Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy HÄZIRKI DÖWÜRDE ÝÜZE ÇYKÝAN ÝERLIKSIZ SORAGLAR
( 25 Ses Berme )

"Haçan durmuşa çykýaň?", "Näme üçin çaga edeňok?", "Näçe gazanýaň?”, "Söýüşýäniň barmy?", "Sen gyzlygyňy sakladyňmy?", "Daşary ýurtdaky doganyň ýa-da garyndaşyň size pul ugratýamy? Näçe ugratýa?" we şuňa meňzeş birnäçe ýerliksiz we bolgusyz soraglary siz hem gündelik durmuşyňyzda iň ýakyn adamlaryňyzdan eşidýänsiňiz. Şeýle ýerliksiz soraglary berýän adamlaryň, köplenç, siziň duygularyňyz barada oýlanmaýan bolmaklary mümkin. Göýä olaryň maksady siziň üstüňizden gülmek bilen, ejiz tarapyňyzdan tutup, ýaraňyza duz sepmek ýaly. Sizi umytsyzlyga iterip, köpçüligiň içinde masgara hem edip bilýärler.

Göwnüme bolmasa, ýerliksiz sorag bermek endigi biziň halkymyzyň milli gylyk-häsiýetine öwrülip gidipdir. Meniň her gün şeýle ýagdaýa duçar bolýanlygym meni alada goýýar. Meniň pikirimçe, ýerliksiz soragy soramaklyk Sowet döwründen gelyän endik. Sowet döwründe adamlar kommunal görnüşde yaşaýadylar we köpüsi ykdysady taýdan deňdi. Emma Sowet Soýuzy dargandan soňra adamlaryň sosial we ykdysady durmuşlarynda gaty uly aratapawutlar yüze çykyp başlady. Muňa garamazdan adamlar başgalaryň şahsy durmuşyna goşulmak we utançsyz, ýerliksizlik soraglary soramak medeniýetini saklap galypdylar.

Ýerliksiz sorag1: "Sen näme üçinhor?"

Men horja bir gyz. Anareksiýam ýok. Meň genetiki taýdan bolşum şeýle. Maňa duş gelýän aýal maşgalalaryň köpüsi meň horlugymy derrew öz dert-aladalary edinýärler. Olar gönümel menden: "Sen haçan semreýäň?" ýa-da "Sen haçan gowy iýmitlenip başlajak?" diýip soraýarlar. Beýle soraglar meni biynjalyk edýär. Meniň horlugym olaryň gözünde bir derdiň alamatymyka?! Näme üçin hemme kişi semiz bolmaly? Hor bolmaklyk aýyp zatmy?! Meniň pikirimçe, birinjilik bilen, beýle soraglary soramak edepsizligiň alamaty. Bilşime görä, adamyň agramy, saçynyň reňki, umuman, daş-keşbi adamyň şahsy işi. Ikinjilik bilen, bu adamlar näme üçindir meniň daş-keşbim olary kanagatlandyrmaly diýip pikir edýälerkä? Men olardan: "Sen näme üçin çenden aşa semiz?, Näme köp nahar iýýäňmi?" diýip soramoga.

Ýerliksiz sorag 2: "Sen haçan çaga dogurarsyň?"

Köp aýal-maşgalalar bu mowzukda maňa düşünerlermikä diýýän. Biziň garyndaşlarymyz, işdeşlerimiz hat-da dükandaky tanyş satyjy hem gös-göni "Sen haçan çaga ýasaýaň?" diýip soramagy hiç zatça görenoklar. Birinji çagaň barlygyna garamazdan, "Haçan ikinjiňi ýasajak?", diýip soraýanlaram bar. Şular ýaly çaga ýa-da şahsy durmuşym barada soraglar soralanda, men ýa özümi aklamaly, ýa aldamaly, ýa-da zordan çynymy aýtmaly bolýan. Kimleri bilip çaga islänok. Kimleň geçmişde erbet tejribesi bardyr. Galyberse-de, beýle soraglar zenanyň duýgularyny ynjydyp bilýär. Beýle soragy berýänler bu soraglaryň özlerinden hem soralmagyny islemeýän bolsalar gerek.

Ýerliksiz sorag 3: "Sen näme üçin biz bile içeňok?"

Günleriň bir güni gyz joralarym we oglan tanyşlarym bilen bir kafede duşuşdyk. Oglan tanyşlaryň biri ozüne çaý sargady. Şol bada meniň joralarym we dostalarym oňa: "Näme boldy dost, näme üçin biz bile içeňok? Ýaraňokmy? Wah, sen içmeseň biz bile näme gürrüň ederkäň?" diýip, ony soraga tutdular. Biri içmäni besetse, ol ýanyndakylara näme üçin içmeýändigini düşündirmelimiş? Gynansakda, biziň jemgyýetimizde üýtgeşiklik kabul edilenok we gaty geň görülýä. Ata-babalarymyz ýöne ýere diýmändir: "Dinden çyksaň hem ilden çykma!" Üýtgeşik bolsak, ilden azrak tapawutly hereket edip başlasak, hökmany suratda biz şol häsiýetimizi ýa-da hereketimizi illere düşündirmelimişik.

Ýerliksiz sorag 4: "Sen haçan durmuşa çykýaň?"

Şu soragy soraýan adamlaryň özleri hem bu soragyň ýerliksizdigine düşünýändirler. Durmuş gurmak diňe bir tarapa, ýagny diňe aýal maşgala bagly däl. Beýle sorag aýal maşgalany utandyryp biler, derdini gozgap biler, howsala salyp biler. Durmuş gurmaga onuň belki maşgala ýagdaýlary mümkinçilik berýän däldir. Belki ol eýýäm durmuşa çykandyr ýöne adamsy aradan çykandyr ýa-da aýrylyşandyr we geçmişini ýatlamak isleýän däldir. Meniň pikirimçe, şeýle ýerliksiz soraga sorag bilen jogap berlip bilner. "Seniň näme işiň bar? Meniň durmuşym seni näme üçin gyzyklandyrýar?" diýmek bilen, gelejekde sizi azara goýjak, sizi derde saljak soraglaryň öňüni alyp bilersiňiz.

Ýerliksiz sorag 5: "Sen nirede işleýäň we näçe aýlyk alýaň?"

Bu adamlaryň iň kän halamaýan soraglarynyň biri bolsa gerek. Şeýle soraga duçar bolanlaryň köpüsi ýalan maglumat berýärler. Sebäbi adamyň gazanjy onuň sosial derejesini görkezýär. "Belki meniň gazanjym garşymdakyňkydan has köp bolsa, ol gabanar, bahyllyk eder ýa-da az bolsa üstümden güler, meni kiçi görer" pikiri hem bar. Şeýle soraglar kän berlen ýagdaýynda adamlaryň arasynda deňsizlik, maddy ýagdaýyňa görä baha kesişlik başlanýar. Maşgalalaryň arasynda dawa-jenjeller känelýar. "Näme üçin pylanyň kakasy, agasy ýa-da dogany bizden kän gazanýar, bizden gowy ýaşaýar, biziň nämämiz kem?!" ýaly närazyçylyk hem ýüze çykyp bilýär.

Tyg ýarasy biter, söz ýarasy (ýagny, ýerliksiz sorag ýarasy) bitmän biler. Elbete, ilki bilen ýerliksiz sorag bermezden öň gowja pikirlenmeli. Soňra ol adamyň ýerine özüňi goýup görmeli. Berjek soragyň garşyňdakyny ynjydyp biljegi hakynda oýlanmaly. Seň garşyňdaky adamyň nähili durmuş şertlerinde ýaşaýandygyny, nähili maddy we ruhy dertleriniň bardygy bilmeýän bolmagyň ahmal. Şonuň üçin her bir berjek soragyň adamlarda nähili täsir galdyrjakdygy hakynda oýlanmaly we her kim esasy ünsüni öz durmuşyna gönükdirmeli. Iliň durmuşy bilen kän meşgul bolmaly däl.

Awtor: Dilber Hanowa

Suratlaryň awtory: Merjen Gylyjowa

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 Myraly 2017-06-06 17:55
Biderek, gelşiksiz bilesigelijilik ýaşlaryň arasynda şeýle bir ornaşýar weli, hi goýaý. Tüýs ýürekden berilýän soraglarmy ýa-da ýöne bir gepbaşy üçinmi aňlamak aňsadam däl. Oglanlaryň birnäçelerä ol soraglary gyzlara ýöne lak atmak üçinem berýärler. Gyzlar bolsa kemsitmek ýa-da bolmasa üstünden gülmek üçinem atyp goýberýärler.
Sitata
 
 
#4 Dilber 2017-06-05 12:00
Quoting Magtym:
"Adamzat soraşa-soraşa, haýwan ysgaşa-ysgaşa" diýip halk arasynda aýdylan söz bolmagy bilen adamkärçilikli,durmuşa kybapdaş berilen sorag hem-de şoňa berilen jogap adam gatnaşyklarynyň bezegi ahyryn.


Magtym, gürrüńdeś bolmak bilen yerliksiz sorag sormagyñ tapawudy bar öydyân. Adam nâhili digini onuñ aylygy, kim bilen söyûśyâni bilop baha beryanmi, yada ol adamyñ medenietini, edebini, çeperçilik höweslerini hilip bah kesilyär? Bu döwûrde kâte-káte biri sorar "sen gowi gôryán kitabyn nâme?", "senin maśynyñ barmy? Náhili marka"--ynha śu soraglary soram, olara jogap bilip adam sorśa-soraśa maddy baha kesyar, içki dûnyási bilen iślerem yok
Sitata
 
 
#3 Pirli 2017-06-03 17:37
Soraglaryň bereeli ýa-da bermeli däl ýerini takyk bilmek her bir adamynyň oňarýan zadam däl. Ol ýagdaý her bir adamynyňruhy saglygyndan hem garaşlymyka diýýärin. Her bir soragy berjek bolaňda onuň beýleki adamda nähili ahwalat döretjekdigini göz öňünde tutmany başarmak her adama mahsus bolmaly. Ol tersine bolan ýagdaýda mowzukda ýaňzydylýan soraglar döreýär.
Sitata
 
 
#2 Magtym 2017-06-03 13:50
"Adamzat soraşa-soraşa, haýwan ysgaşa-ysgaşa" diýip halk arasynda aýdylan söz bolmagy bilen adamkärçilikli,durmuşa kybapdaş berilen sorag hem-de şoňa berilen jogap adam gatnaşyklarynyň bezegi ahyryn.
Sitata
 
 
#1 Dertdenyanan 2017-05-31 00:22
Gaty yerlikli makala...gynansagam her gun sheyle soraglara yuzbe yuz bolyan...adamlar menin diplomymy menin karimi owrenip onnon gep gurrun edyar...eger sen bolmasan yada bayrak tanysh bilshin bolmasa yuzunede seretjek adam yok...in gen tarapy bashda sheyle soraglar bilen sana baha kesyaler((( kyn dowur kyn !!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele