Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy SUW DAMJASY, HAKYKATDAN HEM ALTYN DÄNESIMI?
( 15 Ses Berme )

SSSR döwründe Merkezi Aziýa ýurtlary ekrançylyk işleriniň uly bölegini ýerine ýetirýän sebitdi. Gazagystanda, Özbegistanda, Türkmenistanda uly ekin meýdanlary bardy we olar Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň daglarynyň başyndaky buzlaryň eremegininiň netijesinde we başga ýollar bilen Amyrderýanyň we Syrderýanyň suwlary bilen suwarylýardy. SSSR-yň dargamagy bilen, ösdürmek üçin ýokary mukdarda suw talap edýän gowaça, bugday we beýleki ekinleri suwarma, öndürme goňşy ýurtlaryň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklaryň penjesine düşdi.

Bilermenleriň nygtamagyna görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda merkezi suw dolandyryş ulgamynyň kemçilikleri, kämil bolmazlygy suwuň üstünde döreýän düşünişmezlikleriň esasy sebäbi bolýar. Suwuň kömegi bilen diňe ekin suwarmak dälde, eýsem elektrik togunuň hem öndürilmegi ýurtlaryň ykdysadyýetine düýpli täsir edýär. Täjigistanyň uly gidroelektrik stansiýalaryny gurmak meýilnamalary sebäpli, suwuň akyşynda döreýän bökdençlikler hakyndaky yzygiderli habarlar sebitdäki ýurtlaryň aladalaryny artdyrdy.

Grafika: Dünýä boyunça adam başyna suw sarp edişde ýokarky 20-lik.

Çeşme: Dünýä Banky

Biziň ýurdumyz adam başyna suwy sarp etmekde dünýäde birinji orunda durýar. Dünýä Bankynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan adam başyna 5400 m3 suw ulanmak bilen ABŞ-dan dört esse suwy köp ulanýar. Sebitimizdäki beýleki ýurtlarda sanlar şeýleräk: Özbegistan 1900, Gyrgyzystan 1800, Täjigistan 1400, Gazagystan 1300 m3 suw göwrümine barabardyr.

Grafika: Merkezi Aziýada adam başyna suw sarp edişi.

Çeşme: Dünýä Banky

Dünýä Bankynyň beren maglumatlary, yurdumyzda suw ýetmezçiligi dälde, suwuň zaýalanma, bisarpa ulanylma meselesini ýüze çykarýar.

Grafika: Türkmenistanda suwuň goýberilýän ugruna görä görkezilşi

Çeşme: BMG – Azyk we Ekrançylyk Guramasy (2004)

Ýurdumyzda suwuň uly bölegi ekrançylyk işlerini dolandyrmak üçin akdyrylýar. Senagata we adamlaryň gündelik durmuşlaryna gidýän bölegi, grafikadan görlüşi ýaly az. "Ösen ýurtlardaky ýaly, suw reformalary geçirlip, döwrebap suwaryş ulgamlarynyň döredilmegi, halka suwuň ähmiýeti hakynda ündemek, düşündirmek işlerini, daýhanlara täze suwaryş ulgamlary we usullary ulanmak üçin itergi, goldaw bermeklik ýaly uly işler tizden-tiz geçirilmese, gündelik durmuşymyzda suw ýetmezçiligi agyr duýular" diýip, sebitiň ekspertleri belleýärler.

Awtor: Gurtmyrat Allaberdiýew

Ulanylan çeşme

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Hünärment 2017-02-12 00:49
Birnäçe ýurtlardaky ýaly, meselem Izraýildaky ýaly suwaryş ulgamy bizde hem ulanylaýsady, elbetde biz suwuň harçlanşyny üzül kesil tygşytlardyk. Ekin meýdanlaryna ýetýänçä suwuň ep-esli mukdary ýere siňip gidýär ahyryn.
Sitata
 
 
#3 Haýdar. 2016-08-07 09:17
Türkmenistanda beýleki ýurtlara seredeniňde beýle suwuň köp ulanylyşyna saýtda anyk düşündiriş berlen bolsa ýerlikli bolardy. Belkäm ,ol öýlerde suwuň harçlanylşyny hasaplaýan gurallaryň oturdylmaýandygy bilen düşündirse bolar.
Sitata
 
 
#2 Talyp. 2016-06-05 00:43
Awtoryň mowzukda belleşine görä suw sarp etmekde Türkmenistan grkezilen ýurtlaryň arasynda ýokary orny eýelesede, halkyň ulanmaly agyz suwynyň mukdary we hili boýunça onçakly gowy ýerde dälmikä diýýärin. Aýratyn hem obalaryň ýagdaýy bilen tanyşmak ýeterlik bolar. Senagat ulgamynyň giň gerimde däldigini göz öňünde tutsaň esasy suw ekerençylyga sarp edilýän bolaýmasa.
Sitata
 
 
#1 Muhat. 2016-06-03 22:31
Suw meselesini akylly-başly çözmek şu döwürde aýratyn derwaýys. Bizde Amyderýa bolaýmasa beýleki derýalaryň suwunyň ýagdaýy gözgyny. Obalarda suw ýetmezçiliginden melleklerde tozan turýar. Ony suwarmak üçin çykarylýan toprakasty suw örän şor we ýakymsyz.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele