Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy TÜRKMEN MAŞGALASYNDAKY GÖZE GÖRÜNMEÝÄN ZORLUK
( 16 Ses Berme )

Gadyrly daýym, mähriban daýzam,

Sag-aman gezip ýörsüňizmi? Öý-içeri, iş-güýç oňatçylykmy?

Men ýakynda eşiden habarlarymdan soňra hiç rahatlanyp bilmän, siziň bilen öz garaýyşlarymy, tekliplerimi paýlaşmagy makul bildim. Garşy bolmarsyňyz diýip umyt edýärin.

Iki ýyl mundan ozal durmuşa çykan gyzyňyz, meniň doganoglan gyz jigim Maýa sekiz aýlyk bäbegi bilen oýüne dolanyp gelipdir. Ony ýan ýoldaşy erbet ýenjipdir diýen habar meni gaty gynandyrdy. "Alan zarbaly urgularyndan ýaňa onuň döşi göm-gök bolupdyr" diýip, aýal doganym gürrüň berýär. Agyrysyna çydap bilmän, ony lukmana görkezmeli bolupsyňyz. Lukman maşgaladaky zorluk barada şübhelense-de, ýagdaýy derňemän, "wah, ýykylaýypdyr-da" sebäbe esaslanyp, bejeriş berip göýberipdir. Siziň bu barada biragyzdan dymmagyňyz we polisiýa, kanun goraýjy edaralaryna ýüz tutmazlygyňyz bolsa meni hasam beter gynandyrdy.

Men bolan wakany anyk bilmeýärin. Emma, beýle ýagdaýa düşünmek üçin jikme-jik bilmek zerur däl diýip hasaplaýaryn. Sebäbi, jübütleriň arasynda nähili düşünişmezlik bolan hem bolsa adama el galdyrmak ýa zorluk bikanun hereket bolup durýar. Jemgyýetiň öz gezeginde muny açyk ýazgarmalydygyna we kanuny bozujynyň hem jogapkärçilige çekilmelidigine ynanýaryn. Men siziň: "Wah, türkmençilikde biz maşgala abraýyny saklamak üçin şeýtmeli bolýarys. Polisiýa gidip, masgara bolup ýöresimiz gelenok!" diýjegiňizi hem bilýärin.

Biz türkmen maşgalalarynda häli-şindi şeýle ýagdaýlaryň bolýandygyny, gaýtalanyp durýandygyny eşidip durýarys. Gynansakda, köpümiz şeýle habarlara öwrenişip gidipdiris we maşgaladaky gelinlere garşy zorlugy adaty bir ýagdaý ýaly kabul edýaris. Men bu mesele barada kän pikirlenýarin. Sebäbi, men şeýle ýagdaýa öwrenişip bilemeýärin. Gaharym gelýär. Şeýle wakalar lapymy keç edýär. Biz nähili jemgyýetde ýaşaýarys?

"Masgara bolup ýörmäli, baran ýeriň bilen öňuşyp geziber gyzym! Il-gün näme diýer!?" ýaly düşünjeler durmuşymyzyň esasy ýörelgesi bolup gidipdir. Näme üçin biz şu düşünjäni aýalyna el galdyrýan erkekleri utandyrmak, ýazgarmak üçin ulanmaýarys? Tersine, bu düşünjäni bolan zorlugy ýaşyrmak üçin ulanýarys. "Aýalyňa el gadyrýanyňy bilseler il-gün näme diýer?" diýýänlere duş gelmek kyn. Gaýtam ýenjilen gelinden: "Şarpykmy ýa-da depip urdumy?" ýaly soraglar bilen hem edilen zorlugy hem öz ynsabymyzy aklajak bolýarys. Ýoldaşy bigünä, wakany bolsa "türkmençilikde" kadaly zat diýip hasaplaýarys. Eýsem zorlugyň "kadaly" derejesi bolan jemgyýetde ýaşamak howply dälmi?

Ogluňyz urulan bolsa derrew polisiýa jaň ederdiňiz, bolan zorluga başgaça garardyňyz. Ýöne weli, gelin urulan ýerde munuň ýaly zatlar üçin polisiýa ýüz tutulmaýar? Näme üçin? Ogluňyzyň bedenine şikes ýetende, onuň agyrysyny, yzasyny siz ene-ata hökmünde gyzyňyzyňkydan başgaça duýýarsyňyzmy? Gelniň, gyzyň agyrysy "gowşagrak" çykýarmy?

Şiziň hereketleriňiz gyz we oglan agtyklaryňyzyň aňynda elhenç görelde hökmünde yz galdyrýar. Zorlugy ýapyp ýaşyrmak, oňa şaýat bolýan we siziň bu düşünjeleriňizi eşidip ösýan oguldyr, gyz agtyklaryňyzyň geljegine ýaramaz täsir edýär. "Zorluga, kemsitmelere çydamaly!" diýen düşünjeler türkmen gyzjagazlarynyň aňyna guýulanda olarda "bagtly maşgala" barada nähili garaýyşlar döräp biler? Olar geljekde nähili ýan ýoldaşy saýlap alarlar?

Aýala ýan ýoldaşy tarapyndan edilýän zorluk diňe bir fiziki, jynsy, emosional zolrugy däl, eýsem erkegiň aýalyny kontrol astynda saklamak niýeti bilen edýän her dürli hereketlerini hem öz içine alýar. Bolan zorluk Maýanyň we onuň bäbeginiň fiziki (bedenine) we ruhy saglygyna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Uzak möhletleýin hroniki stress Maýanyň saglyk ýagdaýyny erbetleşdirip biler. Zorluk bir topar keselleriň sebäbidir. Döwük-ýenjik, ýaralar göze görünýär, ýöne zorluk göze görünmeýän köp içege, nerw ulgamynyň kesellerine-de sebäp bolup bilýär. Döwrebäp barlaglara görä bolan zulumlygyň täsiri uzak wagt dowam edýär. Zorlugyň gaýtalanýan epizodlary aýalyň saglygyna aýratyn täsir ýetirýär diýip garalman, dowam ediji, uzyn möhletli täsirleri göz öňünde tutmaly. Gyzyňyz bilen zorlugyň duýgularyna salýan täsiri barada aç-açan gürrüňdeş bolsaňyz kän zat öwrenerdiňiz. Urulan aýallar ruhy kesellerden ejir çekýärler: depressiýa, ruhyçökgünlik, ynamsyzlyk, gorkular, janyna kast etmeklik...

Sekiz aýlyk çaga bilen kösenip, ummasyz stressi başdan geçirip ýören enäniň ýagdaýy onuň ýaş çagasynda aýyrylmaz yz galdyrýar. Ruhyçökgünlik ene süýdüniň azalmagyna uly sebäp bolup, çagany kadaly ösmäge zerur bolan iýmitden mahrum edýär. Bu bolsa çaganyň emosional we fiziki taýdan göýdük ösmegine ýol açýar. Barlaglara görä şeýle zorluga şaýat bolup ösýän çagalaryň özleriniň hem zorluk etme ähtimallygy artýar. Olaryň saglygy, akyl taýdan ösüşi gowşak, adamlar bilen aragatnaşyk gurmak ukyplary pes bolýar.

Sözümiň soňunda Maýanyň mertebesi, onuň çagasynyň geljegini, çynlakaý maşgala abadançylygyny göz öňüne tutup, adalatyň hatyrasyna hereket etjegiňize ynam bildirýändigimi belläsim gelýär.

Hormatlamak bilen, ýegeniňiz Maral.

Awtor: Maral Nazarowa

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#6 Resul 2016-12-19 20:45
GOWY PIKIIR
Sitata
 
 
#5 Aygozel 2016-11-23 13:10
Awtor men sizin makalalarynyzy gaty halayan we hemishe howeslik bilen okayan! Sizin diyan argumentalynyzy men 100% goldayan, sebabi siz dogry diyaniz Il-gun name diyer diyip kop gelin mashgalalar nachar bolup yashayarlar. Menin pikirimchi hemme kishinin bagytly bolup yashmaga haky bar diyip pikir edyan, egerde gelinler yan yoldashlary bilen pikiri den gelmese yada fiziki we psihiki zorlukda yashayan bolsa onda gelinin ayrylyshyp taze durmusha basham basmagy zerurdyr!
Sitata
 
 
#4 Maya 2016-10-30 14:03
Diýseň gynançly ýagdaý. Gynansakda köplenç erkekler öz hereketlerini 'türkmençilik' bilen pereleýärler. Üstesine olaryň ejeleri, ýa-da gelinleriň hem ejeleri-daýzalary 'äriň ýerdäki ikinji hudaýyňdyr' diýen pikir bilen ýaşaýarlar.
Bu ýalňyş! Beýle bolmaly däl. Adam mertebesi - aýal bolsun, gyz bolsun, çaga bolsun , erkek bolsun - peseldilmeli däl!
Gynansakda biz şowenist jemgyýetde ýaşarys. Egerde syn edip görseňiz oglanlar - erkekler has öňde tutulýar. Netijede gyz maşgalalaryň ejir çekmesi, we ýokardaky makalada bellenip geçilşi ýaly - zulma sezewar bolmagy hem - adaty bir zat hökmande görülýär.
Gyzlar - başynda gelenleri barada gürlemäne köplenç utanýalar, çekinýäler - köpçüligiň pikirinden, gepinden çekinýäler!
Sitata
 
 
#3 Synçy 2016-10-18 05:58
Bu näme durmuşda! Maya geliniň düşen yagdaýyny türkmen maşgalasynda köp gelinler başyndan geçirýärler. Ony bir gelinler özüne bolan zorlukdyram öýdenok, bolmaly zat, ay, "är aýalyň uruşy, ýaz gününiň ýagyşy" manyda hasap, wagtlaýynça ruhyçökgünlige düşip, çydap ýaşaýarlar. Türkmen gelinleri başga milletleriň gelinlerinden çydamlylygy bilen tapawutlanýarlar. Olar il içinde, dost-ýaryň arasynda maşgalanyň abraýyny goramaga çalyşýarlar. Fiziki zorluk gaýtalanyp dursa, ana, onda degiňli organlara ýüz tutmaga mejbur bolýarlar.
Sitata
 
 
#2 Tapjangul 2016-10-18 00:11
Кула могут обратиться женщины ставшие дертвой домашнего настлия? Есть ли такие организации по реабилитации ? Есть ли центры по психологической поддержке? Что им делать? Как восстановить душевный, да и физический баланс?
Sitata
 
 
#1 Gerçek 2016-10-17 14:41
Şeýleräk görnüşde ýüze çykyp durýan zorluklary we sütemleri köplük tarapyndan ýazgarylmaýar gaýtam şeýle wakalaryň hiç hili ýaradylmazlygy ugrunda aladanylýar.
Bu wakalaryň täsirinde ulalýan çagalaryň soňra şeýle zorluklary gaýtalamajakdygyna kim güwä geçip biler?!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele