Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy GAÇAKÇYLYGYŇ PIDASYNY ANYKLA WE KÖMEK ET
( 15 Ses Berme )

Her bir adamyň gaçakçylyk hadysasynyň üstüni açmaga potensiýaly bardyr. Gaçakçylygyň pidalarynyň käwagt ýapyk gapylaryň aňyrsynda saklanýan bolmagy mümkin, emma olar köplenç biziň gözümiziň öňünde gizlenilýar. Meselem, gurluşyk meýdançalarynda, restoranlarda, dyrnak salonlarynda, ekerançylyk ýerlerinde, we otellerde. Gaçakçylyk etdirýänleriň haýbatlary (deport etdirmek, pida we onuň maşgalasyna zyýan bermek) şeýlebir güýçli welin, sen pidany anyklaýaňda-da onuň kömegiňi kabul etmekden gorkmagy ahmal. Adam gaçakçylygynyň alamatlaryny aňmak we pida dogry soraglar bilen ýüzlenmek saňa nädogry ýagdaýy kesgitlemäge we ony degişli ýerlere habar bermäge kömek eder.

Adam gaçakçylygynyň alamatlary

Bütinleý bil baglarlyk bolmasa-da, şular saňa mümkin bolan gaçakçylyk ýagdaýyny görkezip we seň kanuny hereket etmegiňe getirip biljek esasy gyzyl baýdaklardyr:

► Hojaýyny bilen bile ýaşaýar;

Gözgyny ýaşaýyş şertleri;

Darajyk ýerde bir topar adam ýaşaýar;

Ýeke adam bilen gürleşip bilmezlik;

Jogaplary öňünden taýýarlanylan ýa-da ýat tutulan ýaly eşdilýär;

Işçiniň şahsy dokumentleri hojaýynda durýar;

Fiziki zorlugyň alamatlary;

Boýun egiji we gorkak;

Aýlyk almaýar ýa-da juda az alýar;

18 ýaşdan aşakda we beden söwdasynda işleýär.

Berlip bilinjek soraglar

Pida bilen ikiçäk gürleşmäge mümkinçilik dörände, pidanyň howpsuzlygyny bozman (sebäbi hojaýyny mydama ony göz astynda saklaýar), ýokarky gyzyl baýdaklary tassyklamak üçin berlip bilinjek soraglar:

♦  Öz islegiň bilen işden çykyp bilýärmiň?

♦  Işiňe islän wagtyň gelip-gidip bilýärmiň?

♦  Işden çykjak bolanyň üçin ynjydylyp ýa haýbat atylyp gördüňmi?

♦  Maşgalaň gorkuzylyp gördümi?

♦  Hojaýynyň bilen ýaşaýarmyň?

♦  Nirede ýatyp-turýaň we nirede iýip-içýäň?

♦  Hojaýynyňa bergiň barmy?

♦  Pasportyň ýa ID kartyň barmy? Olar kimde durýar?

Nireden kömek soramaly

Egerde sen biriniň adam gaçakçylygyna uçrandygyny anyklasaň haýal etmän kanun goraýjylara duýdur. Gaçakçyny özüň halas etmäge synanyşmak howply bolup biler. Sen gaçakçynyň hojaýynynyň seniň we gaçakçynyň garşysyna nähili hereket edip biljegini hiç bilmersiň.

Türkmenistan "Adam gaçakçylygyna garşy çäreleriň milli planyny" berjaý etmegini dowam etdirip, 2016-njy ýylyň oktýabrynda adam gaçakçylygyna garşy kanuny kabul etdi. Şeýle-de, ýurduň Jenaýat kodeksine adam gaçakçylygyny jenaýat diýip kesgitleýän madda goşuldy. International Organization for Migration, Turkmenistan, (Halkara Migrasiýa Guramasy), adam gaçakçylygyna garşy iş alyp barýan halkara guramasynyň saýtlarynda türkmen dilinde maglumatlar ýok. Rus dilinde şeýle hotlaýnyň bardygy saýtda bellenilýär: +(993 12) 463514, +(993 422) 32229

Maslhatlar

Iňlis dilinden terjime eden: Şöhle Mämmedowa

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 Iňlisçe bilýän türkmen 2017-08-04 23:30
Berekella Şöhle!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele