Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy FEMINIZM: NÄDOGRY DÜŞÜNÝÄNLER ÜÇIN GOLLANMA
( 32 Ses Berme )

Meniň feministe öwrülmegime türkmen erkek oglanlary sebäp boldular. Olaryň şübhe bilen meni "feminist" diýip atlandyryp başlamaklary maňa "feminizm" düşünjesini düýpli öwrenmäne itergi berdi. Näme üçin erkek oglanlarymyza "feminizm" düşünjesi şeýle agyryly täsir edýärkä? Olar nämeden gorkýarlar? Söwet döwründen miras bolan, aýal-gyzlara berlen deňhukuklary her gün durmuşa geçirip bilmekligim, olaryň wagtyň geçmegi bilen ownamazlygy we dürli çäklendirmelere sezewar bolmazlygy maňa örän wajyp bolup durýar. Hawa, "deňhukuklylygy" çörege çalyp iýip bolmaýar. Şu ýerde hem "Deň hukuklar nämäni aňladýar?" diýen sorag ýüze çykýar. Türkmen erkek-oglanlarynyň feminizm bilen baglanşykly esasy aladalanmalary öýlenmek, maşgala gurmak bilen bagly bolup durýar: öý hojalygynda kim öý işlerini etmeli? Kim öýde oturyp çagalara seretmeli? "Bu meselelerde aýallaryň saýlamaga erkinligi bolmaly" diýlende, erkekler gahar-gazaba münýärler.

Ýaşlaryň uly bölegi feminizmiň nämäni aňladýanyny bilmeýärler. Feminizm – seň jynsyňa garamazdan adam hukuklaryna, hormata, mümkinçiliklere we jogapkärçilige eýe bolmak hukugydyr. Bu hukuklara biz bagtymyzyň çüwmegi bilen Söwet döwründen mirasgär bolup galdyk. Türkmen oglanlarynyň we gyzlarynyň aglaba bölegi öz ene-mamalarynyň agyr durmuşyndan bihabar. Mamalarymyzyň, enelerimiziň bilim almakda, zähmet çekmekde, çaga ýetişdirmekde nähili agyr günleri başdan geçirendiklerini, nähili ýowuz şertlerde ýaşandyklaryny bilmeýärler. Taryha göz aýlasak, olaryň ejirli agyr durmuşlary Sowet dowründe başlanan gaýduwsyz göreşleriň netijesinde gowlaşyp başlapdyr.

Ýaşlar ýaşlygyny edýärdä!

Ýaşlarda mümkin feminizm barada durmuşy düşünjeler ýetmezçilik edýändir. Erkek gazanç etmeli, aýal öýde oturmaly – bu durmuşa, döwre laýyk gelmeýan düşünjedir. Meselem, öýde işsiz ýatan erkek adam aýaly uzyn gün işde bolanda öý işlerine kömek bermegi ýokuş görýär. Näme üçin? Öý işleri iş dälmi? Näme üçin türkmen jemgyýetinde şeýle könelşen düşünje "söýgiň" bir bölegi bolup galýar, jynslaryň dinamikasyny kesgitleýär? Oý işlerine kömek bermek erkeklik häsiýetiňe zarba urýarmy?

Jynslaryň maşgaladaky, jemgyýetdäki orny özgerdi we özgerýär. Siwilizasiýa derejesinde bolup geçýän üýtgeşmelere göz ýummak, olary inkär edip gezmek jemgyýetde howply, ýaramaz tendensiýalary, aýal-gyzlaryň erkeklere, erkekleriň aýallara bolan garaýyşlaryny has hem ýaramazlaşdyrýar.

Türkmen mediasynda "eneler maşgala ojagynyň ýylysyny we jemgyýetimiziň ahlak esaslaryny, ruhy gymmatlyklaryny hem-de ynsanperwer ýörelgelerini gorap saklaýarlar" diýip bellenilýär. Gynansakda, iş ýüzünde deň hukuklara eýe bolmadyk türkmen aýal maşgalasynyň "jemgyýetiň ahlak esaslaryny, ruhy gymmatlyklaryny" gorap saklap bilmegi mümkin däl! Şu döwürde bilimsiz, okuwsyz eneler öz çagalaryny kän mümkinçiliklerden mahrum edýärler.

"Erkekleri ýigrenýän aýallar!"

Feminizm "durmuşa çykmaly däl, erkekleri äsgermeli däl, zenanlyk, näz-kereşme duýgularyny başdan geçirmeli däl" diýip çykyş edenok. Mekdeplerde bu barada söz açylmazlygy şeýle düşünjeleriň giňden ýaýramagyna getirýär. Feminizm:

1. Meň durmuşymyň manysyny diňe nesil öndürmek, enelige bolan ukybym bilen kesgitlemän, potensialymy, maksat-myratlarymy öz islegime, erkime göra doly durmuşa geçirmegime ýol açýar;

2. Maňa ene bolmagy, näçe çaga edinmegi öz islegime görä saýlap almaga mümkinçilik berýär;

3. Maňa ene bolmagy saýlap almaga we hem enelik hem professional taýdan ösmäge, hünärmen bolmaga, ikisini hem üstünlikli durmuşa geçirip bilmäge şert (enelik döwründe häkimiýetleriň goldawy) döredýär;

4. Zenanlaryň erkek adamlar bilen deň derejede sosial, syýasy we ykdysady deňligini öňe sürýär. Olaryň deň derejede zähmet çekip bilmegini we olara zähmet hakynyň deň derejede üpjün edilmegini goldaýar;

5. Aýal-gyzlary "bidüzgünçilikden goramak" meýilli, başgada çüýrük sebäpleri getirip, meniň hereketlerimi, erkimi, ýaşaýyş ýörelgämi, meniň geljegimi saýlap almagy çäklendirmek üçin döredilýän düzgünlere, buýruklara garşy çykmaga mümkinçilik döredýär.

Giňden ýaýran düşünje – "deňhukuklylygy isleýän aýal-gyzlar erkekleri ýigrenýärler we olar aýallaryň erkeklerden hemme zatda üstün çykmaklaryny isleýärler". Bu nädogry, gülkä mynasyp düşünje! Eger türkmen erkekleri "feminizmiň", "deň hukuklaryň" özlerine, geljeklerine bähbitlidigine düşünmeseler türkmen aýal-gyzlarynyň durmuşlary hiç haçan özgermez. Olaryň mümkinçlikleri, hukuklary çäklendiriler. Feminizm – bu gumanizmiň, ädämkärçiligiň prinsipidir. Haýsy erkek özüni betbagt hasaplaýan, durmuşynda öz maksatlaryna, arzuwlaryna göra ýaşamadyk aýal, gyz bilen durmuş gurasy gelýär?

Feminizm ata-babalarymyzyň öňden gelýän däplerine garşy çykmaýar. Feminizm bu däpleri sorag astyna almaga mümkinçilik döredýär. Ähli däpler progressiw bolup bilenok. Ata-babalarymyzyň arasynda gulçulygy goldaýanlar hem bolupdyr. Gulçulygyň ýok bolup gidenine şükür edýäris. Feminizm ata-babalarymyzyň öňden gelýän däp-dessurlarynyň aýal-gyzlaryň durmuşyna ýetirýän negatiw tasirini seljerýär, olary azaltmaga, aradan aýyrmaga synanyşýar.

Edilmeli işler

Ilkinji ädilmeli ädim – her türkmen oglany, gyzy öz geljegi, öz gyz çagalarynyň nähili jemgyýetde ýaşamagyny isleýändigi barada pikirlenmeli. "Men geljekde öz gyzymyň bilim almagyna, arkaýyn zähmet çekmegine, durmuş gurmagyna, deň zähmet hakyna eýe bolmagyna, syýahat etmegine mümkinçilikleriniň bolmazlygyny isleýän" diýip, ýaş adamlaryň sosial ulgamalarda çykyş etmekleri jemgyýetde bolup geçýän ýa-da ýaşlar bilen hiç hili alyp barylmaýan işlerden, ýagdaýlardan habar berýär. Şeýle ýaşlara men öz ene-mamalary bilen söhbetdeş bolmagy maslahat berýärin. Olar 30-50-nji ýyllarda öz başdan geçirenlerini zenan hökmünde öz maşgalalarynda, mekdeplerde we telewideniýede gürrüň bersinler.

Feminizm barada dogry düşünjeli türkmen ýaş nesliň ýetişmegi üçin bu barada mekdep sapaklarynda şu temadan söz açylmaly. "Deňhukuklylygyň" näme aňlandýany taryha, ylyma esaslandyrylyp düşündirilmeli. Şeýle edilse biziň hem jemgyýetimizde ýaşlaryň garaýyşlary özgerer diýip pikir edýärin. Jynslaryň tapawutlylygy (psihologiýa) we deňligi barada söhbetdeşlik gurnalsa ýaşlaryň düşünjeleri özgerer we döwrebaplaşar.

Geljekde bir gün türkmen erkek oglanlary "deň hukuklylygy" doly manysynda durmuşlaryna geçirip başlanlarynda men "feminist" bolmagymy goýjagyma söz berýärin.

Makalanyň awtory: Maral Nazarowa

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#45 Hemra 2017-09-24 18:13
Quoting kakajan:
dogry aýydýañyz. Millilik bn deñ hukuklyk bir däl. Ýöne nähili bolanda. Aýalyñ hukugy erkek kişiden ýokarda bolanda da. 1. aýal maşgala erkek kişiñ çep gapyrgasyndan ýasalandyr. 2. Jaýlananda 1 metr erkek kişiden çuñ jaýlanýandyr. 3. Aýal maşgalañ hukugy kanun bn kesgitlenilýär. Kanunda deñ hukuklydyr diýilýär. 4. öýde bişirýän nahary. Ýuwýan kiri. edýän öý işleri. baran öýüniñ. Adamsynyñ. Gaýnynyñ hormatyna we. Ş.m. edýär. öteräk geçen bolsamam bagyşlañ.



Ine gowne jay teswir. Hukuklykda ayallar bn erkekler den hukukly elbetde yone hersinin oz chekmeli yuki barda.
Sitata
 
 
#44 Hemra 2017-09-24 17:49
Quoting Hurma:

Birgiden analiz edipsiňiz. Berekella! Göwnüme bolmasa makalada esasy diýiljek bolýan manyny aňmansyňyz.

Birinjiden-ä, Saglykda ýazmak üçin ýokary okuw diplomly bolmak hökman däl. Makalalar adaty halk üçin we halka düşnükli dilde berilmäge çalşylýar. Şonuň üçinem aýdylýan her bir sözi çintgäp oturmaga derek, makalaň aňyrsyndaky umumy beriljek bolýan ideýa üns bersek has dogry bolardy.

Men bu makalany okamda türkmen jemgyýetinde ulalan bir gyzyň sesini eşidýärin. Bizde maşgalada jynslaryň aratapawudy hakykatdanam ullakan. Siziň nähili ýerde önüp-ösendigiňiz-ä bilemok, ýöne esasanam obalarda gyzlary henizem 'maddy zat' ýaly görýärler. Olar oglanlar ýaly erkinlikden lezzet alyp bilmeýärler. Kän okuwlaryny dowam etdirmäge höweslendirilmeýärler. Durmuşa çykanlaryndan soň bolsa baran ýerleriniň hyzmatkäri bolmaklary garaşylýar. Dogry, bu zatlara düşünmek ýa üýtgetmek üçin feminist bolmak gerek däl. Ýöne, öz obasyndan, welaýatyndan ýa ýurdundan çykmaýan adam, dürli zatlar bilen gyzyklanyp, kitap okamaýan adam töweregindäki zatlary 'bolmalysy şol' diýip kabul edýär.

Şeýle makalalary okamak bolsa, iň azyndan adamlary pikirlendirýär we öz durmuşlaryna we gatnaşyklaryna soragly göz bilen seretmäge itekleýär. Ine makalalaryň maksady şol. Bu ýerde hiç ýazyjy dissertasiýasyny goramak üçin ýazmaýar. Öz fiziki, psihiki we ruhy saglygyny bimaza edýän ýagdaýlar barada ýazýar.



Aytyanynda jan bar yone men diyjek bolyan zadym ugruna goybersen hojany, yatyp icher gojani diyilyarmi. Kim aytyaray ayal gyzlarda erk yok dp nirden tapyanyz hazir erkekler un oydakisi bashlyk dp at alan iki ayagyny bir adige sokdyryara hazirki ayallar. Yenede bir bellemeli zat ayal durmusa chykdymy Adamsy onun ikinji Hudayy bolya Huday diymek eye diymekligi anladyar shol shonun diyeninde chykmaly dal yaradylshymyz sheyle. Eekeklerinem kopsi chagada gozlesip yor ayaly agyr ayak wagty naharam bishirip yorler dushunyan erkeklerem kop hemmani bir ayakdan surmeli dal. Ugruna goybersen edil boyunjygyna munip kellanden shanik chakyan ayallaram bar.
Sitata
 
 
#43 Hemra 2017-09-24 17:36
Sag bolun!
Sitata
 
 
#42 Hurma 2017-08-28 20:02
Quoting Teswirçi:
1. Erkek oglanlar ? Bu näme diýmek ? Zenan gyzlar diýen ýalymy.

2. Türkmen erkekleri feminizm meýilli gyzlary şübhe bilen däl-de, adatça guwanç we oýun bilen "feminist" diýip atlandyrýarlar.

3.Sowet döwründe aýal gyzlaryň "öýden çykarylmagy" deň hukuklylykdan beter, işçi güýji bilen baglanyşyklylykda amala aşyryldymyka diýýärin. Şeýle hem "zenanlaň eýe bolan haklary" däl-de, zenanlara berilen we şu döwürde hem berilýän haklar barada gürlemek has dogry bolardy.

4."Mamalarymyzyň, enelerimiziň bilim almakda, .... bilmeýärler." Feodal jemgyýet öz ýowuz kadalarynda jynsyýet, millet tapawudyna seretmeýär.

5." Meselem, öýde işsiz ýatan erkek adam aýaly uzyn gün işde bolanda ..." Türkmen muňa bihepbe, binamys, elwan ýaglyk başyňa diýýär. "Ajaýyp" filminde Begmyrat kakaň Galkan kaka igenji ýadyňyza düşýändir. "Kanda gördüň...."

6. "Gynansakda, iş ýüzünde deň hukuklara eýe bolmadyk türkmen aýal maşgalasynyň..." Ol nähili iş ýüzünde deň hukuklara eýe bolmadyk ?

7. "...diňe nesil öndürmek, enelige bolan ukybym bilen kesgitlemän..." Türkmen medeniýetimizde gyzyň, geliniň diňeje ENE bolany üçin göterilýän mertebesine başga ýol bilen eýe bolmak mümkin däl. Bu mertebä laýyk bolmak üçin mydama bolmasa hem, käwagt beýleki "ukyplaryňdan" el çekýän, maksat myrady, islegi mynasyp ENE bolmak bolan eneleri kemsidiji äheň bar seniň tutuş makalanyň içinde hem. Dowamy 9-da

8.Bir maşgala gurulansoň näçe çaga ediniljegi ne erkegiň, ne zenanyň karary. Bu babatda entäk tejribesize meňzeýäň :)

9."Maňa ene bolmagy... şert döredýär" Häkimýetleriň şert döredip döretmezligi ýene jynsyýet söweşi bilen baglanyşykly däl.

10. Biziň ýurdumyz, jemgyýetimiz üçin şu wagt we gelejekde düýpli mesele bolmaz.

11. Maşyn üçin her yolyň, her ýeriň tizlik limiti bar. Jemgyýet we hökümetler üçin düzgünleriň hem. Biziň düzgünlerimiz jynslaryň arasynda ummasyz tapawut goýanok.

12. Deňhukuklylygy goramak üçin feminist bolmak hökman däl, adam bolsaň, türkmen bolsaň bolýar. Sorag astyna almaly, dogry belleýäň, elbetde, hemme zady sorag astyna almaly. Ýöne feminizm akymynyň diňeje seň mysallaryňdaky ýaly "akja jüýjedigine" özüň anyk ynanýaňmy ?

13.
"Söwet döwründen miras bolan, aýal-gyzlara berlen deňhukuklary her gün durmuşa geçirip bilmekligim, olaryň wagtyň geçmegi bilen ownamazlygy we dürli çäklendirmelere sezewar bolmazlygy maňa örän wajyp bolup durýar."
SORAG1
Meselem, feminist bolmaýan "adaty türkmen gyzyndan" tapawutlylykda nämeler durmuşa geçirip bolýar ?

SORAG2
Çäklendirmelere meselemler ?

SORAG3
Feminist türkmenleriň we Türkmenistanda feminizmiň mynasyp orun almagy üçin göreşýän kişileri birleşdirýän sosýal platforma barmy ?


Seň feminizm maksadyň deňhukuklylygyň doly derejede gazanylmagy ýaly. Ähli feministleriňki hem şeýlemi ? Diňeje kanuny deňhukuklylygyň berjaý edilmeginden we durmuşa ornaşdyrylmagyndan ybaratmy ? Yslam dininiň radikallyk bilen tanalyşy ýaly, feminizm hem radikallygy bilen tanalýar dünýäde. Dinden we dindarlardan nä derejede gorkulýan bolsa, feminizme we feministlere hem şol derejede şübheli garalýar "Global Citizen" "Global Country" bolmaýan ýurtlarda. Makala maksadyna ýetmändir, aýal gyzlaň hukuklary bolsa ünsde tutulmaly wajyp mesele.


Birgiden analiz edipsiňiz. Berekella! Göwnüme bolmasa makalada esasy diýiljek bolýan manyny aňmansyňyz.

Birinjiden-ä, Saglykda ýazmak üçin ýokary okuw diplomly bolmak hökman däl. Makalalar adaty halk üçin we halka düşnükli dilde berilmäge çalşylýar. Şonuň üçinem aýdylýan her bir sözi çintgäp oturmaga derek, makalaň aňyrsyndaky umumy beriljek bolýan ideýa üns bersek has dogry bolardy.

Men bu makalany okamda türkmen jemgyýetinde ulalan bir gyzyň sesini eşidýärin. Bizde maşgalada jynslaryň aratapawudy hakykatdanam ullakan. Siziň nähili ýerde önüp-ösendigiňiz-ä bilemok, ýöne esasanam obalarda gyzlary henizem 'maddy zat' ýaly görýärler. Olar oglanlar ýaly erkinlikden lezzet alyp bilmeýärler. Kän okuwlaryny dowam etdirmäge höweslendirilmeýärler. Durmuşa çykanlaryndan soň bolsa baran ýerleriniň hyzmatkäri bolmaklary garaşylýar. Dogry, bu zatlara düşünmek ýa üýtgetmek üçin feminist bolmak gerek däl. Ýöne, öz obasyndan, welaýatyndan ýa ýurdundan çykmaýan adam, dürli zatlar bilen gyzyklanyp, kitap okamaýan adam töweregindäki zatlary 'bolmalysy şol' diýip kabul edýär.

Şeýle makalalary okamak bolsa, iň azyndan adamlary pikirlendirýär we öz durmuşlaryna we gatnaşyklaryna soragly göz bilen seretmäge itekleýär. Ine makalalaryň maksady şol. Bu ýerde hiç ýazyjy dissertasiýasyny goramak üçin ýazmaýar. Öz fiziki, psihiki we ruhy saglygyny bimaza edýän ýagdaýlar barada ýazýar.
Sitata
 
 
#41 betje 2017-08-19 03:47
Quoting Iňlisçe bilýän türkmen:
Şu döwürde gyzlaryň hukugy kemsidilýänini men-ä bilemok. Ýöne oglanlaryň hukugy barada söz açýan hem ýok. Bi feminist awtoryň düýp diýjek bolýan zady - gyzlar durmuşa çykmazyndan owal hem arkaýyn gezsin diýýär, gyzlygyny aldyranynyň hem hiç hili aýby ýok diýýär.
Mus-mus diýme-de Mustafa diý-de gutar-da!


Men dushundim seng mus-mus diyip aydvan teklibinge. Dogry. Oglanlar oylenmake ujytlaryny gobeklerine chatyp goysunlar divjek bolyarsung. Gowy adalatly teklip. Birden chozulip gachsa ysyna elter yaly.
Sitata
 
 
#40 betje 2017-08-19 02:58
Quoting Inglisje Bilemok:
Tendegey sen. Onson gyzyn "gowlygy" dine "gyzlyk perdesi" bilen olchelyarmi? Ondan bir giden yashlar ayirilshyar... Gyzlygyny gyza saklamali, oglan hem saklamali... dine 1 taraplayin sen dushunjan hem okap chikaryan netijan... Barde gyzlyk barada soz hem achilmady...Sen yali tupoilar uchin yazilan zat, gel-gel yene dushunmansin...haywanyn chagasy

Hak soz...okap gyryldym:))) sheyle tupoylar aldy nira barsang. Orta asyryng turpoylary. Gurlap bilyanimizem kolegesinden gorkup chagasynyg geljegini tupoylara berdi....bolmadyk yerden gyzlyk diyar.
Sitata
 
 
#39 Iňlisçe bilýän türkmen 2017-08-19 00:29
@Inglisje Bilemok, iňlisçe-hä gaýrada dursun, sen türkmençe hem iki sözüň başyny çatyp bileňoga! Näme diýeniňe eneň düşünäýmese.
Sitata
 
 
#38 Azim 2017-08-18 22:08
Bolya
Sitata
 
 
#37 Inglisje Bilemok 2017-08-17 20:11
Quoting Iňlisçe bilýän türkmen:
Şu döwürde gyzlaryň hukugy kemsidilýänini men-ä bilemok. Ýöne oglanlaryň hukugy barada söz açýan hem ýok. Bi feminist awtoryň düýp diýjek bolýan zady - gyzlar durmuşa çykmazyndan owal hem arkaýyn gezsin diýýär, gyzlygyny aldyranynyň hem hiç hili aýby ýok diýýär.
Mus-mus diýme-de Mustafa diý-de gutar-da!

Tendegey sen. Onson gyzyn "gowlygy" dine "gyzlyk perdesi" bilen olchelyarmi? Ondan bir giden yashlar ayirilshyar... Gyzlygyny gyza saklamali, oglan hem saklamali... dine 1 taraplayin sen dushunjan hem okap chikaryan netijan... Barde gyzlyk barada soz hem achilmady...Sen yali tupoilar uchin yazilan zat, gel-gel yene dushunmansin...haywanyn chagasy
Sitata
 
 
#36 Iňlisçe bilýän türkmen 2017-08-16 17:28
Şu döwürde gyzlaryň hukugy kemsidilýänini men-ä bilemok. Ýöne oglanlaryň hukugy barada söz açýan hem ýok. Bi feminist awtoryň düýp diýjek bolýan zady - gyzlar durmuşa çykmazyndan owal hem arkaýyn gezsin diýýär, gyzlygyny aldyranynyň hem hiç hili aýby ýok diýýär.
Mus-mus diýme-de Mustafa diý-de gutar-da!
Sitata
 
 
#35 kakajan 2017-08-15 23:52
Quoting Teswirçi:
Bir däli guýa daş oklar, müň akylly çykaryp bilmez etdiňiz. Hemmäňizem samsyk ekeniňiz :D

Dogry aýydýañ biziñ akyllymyz az. Ýöne señkä garañda biziñki has çensiz köp eken. Indi bizem begenip bileris.
Sitata
 
 
#34 kakajan 2017-08-15 23:48
Quoting Teswirçi:
Ÿogsa-da, bu ÿazgyñ we shuna meñzes ÿazgylaryñ saglyk bilen näme baglanyshygy bar ?

saglyk barada düşünjäñ bolan bolsa näme baglanşygyñ bardygyny bilerdiñ. Akyllysyrap illi samsyk hasaplamazdyñ.
Sitata
 
 
#33 Teswirçi 2017-08-15 22:24
Bir däli guýa daş oklar, müň akylly çykaryp bilmez etdiňiz. Hemmäňizem samsyk ekeniňiz :D
Sitata
 
 
#32 Kempir 2017-08-15 22:03
Quoting kakajan:
Ünsüñizi çekesim gelýär. Gyza geçirilýän galyñ nähili bolýar!

Men asla galyn diyilyan zady halamok. Goyun satyn alanzoga... Oum durmusha chykamda 1 kopuk hem almadym yoldashimin mashgalasyndan. Goyulmaly shol zat meni sorasan...Name gowi oglanlar hem gyt olara hem galyn bersek bolman duranok...
Sitata
 
 
#31 kakajan 2017-08-15 21:55
Ünsüñizi çekesim gelýär. Gyza geçirilýän galyñ nähili bolýar!
Sitata
 
 
#30 kakajan 2017-08-15 21:40
Quoting betje:

Millilik ol bir hasiyet. Ol bolup biler. Hukuklar milli hasiyete bagly bolmaly dal. Jynsyna garamazdan deng hukuklar bolmaly. Onsong islesin solpuje oglan bolsun,ata munsin, tahya geysin, chyrachy gyz bolsun, ishleman arini sagsyn otursyn. Millilik bilen hukuklary gatyshdyrmaly dal.

dogry aýydýañyz. Millilik bn deñ hukuklyk bir däl. Ýöne nähili bolanda. Aýalyñ hukugy erkek kişiden ýokarda bolanda da. 1. aýal maşgala erkek kişiñ çep gapyrgasyndan ýasalandyr. 2. Jaýlananda 1 metr erkek kişiden çuñ jaýlanýandyr. 3. Aýal maşgalañ hukugy kanun bn kesgitlenilýär. Kanunda deñ hukuklydyr diýilýär. 4. öýde bişirýän nahary. Ýuwýan kiri. edýän öý işleri. baran öýüniñ. Adamsynyñ. Gaýnynyñ hormatyna we. Ş.m. edýär. öteräk geçen bolsamam bagyşlañ.
Sitata
 
 
#29 Kempir 2017-08-15 21:33
Quoting ertirchi:

hehehe sen abray satyan dukanynyng skladchysymy? Nacheden?

hahahahah
Sitata
 
 
#28 Kempir 2017-08-15 21:32
Quoting kakajan:
Bagyşlañ meni. Men ýalñyşan bolmagymam mümkin. Ýöne aýal maşgalany basmaly diýen ýeri ýok. ýewropa ýurtlary bn biziñ ýurdumyzyñ añyýeti deñ gelmeýär. Aýal maşgala öýüñ diregi.Erkeki erkek edýänem aýal. Gara ýer edýänem aýal.


Arman añy yeti biraz den gelsedi... we turkmenchilik hem saklansady belkide nahili osen yurt bolardyk? Shu deňagramlylyga yetsekdi...
Sitata
 
 
#27 kakajan 2017-08-15 21:28
Quoting Jahan Chishik:
Deñ hukuklyk derinñ renki ya-da jyns bile baglanysšyk dal. Bizinñ Milletimizinñ ayratynlygy "ayallary basyp saklamak" diyip guwanyp hem bolarmy?! #toba

Bagyşlañ meni. Men ýalñyşan bolmagymam mümkin. Ýöne aýal maşgalany basmaly diýen ýeri ýok. ýewropa ýurtlary bn biziñ ýurdumyzyñ añyýeti deñ gelmeýär. Aýal maşgala öýüñ diregi.Erkeki erkek edýänem aýal. Gara ýer edýänem aýal.
Sitata
 
 
#26 ertirchi 2017-08-15 21:24
Quoting Iňlisçe bilýän türkmen:
saglyk.info !!!
Her öňýeten makalany çap etseňiz, abraýyňyz peseler!


hehehe sen abray satyan dukanynyng skladchysymy? Nacheden?
Sitata
 
 
#25 Dilber 2017-08-15 20:57
Quoting Iňlisçe bilýän türkmen:
Menden soň teswir ýazanlaryň bary samsyk eken!

Samsykdal: понятия человеческого достоинства, на страже которых и выступают борцы за права человека, одинаковы для всех людей и народов. Quoting Iňlisçe bilýän türkmen:
Başly-barat pikirleriňizi bir sapaga düzjek bolup eden synanyşygyňyz başa barmandyr. Makalaňyzyň köp ýeri gös-göni nätanyş ceşmelerden terjime edilene meňzäp dur.
Sitata
 
 
#24 Dilber 2017-08-15 20:55
Quoting Teswirçi:
Ÿogsa-da, bu ÿazgyñ we shuna meñzes ÿazgylaryñ saglyk bilen näme baglanyshygy bar ?


Ruhy saglyk bilen baglanyshygy bar. Men gyz her sapar meni durmusha chykarjak bolup ilah helak, mana erkeklerden az tolenyar, men ruhdan dushyan... depressiya stressda yashayan.... Gyzlaryn hukugy diyip gurlesem hem goni erkekleri yigrenyan feminist diyyarler. Shu zatlary dushundurjek bolup yazilan makala. Gowi yazilipdir!!!
Sitata
 
 
#23 Dilber 2017-08-15 20:53
Quoting Iňlisçe bilýän türkmen:
Tupoylyk erbet zat. Tupoý bolma.


Inglisçe bilyan: ynha sana Inglisje jogap: "Do not engage in Hate speech. You are here to engage into constructive debate. What you are doing is not correct"...Make love, no War :)
Sitata
 
 
#22 betje 2017-08-15 20:29
Quoting Iňlisçe bilýän türkmen:
saglyk.info !!!
Her öňýeten makalany çap etseňiz, abraýyňyz peseler!


Manysyz teswirler, berilen soraga bolmadyk, degishli dal jogaplar - trol. Adamlaryng unsuni sowjak bolup beryan bolgusyz soraglar. Sen yalylardan doly platformalarda. Sende pikir ýok. Bosh.
Sitata
 
 
#21 betje 2017-08-15 20:26
Quoting Iňlisçe bilýän türkmen:
Kakajandan galany.


Sen trolmy? Manysyz, adamlara haybat atyp otursyng.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele