Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy "MYRAT TAPSYN MAKSAT TUTAN"
( 25 Ses Berme )

Birnäçe aý mundan öň, tomusda, daýzam agtygy bilen bize myhmançylyga geldiler. Kiçijik Baýram hemme çagalar ýaly bir ýerde oturyp bilenokdy. Men onuň üçin jäjekleri çykardym. Onuň bilen käbir oýunlary oýnadym. Birden Baýramyň gözleri meniň kitaplaryma düşdi. Ol baryp, iň uly we owadan reňkli kitaby aldy-da, menden ony okap bermegimi sorady. Men Nobel laureatlary bolan belli we meşhur alymlar hakynda okap başladym. Birnäçe wagtdan soň Baýram menden : "Näme üçin bularyň hemmesiniň ady Çarlz, Jon, Aleksandr? Name üçin aralarynda Baýram ýa-da meniň dostum ýaly Çary ýok?" – diýip sorady. Men bu soraga näme jogap berjegimi bilmedim. Dogrudan hem, name üçin dünyä belli adamlaryň arasynda Baýram ýa-da Çary ýok?

Türkmen jemgyýetinde öňki wagtlardan bäri dowam edip gelýän durmuş kadasy bar – mekdebi gutarmak, ýokary okuw jaýyna girmek, täze durmuş gurmak, çagalary ösdürmek we garrylyk ýaşyna garaşmak. Bu ýaşaýyş meýilnamasy näçe ýyllar we nesiller çalyşsa-da, hiç özüni üýtgetmändir. Bir tarapdan seretsek, dürli ýurtlardaky, medeniýetlerdäki adamlaryň ömür şekliniň ýokardaky türkmen durmuş kadasyndan uly tapawudy ýok. Emma meniň pikirimçe, bizdäki esasy aýratynlyk – adam şahsyýetine az üns berilmegimikä diýýän. Bizde şahsy maksatlaryny durmuşa geçirmek ugrunda janserek adamlar seýrek duş gelýär. Biziň jemgyýetimizde ýaşaýyş şertleriniň çäklidigi sebäpli, köp adam özüniň kimdigini we nähili durmuşa eýe bolmak isleýändigini saýlap bilmeýär.

Durmuş meýilnamasy – bu adamyň ömründäki esasy maksatlarynyň sanawydyr. Onuň peýda bolmagy, ösmegi we ýokary hile geçmegi adamyň saglyk ýagdaýyna, jemgyýet tarapdan kepillendirilen mümkinçiliklere we maddy üpjünçiligine baglydyr. Siz biziň aramyzda öz belent maksatlary ugrunda jan edýän ýaşlara duşduňyzmy? Olaryň esasy bölegi sizi il üçin durmuşa çykmakdan, gybat etmekden, öýde işsiz oturmakdan başga edermenlige ruhlandyrdymy? Men hemme türkmen ýaşlary hakynda beýle pikirde däl. Olaryň arasynda dürli ýaşlardaky örän gowy hünärmenleri, görnükli şahslary görýärin. Ýöne olar, gynansakda, seýrek duş gelýär.

Bu ýagdaýlaryň sebäbi näme?

► "Oglum, gyzym, mekdepde gowy okaň, ýöne nädip okamalydygyny menden soramaň. Meň özüm bilemok" ýaly düşünjeleri kän maşgalalarda eşidip bolýar. Çagalaryň esasy goldawçysy we kömekçisi bolmaly ene-atalar, köplenç, bu jogapkärçilikden ýa habarsyz, ýa-da muňa taýýar däl. Mekdepler hem ene-atalaryň tarapdary.

Az aýlyk – köp maşgala çykdaýjylary. Ene-atalarda çagany ylym we sungat tarapdan zamana laýyk ösdürmäne köplenç mümkinçilik ýok. Serişde üpjünçiligi ösüp barýan çagalaryň ykbalynda uly rol oýnaýar. Sport oýunlaryna gatnaşmak, daşary ýurt dillerini we gerekli okuw derslerini düýpli öwrenmek kän pul alýar. Çünki, ýönekeý orta mekdebiň berýän bilimi uniwersitete girmek üçin ýeterlik däl.

Türkmen ýokary okuw jaýyna girmek, örän kyn durmuşy synag we uly üstünlik hasaplanylýar. Häzirki zamanda köp ýaşlaryň ýokary okuw jaýyna girmekde esasy maksady ýokary bilim almak däl-de, gowy aýlykly işli bolmak üçin diplom edinmek. Düşünjeli we hünäriniň ussady bolmak borç hökmünde görülmeýär.

Zehinli adamlar Turkmenistandan göçüp gidýarler. Çünki, ösen ýurtlar olaryň zehinine gadyr berip, olara durmuşda hemmetaraplaýyn ösmek üçin şertler bilen üpjün edýärler.

Men beýik özgerişlikler şahsyýetden başlaýarmyka diýýärin. Eger her bir şahsyýetiň döwrebap kemala gelmegi üçin ýeterlik tagallalar edilse, biziň ýurdumyz hem dünýä belli Baýramdyr, Çarylary ýetişdirip biler.

Awtor: Bossan Annageldiýewa

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#14 betje 2017-01-06 22:34
Quoting Bossan Annageldiýewa:
Adamyň ukyblaryna üns berilmese, ol dünýäň iň ösen ýurdundada Maugli bolup galar diýip pikir edýarin.

bizde model yok, akylly bolmak bet dal turkmen yashlarda. Magtymgulynynyň kitaplaryndan, sowet dowruning yyrtylyp yitip barvan goshgylaryny gochurup, manysyna dushunman ayalanyp yoren yash kan.
Sitata
 
 
#13 Bossan Annageldiýewa 2016-12-30 00:02
Quoting Myratly.:
Talantly, paýhasly şahsyýetleriň bolmadyk jemgyýetinden geljekde hem güýçli şahsyýetlere garaşyp oturmak talaba laýyk dälmikä diýýärin.

Adamyň ukyblaryna üns berilmese, ol dünýäň iň ösen ýurdundada Maugli bolup galar diýip pikir edýarin.
Sitata
 
 
#12 Myratly. 2016-12-29 23:29
Talantly, paýhasly şahsyýetleriň bolmadyk jemgyýetinden geljekde hem güýçli şahsyýetlere garaşyp oturmak talaba laýyk dälmikä diýýärin.
Sitata
 
 
#11 Bossan Annageldiýewa 2016-12-28 22:56
Quoting Betdi kör:
Awtor, "Maksadyňyz umyt bolsun" diymek näme?

Geljekki planlaryňyz rowaç bolsun diydigim. Her bir üstünlik yagty geljege bir ädim.
Sitata
 
 
#10 Betdi kör 2016-12-28 07:19
Awtor, "Maksadyňyz umyt bolsun" diymek näme?
Sitata
 
 
#9 Bossan Annageldiýewa 2016-12-22 15:11
Quoting KemalK:
Kiçijik Baýrama garaşýarys! Berekella, ýerlikli makala!

Okanyňyz üçin minnetdar!
Sitata
 
 
#8 Bossan Annageldiýewa 2016-12-22 15:10
Quoting Okyjy:
Kiçijik Baýramjyk ýalylar ulalyp bir zat edäýmese, häzirä umyt ýok. Balajyk şeýle gyzyklanyp soraýan bolsa, belki-de gelejekde adygan adamlar bolup ýetişer. Ýagşy niýet, ýarym döwlet diýipdirler.

Nesip bolsa, belki şeýle bolar!
Sitata
 
 
#7 Bossan Annageldiýewa 2016-12-22 15:08
Quoting Gyzyklanýan:

Eger-de ol sygyr bakyp satmak bilen bagtly bolýan bolsa biz ony ýazgarmalymy? Alymlar hem et iýmegi halaýalar, hemmämiz alym bolsak kim sygyr bakar?

Gynansagam,alymlaryň we maldarçy-daýhanlaryň sany deňeş gelenok. Ikinjilere birinjilersiz öndürijilikli işlemek kyn bolýar. Jemgyýete deňagramlylyk gerek.
Sitata
 
 
#6 Bossan Annageldiýewa 2016-12-22 14:59
Quoting Betdi kör:
Menä ýaltanýan okamana, alym bolmana. Sygyr bakyp semredip satanymy gowy görýärin. Nesip bolsa Corolla aljak.

Men siziň üstünligiňize şat.Maksadyňyz umyt bolsun!
Sitata
 
 
#5 KemalK 2016-12-21 07:19
Kiçijik Baýrama garaşýarys! Berekella, ýerlikli makala!
Sitata
 
 
#4 Okyjy 2016-12-20 23:15
Kiçijik Baýramjyk ýalylar ulalyp bir zat edäýmese, häzirä umyt ýok. Balajyk şeýle gyzyklanyp soraýan bolsa, belki-de gelejekde adygan adamlar bolup ýetişer. Ýagşy niýet, ýarym döwlet diýipdirler.
Sitata
 
 
#3 Gyzyklanýan 2016-12-20 22:48
Quoting Aÿköke:
He he inedä düšünje, hakyky esasy maksatlañ biri šuda


Eger-de ol sygyr bakyp satmak bilen bagtly bolýan bolsa biz ony ýazgarmalymy? Alymlar hem et iýmegi halaýalar, hemmämiz alym bolsak kim sygyr bakar?
Sitata
 
 
#2 Aÿköke 2016-12-20 15:50
Quoting Betdi kör:
Menä ýaltanýan okamana, alym bolmana. Sygyr bakyp semredip satanymy gowy görýärin. Nesip bolsa Corolla aljak.

He he inedä düšünje, hakyky esasy maksatlañ biri šuda
Sitata
 
 
#1 Betdi kör 2016-12-19 22:47
Menä ýaltanýan okamana, alym bolmana. Sygyr bakyp semredip satanymy gowy görýärin. Nesip bolsa Corolla aljak.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele