup, bizin yurdumyzda esasy problema tebigatyn kirledilmegi bolup duryar. Zynyndylaryn suwlary hapalamagy, muna bagly yokanç keseller,,,,,
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele