Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy MUGT BAŞLANGYÇ BILIME HER BIR ÇAGA HUKUKLY DÄLMI?
( 25 Ses Berme )

Okuwa giriş möwsümi golaýlaşýar. Sosial ulgamlarda Ýokary Okuw Jaýlaryna (ÝOJ) girmek prosesiniň aýdyň we anyk däl bolup galýandygy barada gürrüňler edilýär. Ýöne bu gezek men ýurdumyzdaky ÝOJ-a girmegiň aýratynlyklary barada däl-de, ilkinji basgançak barada gurrüň açmakçy – birinji klasa girmek tejribesi barada. Meň birnäçe garyndaşlarym, jigilerim şu wagt 1-nji klasa taýýarlanýarlar. Men şu proses bilen gyzyklanyp, jigilerimiň, goňşy çagalaryň ene-atalary bilen gürrüňdeş boldum. Gynansakda gazet-žurnallarymyzda, beýleki mediýalarda şu mesele boýunça maglumatlaryň bolmazlygy sebäpli men iki soragyma-da häkimiýetleriň resmi jogabyny tapyp bilmedim.

Garwarda girýärmiň ýa 1-nji synpa?

6-7 ýaşly çaganyň öňünde nähili talaplar goýlan? Birinji klasa girýän çaga ekzamen tabşyrmaly diýip aýdýarlar. Ene-atalaryň aglaba bölegi 6-7 ýaşly çaga üçin "ekzamende" näme soralýandygy barada anyk düşünjeleriniň ýokdugy we "ekzamen" üçin bir standartyň ýokdugyny bellediler. "Eýse, şol ekzamenden ýa-da ‘söhbetdeşlikden’ geçip bilmedik çaga näme bolýar? Ony okuwsyz öýde goýmalymy?" diýen soragyma söhbetdeşler dymmak bilen jogap berdiler.

Hşşş! Tölegler!

Mekdebe girmek üçin resmi ýagdaýda, kanuna görä töleg alynmaly däl, ýöne şu wagt ýurdumyzda döwrebap talaplara görä bilim berýän, rus we iňlis dillerini öwredýän mekdeplere girmek üçin $3000-$5000 aralygynda resmi däl töleg soralýar diýlen gürrüňler giňden ýaýran. Familiýaň türkmen bolup rus klasyna girmek üçin ene-atalara $1000-$3000 aralygyndaky resmi däl nyrh bellenilen. Paýtagtda iň ýörgünli mekdepler hasaplanylýan 27-nji we Puşkin adyndaky (Rossiýskaýa şkola) mekdeplerde çagalaryny 1-nji klasa iberýän gurply çinownikleriň ýa-da olaryň garyndaşlarynyň döredýän "auksiony" "bazar" bahalaryny has hem ýokarlandyryp, $20 000-$30 000 ýetirýär diýen gürrüňler bar.

Maňa has uly täsir eden ýagdaý bolsa ene-atalardan resmi proses we talaplar barada soramda olaň gürrüňi derrew giňden ýaýran myş-myşlara sowmaklary boldy. Olar her dürli myş-myşlar (sebäbi "wakalary" tassyklap bolanok ýa-da tassyklamak juda kyn) barada gorky, ruhyçökgünlik bilen gürrüň edýärler. Kagyz ýüzündäki, kanuna görä talaplar, bolmaly aýdyňlyk barada hiç kim asla söz açmak hem islänok. Tersine, şeýle ýagdaýalar adaty şertler ýaly kabul edilýär.

Näme edip bolar?

Men ýurdumyzda parahorluga, korrupsiýa garşy alnyp barylýan göreşiň çäklerinde, ene-atalaryň, ilatyň arz-şikaýatlary üçin ýörite telefon liniýasy açylsa netijeli we peýdaly bolar diýip pikir edýärin. Ministrlikler ilata şu mesele barada ýygy-ýygydan mediýada hasabat berse ýagdaýlaryň gowulanjagyna ynanýaryn. Gyrgyz goňşularymyz hem şeýle mesele bilen ýüzbe-ýüz bolanlarynda jemgyýetçiligiň närazylygy netijesinde şeýle tejribäni durmuşa geçirdiler. Iýun aýynda Gyrgyz Bilim Ministrligi 1-nji synpa giriş ekzamenlerini we tölegleri gadagan etdi. 1-nji synpa giriş ekzamenlerini we tölegleri talap edýän mugallymlary işden boşadylar diýlip duýduryş berildi. Haýsy bir töleg tölenmeli bolsa olar diňe resmi ýagdaýda, mekdebiň bank hasabyna geçirilmeli diýip bellenildi. Men şeýle gerekli çäreler biziň jemgyýetimizde hem durmuşa geçirilse, türkmen ene-atalary üçin adalatly bir çykalga bolar diýip hasaplaýaryn.

Awtor: Maral Nazarowa

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#6 merdan 2017-07-14 18:39
Biziñ obamyzda çagalar bagyna çagañy saljak bolsañ ejesi bir edarada išlemeli išlemeÿän bolsa arzañy kubul edenoklar
Sitata
 
 
#5 betje 2017-07-14 00:03
Quoting Unaşdan garnyny doýrup, indem çaý içip oturan pyýada:
Aý biz-ä how, oba mekdebinde okadyk 9 ýyl. 9-y gutarybam instituta tabşyrdyk 200..-nji ýylda. Geçdik öz güýjümize. Para-da ýok peşgeşem. Bilene ýol elmydama açyk. Parany körzehinler döredýärler.

Dost, sen meseleden unsi sowmada teklip et. Awtor teklip edýar. Parahorlugyng yokdugyny ynandyrjak bolmak chykalga dal.
Sitata
 
 
#4 Unaşdan garnyny doýrup, indem çaý içip oturan pyýada 2017-07-13 20:58
Düşündiňmi, özüni Maral Nazarowa diýip atlandyran www.saglyk.info saýtynyň hyzmatdaşy?
Sitata
 
 
#3 Unaşdan garnyny doýrup, indem çaý içip oturan pyýada 2017-07-13 20:55
Aý biz-ä how, oba mekdebinde okadyk 9 ýyl. 9-y gutarybam instituta tabşyrdyk 200..-nji ýylda. Geçdik öz güýjümize. Para-da ýok peşgeşem. Bilene ýol elmydama açyk. Parany körzehinler döredýärler.
Sitata
 
 
#2 Unaşdan garnyny doýran 2017-07-13 20:41
Ýo awtor, seň diýýäniňe mekdep günäkär däl. Oňa ene-ata günäkär. Nämemişin - 27-de ýa bolmasa Puşkinde okuw barmyşyn-da, galan mekdeplerde ýokmuşyn. O nähili beýle bolýar-aý? Näme bu mekdepleriň şahy barmy? Özem how allaowarradan şu mekdeplere gatnatnatmaga dereksiz döwtalap ene-atalar gaty köp. Ýeri, okadyber-dä öz töweregiňdäki mekdepdejik. Haý, kellesiz bolýar-ow köp ene-ata. Şo mekdeplere salsaňam okajak çaga okaýar.

Senem bar-a awtor, bilip goý şu zatlary.
Sitata
 
 
#1 Unaşdan garnyny doýran 2017-07-13 20:27
Biziňkem-ä gitmelidir-aý şu sentýabrda...
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele