Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy TÜRKMEN ÝIGITLERI – OLAR KIMLER?
( 126 Ses Berme )

Bu makalanyň adyny okap, eýýäm gürrüňiň näme barada, has dogrusy kimler barada boljagyny çak edýänsiňiz. Okyjylaryň ünsüni aýal-gyzlarymyzyň durmuşy we jemgyýetdäki orny bilen bagly meseleleriň özüne çekýänligi ap-aýdyň. Emma, türkmen jemgyýeti diňe aýal-gyzlardan ybarat däl. Türkmen ýigitleri hem onuň aýrylmaz bir bölegi. Eýsem olar barada gürrüň açman bolarmy? Geliň, şu ýerde aýal-gyzlar meselesini bir ýana aýryp, ýigitlerimiz barada gürrüň açalyň. Türkmen ýigitleri kimler? Olaryň gylyk-häsiýetleri nähili? Olary umumulaşdyryp bolarmy? Gyzlarymyzy kategoriýalara salýarlar welin, mümkin erkeklerem salyp bolar? Belki salmalydyrysam?

Döwrüň üýtgemegi bilen türkmen gyzlarynyň başdan geçirýän üýtgeşmelerini erkek-oglanlarymyz hem başdan geçirýärler. Gynansakda, sosial ulgamlarda, platformalarda gyzlarymyz ýiti tankytlanyp, oglanlara nobat gelende gaty bir kän pikir-garaýyşlar ýazylmaýar. Men, bu gün, bu ýagdaýy üýtgetmegi ýüregime düwdüm.

Ýigitler barada söz açmaklygyň hem özüne ýeterlik sebäpleri bar. Jemgyýetde, maşgalada deňagramlylygyň bolmagy üçin, gyzlaryň we ýigitleriň düşünşip ýaşamagy üçin ýigitleriň hem tankytlara gulak salmagy wajyp. Diňe gyzlary tankytlap ýaşap bolmaz. Çünki gyzlaryň hem oglanlara bolan nägilelikleri we garaýyşlary bar we olar öz garaýyşlaryny açyk beýan etmekden mahrum edilmeli däl.

Eýse türkmen ýigidi kim? Türkmen ýigidi, Magtymguly Pyragynyň "merdiň ogly", "Görogly gardaşy", "ýolbars ogly" ("Türkmeniň" goşgusy) ýa-da "Sarp eýleýir aşyny" atly şygrynda belläp geçişi ýaly, soweş güni başyny gurban etjek "namysly, gaýratly, arly goç ýigitmi"? Ýa-da türkmen klassikleriniň eserlerinde ýazylşy ýaly "ýagşy ýigitmi"? Eger bular türkmen ýigidini sypatlandyrýan bolsa, onda türkmen ýigidi, ýagşy, ahlakly we mertdä? Eýsem bular hakykata laýyk gelýärmi ýa-da ters gelýärmi? Magtymgulydan başlap Berdi Kerbabaýewe çenli "mert" we "ahlakly" diýip suratlandyrylýan ýigitlerimiz hakykatdanam şeýlemi? Ýa-da döwrüň üýtgemegi bilen türkmen ýigidiniň hem gylygy, dünýägaraýyşlary üýtgedimikä?

"Süri agsaksyz bolmaz" diýilşi ýaly, türkmen ýigitleriniň hem gowusy bar, gowy däli bar. Bu makalanyň niýeti adatdan daşary we gyzlarda nägilelik döredýän ýigitler barada, ýagny biziň jemgyýetimizdäki käbir "agsaklar" barada gürrüň açmakdyr. Şeýle hili ýigitleri birnäçe topara bölmegi makul bildim: (I) özlerini "hakyky türkmen" ýigitleri hasap edýänler, (II) dindar ýigitler, (III) alfons ýigitler we (IV) daşary ýurtlarda okap, gözýetimi giňän ýigitler.

I. "Hakyky" türkmen ýigidi. Türkmen ýigitleriniň bu görnüşi diýseň konserwatiw bolýarlar. Ýagny, türkmen däp-dessurlary olar üçin diýseň wajyp. Olar köplenç öz hereketlerini däp-dessurlar bilen aklaýarlar. Edýän hereketlerini "türkmençiligiň kadalary talap edýär" diýýärler. Adatça bu ýigitler durmuşynyň aglaba bölegini ýurdumyzyň çäklerinde geçirenlerdir. Olaryň esasy maksatlary, okamak, öýlenmek we çaga edinmek. Adatça olar brendli egin-eşikleri geýmegi halaýarlar. Syn edip görseň, ýigit durşuna brendleriň adyndan ybarat ýaly bolup görünýär. Ýöne agzyny açan badyna ýanyndan gaçasyň gelýär.

II. Dindar ýigitler. Bu ýigitler özlerini diýseň dindar alyp barýarlar. Aslynda welin olaryň din barada üýtgeşik bilýän zatlary ýok. Olar "gündiz molla, gije ýolda" diýilýänleriň hut özleri. Ýagny, olar başga adamlara dumuşy nähili ýaşamak, Hudaýa nädip çokunmak barada nesihat bermegi, öwretmegi gowy görýärler. Emma, seredip otursaň, olar adaty adam gymmatlyklaryndan mahrum ýaly bolup görünýärler (aýalyna el gadyrýar, ene-atasyna hormat goýmaýar, aýalynyň daşyndan oýnaş tutunýar). Olara fanatizm derejesine ýeten dindar ýigitler diýseň hem boljak. Olar adamlaryň ähli hereketlerini we pikir edişlerini dini ýola salmaga çalyşýarlar.

III. Alfons ýigitler. Täze çykan görnüş. Pulluja gyza öýlenip, arkaýyn onuň hasabyna ýaşamagy kem görmeýän ýigitlere alfonslar diýilýär. Gyz joramyň durmuşynda bolup geçen bir waka: ýigit we gyz tanyş bolýarlar. Ýigit başda hiç hili şübhelendiriji ýa-da pikirlendiriji üýtgeşik hereket etmeýär. Emma biraz wagt geçenden soňra onuň hakyky niýeti aýan bolýar. Ýigit gyzdan pul almana başlaýar. Soňy bilen gyzyň "pullujadygyna" göz ýetirýär. Tanyşlygynyň ýaňy bir-iki hepdeligine garamazdan, ýigit özüne jaý satyn almak üçin gyzyň aýlygyny bile üýşürmegini teklip edýär. Özbaşdak we garaşsyz gyzlaryň durmuşynda şeýle wakalar hem bolup geçýär. Sebäbi alfons ýigitler olary maddy gymmatlyklaryň çeşmesi hökmünde görýärler.

IV. Daşary ýurtda okan türkmen ýigitleri. Olar esasan iki görnüşe bolünýärler: (a) daşary ýurtda okamagyna garamazdan konserwatiw, pikirleri üýtgemedik we edil "teflon" örtülen gap ýaly täze garaýyşlary inkär edýän ýigitler we (b) daşary ýurtda okap, açyk pikirli we gözýetimi giňän türkmen ýigitleri.

Gynansakda, konserwatiw ýigitlerimiz has kän. Olar I bölümde görkezilen ýigitlere diýseň meňzeş. Göräýmäge ösen döwletlerde birsalym ýaşamak olaryň dünýägaraýşyny giňeldäýjek ýaly, emma bu beýle däl. Önuň sebäbi hem erksizlik bolup biler. Mysal üçin, olar ýurda dolanandan soňra ejesiniň tapan obaly gyzyna öýlenýärler. Olar öz durmuşynyň eýesi däl. Olaryň durmuşy ene-atalary tarapyndan meýilleşdirilen.

Gözýetimi giňän ýigitlerimiziň welin sany az we olar adatça daşary ýurtlarda okuwyny dowam edýärler. Olaryň içinde daşary ýurtlarda ýaşamaga galýanlar hem az bolmaýar. Bu ýigitler öz durmuşynyň eýeleri höküminde däp-dessurlaryň kadalaryna görä däl-de, ýüreginiň we akylynyň emrine görä ýaşaýarlar, ösýärler we döredýärler.

Dowamy bar...

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir.

Makalanyň awtory: Latife Gurbanowa

Suratyň awtory: Merjen Gylyjewa

Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

#37 Depginli 2017-06-15 18:15
Durmuş şemaly haýsy tarapdan öwüsýän bolsada, ýigitleriň nebsini olaryň ahlagyndan öňe geçdi-de duryberdi. Pikir berseň, makalada agzalýan alfons ýigitleriň sany geometrik progress bilen ösüp barýar.Ejem ogly ýigitler "görgüli" gyzlaryň başyny aýlap, olaryň pullaryna ýaşap garabaşyna gaý bolup, aýdylşy ýaly "deňizleri topugyndan boýlap ýörler"
Sitata
 
#36 Pharmacist 2017-02-08 22:32
"Bu makalanyň niýeti adatdan daşary we gyzlarda nägilelik döredýän ýigitler barada, ýagny biziň jemgyýetimizdäki käbir "agsaklar" barada gürrüň açmakdyr. Şeýle hili ýigitleri birnäçe topara bölmegi makul bildim: (I) özlerini "hakyky türkmen" ýigitleri hasap edýänler, (II) dindar ýigitler, (III) alfons ýigitler we (IV) daşary ýurtlarda okap, gözýetimi giňän ýigitler." diýip ýazylypdyr. Diýmek bu ýerde diñe "agsaklar" toparlara bolünipdir. Onda (IV) topara degişli ýagny, daşary ýurtlarda okap, gözýetimi giñän ýigitlerem "agsaklara" degişlimi? Onsoñam diñe daşary ýurtlarda okaýanlaryñ gözýetimi giñ bolup bilermi? Türkmenistanyñ öz çäginde okaýanlaryñ gözýetimi giñ bolup bilmezmi?
Sitata
 
#35 alyska 2017-01-29 12:38
Sap
Sitata
 
#34 alyska 2017-01-29 12:37
Sps
Sitata
 
#33 Ynamly 2017-01-24 00:36
Daşary ýurtda okaýan oglanlaryň köpüsi hem şol türkmenligini subut etjek bolýan ýaly, özgermäni örän kyn görýärler. Her nämede bolsa "az bolsun uz bolsun" diýilşi ýaly ýek-tük düşünýänem bar ýaly. "Dama-dama köl bolar, hiç dammasa çöl bolar" diýilşi ýaly türkmen ýigitlerem talaby ödärlerdä!
Sitata
 
#32 Begli 2017-01-23 11:43
?
Sitata
 
#31 Begli 2017-01-23 11:43
Biza adam welin Onnada gelin Gyzlan Gelinlen haysty boyunca ADAM BOLALYN HAYST OGLANLAR !!!
Sitata
 
#30 Aýly 2017-01-20 00:59
Dindar adamlaram durmuşda gerekdir weli, häzirki döwürde diýmäýin diýsem"höwri köpeldi. Onuň esasy sebäbi köp ýigitleriň ýokary okuw jaýlarynda okap bilmeýän bolsa, bolmasa işsizligi göz öňünde tutup, sakal goýberdip, mollalyga ýüz öwürmeklerine getirdi. Käbirleriniň özlerini alyp baryşlary bolsa diňe adamlaryň olara bolan ynamyny püçege çykarýar.
Sitata
 
#29 tm gyzy gulsary 2017-01-16 14:14
Hut sheyle, dogri aytdin!
Yagny bu makalada yaziplip bellenilshi yali Turkmen yigitdi hakykatdan hem "merdiň ogly", "Görogly gardaşy", "ýolbars ogly" ... soweş güni başyny gurban etjek "namysly, gaýratly, arly goç ýigitmi" bolan bolsa olar boyun alardylar oz hasiyetlerini we olaryn ustunde ishlap uytgejek bolardylar.....Emma, social saytlari achyp seretsen bar edyan zatlary gyzy tankytlamak olaryn uyat yerleri kommentirlemek... hatda olar sheydenlerinde ozlerinin tertibini we goz-yetimini gorkezyandikleri barada habarrlary barmika.. edil shunun yali herekelterden hem jemlap, olary edil awtor yali stereotiplere bolup bolyar...

Quoting KemalK:
umuman aýdanymda öz kemçiliklerini boýnuna alyp bilmedik erkek kämil adamam erkegem däl. Eýsem erkekligiň täze ewolýusiýon derejesine geçmeginiň öňünde kimler dur?! Edil şu sypatdaky adamlar! Sosýal derejesini ýitirmekden gorkýanlar durlar!
Sitata
 
#28 KemalK 2017-01-16 05:51
umuman aýdanymda öz kemçiliklerini boýnuna alyp bilmedik erkek kämil adamam erkegem däl. Eýsem erkekligiň täze ewolýusiýon derejesine geçmeginiň öňünde kimler dur?! Edil şu sypatdaky adamlar! Sosýal derejesini ýitirmekden gorkýanlar durlar!
Sitata
 
#27 KemalK 2017-01-16 05:45
Quoting tm gyzy gulsary:
Siz stereotiplary gorkezdiniz. Bolyar, gel bir stereotip gornushde piker etdelin; onda, her haysi kaetgorya oglana nahili gyz mynasyp gelyar? Mesele, kop gyzlar her zada gitjek yone dashary yurtda okan oglana durmusha chikjak diyen trendy bar....dindar oglana dyndar gyz gerekmi? Bu naman alamaty bolar sonar? Progressiv oglana gyzlygyny yitiren gyz mynasyp bolarmy? gelejek makalnynyzda hasy oglana anhili gyz mynasip bolar diyip beyan etseniz gyzykly bolar we stereotiplari one surer...

gaty gowy pikir! Hersine nähili gyz mynasyp?
Sitata
 
#26 KemalK 2017-01-16 05:44
Quoting Teswirçi:

Gaty ýöntemje, gaty az sanly we biderek parametrler ulanyp, adamlary synplandyrmak bolupdyr.

Ylalaşýan ulanylan kategoriýalar "simplistic" primitiw görünüp biler. Emma gynansakda erkekleriň erkeklige garaýşyda şeýledä. Onsoň makalada suratlandyrylýan erkeksypatlaryň ünsini bular ýaly mowzuklara çekmek üçin bir az primitiw ýazmaly bolýar. Häzir meselem bu kategoriýalara derek erkekleriň jynsy gatnaşyklardaky roly ,täsiri barada sosiýal, psihologiki terminler, ýa ylmy işler bilen bellenilen kategoriýalary suratlandyryp ýazylan bolsa oňa dindarsyraýanlaram, tradision türkmen erkeklerem okamaýaram, okasada düşünmeýärem.

Quoting Teswirçi:
saýt redaksiýasy we adminstrasiýasy hem pikirleriň we maglumatlaryň obýektiwni beýan edilmedik bu temasyny bilgeşleýin goýana meňzeýär.

makala ýa saýt sen ýaly progressiw pikirli, konstruktiw söhbetdeşlige girip bilýän okyjylary özüne çeken bolsa, onda maksadymyz myrat. Tankytlamagyňam saýtyň gowylaşmagyna ýardam eder. Saglygyň!
Sitata
 
#25 KemalK 2017-01-16 05:32
Quoting Aygozel:
Avtor saña döneyin... shu yazan makalan uchin uly sagbolsyn... sheyle bir dogry zatlary yazypdyn... hakykatdanda bizin oglanlarymyz oraz hypocritic bolup ozlerink alyp baryarlar... ozleri hemishe turkmen gyzy asylly bolmaly yogsada ol yoldan chykan diyip gurrun edyarler, sonam bolsa ozleri gyzlary yoldan chykarjam bolyalarlar hemde oturyp gepini edyarler... Yene-de dashary yurtda okayan turkmen oglanlara men dushunup bilemok, ozleri okama gelyarler we bilim almaga we shular yalylary goreninde pikir edesim gelyar 'hä, eger bul oglan dashary yurtda bilim alyp bir naçe yyl bare yashap yoren bolsa onda onunam dušunjesi gindir we achykdyr'! Gynansakda koplench turkmen yigitleri dashary yurtda okap ozlerini diki alyp baryp hemde oz turkmen gyzlarynyn abyrayymy gachyrjak bolup ala bashagay... shu mesele menin gaty gaharymy getiryar. Onson hachanda govy bilimli we intiligentny turkmen oglanlaryna dush gelenimde men hakykatdanda gozlerime ynanyp bilemok .... turkmen oglanlar haysh edyan adam bolun!

Haýyş etmeli däl, talab etmeli. Her erkekden, erkek doganlaryňyzdan, kakaňyzdan, erkek dostlaryňyzdan. Hakyky erkekligi siz, zenanlar, moda etmeli.
Sitata
 
#24 KemalK 2017-01-16 05:30
Quoting 23-nji asyrdan gelen adam:
Kitap diýilýän zady eline alyp görmedik oglanlar iň erbedi hemem iň köpi.

Dogry aýtýaň. "Erkek diýmek erkiň eýesi diýmekdir" Kitap okamaga ünsine erk edip (has-da informasiýa erasynda) bilýän adamda erkek bolmaga potensiýaly bardyr.
Sitata
 
#23 KemalK 2017-01-16 05:26
Quoting Talyp:
Makalany okap,ozumiň haýsy topara degişlidigimi bilmedimaý:D

Ýagdaýym kyn öýtýan)))

Tersine talypjan, sen özüňi erbet mysallaryň arasynda gözleýän bolsaň dogry ýoldalygyň. Hakyky "Türkmen ýigidi" özüni "Hakyky erkekler" ýaly spisoklardan gözlärdiler.
Sitata
 
#22 Zylyha 2017-01-16 00:31
Men mydama synlaýanym sebäpli göz ýetirdim.Döwlet işinde işleýän ýa-da okuw jaýynda okaýan bolaýmasa, başgalaryň geýinişleri göze görünmese gowy. Olaryň maliýe ýagdaýlarynyň ýaramazlygymy ýa-da medeniýetiniň juda pesligindenmi, nämemi, şäherde olaryň sypatlarynda gözüň doýar ýaly zat ýok. Öýde geýilýän eşikler bilen şähere çykylanda geýilýän eşikleriň arasynda tapawut hem goýmaýarlar.
Sitata
 
#21 Subýektiw 2017-01-13 21:39
Makalanyň kemçilikleri bar bolsa-da, reýtingy iki ýyldyzjykdan-a köp bolmaly. Ýigitler, hemmämiz tankytlamagy halaýas, ýöne özümizi hem tankytlamagy unutmalyň!
Sitata
 
#20 tm gyzy gulsary 2017-01-12 14:17
Quoting Teswirçi:
Kim ýazan hem bolsa gaty dar galypda, birýüzli ýazypdyr, saýt redaksiýasy we adminstrasiýasy hem pikirleriň we maglumatlaryň obýektiwni beýan edilmedik bu temasyny bilgeşleýin goýana meňzeýär. Prowokasiýa awtoryň maksatlarynyň arasynda ýok hem bolup biler. Ýöne reýting üçin tema beýle ýazylmaly dälmikä diýýärin. (Reýting we gyzyklanma döretjekdigi hakykat)

Meselem, brend geýinýän, agyz ysly, paýyş sözli ýa-da beýleki negatiflikleri özünde jemleýän kişileri "hakyky türkmen ýigidi" diýip öňe sürmek. Gündiz molla, gije ýolda bolanlary "dindar" şekline tanatmak. Daşary ýurtda okan we içeride okan şeklinde tapawutlandyrmak. Gaty ýöntemje, gaty az sanly we biderek parametrler ulanyp, adamlary synplandyrmak bolupdyr.
Tejiribeli we profesýonal kişileriň obýektiw ýazgylarda beýle sypatlandyrmalardan uzak durmalydygynyň sebäpleri barada aýtýanlaryny göz öňünde tutmak dogry bolar.

Teswrichi, dar yazylan bolsa ozuniz nahili isleseniz buna "counter-argument" edip yazsanyz gowi bolardy we redaksia chap ederdi. "I am interested to see what you think" Hakykatda dar yeri bar--stereotypli piker edilyar yone hakykat taraplari hem bar. Yagny, "identity" dine 1 zat dal, esysem kop zatdan ybarat... hana sholary goshsak bu stereotiplar bozular...
Sitata
 
#19 tm gyzy gulsary 2017-01-12 14:14
Siz stereotiplary gorkezdiniz. Bolyar, gel bir stereotip gornushde piker etdelin; onda, her haysi kaetgorya oglana nahili gyz mynasyp gelyar? Mesele, kop gyzlar her zada gitjek yone dashary yurtda okan oglana durmusha chikjak diyen trendy bar....dindar oglana dyndar gyz gerekmi? Bu naman alamaty bolar sonar? Progressiv oglana gyzlygyny yitiren gyz mynasyp bolarmy? gelejek makalnynyzda hasy oglana anhili gyz mynasip bolar diyip beyan etseniz gyzykly bolar we stereotiplari one surer...
Sitata
 
#18 tm gyzy gulsary 2017-01-12 14:11
siz " maşgalasynyň abraýyny (sarpasyny we hormatyny saklap) belentde saklap" diyeninizde name diyjek bolyarsiniz. yagny abray nameden ybarat? mashgalanyn abrayi nadip saklanilyar? Sonra Siz "özleri ýaly merdana ogul-gyzlary terbiýeläp ýetişdirmärge ymtylýandyklaryny görmek bolýar" diyip yazanyzda buna birhili dar serdyarsiniz we "ozleri yali" iyeninizde individuallyga yer goyanzok, yagny chagalar eje-atasina menzeman hem bilyarler--bu hem progressin alamaty; jemgyyet utgeshmeler; progress gerek we ol uytgeleshmeler bilen (menzeshlik bilen dalde) gelyandir.

Quoting Gerçek:
Makala pikirler örän ýöntem beýan edilipdir we diňe daşary ýurtda okanlaryň belli bir bölegi intelgent has dogrusy häzirki zaman döwrebap ýigitler diýen pikir öňe sürülipdir. Bu belli bur jähtden dogrudyr, ýöne hiç ýerde okamadyk, asla ýokary bilimi hem bolmadyk edermen we gaýduwsyz zenan başgalaryň sarpasyny belent tutýan beýleki ýigitlere (ýaşlara hem ýaşy ulyraklara) görelde bolarlykly ýigitlerimiz türkmen obalarynda bardygyny unutmalyň we olar öz maşgalasynyň abraýyny (sarpasyny we hormatyny saklap) belentde saklap özleri ýaly merdana ogul-gyzlary terbiýeläp ýetişdirmärge ymtylýandyklaryny görmek bolýar.
Ýigitlerimiz şu jemgyýetde önüp-ösýände bolsa hem esasy göreldäni öz maşgalasynda (ene-atasyndan) alyp gaýdýandygyny bellemek zerur. Diýmek ýigitleri gatlaklara bölmän olaryň önüp-ösen maşgalalaryny bölümlere bölüp, şolara görä baha berilse has dogry bolaýjak ýaly meniň göwnüme.
Sitata
 
#17 Gerçek 2017-01-12 02:02

#16 Okyjy 2017-01-12 01:33
Makalada beýan edilenleri oglanlar gaty görseler hem örän ýerlikli ýazylypdyr. Biz olaryň arasynda ýaşap ýörüs. Siz belki daşyndan synlaýarsyňyz. Tebirçi ýaly namysly oglanlaryň bardygyna begenýan. Ýöne oglanlar gyzlary mydama tankytlap ýörler, özleri bolsa tankyda çydap bilenoklar. Bu durmuşda hemme zada garaşybermeli.
Sitata
 
#15 betje gyz 2017-01-12 00:43
With all my due respect and agreements with some categorizations, this article prompts "stereotypical" thinking about manhood on turkmenistan.
Sitata
 
#14 betje 2017-01-11 19:03
Quoting Teswirçi:
Kim ýazan hem bolsa gaty dar galypda, birýüzli ýazypdyr, saýt redaksiýasy we adminstrasiýasy hem pikirleriň we maglumatlaryň obýektiwni beýan edilmedik bu temasyny bilgeşleýin goýana meňzeýär. Prowokasiýa awtoryň maksatlarynyň arasynda ýok hem bolup biler. Ýöne reýting üçin tema beýle ýazylmaly dälmikä diýýärin. (Reýting we gyzyklanma döretjekdigi hakykat)

Meselem, brend geýinýän, agyz ysly, paýyş sözli ýa-da beýleki negatiflikleri özünde jemleýän kişileri "hakyky türkmen ýigidi" diýip öňe sürmek. Gündiz molla, gije ýolda bolanlary "dindar" şekline tanatmak. Daşary ýurtda okan we içeride okan şeklinde tapawutlandyrmak. Gaty ýöntemje, gaty az sanly we biderek parametrler ulanyp, adamlary synplandyrmak bolupdyr.
Tejiribeli we profesýonal kişileriň obýektiw ýazgylarda beýle sypatlandyrmalardan uzak durmalydygynyň sebäpleri barada aýtýanlaryny göz öňünde tutmak dogry bolar.

Hawada, turkmen ayal gyzlary barada aydylanda yazylanda erkek oglanlar turkmen sosiologlaryng, taryhchylaryng gunsayyn osyan, ing songky ishlerine, barlaglaryna, sesberishiklere esaslanyp yazyarlar.
Yontemje oglanlar yontemje parametrlara mynasyp
Sitata
 
#13 Teswirçi 2017-01-11 15:09
Kim ýazan hem bolsa gaty dar galypda, birýüzli ýazypdyr, saýt redaksiýasy we adminstrasiýasy hem pikirleriň we maglumatlaryň obýektiwni beýan edilmedik bu temasyny bilgeşleýin goýana meňzeýär. Prowokasiýa awtoryň maksatlarynyň arasynda ýok hem bolup biler. Ýöne reýting üçin tema beýle ýazylmaly dälmikä diýýärin. (Reýting we gyzyklanma döretjekdigi hakykat)

Meselem, brend geýinýän, agyz ysly, paýyş sözli ýa-da beýleki negatiflikleri özünde jemleýän kişileri "hakyky türkmen ýigidi" diýip öňe sürmek. Gündiz molla, gije ýolda bolanlary "dindar" şekline tanatmak. Daşary ýurtda okan we içeride okan şeklinde tapawutlandyrmak. Gaty ýöntemje, gaty az sanly we biderek parametrler ulanyp, adamlary synplandyrmak bolupdyr.
Tejiribeli we profesýonal kişileriň obýektiw ýazgylarda beýle sypatlandyrmalardan uzak durmalydygynyň sebäpleri barada aýtýanlaryny göz öňünde tutmak dogry bolar.
Sitata
 
Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.

Goranma KODY
Täzele