Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy GELIŇ, MÜMKINÇLIGI ÇÄKLI BOLAN ÇAGANY KÖPÇÜLIGE GOŞALYŇ!
( 10 Ses Berme )

Ýalňyzlyk näme? Bu soragyň jogaby adamdan adama üýtgeýär. Käbirleri üçin ýalňyzlyk öz ýakynlaryndan daş düşmek bolsa, başgalar üçin bu özüne laýyk ýar tapmazlykdyr. Ýene birleri üçin ýalňyzlyk – perzentsizlik bolup biler. Diýmek onuň görnüşi kän, emma ýalňyzlygyň iň bir erbet görnüşi bedeniňde ýa-da aklyňda kemçilik bolup köpçülikden tapawutly bolmakdyr. Biziň jemgyýetimizde mümkinçiligi çäkli bolan adamlar hemmeleriň gidýän ýerlerine gitmeýärler, sag adamlara goşulyşmaýarlar we olar bilen gatnaşmaýarlar. Olar hemişe özlerini beýlekilerden kem duýýarlar. Belki sizem erbet hassa bolan wagtyňyz olaryň başyndan geçirýän kynçylyklary duýansyňyz. Bu duýgy sizde wagtlaýyn bolan bolsa, mümkinçiligi çäkli adamlar hemişe şeýle ýagdaýda ýaşaýarlar.

Türkmenistanda şu wagtky ýagdaý:

Türkmen Kodeksiniň 146-174 statýalaryna görä, mümkinçiligi çäkli bolan adamlara sosial taýdan kömek etmek karary berilen.

Ýurdumyzda şu wagt garrylar we mümkinçiligi çäkli bolan adamlar bilen iş alyp barýan alty (6) sany hyzmat merkezleri bar. Bu merkezler mätäç raýatlary hemişelik ýa-da wagtlaýyn sosial-medisina hyzmatlary we başga hyzmatlar bilen üpjün edýärler. Bu hyzmat ýerleriň peýdasy uly bolsa-da, mümkinçiligi çäkli bolan adamlary aýratynlykda saklaýarlar. Biziň pikirimizçe şeýle hyzmat öýlerini şu wagtky ýagdaýyndan has hem ösdürmäge çalyşmaly. Olaryň hödürleýän hyzmatlary ähli zerurlyklary öz içine alýan, ýagny inkluziw (Iňlisçe: "inclusive") bolmaly.

Ösüşiň dowam etmegi üçin bu meselede ösen döwletleriň tejribesine göz aýlasak ýalňyş bolmaz. Ýewropa döwletleriniň köpüsinde, mümkinçiligi çäkli bolan çagalary özlerini kem we tapawutly duýmaz ýaly adaty mekdeplere ugratmak ündelýär. Bu meselede öňdebaryjy ýurtlar Italiýa we Finlýandiýadyr. Şu ýurtlarda okuwlar maýyp çagalaryň sag çagalara goşulyşyp, jemgyýete peýda getirjek adamlar bolup ýetişmegi üçin niýetlenen.

Inkluziw okuw näme?

Inkluziw okuw (Iňlisçe: "inclusive education") – bu hemmelere niýetlenen we elýeterli bolup, bärde ähli okuwçylar öz deň-duşlary bilen bile bilim alyp bilýär diýmekdir. Beýle okuwlarda hiç kim kemsidilmän güler ýüz bilen garşy alynýar, klaslar biri-birinden tapawutlanmaýar, geçirilýän ähli çärelere hemme okuwçylara gatnaşmaga mümkinçilik döredilýär.

"Goşulyşma" bu gönümel mümkinçiligi çäkli bolan okuwçylary köpçüligiň okaýan klaslaryna ýerleşdirmek diýmek däl-de, eýsem bilim edaralarynyň goldawy bilen olaryň gerek esbaplaryny göz öňünde tutup, mekdep şertlerinde düýpli özgertmeleri amala aşyrmakdyr. Okuwyň täsirli metodlary saglyk ýagdaýyna garamazdan hemme kişi üçin niýetlenen bolmalydyr.

Öňki döwürlerde mümkinçiligi çäkli bolan okuwçylar ýörite amatlyklar bilen üpjün edilen aýratyn klaslarda okadylýardy. Ýörite bilim bermegiň bu ugry şeýle okuwçylaryň deň-duşlary bilen gatnaşygyny goýup, köpçülikden daşlaşmagyna sebäp bolsa, mekdepleri hem 2 aýry sistema we aýry şertleri döretmekde maddy kynçylygyň astynda goýýardy. Inkluziw okuw sistemasy bolsa işgärleriň we gerek zatlaryň sanyny artdyrmak arkaly ähli okuwçylara has köp çeşmelerden peýdalanmaga ýer açýar.

Inkluziw okuwyň peýdalary:

Çäkli bolan çagalary aýratyn klasda, mekdepde ýada aýry dynç alyş merkezlerinde saklanmaly däl. Çünki her bir çaganyň deň hak-hukugy bar. "Başga hili" ýagny, mümkinçiligi çäkli bolan adamlary jemgyýete goşmak we olaryň deňligini kabul etmek kiçilikden (mekdep we çagalar bagy ýyllaryndan) başlamaly. Bu mümkinçiligi çäkli bolan çagalary köpçüligiň içinde mertebeli raýat hökmünde kabul etmeli diýen düşünjäni öňe sürýär. Galyberse-de, inkluziw okuwlarda okan mümkinçligi çäkli bolan çagalarda özleri barada pozitiw pikir döreýär. Sagdyn çagalar bolsa dürlüligiň gadyryny bilmäni öwrenýärler. Köpçüligiň bir bölegi bolmak, başgalaryň arasyna goşulmak, jemgyýet tarabyndan kabul edilmek – bu adamzat üçin möhüm zatdyr.

Täzeçe çemeleşmäni nädip döretmeli?

Mümkinçligi çäkli bolan adamlaryň köpçülige goşulyşmagy üçin hemmetaraplaýyn, ýagny döwlet, maşgala, mekdep, jemgyýet tarapyndan goldaw berilmegi zerurdyr.

► Maýyp okuwçylar doly potensiallaryny ulanyp biler ýaly döwlet tarapyndan inkluziw okuw bilim programmasy döredilmeli. Meselem, Turkmenistanyň Bilim Ministirligi, Birleşen Ştatlar Halkara Ösüş Üçin Wekilhanasy (iňlisçe: USAID), Birleşen Milletler Ösüş Programmasy (iňlisçe: UNDP), Birleşen Milletler Halkara Çagalar üçin Fondy (iňlisçe: UNICEF), we başgada halkara guramalary bilelikde inkluziw okuwyň meýilnamasyny döretmeli we mugallymlara bu ugurdan tälim bermeli.

Goşmaça, terbiýeçiler we bilim pudagynyň işgärleri özlerini kämilleşdirmekleri üçin Italiýada ýa-da Finlýandiýada okuwa iberilmeli we tejribelerini ösdürmek üçin goşmaça çeşmeler döwlet tarapydan üpjün edilmeli.

Maýyplyk sektorynda işleýän halkara edaralar ýurdumyza çagyrylmaly we olar maşgalalar we umumy jemgyýet bilen maýyplyk barada wagyz-nesihat işlerini geçirmeli. Meslem, bu edaralar maýyplary "pahyr" hasaplamagyň we Sowet döwründen galan "инвалид" tagmasynyň ýaramaz täsirleri barada düşündirmeli. Şunuň ýaly aç-açan gürrüňdeşlikleriň kömegi bilen adamlaryň maýyplyk barada aňlarynda orun tutan ynançlaryna täsir edip bolar.

Ene-atalar hem maýyplyk sektorynda işleýän halkara edaralary tarapyndan alnyp barylýan söhbetdeşliklere hyjuw bilen gatnaşmaly. Ene-atalar çagalary bilen özara gatnaşyklary özgertmeli, olaryň isleglerine duýgur çemeleşmeli we ene-atalyk wezipelerinde özlerini ynamly alyp barmaly. Ene-atalar mekdeplere aýlanmaly, ýygnaklara gatnaşmaly we çagalarynyň sapaklaryna gözegçilik etmeli. Şeýlelik bilen mugallymlaryň okuwçylarynyň maşgala ýagdaýy barada düşünjesi giňär we maýyp çagalara hasam gowy kömek edip bilerler. Diňe şeýle edilse mekdepde, işde we gündelik durmuşda maýyplar hem aramyzda öz hakyky orunlaryny taparlar.

Awtorlar: Dilber Hanowa we Sapar Aşyrow

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 Teswirçi 2017-09-02 20:21
http://turkmenistan.gov.tm/?id=12832 (В Дашогузе заложен фундамент многоквартирного дома для инвалидов)
http://turkmenistan.gov.tm/?id=12821 (В Мары стартовал проект по возведению бесплатного жилья для людей с ограниченными возможностями)
http://turkmenistan.gov.tm/?id=12790 (В Балканабате началась реализация соцпроекта по строительству бесплатного жилья для инвалидов)
http://turkmenistan.gov.tm/?id=12784 (В Ахалском велаяте дан старт социальному проекту по строительству домов для инвалидов)

Hökümet tarapyndan ädilen oňat ädimleň biri.

Aýagyň döwülse, äýnegiň döwülse, dilini bilmeýän ýurda düşseň, daşary ýurtdan jaň edeňde ses eşidilmese we ş.m ýagdaýlarda kör, maýyp, lal, ker adamlaň ýagdaýyna has oňat düşünmek üçin bir pursat döreýär. Mümkinçiligi çäkli çagalaryň geljekde bazarlarda, köçelerde dilegçilere öwrülýändigini göz öňüne tutmak hem gerek eger olaryň jemgyýete goşulyşmagy üçin şu wagtdan gerekli çäreler görülmese.
Ýokarda bellenen guramadyr edaralaryň birileriniň gelip gapylaryny kakmagyna garaşman, maýyp agzasy bolan maşgalalaryň gapylaryny özleri kakmalymyka diýýän, aýratyn hem türkmen jemgyýetiniň şu wagtky ýagdaýyny göz öňüne tutyp.

maýyp=mätäç diýmek däldigini görkezip, ruhlandyrmak gerek maşgalalary. Bu barada şu linki paýlaşasym gelýär: http://noorimages.com/noor-feature/nazik-myradova/
Sitata
 
 
#2 Inglisce bilmeyan gyz 2017-09-01 22:03
Quoting Iňlisçe bilýän türkmen:
Türkmen kodeksi? Bu haysy kodeks?


"принятый весной 2007 года Кодекс Туркменистана «О социальном обеспечении», регулирующий также вопросы социальной защиты наиболее уязвимых слоев населения.

Статьями 146-174 Кодекса принято направление по социальной реабилитации инвалидов, их социально-бытовой и социально-средовой адаптации. Оно включает в себя социальное обеспечение инвалидов, предоставление им необходимых социальных услуг, обеспечение их техническими вспомогательными (компенсаторными) средствами, обеспечение доступа к объектам социальной, транспортной и рекреационной инфраструктуры, создание равных возможностей в пользовании информационной средой, оказание материальной и социально- психологической поддержки и др." LINK: http://mlsp.gov.tm/page_tdtum/r_publications6.html
Sitata
 
 
#1 Iňlisçe bilýän türkmen 2017-08-31 23:45
Türkmen kodeksi? Bu haysy kodeks?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele