Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy ÇAGA TERBIÝESINIŇ KÖNE KANUNLARY
( 7 Ses Berme )

Günleriň birinde meniň 12 ýaşly jigim mekdepden gelip, maňa okuwçylaryň we mugallymyň arasynda bolan bir üýtgeşik wakany aýdyp berdi. Gysga beýän edişde 6-njy klasda okaýan oglan öz klasdaş gyzyna kiçijek kagyzda öz söýgi duýgulary hakynda bir-naçe söz ýazyp, şol gyza gowşurypdyr. Jemal (romantiki haty alan gyz), belki maslahat sorap, ony ejesine görkezipdir. Onuň ejesi ertiriň özünde okuwçylaryň synp ýolbaşçysynyň ýanyna baryp, bu, onuň pikiriçe, ýaramaz herekete zeýrenip, ondan ýagdaýa goşulmagy talap edipdir. Mugallym synp sagadynda ýapyk gapylaryň aňyrsynda, hemme okuwçylaryň öňünde şol oglany juda rehimsiz urupdyr. Men bu erbet we gorkunç wakany diňläp, birinji bilen, şol 12 ýaşly oglanyň psihikasyna we ilki-ilki ýetginjek döwründe döreýän şahsyýetine ýetirilen bitmez şek hakynda pikir etdim. Birinji söýgi diýilýän ýagty duýgy oňä sadaja bagt däl-de kän häsiýet ýygyndylary ýetirdi. Elbetde, bu waka şu oglanyň psihikasynda we umumy dünýägaraýşynda ýaramaz yz galdyryp biler. Ol bu mugallymyň zorlugyna görelde hökmünde we şuňa meňzeş wakalardan çykalga ýaly sereder.

Türkmen terbiýesi döwrebapmy?

Çaga terbiýesi her-bir jemgyýetde her hili bolup, aslynda, durmuşyň iň manyly mysallaryň biri hasaplanylýar, çünki, çagalar – bu ertirki gün. Çaga terbiýesi hakynda kän maslahat berýän kitaplaryň sany kän. Olaryň her biri belli bir teoriýa görä çagalary kämillik ýäşyna yhlasly seretme bilen ýetirmegiň häýyrly usullaryny hödürleýärler. Ýöne biziň ýurdumyzda onça kän terbiýelik bilen gyzyklanýan ene-atalaryň sany az. We muňada kän sebäpler bar. Türkmen dilinde çaga terbiýesi barada döwrebap maglumatlar, iň soňky barlaglara esaslanyp ýazylan kitaplar ýok. Döwürdeş türkmen awtorlaryň arasynda bu tema aktual däl. Daşary ýurt terbiýelik hödürnamalar biziň dilimize terjime edilenok. Ene-atalar diňe öz durmuş tejribesinden we öz maşgalasynda duşan göreldesinden düşünje döredýär.

Çaga terbiýesine degişli hemme tejribe biziň aglaba bölegimiz ata-babalarymyzdan gaýdyp gelýändigini belleýäris. Emma, meniň pikirimçe, olaryň wagty geçdi, durmuş şertleri, talaplary özgerdi. Olaryň wagtynda çagalary berk terbiýelemek, hemme taraplaýyn ýetmezçilik we birahat wagtyna görä adamy galdyrmak örän gerekli durmuş şerte deňdi. Emma ýaşaýşyň şu günlerinde ösüş we umumy geljegimiz, belki, adamzat şahsyýetiň yzynda.

Türkmen terbiýesi we söýgi

Gynansagam, ýokardaky ýazylan waka seýrekleriň arasyndan däl. Bu sebapli, belki, çagalar bilen başgaça hereket etmegiň wagty gelendir? Näme uçin Jemalyň ejesi bu waka sebäpli beýle aladalanýar? Mümkin ol durmuş täzeliklerden we olaryň üstünden jogapkärçilik tutmany gorkýandyr we şeýdibem soňkyny mugallymyň ynsabyna tabşyrandyr. Mugallym bolsa ýagdaýy öz bilýän-tanaýan netijesiz usuly bilen çözendir. Näme üçin olaryň arasynda gürrüňdeşlik, pikir alyşma, çagany diňlemeklik, çaga düşündirmeklik ýokka? Mümkin bu wakada biziň söýgi hakda düşünjämiz pesdir. Biziň tarabymyzdan aslyndan arassa we ýagty duýgy näbelli sebäplerden köplenç masgaralanýar, aýyp görülýär. Emma çeper türkmen edebiýatymyza ýuz tutsak, onda köp belli söýgi hakda eserlere uly we hormatly ýer goýulýar ("Şasenem we Garyp", "Leýli-Mejnun" we başga hekaýalar, Magrymguly Pyragynyň, G. Ezizowyň, K. Gurbannepesowyň we başga belli türkmen şahyrlaryň söýgi hakda goşgulary). Aslynda biziň medeniýetimiz söýgini hormatlaýar we ýokary tutýar. Eger yza, ýokardaky waka dolansak, name üçin çaga ýaramaz garalýar?

► Çaga kiçi, hukuksyz, başarjaňsyz adamjyk. Oňä köp düşünjeleri bermek zerur däl, sebäbi soň ol, köp bilip, ene-atalaryň barlagyndan, asla häzirki türkmen jemgyýetiniň kanunlaryndan çykmagy mümkin. Emma bu pikir doly dogry dälmikä diýýän. Gepleşik bilen çaga bir wakanyň hemme artykmaçlygyny we kemlikli taraplaryny, umumy düşünje berip, görkezilmegi zerur bolup durýar. Belki bu gepleşik geljekde olary uly ýalňyşlykdan halas eder.

Ene-atalar we mugallymlar üçin çaga el galdyryp düşünje bermek – terbiýäniň iň ýeňil – netijesiz we zyýanly usulydyr. Gürleşmek, pikir alyşmak, soraglara jogap bermek düşünjeli ene-atany, onuň wagtyny talap edýär we her ene-ata başardanok. Çaga bilen yzygiderli iş geçirmek üçin kän sabyr, durmuş tejribe we bilim gerek, el galdyrmakda bolsa – diňe güýç gerek. Jemgyýetimizde uly adamlaryň özi şeýle usul bilen terbiýelenen. Başga usullary bilenoklar. Belki şeýle ýagdaýlarda sada adamkärçilik düzgünleri kömege geler.

Çaga terbiýesi ene-atanyň, terbiýeçiň öz terbiýesinden başlanýar. Çaga nähili garalylsa, ol şol ýaly bolubam, ýetişýär. Şonuň üçin maşgala gurulmaka her-bir ýigit we gyz özünden "Men ene, ata bolmaga ruhy, ahlak, fiziki, maliýe taýdan taýýarmy? Men başararynmy?" sorap görmelik peýdaly bolar diýip pikir edýärin. Hatda maşgala yagdaýy, – eşretli çagalyk döwri sag-salamatlykly geljekki nesliň bolmagyny kesgitleýär.

Awtor: Bossan Annageldiýewa

Makaladaky surat arzuw.tm saýtyndan alynan.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#13 Aygozel 2017-09-11 01:34
Avtor, uly hormatdarlyk shu temany galdyranyn uchin! senin beren maslahatyn gaty govy! Men yende oz pikrimi goshmakchy, eger shol mugallym ol oglanjygy klassyn nude masgara etman, oz klasyna chagyryp hemme zady dushunduren bolsa govy bolardy! yogsadam, mugallymlaryn ilin chagasyny urmaga haky yokmyka diyip hasaplayan!
Sitata
 
 
#12 Aygozel 2017-09-11 01:30
Quoting Ata-ene:
"Çaga eziz, edebi ondanam eziz". (türkmen nakyly)
Şu döwürde yaşlaryň söýüşmeklerinde päsgelçilik ýok diýen ýaly. Häzirki ýaşlaryň iň ökde zady söýüşmek.
Awtor, sen bu ýaşlary söýşüp bilmezler diýip alada etme, sen gowusy olara nädip öte geçmän saklanmaklaryny öwretmegi salgy ber. Häzirki ýetginjekler senden-menden ökde söýüşmäge. Bileni-biteni "söýgi" olaryň. Olar üçin indi "seks" çaga oýunjagy bolup galdy ahyry... Sen bolsa olar söýginiň derdini çekýändirler öýdýärsiň. Nirde oturyp ýazýaň bu makalany?


Çagany okatmaly hemde romantiki duygulara olary tayarlamaly, a ol mugallymyn beyleki okuwchularyn arasynda uranyndan. Ol oglany yeke yekelikde gurleshen bolsalaram bolardy. Beydip, ol oglanjygy beyleki chagalaryn arasynda masgara eder yaly zat yok. Onsoñom, kop yashlar hemme zady bukulyp edyarler a sebabi bolsa ene atalar ayyp goy diyip yashlaryn yollaryny yapyarlar.
Sitata
 
 
#11 Awtor 2017-09-07 19:24
Quoting kaka:
Çaga terbiyesi barada maglumat beryan saytlaryn adresini goysanyz minnetdar bolardym.

Men Size şu web saýty maslahat berip bilýän http://www.ya-roditel.ru , ýöne hemme informasiýä onda rus dilinde
Sitata
 
 
#10 Awtor 2017-09-07 14:56
Quoting Ata-ene:
"Çaga eziz, edebi ondanam eziz". (türkmen nakyly)
Şu döwürde yaşlaryň söýüşmeklerinde päsgelçilik ýok diýen ýaly. Häzirki ýaşlaryň iň ökde zady söýüşmek.
Awtor, sen bu ýaşlary söýşüp bilmezler diýip alada etme, sen gowusy olara nädip öte geçmän saklanmaklaryny öwretmegi salgy ber. Häzirki ýetginjekler senden-menden ökde söýüşmäge. Bileni-biteni "söýgi" olaryň. Olar üçin indi "seks" çaga oýunjagy bolup galdy ahyry... Sen bolsa olar söýginiň derdini çekýändirler öýdýärsiň. Nirde oturyp ýazýaň bu makalany?

Gadyrly okujy, men bu makalada birinji bilen chaga zorlugy barada yazdym. Ozuniz menden gowy bilyarsiniz, chaga ka-bir pursatlarda ulularyn garayshyny - mekdepde okuwyny gowy okamasa, ookap bilmese, bir zatda yalnyshlyk goyberse, ol shol wagt ulularyn eli bilen urulyar. . Bu dogrymy? Belki bu kichi chagalara komek gerekdir, belki biz, uly adamlar bolup, olara dogry dushunje bermelidiris, chunki muna hakyky chaga terbiyelik diyerler. Makaladaky pursatam kadadan chykmak dal. Chagalar durmushynda birinji gezek oglanlaryn we gyzlaryn arasynda doreyan simpatiyasy bilen tanyshyarlar. Ulularyn chaga ya-da yetginjege hem soygi barada dogry dushunje bermekligi olary sizin gorkyan yalnyshlyklarynyzdan halas eder.Yone, aydyshym yaly, biz chaga terbiyelikden on, ozumizi terbiyelemeli, chunki hachan biz oglan-gyzymyzy terbiyelamizde, ozumizi gowy tanap bashlayarys.
Sitata
 
 
#9 betje 2017-09-07 00:53
Quoting Ata-ene:
Temaň ady hem jüpüne düşmändir.

"Всё новое хорошо забытое старое" diýip hem bir söz bardyr.

Hawa, Sowetler gelmaka turkmenlerde "chaga terbiyesi" ugry, ylymy gaty osen bolmaly. "terbiýe" name? Turkmen terbiýesi näme?
Sitata
 
 
#8 betje 2017-09-07 00:49
Quoting Ata-ene:
@Bilbil !
"Line" we şoňa meňzeşler geleli bäri söýgiň işi gaýtmadymy näme...

Indi Gurbannazaryň, Kerim agaň ýaşan döwürlerindäki söýgini "Line"-dan tapmarsyň...

Geling ozumizi "line" geldi, soygi dargady" diyip aldatmagymyzy goyaly. Ylym, bilim, terbiýämiz döwürimizden yza galýar. Hany döwrebap kitaplar? Siz psihologiýa ugrundan ýazylan birje kitaby mysal getiriň? 2016-2017 nji ýylda çap edilen.
Sitata
 
 
#7 betje 2017-09-07 00:45
Quoting Ata-ene:
"Çaga eziz, edebi ondanam eziz". (türkmen nakyly)
Şu döwürde yaşlaryň söýüşmeklerinde päsgelçilik ýok diýen ýaly. Häzirki ýaşlaryň iň ökde zady söýüşmek.
Awtor, sen bu ýaşlary söýşüp bilmezler diýip alada etme, sen gowusy olara nädip öte geçmän saklanmaklaryny öwretmegi salgy ber. Häzirki ýetginjekler senden-menden ökde söýüşmäge. Bileni-biteni "söýgi" olaryň. Olar üçin indi "seks" çaga oýunjagy bolup galdy ahyry... Sen bolsa olar söýginiň derdini çekýändirler öýdýärsiň. Nirde oturyp ýazýaň bu makalany?

Onsong sholaryng "soyushmegine" biz "soygi" diyip bilyasmi? Soygi "seks" dal. Soygi barada dushinjeleri bolamansong sheyle alyp baryarlar. Soygi - seks dal.
Sitata
 
 
#6 Ata-ene 2017-09-07 00:26
Temaň ady hem jüpüne düşmändir.

"Всё новое хорошо забытое старое" diýip hem bir söz bardyr.
Sitata
 
 
#5 Ata-ene 2017-09-07 00:22
@Bilbil !
"Line" we şoňa meňzeşler geleli bäri söýgiň işi gaýtmadymy näme...

Indi Gurbannazaryň, Kerim agaň ýaşan döwürlerindäki söýgini "Line"-dan tapmarsyň...
Sitata
 
 
#4 Ata-ene 2017-09-07 00:13
Ir döwürler türkmenler çagasyny molla okamaga berende "Eti seňki, süňki meňki" diýer ekenler. Ýagny, bezzatlyk eden çagany kakyş-kukuş etmäge molla rugsat beripdirler.

Siziň makalaňyzda beýan edilen mugallymyň okuwçyny urma wakasy häzirki döwürde gaty seýrekmikä diýýärin. Sebäbi bu Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýär. Mugallymlaryň bezzat çagany urmaga het edip bilýänleri indi gaty azdyr.
Sitata
 
 
#3 Ata-ene 2017-09-07 00:02
"Çaga eziz, edebi ondanam eziz". (türkmen nakyly)
Şu döwürde yaşlaryň söýüşmeklerinde päsgelçilik ýok diýen ýaly. Häzirki ýaşlaryň iň ökde zady söýüşmek.
Awtor, sen bu ýaşlary söýşüp bilmezler diýip alada etme, sen gowusy olara nädip öte geçmän saklanmaklaryny öwretmegi salgy ber. Häzirki ýetginjekler senden-menden ökde söýüşmäge. Bileni-biteni "söýgi" olaryň. Olar üçin indi "seks" çaga oýunjagy bolup galdy ahyry... Sen bolsa olar söýginiň derdini çekýändirler öýdýärsiň. Nirde oturyp ýazýaň bu makalany?
Sitata
 
 
#2 kaka 2017-09-06 23:49
Çaga terbiyesi barada maglumat beryan saytlaryn adresini goysanyz minnetdar bolardym.
Sitata
 
 
#1 Bilbil 2017-09-06 19:14
Ýetginjekleriň garşydaş jynslar bilen romantiki gatnaşyk etmekleri henizem aýyp görülýär. Şondan mydama gizlenip ýörýäler. Duýgularyny diňe Line-da beýan edýäler.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele