Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy JEMGYÝET DURMUŞY: AÝAL-GYZLAR NÄME ÜÇIN JELEPÇILIK BILEN MEŞGULLANÝARLAR?
( 201 Ses Berme )

Biziň jemgyýetimiz jelepçilik nogsanlygy barada söz açmany halanok. Ilatyň aglaba böleginiň meseläniň düýp sebäpleri baradaky duşünjesi gaty pes bolup durýar. Adamlaryň jelepçilik bilen meşgullanýan aýal-gyzlara dürli garaýşy bar: biri ýigrenç bilen garasa, beýleki bir adam olaryň "işine" geň galýar, üçünji biri bolsa äsgermezlik bilen seredýär. Taryhda ähli jemgyýetlerde duş gelen we dürli derejede gülläp ösen bu "gadymy kär" türkmen aýal-gyzlarynyň arasynda giňden ýaýraýana meňzeýar.

Biziň herimizde: "Eýsem olar bu käri näme uçin saýlap aldylarka? Olar nämäniň gözleginde bolup şunuň ýaly durmuşa kaýyl bolýaka?"  diýen soraglar doreýandir. Elbetde, jelepçilik bilen meşgullanýan aýal-gyzlar tenini pula ya-da zat almak maksady bilen satýarlar. Biziň köpümiz jelepçilik bilen meşgullanýan aýal-gyzlar diýlende ýarym ýalaňaç, açyk geýim-eşikde, erkek adamlara näz-kereşme edýän, jelephanalarda işleýan ya-da koçelere çykyp duran aýallar gözümiziň öňümize gelýar. Yöne şunuň ýaly aýal-gyzlar dürli toparlara bölünýärler. Jelepçilik bilen yaş gyzam, alty çagaň enesem meşgul bolup bilerler. Olar jelephanada, klubda, restoranda, köçede öz iş beren hojaýyny bilen (sutener) bilelikde ya-da öz oýunde işleýärler. Şular ýaly aýal-gyzlary bir zat birikdirýär – olar çykgynsyz we agyr durmuş ýagdaýda, pulyň gözleginde bolup tenini satýarlar. Jelepçilik bilen meşgullanýan türkmen aýal-gyzlaryň aglaba bölegi başga ýurtlardada bu kär bilen meşgullanýan aýallar ýaly gazanç etmäni isleýärler.

Köp aýal-gyzlar özlerini jelep diýp hasaplamasalar hem, olar öz tenini zat almak uçin satýarlar, meselem, jaý almak, işe durmak, çagalaryny eklemek uçin. Elbetde, olar bu hyzmatlary öz ýaramaz ykdysady ýagdaýlaryny gowulandyrmak uçin ulanýarlar. Bu toparada girýän aýallar jelepçilik bilen meşgullanýan aýallar bilen deň derejede birmeňzeş kynçylyklar bilen ýuzbe-ýuz bolýarlar.

Biziň jemgyýetimiz jelepçilik bilen meşgullanýan aýallary haýasyz, ahlak taýdan bozuk, ýalta diýip hasaplaýar. Aýallary bu ýagdaýa durmuşda ýüze çykýan maddy kynçylyklary iterýär. Aýallar alan haklaryny iýmite, ýaşar ýaly jaýyň tölegine, çagalaryny we maşgalalaryny eklemäge, derman almaga, bergilerini üzmäge harç edýärler. Aýalyň adamsy ýogalanda, aýrylşanda ýa-da adamsy we maşgalasy ondan bir sebäp bilen yüz öwren halatlarynda döreýän agyr maşgala-ykdysady ýagdaýlary jelepçilik bilen meşgullanmaga itergi berip biler. Durmuşa çykmadyk gyzyň zorlanmagy ýa-da onuň aldawa düşmegi netijesinde  islenilmedik göwreliligiň ýüze çykan halatlarynda hem, ýaş gyz özüne hiç kimiň öýlenmejegini duýup, "öz göbegini özi kesmeli bolýar". Aýalda hiç hili iş, eklenç etmäge mümkinçilik bolmasa, ol ýeke-täk çözgut höküminde öz ýgtyýarynda galan  bir zady – öz tenini hödürlemegi çykalga hasaplaýar.

Ikinji topara jelepçilik bilen meşgullanmaga zorluk bilen boýun edilen aýal-gyzlary degişli edip bolar. Köplenç aýallar ýokary tölegli iş tapma hyýaly ýa-da baý adama durmuşa çykmak islegi sebäpli aldanyp gulçulyga satylýarlar. Bu aýylganç ýagdaýda olar üznüksiz jynsy we fiziki zorluklara sezewar bolýarlar. Ýaş aýal-gyzlar bikanun ýagdaýda başga bir ýurda aldanyp äkidilýärler we olar hemme hukuklardan, pul harajadyndan we oýe dolanyp gaýtmak hukugyndan mahrum edilýärler. Iş bilen üpjün etmegi boýun alyp aldap äkiden adam, aýaly yzyna gaýtsa öldürjekdigi barada haýbat atyp gorkuzýar. Aýal jynsy gatnasyklaryň guluna owrülýär.

Jynsy gatnaşyklaryň üsti bilen geçýän keseller, AIW ýokançlygy, islenilmedik göwrelilik we zorluk.

"Gadymy kär" bilen meşgullanýan aýal-gyzlara jynsy gatnaşyklaryň üsti bilen geçýan keselleriň we AIDS keseliniň geçmeginiň howpy artýar. Aýal jynsy gatnaşyklary geçirmek üçin howpsuz usullary (meselem, prezerwatiw) ulanaýan ýagdaýynda hem, ol bu çözgüdini oňa töleýän erkek adam bilen ylalaşdyrmaly bolýar. Köplenç ýagdaýlarda erkek adam beýle haýyşy kanagatlandyrmaýar.

Jelepçilik bilen meşgullanýan aýal-gyzlaryň arasynda neşekeşler hem duş gelýär. Şeýle ýagdaýda olar neşe satyn almak maksady sebäpli goragsyz, howply jynsy gatnaşyklara mejbur edilýärler. Bu ýagdaýda olaryň öz saglygy barada pikir etmäge mumkinçilikeri hem bolanok.

Aýal-gyzlaryň sezewar bolýan jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän keselleri (merezýel, sözenek, uçuk, hlamidioz, papillomawirus ýokançlygy, AIDS we başgalar) jyns agzalaryň alawlama kesellerine, önelgesizlige, ýatgynyň boýunjygynyň rak keseline getirip bilerler. Bu kär bilen meşgullanýan ýaş gyzlarda bolsa, önelgelilik ulgamynyň kämil däldigi sebäpli, has düýpli fiziologiki näsazlyklaryň döremegi ähtimaldyr.

Köp aýal-gyzlar bu howply keselleriň barlygyndan bihabar bolýarlar. Olar kadaly lukmançylyk barlagyny geçmäge mümkinçilik tapmaýarlar, lukmana baraýan ýagdaýlarynda hem kesel ötüşen tapgyrda anyklanylýar. Bizde bu aýal-gyzlar bilen işleýan ýorite lukmanlaryň ýoklugyny hem bellemelidir. Köp halatlarda lukmanlar şunuň yaly aýallara ýigrenç, ynamsyzlyk bilen garaýarlar we olara kadaly bejeriş çärelerini geçirmegi islänoklar.

Şu kär bilen meşgullanýan aýalda göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri barada doly we dogry maglumat bolmadyk ýagdaýynda, ol islenilmedik göwreliligiň öňüni alyp bilmeýär. Aýal göwrelilik döwründe jelepçilik bilen meşgullanan ýagdaýynda, ol öz entek bolmadyk çagasynyň saglygyny uly howp astyna salýandyr. Şeýle aýallaryň arasynda geçirilýän abortlaryň sany, ylaýta-da, bikanun, gizlin (kriminal) edilýän abortlaryň derejesi ýokarydyr.

Köp ýagdaýlarda jelepçilik bilen meşgullanýan aýal zorlugyň pidasy bolýar. Ol fiziki we emosional zorluga erkek tarapdan sezewar edilip, urulýar, zorlanýar we zatlary ogurlanýar. Köp halatlarda olar jynsy gatnaşyklary gödek we kemsidiji ýagdaýlarda alyp barmaga hem mejbur edilýär. Ençeme ýurtlarda jelepçilik bikanun iş hasaplanylýar. Şu sebäpli köp halatlarda olar öz adam hukuklaryndan mahrum edilýarler we ýerli hukuk goraýjy işgärleri tarapyndan hiç hili kömek we gorag alyp bilenoklar. Kä ýagdaýlarda aýal gazanan pulunyň uly bir bölegini polisiýadan gorag tapmak uçin tölemeli bolýar. Olar polisiya işgärleri tarapyndan hem tutulyp, dürli kemsitmelere sezewar edilip bilýärler.

Maňa bu ýagdayýň näme dahyly bar?

Ýokarda aýdylanlary okap siz: "Men bu kynçylyga näme uçin kellämi agyrtmaly? Maňa onuň näme dahyly bar?" diýip, ör-gökden gelmegiňiz hem mümkin. Bir zady bellemek welin möhümdir. Jelepçiligi höwes bilen kär höküminde saýlap alýan aýal gaty az bolsa gerek. Esasan hem jelepçilik bikanun iş hasaplanýan ýurtlarda bu kär bilen meşgullanma howatyrly bolup durýandyr. Agyr maşgala durmuşy we durnuksyz jemgiýetçilik-ykdysady şertler köp aýal-gyzlary bu howply käri saýlamaga mejbur edýär.

Eýsem-de bolsa, bu käri saýlap alan aýal-gyzlar ýigrenje, ýazgarylma mynasypmy ýa-da kömege, goldawa mätäçmikä? Belki-de, erkek adamlaryň höküm sürýän jemgyýetinde bu adaty, bolmaly ýagdaýdyr? Ýöne ol aýal-gyzlaryň hem enedigini, uýadygyny, ýanymyzda ýaşaýan goňşydygyny unutmasak adalatly bolardy...

Maral Nazarowa
Türkmen aýal-gyzlarynyň durmuşyna synçy.

P. S. Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#42 Turkmen_74 2017-06-12 10:53
Hormatly Maral, hic zat, hic kim, adamy iterenok. Tersine, bizin ozumiz zatlary itermane ukyply. "Durmushda yuze chykyan maddy kynchylyklar" diyyanizmi? Berk yatda saklan, "Kynchylyk yok, ejizlik bar dunyade."
Her adamyn durmushy ozune bagly. Adam, tebigatyn in akylly haywanlarynyn biri bolup, bizde gepleshik ukybymyz bar, hokman tenini satmak dal, elin bilen bir zat goterip, ayaklarymyzy kop zatlara peydalanyp eklench edip bilyaris. Onsonam, adamzadyn saylamak ukyby beyleki haywanlara garanynda guycli. Yolbars surudaki in ejizini saylap alyar, in semizini dal, yone hatda sholam ylgap alyar, ta in sonky demine chenli. Yatyp eklench etmek yaltanyn yoly.
Durmusha yylgyryp bakyn, we durmush size iki esse yylgyrar, cunki her bir adamyn durmushy dine ozune bagly.
Gaty ýerllikli bellenen!
Maral "Durmushda yuze chykyan maddy kynchylyklar" diýip gaty ýalňyşýarsyňyz. Sebäbi şu wagt jelepçilik bilen meşgul bolýan gelin gyzlaryň aglabasy işleýänler (esasanam Ministrliklerde). Ýenede bir ýagdaý: Türkmen gelin gyzlary öz ýalaňaç tenlerini surata düşürip internede oklaýalar, line-den ugratýalar. Buda maddy kynçylyklar sebäplimi??? Surata duşürýan telefonlaryda diňe gymmat bahaly telefonlar!!!
Leýli gaty dogry belleýär “Işe gidip ol yerdaki erkekler bilen ayratyn bir durmuşda ýaşayarlar”. Jelepçilik bilen meşgul bolýan gelin gyzlaryň köp bölegi mesligine çydaman şu hereketleri edýärler. Sebäbi bu ugurda kanun gaty gowşak gelýär. Egere-de polisiýa işgärleri tarapyndan tutulaýsalarda, aýal maşgala öz işlegim boýunça etdim, pul alamok diýse kanun esasynda polisiýanyň işgärleri hiç hili çäre görüp bilenoklar. Adamsy aýalynyň jelepçilik edýänini bilip öýden kowaýsa ýa-da bir şarpyk uraýsa onuň üstünden arz edip polisiýa gatnadýalar. Şeýle-de nika döwründe adamsynyň gije-gündiz gazanan bar emläginiň ýarysyny kazyýetiň üsti bilen bölüp alýalr. Şol sebapden hem hazirki gelinler öz ärlerini äsgerenoklar. Çünki utulmajaklaryna gözleri ýertärler. Jelep gelinleriň ärleride aýalyny urup, türmä gitmejek bolup bar emlägini bermäge mejbur bolýalar. Eger-de eden etmişi üçin kanun esasynda emläkden mahrum edilse, ol ýagdaýda olar bu işe baş goşmakdan çekinerler. Hemmämiziň bilişimiz ýaly ulag serişdelerini bellenilen çäkden gaty sürülen ýagdaýynda 500 manada çenli kä halatlarda 700 manada çenli jerime salnyp ugraldy. Bu ýagdaý eýýäm adamlary terbiýeledi. Şu wagt çyraçylaryň hem çyrasy sönäýdi öýtýan. Şu wagt ulag serişdelerini gaty sürýan adama gabat gelemizok.
Hormatly deputatlar! Şu meselä ymykly seredip, Türkmen halkynyň abraýyny, däp dessuryny, medeniýetini pese gaçyrýan Jelepçilik edýän gelin gyzlara garşy berk kanun kabul edilse has oňat bolardy. Şu wagt maşgala bozulmalary esasynda jebir çekýan çagajyklar az däl. Çagajyklaryň göz ýaşyna galmalyň olaryň göz ýaşy tutar. Uns berýän bolsaňyz beýleki ýurtlarda tebigy weýrançykykly hadysalar kop bolup ugrady. Bu zatalar ýönelige däl, Beýik Alla haramlyk köpelen ýerlerde tebigy hadysalar bilen öz temmisini berýändir. Bu zatlar barada hadyslarda aýdylan.
Sitata
 
 
#41 Tekeli 2016-12-06 19:19
Aýal-gyzlar halkyň ýüzi, namysy diýip aýdylsada, erkekleriň çagalaryny eklemäge asgyn gelip, aýallayň durmuş üçin bu gabahat käre ulaşmaklary, ol namysy ýatdan çykardaýan ýaly.
Sitata
 
 
#40 Mersii 2016-07-29 19:09
Quoting Magtymguly:
Makalada yazylan
"Biziň jemgyýetimiz jelepçilik bilen meşgullanýan aýallary haýasyz, ahlak taýdan bozuk, ýalta diýip hasaplaýar. Aýallary bu ýagdaýa durmuşda ýüze çykýan maddy kynçylyklary iterýär."

Hormatly Maral, hic zat, hic kim, adamy iterenok. Tersine, bizin ozumiz zatlary itermane ukyply. "Durmushda yuze chykyan maddy kynchylyklar" diyyanizmi? Berk yatda saklan, "Kynchylyk yok, ejizlik bar dunyade."
Her adamyn durmushy ozune bagly. Adam, tebigatyn in akylly haywanlarynyn biri bolup, bizde gepleshik ukybymyz bar, hokman tenini satmak dal, elin bilen bir zat goterip, ayaklarymyzy kop zatlara peydalanyp eklench edip bilyaris. Onsonam, adamzadyn saylamak ukyby beyleki haywanlara garanynda guycli. Yolbars surudaki in ejizini saylap alyar, in semizini dal, yone hatda sholam ylgap alyar, ta in sonky demine chenli. Yatyp eklench etmek yaltanyn yoly.
Durmusha yylgyryp bakyn, we durmush size iki esse yylgyrar, cunki her bir adamyn durmushy dine ozune bagly.

Tüweleme gaty dogry aýtýaňyz, jaýdar aýdylan
Sitata
 
 
#39 Maral 2016-07-15 03:40
Quoting ynsap:
Beyle zatlary obsujdat eder yaly siz kim boldunyz. Ondan her kimoz ayal doganyna, ayalyna, ejesinw berk eye dursyn


Siz jemgyýetde ýaşaýarsyňyz, bu mesele hemme kişä degişli. Aýal gyzlara "eýe çyklmak", "eýe durmak' zerurlygy ýok. Olar öz ykbalyny özleri saýlap, çözýän adamlar.
Sitata
 
 
#38 Maral 2016-07-15 03:37
Quoting eziz:
Maral karoci sena turkmen gyzlaryn kari diyp, butin turkmen gelin gyzlaryny abraydan gacyrdyn oydyan.

Makalanyň hiç bir ýerinde şeýle diýelenok. Bu siziň düşünişiňiz.Her gyzyň öz abraýy bolýar. Bir türkmen gyzynyň abraýy başga bir gyzyň abraýy bilen kesgitlenilenok, görkezijisi däldir.
Sitata
 
 
#37 Gartaşan. 2016-05-22 16:50
Jelepçilik aýal-gyzlaryň ýaramaz terbiýesiniň miwesi bolup, köp ýagdaýda aýallaryň bihaýalygy bilen ýüze çykýar. "Ganjyk guýrugyny galdyrmasa, köpek yzyna eýermez" diýipdirlerä!"
Sitata
 
 
#36 eziz 2016-02-11 21:17
Maral karoci sena turkmen gyzlaryn kari diyp, butin turkmen gelin gyzlaryny abraydan gacyrdyn oydyan.
Sitata
 
 
#35 Okyjy. 2016-01-21 22:49
Hormatly tesbirçi Ynsap! Şu temany obsuždat etmän, onda nämäni etjek. Bagyşla weli, ýazan pikiriňe adyň mynasyp däl diýip biljek. Öz ýakyn aýal maşgalalaryňyzy sandygyň içine salyp gulplap saklasaňda ýa-da gylyjyňdan gan damyp dursada sen saklap bilmersiň. Bu ýagdaýlar geçmişde galdy. Beýle uly gürleme-de her maşgalaň özüne Ynsap bersin diý!
Sitata
 
 
#34 ynsap 2016-01-21 08:03
Beyle zatlary obsujdat eder yaly siz kim boldunyz. Ondan her kimoz ayal doganyna, ayalyna, ejesinw berk eye dursyn
Sitata
 
 
#33 Nur. 2015-12-19 02:01
Obalarda, şäherlerde durmuşa çykmadyk ýaş gyzlaryň göwreli bolup, bulaşyp ýörmeklerine jelepçiliga diýip bolmaz, weli ýöne olara erkini elden berenler diýip ynamly aýtsa bolar. Ata-eneler, mekdep mugallymlary, şerigat hakynda wagyz edip ýören mollalar terbiýäni tala daňaýanlar ýaly.
Sitata
 
 
#32 Ýigit 2015-12-03 02:18
Jelepleriň ýaýradýan keselleri az bolar ýaly, bukdaklaşyp ýörmezlikleri üçin gerek ýerinde döwlet gözegçiligi arkaly dermanhana, şypahana, naharhana, dellekhana bolyşy ýaly jelephana açylsa talaba laýyk bolardy. Adamlaryň gizlin meşgul bolýan tebigy gerek talabyna başgaraçyk garalsa ýerlikli bolardy.
Sitata
 
 
#31 Ýalňyz. 2015-11-08 00:17
Jelepçilik edýän aýallaram geregä. Olarsyz durmuş käbir halatda lezzetli bolmaza. Ýeke ýaşasy gelýän boý oglana, aýalyndan aýrylan ýa-da öýde karary ýetmän özge ýerde keýip çekmegi unaýan erkeklere ol zenanlar howa bolmasada bäri ýany gerekmikä diýýärin.
Sitata
 
 
#30 Lallyk. 2015-10-16 02:19
Galybersede terbiýesiz, ýeňilkelle ýaş gelin-gyzlar jelepçilik edip, jynsy keselleri ýaýradýan mikroblara öwrüläýdiler öýdýän. Olary diňe kadaly terbiýä mätäç jemgyýetiň pidasy diýip hasaplamak dogry bolardy.
Sitata
 
 
#29 seljuk 2015-07-16 04:53
Wah herkim bir zat aydypdyr yenede ayal masgala bicara ol pahyrlar yaska ejeden kakadan edep alman dine isletyaler yone ynsana gelisyan owut undeg etmeyaler mekdeplerdede nama leyli mejnun zohre tahyr diyip soygu romanyndan soz acya onsan mekdepda soygu temadan gowy doyyalar oye gelya isini dynyp ejesi bn yene soygu filim gorya adam pahyram nama dur.usunda kop bolsa sony pikir etya sonam jorolary bn soygi temasy barada gepe gyzyalar telewizoram butlarna celni acyk koynek geymani ogretya o y gorya son olar durmusda soygi diymek uly agyt diyip pimir etya sol wagyta. Haramzada oglanlar haram keyipleri ucin olan durmusyny zayalayalar gyz pahyr nama etsin masgalasy bn hi gyz soygu barada pikir alysyp bilermi namamis turkmencilive gelsenokmys gyzy uryalar gorkuzyalar yene gyz caga alacsyzja galya yurejigindaki arzuw hyyal bagtyny durmus pylanyny masgalasy bn maslabat etmekden mahrum galyp ozu yalyja any yetmeyan jorasy bn maslahat edip kyncylyga ducar bolyalar sonundanam masgalan erkekleri yol ars bolyalar senden gecdim diyisip ozlerinden guna goyonoklar beyle namysly erkek bolyan bolsa wah uyajygym wah gyzym ona men sana unus berman su yola gitmegine sebap boldum indi bir kyncylyga ucurayma gel yzyna dolan diyip oz yalnyslyklaryna dusunmekden gece gayta tersine hany aydyn gyz caga yaramaz yoluna kim gunakar ozumi ya jemgiyetmi ya masgalamy
Sitata
 
 
#28 seljuk 2015-07-16 04:29
R
Sitata
 
 
#27 Gulleralemi 2015-05-23 18:38
Jeleplicik ayrilsada parahorluk ayrilmaz
Sitata
 
 
#26 Zenan. 2015-04-24 23:09
Tesbirçi Leýli sizä oňaraýdyňyz. Türkmen gelin-gyzlarynyň hemmesini ýola çykyp duran edäýdiňiz. Menä seniň bilen ylalaşamok. Beýle däldir. "Süri agsaksyz bolmaz" diýilşi ýaly ahlak taýdan bozuk gelin-gyzlar bar bolsa bardyr. Onuň ýalylar hemme milletde-de bar. Ol aýal maşgalanyň özüne, maşgalada alan terbiýesine bagly bolýar.
Sitata
 
 
#25 Zenan. 2015-04-24 23:06
Tesbirçi Leýli sizä oňaraýdyňyz. Türkmen gelin-gyzlarynyň hemmesini ýola çykyp duran etdiňiz. Beýle däldir. "Süri agsaksyz bolmaz" diýilişi ahlak taýdan bozuk gelin-gyzlar bar bolsa bardyr. Onuň ýalylar hemme milletde-de bar. Ol aýal maşgalanyň özüne, maşgalada alan terbiýesine bagly bolýar.
Sitata
 
 
#24 Leyli 2015-04-24 20:03
Kop turkmen gelin gyzlary dine depesinde tayak oynadyp yormeli. Hazirki gelinlerin kopusi I$e gidip ol yerdaki erkekler bilen ayratyn bir durmu$ ya$ayarlar, ozleri gunakar, oyden chyka.da zynjyrdan bo$an it yaly, ozlerini kicheldip bir oylanlik nahar uchin etjeklerini edyarler, oye gaytmaly wagty bolsa alda name gelinler gozleri yerden galanok. $u zatlary goreninde yigrenc doreyar, olara gowrelilik hem pasgel bermeyar, oydaki arlerinden bo$ap I$daki «arlerin» yanyna baryarlar!!! Adamyn ozune, onun alan terbiyesine bagly hemmesi.
Sitata
 
 
#23 Zeynep 2015-03-26 05:04
Birinji yalnişlik biziñ erkeklerde. Biziñ erkekler erkek bölüp ayal gizlararina sayıp çiksalar yaltalik etmåni işlan halal hazana getirdiler inanin dünyada kunti galmaz
Sitata
 
 
#22 Okyjy. 2015-01-25 23:54
Tesbirçi Mamediň köp pikirleri bilen ylalaşýan. Ýöne bu ýaramaz endikleri biri öwretdi diýmek ýalňyşlyk diýip pikir edýärin. Saňa jelepçilik et diýýän ýoga. Aýallaram erkek adamlaram zähmet çekesleri gelenok. Aňsat eklenjiň ugrunda. Dogry adamlarda kanagat gutardy, şonuň bilen birlikde biri-biri bilen bäsdeşlik ýetjek derejesine ýetdi. Mesçilik, bary bilen oňanoklar. Deň- duşundan galmajak bolup ýaş gelin-gyzlar hem aňzat "gazanjyň" ugruna çykýarlar.
Sitata
 
 
#21 Mamet 2015-01-25 14:04
Birem iñ uly yalñyşlyk kanagat galmady.Eliñde bolan bilen yaşamagy oñaramyzok.Mundan uzak wagt dal 15-20 yil oñlerem hekli sadaja jaylarda kanagat edip yaşayadyk.Indi yewro remont bolmasa,oyde kir masyn bolmasa,aşagyñda soñky model bolmasa bolanok.Adamysynyñ gepini çekesi gelenok.Bay erkek gerek.Bay erkek başgasyndan galan heleye kunti nazary bilen seretya.Wepa yok.Ganjyk guyruk bulamasa Kopek neylesin gaty yerlikli soz.
Soñam biz SOWET DOWLETI vagtynda gaty berk tutyldyk.Sputnik antenlary ,internet nirde gorlen zat.Azgynlygy icinde duran adamlar edil yupinden boşadylan guduz it yaly boldy.Onsyzam bir basga erkeklerin tagamyny gorsem diyip arzuw edip yorenler bokduler kunticilige.Erkegin yitiryan zady yok.Hicbir erkek basgasynyn masgalasyny pikir etmez Allahtan gorkmasa
Sitata
 
 
#20 Mamet 2015-01-25 12:57
Salowmaleykim.
Hormatly Maral.!Siz oz pikirinizi aydypsynyz welin men bu pikire duybunden gosulamok.Turkmenistanda gun gormek ucin kunticilik etyan isjen yekeje de adam yok.Hemmesem yalta yada keypi gowy goryan gelin gyzlar.Hatda munun yalylara gelin gyz sozleri kopluk etya.Birinjiden masgaladaky yeri bilenoklar.Ar namysyny pula satyalar.Turkmenistanda gunini gorup bilemok diyen adam adam hem dal.Yewropa yurtlaryny ,Turkiyani ve Russiyany goren adamlar Turkmenistany basyna sylya.Turkiya ggidip kunticilik edeninde garsysyna nameler cykjagyny bilyaler.Sol yerde cekyan kyncylygynyn yarysyny oz yurdunda cekse iki esse kop gazanc etjegini veli bilenok.Ors turkmen halkyna mallygy owretdi.Sol pikirden gutulmanam yenil gazancmyka oydup kunticilige baslayalar.Turkmenin basga milletden kem yeri barmy.Kunticiligem parahorlygam bize ORS ovretdi.Normalny zat yaly gorkezdi.indem ozi akja cuyje.Turkmen musulmancylygyny yatdan cykardy bar bolan zat sol
Sitata
 
 
#19 MAHYMKA 2014-12-09 15:54
MARAL NAZAROWAA SIZIN AYDYANLARYNYZ DOGRY YONE GYZLARYN OZINDENEM BAR
Sitata
 
 
#18 MAHYMKA 2014-12-09 15:53
MARAL NAZAROWA SIZIN AYDYAN ZADYNYZAM DOGRY WELIN GYZLARYN OZINDENEM BAR MESELEM IÑ BARKIJESI BIKE
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele