Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy GYZLARA LAK ATMAK: ZENAN MERTEBESI HAÇAN KEMSIDILÝÄR?
( 38 Ses Berme )

Elbetde, sen hem men ýaly daşaryk gezelenje çykanyňda ýygy-ýygydan gyzlara hapa sözler bilen ýüzlenýän, olardan telefon belgileri soraýan, arkalaryndan sygyrýan, aç möjek ýaly gyzlaryň bedenlerini synlaýan, ulaglaryny durzup, münmäne çagyrýan ýa-da geçip barýan gyzlaryň uýat ýerlerini elleýän oglanlara duş gelýänsiň. Men bular ýaly aýal-gyzlaryň mertebesini peseldýän wakalara häli-şindi şaýat bolýardym, ýöne gynansamda, elimden hiç zat gelenokdy. Şol sebäpli özüme gaty gaharym gelýärdi. Günleriň birinde bolup geçen waka meniň sabyr käsämi dolduran soňky damja boldy.

Bir gün Aşgabatda, hemişeki ýaly, şol bir geçýän köçämden türgenleşikden (sport zal) yzyma öýe tarap barýardym. Ýöräp gelýärkäm dört sany nätanyş oglanyň (takmynan 20 ýaşlarynda) maňa tarap ýöräp gelýändiklerini gördüm. Ilki bu ýagdaýdan hiç hili birahat bolmadym. Çünki meniň üstümde olaryň ünsüni çekip biläýjek egin-eşik ýokdy. Şonuň üçin göwnüme zat gelmeýärdi. Olar maňa ýakynlaşdyklaryça, ýoluma böwet bolmana başladylar. Men bolsa olaryň ünsüni çekmejek bolup ýoluň gyrasyna çekildim. Ýöne gynansamda, bu maňa kömek etmedi. Olaryň arasyndan biri meniň elimden tutup, özlerine tarap itdi. Meniň gaharym gelýärdi. Özümi goramak üçin şol bada oglanyň eline bat bilen urdym. Birbada ol yza çekilen ýaly boldy, ýöne olaryň bütinleý yza çekilme niýetleriniň ýokdugy gözlerinden görnüp durdy. Bu gezek olaryň hemmesi birlikde üstüme topulmana başladylar. Meniň elimde diňe suw çüýşesi bardy. Onuň bilen olary urmana başladym. Gynanýan zadym, bu wakanyň şäheriň iň uly köçeleriniň birinde bolup geçýänine garamazdan, hiç kim maňa kömek edeýin diýmedi. Şol wagt ol ýerde polisiýanyň patrulynyň ýoklugy bolsa meni hasam gynandyrdy. Entek hem dadyma ýanymyzdaky binanyň goragçysy ýetişdi. Ol sykylyk çalyp, oglanlara gygyryp başlady. Oglanlar bolsa iki aýaklaryny ellerine alyp, gaçmak bilen boldular. Men az-kem rahatlanan hem bolsam, bolup geçen zatlar meni çuňňur oýa batyrdy. Meniň bedenim – bu meniň ybadathanam. Hiç kimiň oňa el degirmäne haky ýok!

Näme üçin türkmen gyz maşgalasy şunuň ýaly rahatsyz we ahlaksyz ýagdaýa kaýyl bolup ýaşamalyka? Näme üçin biziň köçelerimiz gyzlarymyz, uýalarymyz, gelinlerimiz üçin howply bolmalyka?

Durmuşymyzdaky jynsy taýdan erjeşmeler

Bir adamyň öz ygtyýary, razyçylygy bolmazdan jynsy temalardaky tekliplere, degişmelere, hereketlere we/ýa-da şulary içine alýan, dahyl edýän sözlere ýa-da fiziki hereketlere duçar bolmasyna jynsy taýdan azar berme diýilýär. Erkekleriň aýal-gyzlar we olaryň jyns aýratynlyklary barada nädogry düşünjesi bolan, kemçilikli terbiýe alýan jemgyýetlerinde bu mesele hemme aýal-gyzlara ýaramaz täsirini ýetirýär. Şular ýaly medeniýeti bolan jemgyýetlerde jynsy taýdan erjeşmä her ýerlerde: ýolda, köçede, öýde we iş ýerlerinde duş gelinýär.

Köçelerdäki lak atmalar, jynsy taýdan erjeşme haçan ýüze çykýar?

► Tarlamak ýa-da sygyrmak (meselem, posa sesleri çykarmak);

Bihaýa hereketler etmek (meselem, gyzyň uýat ýerlerini ellemek);

Bilgeşleýin gyzyň ýoluna böwet bolmak.

Jynsy süýkenmeler birahat ediji hereketler bolup, päli bozuk kişiniň zenan maşgalany ellemegi, sypalamagy, çümmüklemegi ýa-da şappatlamagy ýaly garaşylmadyk fiziki gatnaşyklary etmegi arkaly döreýär. Edil şol sanda şuňa bilkastlaýyn edilýän hereketler hem diýseň boljak.

Bularyň gaty kän sebäbi bar. Sebäpleriň aglabasy hem aýal-gyzlaryň hukuklary we howpsuzlygy bilen baglanşykly bolup durýar. Jemgyýetçilik ýerleri jemgyýetiň her bir agzasyna deň derejede howpsuz we rahat bolmalydyr. Şol sebäpli, haçanda käbir adamlar jemgyýetçilik ýerlerinde öz hereketleri bilen başgalaryň birahatlygyna sebäp bolýan bolsa, bu mesele hökmünde ele alynmalydyr. Köçelerde gyzlara azar berilmeleriň ýaýgyndygyna garamazdan, adamlaryň bu barada dymmagy şuny çözgütsiz ýagdaý ýaly görkezip biler. Hakykat ýüzünde şular ýaly biedepçilik çykgynsyz ýagdaý däldir.

Men näme edip bilerin?

Jigimiziň, uýamyzyň, ejemiziň jynsy erjeşmäniň pidasy bolup biljekdigini ýadymyzda saklamaly! ABŞ-nyň "Stop Street Harassment" guramasy aýal-gyzlara köçelerdäki jynsy taýdan erjeşmä gabat gelenlerinde çözgüt hökmünde masalahatlar berýär:

1. Haçanda saňa köçelerde azar berlende edilýän herekete garşylyk görkez. Onuň tersdigini aýt. Meselem: "Meni elleme! Maňa azar berme!"

2. Azar berijä gönümel pikiriňi aýt. Meselem: "Menden uzaklaş!", "Meni eldeme!", "Yza çekil!" Bu ýerde utançsyz ýa-da aýyp zadyň ýokdugyny bil. Azar beriji utanmaly, sen utanmaly däl.

3. Olardan gönümel "Seniň aýal doganyňa, gyzyňa ýa soýgüliňe nätanyş erkek köçede şeýle azar berse halardyňmy?" diýip, sora. Goý, biraz pikirlensinler.

4. Köpçülikde size azar berilse (meselem awtobusda), azar berijini illere belli et. Meselem: "Sary maýkaly oglan, meni eldeme!" diýip daş-töwerekdäkiler eşider ýaly aýt.

Biziň jemgyýetimizde jynsy erjeşmäni azaltmak üçin, birinjiden, aýal-gyzlarymyzyň özleri şuny ters we mertebäni kemsidiji hereketler höküminde kabul etmeli. Ikinjiden, erkek oglanlarymyz lak atmanyň, jynsy erjeşmäniň ýakymly ýa-da adaty hereket däldigine doly düşünip, ondan daş durjak bolmaly. Ene-atalar, mugallymlar çagalar bilen bu mesele barada söhbetdeşlik geçirmeli. Beýle hereketleriň bütin jemgyýete ýaramaz täsir ýetirýändigini olara düşündirmeli. Biz ogullarymyzy bilelikde terbiýelemeli. Çünki jynsy deňlik gazanmakda oglanlar wajyp orun eýeleýärler.

Makalanyň awtory: Dilber Hanowa

Suratlaryň awtory: Mahym

Ulanylan  WEB Salgylar: 1 / 2 / 3 / 4

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#19 Aylale 2017-04-26 11:43
Aylale

Men hem has kicirak wagtym awtoryn shu bellap gecen wakasyna dushupdym. Bu erkekler tarapyndan bolan achgozlikdir. Shular yaly yagdaya dushrn gyz mashgala arz etmeli oglana , in azyndan! Soz olar ucin yonekey bir gulakdan girip girmaka ucup gitjek zat bolar, gozuni gorkuzar yaly arz etmeli milisiya.
Sitata
 
 
#18 wagt 2016-12-13 15:38
Saglyk burcy
Sitata
 
 
#17 wagt 2016-12-13 15:36
Saglyk burcy
Sitata
 
 
#16 wagt 2016-12-13 15:34
Il saglygy yurt baylygy
Sitata
 
 
#15 Yklym. 2016-12-07 17:51
Gyzlara lak atmany ret etseň, gelşikli bolmaza! Ol mähirli, ýakymly bolmaly. Ýetişen oglan aýdylana gulak gabartman, mowzukda aýdylşy ýaly gyzlaryň uýat ýerlerini sypalap ýörse, ony haýdan-haý öýermeli. Başgaça ony jezalandyryp ýörseň maksada laýyk bolmaza.
Sitata
 
 
#14 Ýigit 2016-12-05 23:33
Käbir ata-eneler ýetginjek ogullarynyň gyzlara lak atmasyna guwanyp, oňa oglynyň ýetişenliginiň ölçegi hökmünde garaýarlar. Belkäm bu biziň mentalitetimize az owlak gabat gelýän bolmagy hem mümkin.
Sitata
 
 
#13 Mugallym 2016-11-30 22:37
Käbir oglanlada aýal-gyzlara dereksiz lak atmak, kemsitmek we olaryň mertebesini kiçeltmek zyýanly häsiýete öwrülen ýaly. Olaryň ondan daş bolmagy ata-enäniň, mekdebiň esasy borjy bolmaly. Başgalara aňsat başartmasa gerek.
Sitata
 
 
#12 Maya 2016-11-27 22:10
'Islendik beýnisi ösen jandarda bar duýgy şol diýjek bolsum' - name diyjek bolyan? 'Lak akmak' bilen 'zorlugy' sen ozun chalyshyan yaly!

Sen beynisi osen adam bolup sheyle zatlary yazmagyn - utandyryjy.


Quoting Talyp:
"Ýöne ýagdaý el degirmek,gabaga alyp ýekelikde uýat ýerleri elläp başlanmagy zorluk bolýar."diýip men nygtap geçdim.Bu ýerde haýwan ýaly bolup,seksual duygularymyza erk etmän topulýas diýjek bolmadym-da.Islendik beýnisi ösen jandarda bar duýgy şol diýjek bolsum.Onsanam "lak atmak" bilen "zorlugy"çalyşmaň!
Sitata
 
 
#11 KemalK 2016-11-25 09:58
Quoting Gerçek:
Bu ýagdaýa aktuwal bir mesele hökmünde garalmasada gün saýyn jynsy erjeşmeleriň artmasa kemelmeýändigi anyk. Bu ýagdaýy döredýän ýeňilkelle ýigidiň aňy-düşünjesi pes diýeli, ýöne şeýle wakalary daşyndan synlaýan beýleki adamlaryň biperwaýlygy "Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok" diýen ýaly bu jemgyýetçilik ýerlerinde bolup geçýän wakalara özüni dahylsyz we adaty bir zat hökmünde garamagy hiç hili gaýtawul görmedik terbiýesiz ýaş ýigitler üçin ullakan bir üstünlik ýaly bolup görünýär. Ondan soňra olar şeýleräk hereketleri ýene-de gaýtalamaga ymtylýarlar.

Gelin-gyzlarymyza edilen her bir azar bermeler ýa-da kemsidiji sözler (hereketleriň) aýdylanda oňa göz ýummaklyk bu biziň ählimiziň şu ýagdaýa şert döretdigimiz bolup durýar we muňa has-da ulularyň ähmiýet bermezligi gynandyrjy ýagdaý.


Hak aýtýañ, ýeke däldiris, biz ýaly pikir edýän Türkmen ýigitler. Şeýle zenanlarymyzy kemsitmegimiz erkeklik dälde haýwan instinktlerimize erksizlik bolýanyny özümiz ýatda saklap, dost oglanlarada pursat gelende ündäp geçmeli.
Sitata
 
 
#10 KemalK 2016-11-25 09:47
Quoting Eyjejik:
. Wahhh menä lak atmak bilen zorlugun tapawudyby gowi bilyän, emma turkmen oglnlarymyz bilenok-da... ozumin uyat yerlerimden tutdy yolda, šu "zorlugyñ" pidasy boldum, yone ol turkmen oglanlar uchin belki bu lak atmakdyr...


uýat ýerlerden nikaly ýaşlarda tutuşup ýörmeli dälmikä diýýän köpçülikde, ola nätanyş adamlar ekeni. Onsoñ "oglanlar uchin belki bu lak atmakdyr..." diýilen zady asla kabul etmeli däl. Zenanlar tem bolee.
Sitata
 
 
#9 Aygozel 2016-11-25 04:46
Avtor men size shul movzygy uns bereninizi uly minetdarlyk bildiryarin. Men shular yaly zatlara esasanam men yetginjek dowrunde we mekdep okuwchy dowurlerimde gaty kop dush gelyardim, oz gyz halyma yeke yoremage gorkyardym, sebabi bir zat diyip gechyardiler yada dash zynyadylar. Men esasanam ikinji smen bolup okayan mahallarym. Shonung uchin men hemishe oglan gonshularyma garashyp olar bilen yoreyardim. Gynansakda, eger oglanlar sheydip gyzlara azar berenlerinde hemishe gunani gyzlardan goryadiler. Hich hachan oglanlara zat diyilmeyardi. Gaty gynanyaryn sizin sheyle gune dushunenize, nadeyus takoye bolshe ne povtoritsya!
Sitata
 
 
#8 Eyjejik 2016-11-25 00:33
Quoting Talyp:
"Ýöne ýagdaý el degirmek,gabaga alyp ýekelikde uýat ýerleri elläp başlanmagy zorluk bolýar."diýip men nygtap geçdim.Bu ýerde haýwan ýaly bolup,seksual duygularymyza erk etmän topulýas diýjek bolmadym-da.Islendik beýnisi ösen jandarda bar duýgy şol diýjek bolsum.Onsanam "lak atmak" bilen "zorlugy"çalyşmaň!
. Wahhh menä lak atmak bilen zorlugun tapawudyby gowi bilyän, emma turkmen oglnlarymyz bilenok-da... ozumin uyat yerlerimden tutdy yolda, šu "zorlugyñ" pidasy boldum, yone ol turkmen oglanlar uchin belki bu lak atmakdyr...
Sitata
 
 
#7 Talyp 2016-11-24 21:09
Quoting Garagazan gyzy:
Dost, Adam bilen Haywanyn tapawudy bar we bolmaly. Haywan yali goren gyzyn ustune bokmeli, ya-da onun uyat yerlerini tutmaly, sygyrmali diyyan zat yok. Rational pikir etmeli adam....Hawyan yali dine seksual duygularinyn zalymy bolmaly-dal... Bizde akyl war, ya oglanlaryn kellesini iki ayagunyn ortasindaki kelle akilini yerini ornap aldymy?!

"Ýöne ýagdaý el degirmek,gabaga alyp ýekelikde uýat ýerleri elläp başlanmagy zorluk bolýar."diýip men nygtap geçdim.Bu ýerde haýwan ýaly bolup,seksual duygularymyza erk etmän topulýas diýjek bolmadym-da.Islendik beýnisi ösen jandarda bar duýgy şol diýjek bolsum.Onsanam "lak atmak" bilen "zorlugy"çalyşmaň!
Sitata
 
 
#6 Garagazan gyzy 2016-11-24 19:13
Dost, Adam bilen Haywanyn tapawudy bar we bolmaly. Haywan yali goren gyzyn ustune bokmeli, ya-da onun uyat yerlerini tutmaly, sygyrmali diyyan zat yok. Rational pikir etmeli adam....Hawyan yali dine seksual duygularinyn zalymy bolmaly-dal... Bizde akyl war, ya oglanlaryn kellesini iki ayagunyn ortasindaki kelle akilini yerini ornap aldymy?!

Quoting Talyp:
Şeýle lak atmak normal ýagdaýmyka diýýan,bu hatda haýwanlarda-da bar,bu garşydaş jynsa bolan islegi,duýgyny aňladýan hereket.Ýöne ýagdaý el degirmek,gabaga alyp ýekelikde uýat ýerleri elläp başlanmagy zorluk bolýar.
Onsaňam diňe bir oglanlar lak atmaýar.Wah,Gyzlaryň lak atyşlaryny diýseneeee..:)
Sitata
 
 
#5 Gerçek 2016-11-24 18:23
Bu ýagdaýa aktuwal bir mesele hökmünde garalmasada gün saýyn jynsy erjeşmeleriň artmasa kemelmeýändigi anyk. Bu ýagdaýy döredýän ýeňilkelle ýigidiň aňy-düşünjesi pes diýeli, ýöne şeýle wakalary daşyndan synlaýan beýleki adamlaryň biperwaýlygy "Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok" diýen ýaly bu jemgyýetçilik ýerlerinde bolup geçýän wakalara özüni dahylsyz we adaty bir zat hökmünde garamagy hiç hili gaýtawul görmedik terbiýesiz ýaş ýigitler üçin ullakan bir üstünlik ýaly bolup görünýär. Ondan soňra olar şeýleräk hereketleri ýene-de gaýtalamaga ymtylýarlar.

Gelin-gyzlarymyza edilen her bir azar bermeler ýa-da kemsidiji sözler (hereketleriň) aýdylanda oňa göz ýummaklyk bu biziň ählimiziň şu ýagdaýa şert döretdigimiz bolup durýar we muňa has-da ulularyň ähmiýet bermezligi gynandyrjy ýagdaý.
Sitata
 
 
#4 Gercek93 2016-11-24 02:31
Biziñ ýaslarymyzyñ seýle hereketleri abraýly, namysjañ, sada türkmen gyzlaryna hem ýaramaz täsir edýär. Gep ýaslarda dal, gep ene-atalarda. "Balyk kellesinden porsaýar." Türkmen mediýasynda , mekdeplerde türkmen asyl terbiýesi hakynda fundemental dusunjeler azlyk etyar. Bu bolsa yaslaryñ ýaramaz cesmelerden alan dusunjelerine durmusa ornasdyrmagyna getirýär!
Sitata
 
 
#3 Betje 2016-11-24 01:53
Atalary sheyle oglanlaryng. Belanyng korugi turkmen atalary. Bally mollalar hem kan. Eneler hem dymyshyp otyrlar. Normal yagday diyp hasaplayarlar.
Sitata
 
 
#2 Talyp 2016-11-24 00:29
Şeýle lak atmak normal ýagdaýmyka diýýan,bu hatda haýwanlarda-da bar,bu garşydaş jynsa bolan islegi,duýgyny aňladýan hereket.Ýöne ýagdaý el degirmek,gabaga alyp ýekelikde uýat ýerleri elläp başlanmagy zorluk bolýar.
Onsaňam diňe bir oglanlar lak atmaýar.Wah,Gyzlaryň lak atyşlaryny diýseneeee..:)
Sitata
 
 
#1 adatdan_ daşary 2016-11-23 20:50
Aktual problemalaryň birini gozgapsyňyz, minnetdar. Beýdip gyzlara (özünden fiziki taýdan ejiz adama) azar berýän adamy pikirlendirmek aňsat iş däl.

Suratkeş hem, tüweleme, ýagdaýy gowy şekillendiripdir.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele