Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy MAŇA GULAK ASYŇ!
( 23 Ses Berme )

Başga adamlara açyk we dogruçyl äheňde özüňi gyzyklandyrýan zat barada garaýşlaryňy, islegiňi aýdyp bilmek nämäni aňladýar? Bu seniň şahsy mertebäňi ýokary tutmak, özüňe bolan ýnamyň we hormatyň görkezijisi bolýar. Mundan başga-da, bu seniň daş-töweregiňdäki adamlar uçin seni tanamana, gowy düşünmäne mümkinçilik döredýär. Başgaça aýtsak, pikiriňi anyk yglan edip bilmek söhbetdeşiňe şeýle diýmekdir: "Meni diňle, meňiň dünýägaraýşymy we duýgularymy hasaba al. Belki sen meň garaýşlarymy özüňki ýaly gowy we dogry däl diýip hasaplaýansyň. Ýone nähili bolanda-da meniň pikirlerim diňlenmäne mynasyp".

Öz pikirlerini, isleg-arzuwlaryňy takyk aýdyp bilmeýän adamlar töweregindäki adamlar bilen doly, manyly aragatnaşyga girişip bilenoklar. Adamlar olary "passiw", "geplemezek" diýp hasiýetlendirýärler. Munuň ýaly adamlar öz isleg-arzuwlaryna ýetip bilmän öz ýanlaryndan gaharlansalar, daş- töweregindäki adamlarda olar bilen düşünişmezlik we üzňelik duýgulary güýjeýär.

Ýone diňe öz aýdanlaryny dogry hasaplaýan adamlar hem, özlerini agressiw alyp barmaklarynyň netijesinde başga adamlardan üzňelige düşýärler. Olar ýzygiderli "gorkuzmalar" bilen, öz pikirleriniň başgalaryň pikirlerinden wajyplylygy, gymmatlylygy barada yglan edip, daşyndaky adamlary özlerinden çetleşdirýärler. Şunuň ýaly adam, başga adamyň pikirini öz pikiri ýaly dogry, ýürekden aýdylýan pikir diýp hasaplanok we kabul etmegi başaranok.

Hawa, başga adamlaryň pikiri hasaba alynmadyk, çynlakaý diňlenilmedik wagtynda, netijeli söhbetdeşlige, pikir alyşmaga we bar bolan kynçylygy çözmäne bolan mümkinçlik bütünleý ýitirilýär. "Men, men" diýip diňe öz garaýyşlaryny dogry hasaplamak agyr ýagdaýy döredýär. Beýle ýagdaýda agressiw adamyň pikiri dogry bolaýanda-da, töweregindäki adamlarda oňa bolan ýigrenç döreýär.

Özüni agressiw alyp barýan adamlaryň söhbetdeşi olaryň "diňe meň pikirim" diýip alyp barýan monologyny özüniň üstünden gülmek, kemsitmek, hüjüm etmek we gorkuzmak ýaly kabul etmekleri mümkindir. Şu ýagdaýda söhbetdeş hüjüme ya-da özüni goramak usulyny saýlamaga ymtylmaga, kähalatlarda aragatnaşyk saklamakdan ýüz öwürmegi hem mümkindir. Şeýle ýaramaz, gorkuly ýagdaý dowam edende, iki tarap hem biri-birini eşitmeýär. Siz şuňa meňzeş ýagdaýlara düşüp gördüňizmi? Özüňizi nähili alyp bardyňyz?

► Siz söhbetdeşiňiziň pikirleri we duýgulary barada göni özünden soraň. Çaklamalar, gep-gybatlar esasynda başga adamyň pikirlerini we düýgularyny kesgitlemekden çetde duruň. Eger bir sebäp bilen sorap bilmeýän bolsaňyz, belki soramazdan öň bu zatlar barada pikirlenersiňiz? Näme uçin siziň söhbetdeşiňiz şiz bilen aragatnaşyk etmäniň şeýle ýoluny saýlap aldyka?

Öz pikirleriňe düşündiriş tapjak bolmak, olary aklamak hökmanmy? Mümkin siz diňe "bagyşlaň, biziň durmuş tejribämiz, garaýyşlarymyz deň gelenok. Şonuň üçin hem biz bu mesele barada dürli ugurlary eýeleýäris" diýip bellärsiňiz?

Agressiw herekete geçmän ýa-da çendenaşa öz garaýşlaryňyzy düşündirjek bolup ötünç soraýan ýaly bolman, öz pikirleriňizi söhbetdeşiňize nähili aýdyňlaşdyryp bilersiňiz?

Bir zady anyk düşünmek gerekdir. Siziň razylygyňyz bolmasa, hiç kim Siziň pikirleriňizi, garaýyşlaryňyzy nädogry, manysyz we hakykatdan daşlaşan diýip yglan edip bilmez. Eger siz dörän ýagdaýa degişli maglumatlary inkär etmän, bu babatda doly habarly bolsaňyz, diňe Siz öz pikirleriňizi we duýgularyňyzy nädogry ýa-da hakyky däl diýip yglan edip bilýäňiz. Bäşga adamlaryň pikirlerini, duýgularyny ret etjek bolanyňyzda hem şu barada pikirleniň!

Maral Nazarowa.
 

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#8 Synçy. 2015-09-05 01:58
Tesbirçi Adalat! Pikiriňiz gaty adalatly. Menem siziň pikiriňize goşulýaryn.
Sitata
 
 
#7 Adalat 2014-09-11 21:05
Haçan Türkmenler biri birini diňlemäne owrenerkäler? Gurbatardan hemme zady almana isleýärler (amatly durmuş şertleri, elitka jaýlary,eşikleri, aýdymlary, elektronika) ýone adama hormat goýmak, pikirini diňlemek, pikiri kabul etmek hiç kabul edenok.
Sitata
 
 
#6 Gerçek 2014-03-07 11:58
Ilki bilen diñlemäni başarmalynyka diýýän.
Ondan soñra pikir alyşsañ öz pikiriñi beýan etseñ has täsirli bolar. Köpümiz bolsa diñlemäni hem başarmaýarys....
Sitata
 
 
#5 Obaly bir bende 2014-03-06 13:44
''Iki diñle, bir gürle'' diýipdirler. Deýl Karnegiñ kitaplary hem peýdaly bu ugurda.
Sitata
 
 
#4 Tokar. 2014-03-06 02:13
Diňlemek, gulak asmak, aýdylan zatlaryň dogry ýa-da dogry däldigine düşünmek iki tarap üçin hem örän wajypdyr. Ýöne köpler gepleşigi alyp barmany başaranok.
Sitata
 
 
#3 Peder 2014-03-05 14:15
Diňeözüňki dogrydyr diýip söhbet edýän adamdan gaçyň!
Siziň gürrüňňizi diňläp, soňra öz pikirini jemläp, netije çykarýan adamyny goldaň!
Sitata
 
 
#2 David 2014-03-05 02:08
Bu zaman adamlar iki ýüzli. Her kim öz peýdasyny bilýär. Seniñ içiñe girip, dostsyran bolup haramzadalyk edýärler. Bu zaman 'Bir adam hemmeler üçin...".
Sitata
 
 
#1 Meýlis 2014-03-04 19:49
Tanamaýan adamlaryň bilen ýürekden gürleşmäniň geregi ýokmyka diýýärin. Gowy tanaýan adamyň hem okuwly, bilimli bolaýende-de özi men-menlik (egoist) edýän bolsa gürrüň uzaga gitmez.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele