Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy SÜÝJI KESELINE GARŞY PEÝDALY TEKLIPLER
( 17 Ses Berme )

Süýji keseli (süýjüli diabet) häzirki wagtda lukmançylykda, jemgyýetde esasy ünsi talap edýän meseleleriň biri bolup durýar. Bu günki günde dünýä ýüzünde keseliň "epidemiýasy" artyp, öz örüsini giňeldip barýar. Häzirki wagtda dünýäde bu kesel bilen 371 mln. gowrak adam keselläp, olaryň 50%-i işe ýaramly, 40-60 ýaş aralygyndaky adamlardyr.

Süýji keseli we biziň ýaşaýyş endiklerimiz

Näsaglaryň aglaba bölegi diabetiň II görnüşi, ýagny "garrylyk ýaşynyň diabeti" diýilýän görnüşi bilen keselleýändir. Şeýle hem bolsa, soňky ýyllarda bu görnüş bilen ýaşlaryň keselçilik ýygylygy hem ýokarlandy. Bu bolsa genetiki meýillilige we ýaşaýyş düzgünlerine we endiklerine baglydyr. Nädogry iýmitlenmek, fiziki işjeňligiň peselmegi, beden agramynyň ýokarlanmagy bu biziň ýaşaýyş düzgünimizi nädogry gurnamagymyzyň netijesi bolup, olary düzetme biziň elimizde bolup durýar.

Biz näme iýýäris? Dogrusyny aýdanyňda, biz gowurlan, ýagly, hamyrly naharlary iýmäge halaýarys. Dürli şülelere, gök otlara, gök önümlerden taýynlanan naharlara, dürli çorbalara biz çynlakaý garamaýarys. Bir öý bikesiniň aýdyşy ýaly: "Her gün hamyrly nahar etmesem aňyrymyza zat barmaýan ýaly. Onsoň hem, olarsyz men maşgalanyň erkek adamlaryny nähili doýuraýyn?" Nädogry iýmitlenme, süýjülere, konditer önümlerine, gazlandyrylan süýjüli miweli suwlara ýykgyn etmek biziň bedenimiziň alyş-çalyş hadysalarynyň, ylaýta-da hem uglewod çalşygynyň kem-kemden bozulmagyna getirýär. Eger onuň üstüne biziň köpümiziň fiziki işjeňligi saklamaga pes isleg bildirýänligimizi goşsaň, onda semizligiň dürli derejeleriniň ýüze çykyp, süýji keseliniň döremegine itergi berjekdigi mälimdir.

Ägä boluň! Diabet!

Diabetiň esasy howply tarapy, keseliň maýyplyga getirmek derejesiniň ýokarlygy bilen birlikde, onuň agyr gaýraüzülmelere getirýändigindedir.

Diabetiň we onuň garýaüzülmeleriniň ilkinji öňüni alyş çäreleriniň her bir raýata ýetirilmegi hökmandyr – sagdyn durmuş ýörelgeleri, gandaky şekeriň derejesiniň yzygiderli barlanylyp durulmagy, kadaly beden agramynyň saklanylmagy we dogry iýmitlenmek düzgünleri.

Ikinji öňüni alyş çäreleri – diabetiň gaýraüzülmelerine garşy göreşdir. Bu bolsa döwrebap, netijeli derman serişdelerini peýdalanmakdyr. Soňky ýyllarda diabetologlar keseliň gaýraüzülmeleri sebäpli döreýän meseleleri çözmekde gowy netijeleri gazanýandyklaryny belleýärler.

XX asyryň uly açyşlarynyň biri hem, Friderik Banting tarapyndan insuliniň açylmagydyr. Friderik Banting 1922-nji ýylda ilkinji gezek diabet keselli ýetginjege insulini urmak bilen, adamzada howp salýan bu keseliň esasy bejergisini berdi. Insuliniň açylmagy 1923-nji ýylda onuň Nobel baýragyna mynasyp bolmagyna getirdi. BMG-sy tarapyndan F. Bantingiň hormatyna, onuň doglan gününe bagyşlap, her ýylyň 14-nji noýabry diabete garşy Bütindünýä göreş güni diýlip yglan edildi. Şol günden bäri hem her ýylyň 14-nji noýabrynda diabete garşy çäreler geçirlip, jemgyýetçilik bu barada habarly edilýär.

Biziň ýurdumyzda hem bu gün diabetiň ýaýramagynyň ösýändigini köpçülige ýatladyp durmaklyk we bu işlerde lukmançylyk edaralary, hökümet ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalary we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň yzygiderli çykyş edip durmaklary, halkyň bu kesel baradaky düşünjelerini giňeldip, keseli wagtynda anyklap, öňüni almakda has gowy netijeleri berer.

Peýdaly teklipler

Keseliň agyr netijelere getirmegine garaşýan ýaly, hiç hili lukman barlaglaryndan geçmeýän raýatlarymyza yzygider duşmak bolýar. Bu çäreleri diňe raýatlara bagly mesele edip goýman, eýsem-de lukmançylyk edaralaryny, köpçülikleýin jemgyýetçilik guramalarynyň hem bu işleri alyp barmaga wagtynyň gelendigini belläsim gelýär we diabete garşy (diňe bir diabet däl) öňüni alyş çäreleri dogrusynda birnäçe tekliplerimi hödürlemek isleýärin. Dogrusy, bu çäreler beýleki ösen ýurtlarda eýýäm köp wagt bäri alnyp barylýar.

Teklip 1 – "Duralgadaky barlaghana"

Şol gün (14 Noýabr) şäher, etrap duralgalarynda lukmançylyk işgärlerinden düzülen toparlar (lukman-talyplar bolsada) isleg bildiren ýolagçylary iň ýeňiljek barlaglardan geçirseler.

Meselem:

► gan basyşy ölçemek;

beden agramyny ölçemek;

ganda glýukozanyü derejesini ölçemek.

gerek bolsa umumy sorag-jogap geçirmek (çilim çekýärmi, günde ter gök-önümleri iýýärmi, mal ýaglaryny nähili mukdarda iýýär, ýeterlik derejede günüň dowamynda hereket edýärmi, peşew bölüp çykaryjylygy nähili we ş.m.)

Bu alynýan barlaglar netijesinde diabetiň döremek töwekgelligi ýokary bolan ýagdaýynda, şol ýerden ol ýolagçyny hassahana has giňişleýin barlag geçirmek üçin ýollamaklyk, ol barlaglaryň hem şol güni mugt edilmegi, halky anyklaýyş çärelerine çagyrmak üçin gowy usul bolardy.

Bu barlaglardan geçirip hassahana ýollamasalar hem, adamlaryň öz gan basyşyny, gandaky glýukozany gözegçilik etmekleri, bilmekleri üçin geçirilen şeýle aksiýalary Ukrainanyň şäherlerinde köp gabat gelipdim.

Şeýle hem bu teklibe:

Duralgalarda diabet baradaky (diňe bir diabet däl, islendik keseli) suratlary, plakatlary yzygider wagyz-nesihat höküminde goýmaklyk, halka gündelik bu barada ýatladyp durjak şekiller hökman öz peýdasyny berýändir. Pikir edip görüň, ýollarda mahabatlandyrylýan islendik harydyň suraty ýaly, gündelik gatnaýan ýerimizde keselleriň öňüni almak baradaky plakatlar, ýatlatmalar dursa gowy bolmazdymy? Eýsem-de, şular ýaly aksiýalary geçirmek üçin belli bir güne garaşyp oturmaklyk hökmanmyka?

Teklip 2 – "Diabet mekdebi"

Ganymyzdaky şekeri doly derejede gözegçilikde saklamak – çynlakaý mesele bolup, ondan baş alyp çykmaklyk köp näsaglara başardýar. Ýöne bu ýeňil mesele diýip aýdyp bolmaz. Näsag tutuş ömrüniň dowamynda ýeterlik derejede çylşyrymly bejergi çärelerini geçirýändir.

Bu ýagdaýdan baş alyp çykmak üçin kesgitli bir taýýarlyk işleri geçirmelidir: haýsy iýmit önüminiň ganda şekeri köpeldýändigini, haýsynyň azaldýandygyny, nähili düzgün we mukdar boýunça insulin ulanmaklygy we onuň anyk bir iýmitde näçe mukdarda kabul edilmelidigi, bejergä nädip uýgunlaşmalydygy we ýaşaýyş şertleriniň üýtgäp durýan halatynda nähili taýýarlyklary görmelidigi, diabetiň gaýraüzülmeleriniň nädip öňüni almalydygy dogrusynda oňat edip ýatlatmalydyr.

Şu maksatlar üçin näsaglary okatmakda "Diabet mekdepleri" beýleki ösen ýurtlarda ýola goýlup, sapaklar geçirilýär. Ýeterlik derejede peýdaly maglumatlary dürli çeşmelerden ýa-da Internetden näsagyň özleri hem tapyp bilerdiler. Bu hökmany we gowy zat, ýöne talabalaýyk okuwlaryň ornuny tutup bilmeýär. Onsoň hem, biziň ýurdumyzda uly ýaşly adamlaryň köp bölegi Internet bilen kän iş salyşmaýarlar ahyryn.

Adatça beýle okuwlar toparlaýyn görnüşde geçirlip, näsag bilen edilýän ýönekeý söhbetdeşlikden tapawutlanýar. Bu okuwda ýetelik derejede üns näsaglaryň işjeňligine, meseleleri çözüp bilmegine, gandaky şekere öz-özleriniň gözegçilik etmek ukybyna, insuliniň goýberiliş tehnikasyny ösleşdirmegine we ş.m. ugrukdyrylýar.

Lukman bilen näsagyň ikitaraplaýyn gürrüňdeşliginden soňra diabet hakdaky umumy we zerur maglumatlar diabetiň görnüşine, onuň gaýraüzülmelerine görä aýratynlykda gaýtalanylýar, özleşdirilýär, berkidilýär.

Teklip 3 – "Sowgat"

Näsag üçin iň oňat sowgat näme bolup biler? "Elbet-de hoş söz" diýjekleriňiz bardyr. Ýöne onuň gündelik durmuşda ulanýan lukmançylyk enjamynyň iň gowy sowgat bolup biljekdigi ikuçsyzdyr. "Onuň keselini ýatladyp durýan zatlar keýpini gaçyrar" diýmegiňiz hem mümkin, ýöne ol beýle däldir. Näsagyň gündelik ulanýan glýukometr enjamynyň testlerini alyp bermegiňiz ýa-da glýukometriň özüni sowgat etmegiňiz näsäg üçin ýakymly boljak sowgatlardan bolsa gerek. Aslynda sowgat bermek üçin doglan günlere, baýramlara garaşmak gerek däl. Biz üçin kiçijik zatlar, olarda uly şatlygy döredip bilýär. Glýukometriň saglyk öýlerinde hasapda duran diabetli näsaglara hökümet tarapyndan ýylda bir gezek berilmegi ýola goýulsa, hem has ýakymly, hem peýdaly bolardy.

Makalanyň awtory: Kerim Nurlyýew

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 Näsag 2016-11-21 22:36
Maslahatyňyza sag boluň.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele