Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy TÜRKMEN HAJATHANADAKY ÝAGDAÝLAR
( 25 Ses Berme )

Jemgyýetçilik ýerlerinde hajathanalar ýok bolsady durmuşymyz nähili bolardy? Muny göz öňüne getirmek hem gorkunç! Dükandyr-restoranlar, kafeler we söwda merkezleri näçe gerekli we özüne çekiji bolsa-da, hajathana gerek bolup, gyssanyp duran adamyň gözüne bularyň hiçisi görünmeýär. Ol hajatyny bitirmek üçin jübüsindäki bar puluny bermäge taýýar. Hajathandan çykandan soň bolsa, onuň üçin älem-jahan ýene ýerine gelen ýaly bolýar.

Bizde nähili?

Ýurdumyzda hajathana ýagdaýy edil bäşlik baha ýetenok, ýöne umuman alanyňda erbet däl. Jemgyýet ýerlerindäki hajathanalar hemme wagt arassa bolmasa-da, arassaçylyk azda-kände höküm sürýär. Söwda, dynç alyş merkezleri arassaçylygyň mysaly bolup durýar. Bu ýerlerdäki hajathanalar adam üçin hemme taraplaýyn rahat we elýeterli.

Birinji bilen, hajathana bahasynyň ujypsyzlygyna seretmezden, bu ýerlerdäki hajathanalar mugt. Ikinjiden, söwda merkezlerinde hajathanalaryň köpdügi sebäpli gelen adam kän garaşmaly bolanok. Emma, gynansak-da bu ýerleriň gözden salyp bolmaýan näsazlyklary bar. Söwda merkezleriniň hajathanalary çilimkeşleriň mekanyna öwrülipdir. Tüsseden doýup çykan adamdan soň hajathana girmek çilime garşy raýatlara hezil berenok.

Jemgyýet ýerlerindäki hajathanalarda ýene bir uly kemçilikleriň biri hajathana kabinkalarynyň adam boýundan pes bolmagydyr. Bu esasan hem bazarlarda köp duş gelýär. Hajathana kabinkasyna giren adamy daş-töweregindäki adamlar (başga kabinkadakylar we garaşyp duranlar) kynçylyksyz görüp bilýär. Beýle kabinkalar hamala goňşy kabinkadaky adam bilen gürleşmek üçin gurulan ýaly. Bu gelýän adamlary örän biynjalyk edýär.

Ýurduň iň uly we abraýly söwda we dynç alyş merkezi "Berkarar" çilim çekmeklige garşy täsirli syýasatyny alyp barýandygy sebäpli başga ýerlere görelde bolup durýar. Bu ýerde çilim çekmek di ňe daşarda tomusky kafenyň barynyň stoýkasynda rugsat edilen. Emma, ikinji ägirt söwda merkezi Ýimpaşda welin tersine – hajathanalarda çilim kän çekilýär.

Oba ýerlerinde, köplenç, hajathanalar ýaşaýjylar tarapyndan howlyň içinde, ýaşalýan jaýdan aýratyn edilip gurulýar. Bu hajathanalaryň esasy kemçiligi olaryň gyşyna sowuk, tomusuna bolsa yssy, petik bolmagydyr. Meniň pikirimçe, hajathanalaryň daşarda gurulmagy gadymdan gelýän däp bolany üçin oba ýaşaýjylary muňa öwrenişen we olar hajathanalaryň öýüň içinde bolmagyna düýbünden garşy.

Hajathanalar adamzadyň tebigaty üçin möhüm zatlaryň biri bolup durýar. Sagdyn we rahat ýaşaýyş üçin hajathanalarymyz arassa bolmaly we, elbetde, dogry gurulmaly. Ýurdumyzdaky hajathanalar hem düzedişlere, özgerişlere mätäç. Arassaçylyga köpräk üns berlip, çilim gadaganlygy ýokary derejede alnyp barylsa gowy netijeler gazanylyp bilner. Adam boýundan pes hajathanalaryň gurulmagynyň bes edilmegi we köneleriň düzedilmegi hem ýene bir göz öňüne tutulmaly zatlaryň biri. Belki-de, oba ýerlerindäki hajathanalaryň hem rahat bolmagy üçin orta pikirler atylsa, mümkinçilikler döredilse, täsirli üýtgeşmeleriň girizilmegine ýol açylar.

Awtor: Sapar Aşyrow

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Jahankeşde 2016-12-09 00:04
Medeniýet teatdaky geýim asilýandan başlanýar diýilşi ýaly halkyň arassaçylygy şol halkyň hajathanasynyň arassaçylygyndan başlanýar diýsek ýalňyşmarysmyka diýýärin.
Sitata
 
 
#3 Sapar 2016-12-02 16:21
Maýa dogry aýdýañyz, okanyñyz üçin minnetdar, pikirleriñizi gollaýan.
Sitata
 
 
#2 Rülruh 2016-11-24 22:08
Hormatly saýtyň işgärleri! Siziň bizde utançlykdanmy ýa-da gadaganlygy üçinmi baş galdyrylmaýan temalar hakynda, ýagny hajathana we iynsy gatnaşyklar barada berýän maglumatlaryňyz üçin çakdan aşa minnetdarlygymy bildirmek isleýärin.
Sitata
 
 
#1 Maya 2016-11-20 02:39
Diysen gyzykly makala. Bir demde okadym. We pikirler diysen jaydar.

Kopchulik yerlerindaki hajathanalaryn arassa bolmagy mohum (sebabi kopchulik hajathanalarynda durli kesseller bilen yokushmak riski diysen yokary).

Hajathanalarda chilim chekyanlerin yagdayy diysen dogry bellenip gechilipdir. Sebabi, kopchulik hajathanalary oydaki hajathana yaly arassa bolmayar, olara girip-chykyan kan bolyar, we ozune yeterlik ysy/hapasy bolyar (ya-da kamahal adamlar hajatyny edenden sonra yzyny arassalaman chykyalar) we bularyn ustune chilimin ysy - diysen artykmach bolup duryar.

Ustesine, kopchulik yerlerindaki hajathanalaryn arassachylygna seredyan ayal mashgalalaryn ishine byraz bolsada hormatymyz bolmaly. Olaryn sheyle yerleri arassa saklamagy her kimin edip biljek ishi dal.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele