Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy WAGTYŇ GYMMATY – ADAMYŇ HORMATY
( 15 Ses Berme )

Her birimiz üýşmeleňe elmydama gijä galyp gelýän ýa-da bir ýere gidiljek bolnanda elmydama garaşdyrýan adamlara duşup görendiris. Belki hem käbirimiz şeýle adamlaryň hatarynda görülýändiris. Bu ýagdaýdan köpler nägile bolsalar, köpler munuň bilen ylalaşyp ýaşaýarlar. Men bu makalamda wagtyň bahasy, halkymyzyň we daşary ýurtlylaryň wagta bolan garaýşy, punktuallygy hakynda birki meseläni gozgap geçesim gelýär.

Dünýädäki wagta bolan garaýyşlar

ABŞ, Germaniýa, Şwesariýa, Britaniýa (Anglosakson kökünden gelýän halklar), Niderlandiýa, Awstriýa we Skandinawiýa ýurtlarynda wagt iň bir gymmat hasaplanýan zatlaryň biridir. Bu döwletleriň ýörelgesine görä, eger-de wagt haýsydyr bir iş we hereket bilen doldurylmasa, onda onuň bisarpa tutuldygydyr. Duşuşyklara gijä galyp gelmek, beýleki adamlara goýulýan hormat-sylagyň pesdigini görkezýär. Şonuň üçin ähli işler we duşuşyklar öz kesgitlenilen wagtynda ýerine ýetirilmelidir.

Ispaniýa, Italiýa, Türkiýe we Arap döwletlerinde bolsa bu ýagdaý başgaçarak. Iki işi bir wagta sygdyrmak olar üçin adaty endikdir. Duşuşyklar üçin ylalaşylan wagtlar hemişe yza dogry süýşürilyär. Diňe duşuşyklar däl, eýsem işgärlere berlen ýumuşlar, ýokary okuw jaýlarynda berlen taslamalar, öý işleri soňky minutlarda ýa-da gijä galyp tabşyrylyp bilinýär.

Gündogar Aziýa ýurtlarynda wagta bolan garaýyş beýlekilerden tapawutlanýar. Hytaýlylar wagta hormat goýýan halklaryň başynda gelýär. Olaryň duşuşyga gijä galsalar, beýlekileriň wagtyny alandyklary üçin ötünç soraýan pursatlary hem bolýar. Şu sebäpli hytaýlylarda ýygnakdyr, duşuşyklara 10-15 minut ir gelmek, işi bellenilen wagtyndan ir dynmak, işiň maksadyna we garşyňdaky adamlara goýulýan hormatyň uludygyny görkezýär.

Wagt we zähmet arabaglanşygy

Wagtyň gadry önümçilikde, ýagny, fabrikalarda, kärhanadyr edaralarda has hem gymmatlydyr. Meselem, işe giç galyp gelmek her bir işgäriň başyna gelip biler, emma munuň ýygy-ýygydan gaýtalanmagy aşakdaky ýaly ýaramaz täsirleri döredip bilýär.

Ýekeje işgäriň ýygy-ýygydan işe wagtynda gelmezligi:

1. Beýleki işgärlere hem kesel ýaly ýokuşma ähtimallygyny döredýär;

2. Işgäriň işdäki abraýyny pese gaçyryp bilýär;

3. Işgäriň işden çykarylmagyna çenli eltip bilýär.

Ýolbaşçylaryň we hünärmenleriň işe wagtynda gelmezligi bolsa, olary nusga edinýän işgärlere ýaramaz täsir edýär:

1. Fabrikalarda köpçülikleýin öndürilmeli önümiň sany, hili pese gaçyp bilýär;

2. Meýilnama boýunça wagtynda dolmazlyk we netijede önümçilikde ýiti peselişler ýüze çykýar;

3. Ýygnaklarda bökdençlikler döräp, meýilnamalarda, ýumuşlarda ylalaşylmazlyklar artýar.

Mahlasy, wagty biparh tutýan adam diňe özüne däl, töweregindäkilere-de sylaşyksyzlyk görkezýär. Bir işi wagtynda ýerine ýetirmezlik giňden ýaýrasa, onda, birinjiden adaty halk, ikinjiden bolsa ýurduň ykdysadyýeti uly zyýan çekýär.

Ýurdumyzda wagta bolan garaýyşlar we düşünjeler

Öňki Sowet ýurtlarynyň wagta bolan garaýyşlary häzir hem birmeňzeşräkdir. Elbetde, munda 70 ýyllyk Sowet geçmişiniň täsiriniň barlygyny inkär edip bolmaýar.

Jemgyýetimizde az zähmet çekip (ýa-da hiç zähmet çekmän) uly girdejä eýe bolan adam- iň üstünlikli adam hökmünde garalýar.

Elbetde, beýle düşünjäniň aşagynda zähmete bolan ýaramaz garaýyş ýatyr. "Bedeniňi ýadatman, kelläňi agyrtman gazanylýan gazanç iň amatlysydyr" diýýän, mugta öwrenişen adamlarda zähmet çekip, bir zatlar edinmek we maksadyňa ýetmek arzuwy seýrek duş gelýär. Hakyky jemgyýetde adamlar jemlenşip, el-ele, işi deň paýlaşyp zähmet çekýärler. Bu deňlik bolsa käbir adamlaryň işden gaçyp, mekirlige ýüz urup, nähak ýollar bilen gazanç edip, zähmetkeşleriň hakyny iýmekleri bilen bozulýar. Bu ýagdaý halkyň arasynda giňden ýaýrasa jemgyýetde öňe gidişlik bolmaýar. Şeýle ýagdaýlaryň ählisi hem wagtyň gadryny bilmek bilen berk baglanşyklydyr.

Bizde wagta goýulýan hormatyň derejesini görmek üçin jemgyýetimizdäki gündelik hereketlere we bolup geçýän hadysalara göz aýlamak ýeterlikdir. Hökümet edaralaryndaky çenden aşa ýuwaşlyk we şu sebäpli tamamlanmaýan dokument işleri, wagtynda gelmeýän awtobuslar, arakesmeden wagtynda synpa dolanmaýan okuwçylar we mugallymlar, giç başlaýan ýygnaklar, wagty doly kesgitlenilmedik çäreler, köpçüligiň gelmegine garaşylýan sadaka-toý saçaklary ýaly onlarça mysallar biziň wagta bolan garaýşymyzy suratlandyrýar.

Jemgyýetimizde gijä galyp gelmek hem geň görülmeýär. Käbir ýerlere giç gitmek üçin "Hemme kişi gelibersin, onson bararys" ýaly pikirler bu gijikmeleriň jemgyýetde has hem berkemegine getirýär.

Wagty peýdaly we dogry ulanmak ýaşaýşymyzy meýilleşdirmäge, işlerimizde iň ýokary öndürijilige ýetmäge, adamlaryň arasyndaky hormatyň berkemegine kömek eder. Ösen ýurtlarda wagtyň nähili sarp edilşine uly üns berilýär. Ösüp barýan ýurt hökmünde biz hem bu peýdaly endikleri nusga edinmelidiris.

Makalanyň awtory: Amanmyrat Annanepesow

Ulanylan WEB salgylar: 1 / 2 / 3

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 KemalK 2017-01-16 05:03
Berekella, her medeniýetde boluşy ýaly-da Türkmençilikdede seredilmeli, belki alternatiw pikir/garaýyş tapylmaly mowzuklaryň biri.

Ilkinji bilen bellemeli zatlaryň biri, bizde iş tölegi aýma-aý berilýär, günbatar döwletlerde bolsa sagatma-sagat. Bu hem meň pikirimçe wagta garaýyşy tapawutlandyryp bilýär. Sebäbi, Türkmenler bir aýyň dowamynda 200 sagat işlesede şol aýlyk, 150 sagat işlesede. şonuň üçinem wagta bolan gadyry gaçýan bolmagy ahmal. Köpüräk gözleg edip görmeli pul/sagat psihologiýasy ugurdan.

Ikinjiden, berilen salgylardan birinde Germaniýanyň industrial geçmişi üçin wagta garaýyş şeýle hormat bilen diýilýär. Bizde industrializasiýa wagta bolan garaýyşa nähili täsir etdika? ýa asla etdimi?

Galybersede, wagta diňe pul/sagat gatnaşykda seretmek hökman dälmika diýýän. Otyryp şular ýaly mowzuklar barada, pikirlenmegiň, gürrüňdeş bolmagyň puluň berip bilmejek netijelerini getirip bilýär.

Başga-da, Türkmenleriň, diýeli toýa-ýasa gija galyp gelmeklerinde hi bir romantiki/medeni owadanlyk görüp bolýarmy? Bolmaýan bolsa näme üçin sylanylmaly häsýetka Türkmençilikde?

Soňky belläsim gelýän zat, iş ýerine degişli, bizde "wezipe" diýilen düşünje indi-indi gelip başlan bolaýmasa. Türkmen kärhanalarda sekretaram printeryň syýasyny çalşyp ýör, süýt sehiň brigadiram. Hemme kişi hemme zady edýär. Kimiň iş buýurýanyna bagly diňe. şeýlelik bilen hiç kim hiç zada jogapkärçiligi ýok. Yzynam özüňiz düşünýänsiňiz...

Sagja bol makala, gaty gowy. Okyjylar 3-nji ulanylan salga girip görüň, gülkünç, gyzykly mysallar getirilipdir. Bizde-de belki Braziliýadaky ýaly wagt bellenilmänkä "English Time" diýip aýtmalydyr))
Sitata
 
 
#1 23-nji asyrdan gelen adam 2017-01-14 22:45
Японларын пунктуальностыны хем горайда сен. Нусга алмалы шолардан.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele