Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy MAŞGALADAKY DEŇSIZLIK: BILELIKDE KÄMILLEŞME MÜMKINMI?
( 24 Ses Berme )

Maşgaladaky deňsizlik näme? Onuň nähili alamatlary bar? Näme üçin bu ýagdaý türkmen maşgalalarynda giňden ýaýran? Onuň geljegi nähili? Çynymy aýtsam, men bu barada tä bu mesele bilen ýüzbe-ýüz bolýançam känbir pikirlenmändim. Bu ýerde gürrüň jübütleriň ýaş tapawudynda ýa-da maddy ýagdaýynda däl-de, eýsem her bir är-aýalyň maşgaladaky özbaşdak şahsy ösüşinde. Meniň gürrüňdeşligimiň esasy mazmunynyň är-aýalyň arasynda söýgiň ýitmegi ýa-da maşgaladaky işleriň bölünşigine gönükdirilen bolman, olaryň tapawutly ruhy ösüşleri barada boljakdygyny belläsim gelýär.

Nikada kim ösmeli? Erkekmi ýa-da aýal?

Meseläniň dürli taraplaryny aýdyň açyp görkezmek üçin türkmen aýal-gyzlarynyň durmuşynda köp gabat gelinýän ýagdaýlaryň birnäçesi bilen paýlaşaýyn.

Meniň Annadursun atly söhbetdeşim şeýle diýýär: "Ynha men 30 ýaşap, durmuşda näme gazandym? Hawa, durmuş gurdum. Iki çaganyň ejesi boldum we öý-iş hysyrdylary bilen daňyldym. Emma ýetginjek ýaşymdakam meniň hem durmuş meýillerim bardy. Gynansamam, olar diňe meýil bolup galdy..."

Durmuş gurlanda, her bir nikada gülli-süýjili döwür gutarandan soň täze "şäriklik" tapgyry başlanýar. Bu tapgyrda söýgi ýitmän, eýsem täze derejä galýar. Nika bolsa sportdaky ylgaw ýodajygyna meňzäp, çatynjalaryň haýsydyr biri has öňe gidýär. Beýlekisi bolsa yzda galýar. Köp halatlarda, öý-iş hysyrdylary bilen hünärmentlik, döredijilik we ruhy taýdan yzda galýan biziň türkmen gelinlerimiz bolup, erkeklerimiz bolsa şol bir maşgala ýagdaýlarynda öňküsinden hem beter hemme taraplaýyn işjeňlik bilen ösýärler. Gynansakda, biziň türkmen erkeklerimiz heniz hem "Erkek awçy we gazanç getiriji, aýal bolsa ojak goraýjy bolmaly" diýen ortodoksal düşünje bilen ýaşaýarlar. Eger nikadan öň iki agzada öz gurjak maşgalalaryndaky orunlaryny boýnuna alsa, erbetlik bolman hem biler. Emma köplenç halatlarda gelinden soraman, onuň dymmagyny razyçylyk hökmünde kabul edip, nikada oňa diňe öý-hojalykçy bolmagyny karar edýärler.

Aýallaryň öýde oturmaklary kime gerek?

Meniň ikinji gürrüňdeşim Ogulsapar maşgalasyndaky ýagdaýy barada şeýle diýýär:

"Ilki bilen adamym ýokary okuw jaýy, soňra bolsa asperanturany tamamlady we birnäçe ady belli kompaniýalarda işledi. Hünärmenlik taýdan ösüş gazanmak üçin adamym iş ýerini wagtly-wagtyda çalşany üçin, biz şäherden welaýata, welaýatdan şähere göçüp-gonup durmaly bolduk. Biziň belli bir ýaşaýan ýerimiziň bolmany üçin, çagalarymyzam okuwlaryny çalşyp durmaly boldular. Şonuň üçin ne çagalarymyň dostlary, ne-de meniň joralarym boldy. Häzirlikçe paýtagtymyza dolanyp, oturymly ýaşamaly diýen netijä geldik. Çagalarymyzyň okuwlary, ýaşajak ýerleri belli bolan bolsa, öz hünärmenlik taýdan ösüşim barada pikir etsem hem bolýar welin, aklyma "giç dälmi?" diýen sorag gelýär. Hemme zady başdan başlar ýaly men ýigrimi ýaşymda däl. Öý-iş hysyrdylaryna öwrenşenime garamazdan tejribesiz, ýokary bilimsiz, ýaşym otuzdan geçenden soň haýsy edara meni işe alsyn? Has hem daş-töweregimiziň ýaş, işeňňir hünärmenler bilen doly wagtynda. Ýok, men düýbünden pessimist däl. Ýöne nikamdaky deňsizligiň gün-günden artýanyna göz ýumup bilemok. Haçanda adamym hemmetaraplaýyn ösüş gazananda, men öý-iş hysyrdylary bilen yza gaýdýan. Üstesine-de, aramyzdaky deňsizlik bizi bir-birimizden daşlaşdyrýar, garaýyşlarymyzy üýtgedýär we biri-birimiz bilen gürleşmäne mowzuklary azaldyp, diňe maşgala, gündelik durmuşa bagly mowzuklary arada goýýar. Sebäbi aramyzdaky hünärmenlik, jemgyýet we ruhy taýdan aratapawutlyklarymyz köpelýär."

Seljermelere, söhbetdeşlige mynasyp netijeler

Gürrüňdeşliklerden soň şeýle netijä geldim: nika deňsizligi maşgalada kynçylyk ýüze çykarmaýança, her bir türkmen gelni öz nikasyndaky tutýan ornuny boýnuna alýar. Haçanda deňsizlik göze mälim bolup başlanda, är-aýalyň arasynda düşünişmezlik döreýär. Ogulsaparyň aýdan sözleri heniz hem aklymdan çykanok: "Wagtyň geçmegi bilen adamym ikimiz aýry planetalarda ýaşaýan ýaly, ol diňe işe bagly, men öý işlerine degişli mowzuklar bilen gyzyklanýarys. Adamym hemişe işli. Gündiz işde, agşamlaryna ýa-da dynç günlerinde iş dostlary bilen wagtyny geçirýär. Aklyma getirmekden gorkýan, emma iş aýrylşma barsa, onda men ol ertekidäki ýaly döwük legenim bilen galjakmykam?". Täsin zat. Her bir maşgala nikadaky deňsizlige tä nikalary bozulýança üns bermeýärler. Onuň deregine, eger-de başdan, durmuş gurmankalar bile durmuşy ösüşlerini we nikadaky orunlaryny meýilleşdirip, bu barada açyk söhbetdeş bolan bolsadylar, onda maşgalalaryny dargamakdan gorardylar. Nädip? Esasy zatlaryň biri – bu maşgala gurmazdan ozal jübütleriň durmuşy garaýyşlary we geljekdäki maksatlary babatynda öz-aralarynda razylaşmaklarydyr. Meniň pikirimçe, diňe şonda maşgalada deňsizlik ýüze çykmaz. Sebäbi maşgaladaky iki agzada egin-egne bolup hemme tarapdan ösüşler gazanyp bilerler.

Öz gezegimde, Amandursunyň we Ogulsaparyň nikalaryndaky deňsizlikler baradaky gürrüňlerini diňläp, olara öýlerinden we öý-iş hysyrdylaryndan daşary çykmaklaryny maslahat berdim. Sebäbi her bir erkek kişä aşhana kombaýny däl-de, eýsem hemme tarapdan ösen, kämil ýanýoldaş gerek. Ynha, diňe şonda adamyňyz siziň bilen gürrüňleşer. Işdäki geçirilýän çärelere, dostlarynyň maşgalalary bilen geçirilýän duşuşyklara ýany bilen sizi hem alyp gider. Sizi daş-töweregindäkiler bilen tanyşdyrmakdan utanmaz. Şeýdip hem öýüň içinde daňyp goýmaz. Üýtgäň! Ruhy taýdan baýlaşyň we hünärmenlik taýdan ösüň!

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.info saýtynyň garaýyşlary höküminde kabul edilmeli däldir.

Awtor: Merýem Allanyýazowa

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Nury 2016-12-06 20:21
Biz häzir başga eýýämde ýaşap ýörüs. Dünýäde halklaryň ozara gatnaşyklarynyň ösýän döwründe ýaş oglan-gyzlar durmuş guranlarynda maşgala deňligime uly ähmiýet bilen üns bererler diýip ynanýarys. Sebäbi ol jübütleriň öz bähbitleri üçin uly ösüş ahyryn.
Sitata
 
 
#3 Aÿköke 2016-12-02 10:10
Hakykatda aÿal erkege boÿun bolmaly. Ÿöne hökmany suratda biri biriñe boÿun bolup dälde hormatlap dusunsip yasamany basarjak bolmaly.
Sitata
 
 
#2 Aygozel 2016-11-25 04:33
Gadyrly avtor, men sizinz yazan makalanyz bilen hemde sizin aydyp gechen pikirleriniz bilen razy. Sebabi, hachanda gelin gyzlarymyz oyunde oturan vagytlary olar ozleri barada yatdan chykayarlar, hemde mashgala durmushy bilen ala bashagay bolup gidyarler. Gynanskda, yoldashlary shular yaly zatlara uns berman olar gaytam gelinlerine hemme tarapdan osen bolmagyny tama edyarler. Yone gelinlerine komek edeyin diyibem hich pikir etmeyarler.
Sitata
 
 
#1 KemalK 2016-11-25 04:25
Tüweleme, är-aýal aragatnaşyklarynda şeýle inçe emma wajyp bölegini anyklap bilipsiñiz. Esasanda, pursady sessiz galýanlara ses bermäge ulananyñyz haladym. Belki meýilleşdirilmän bolandyr.

"...eger-de başdan, durmuş gurmankalar bile durmuşy ösüşlerini we nikadaky orunlaryny meýilleşdirip, bu barada açyk söhbetdeş bolan bolsadylar, onda maşgalalaryny dargamakdan gorardylar."

Doly ylalaşýan hem goldaýan şu pikiriñizi. Diñe är-aýal arasynda bolmagy bilen çäklenmän, açyk söhbetdeşlik, olaryñ ejeleri, ýa umumy maşgalasy we daş töweregindäki adamlar bilen hem bolmaly. Şunuñ bilen ýañky ýaş çatynjalar jemgyýetdäki orunlaryny özleri üçin hemem daş töweregindäkiler üçin anyklaýarlar we dikeldýärler.

Biziñ jemgyýetimizde, meñ pikirimçe maşgala durmuşynda "partnýorlyk" düşünjesi özgermedik.

Galybersede ikilik etmek medeniýetiniñ ösenligi we bu agzalan mowzuklara täsiri barada nähili pikir edýärsiñiz?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele