Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy "GÜMMEZIŇ ASTYNDA": ULYDAN DEMIŇIZI ALMAKDAN ÄGÄ BOLUŇ!
( 20 Ses Berme )

Bu ýyl Hytaýda diňe howanyň hapalygy sebäpli ýarym million adam aradan çykar, olaryň köpüsi garry adamlar we çagalar bolup durýär. Uly şäherlerde we agyr senagatyň agdyklyk edýän welaýatlarynda howanyň hapalygy sagdyn derejeden (0-50 AQI) dört esse artyk bolup bilýär (150-250 AQI). Bu derejedäki hapa howa, esasanda oň düzümindäki saglyga düýpli zeper ýetiriji zäherli maddalaryň täsiri, diňe öýken bilen duýulman, eýsem ýeňillik bilen duman, tozan şekilde hem göz-görtele görünýär. Hytaýyň Şanzi welaýatynda ýaşaýan 6 ýaşly gyzjagaz bu ýagdaýa şeýle baha berýär:

Ömrüňde ýyldyzlary gördüňmi?

Ýok – diýip gyzjagaz jogap berýär.

Ömrüňde gök asman görüpdiňmi?

Bir az gök asman görüpdim.

Ak bulut bir görüpdiňmi?

Ýok – diýip gyzjagaz uludan dem alýar.

Bu gürrüňdeşligi alyp baran tanymal hytaýly žurnalist Çaý Jiň, şeýle howanyň hapalygy zerarly tas gyz bäbejigini ýitiripdi. 2014-nji ýylda hanym Jiň entek göwresindäki gyz bäbeginde rak keselini döredip biljek çiş tapylýar. Dünýä ýaňy inen gyzjagazyny enesiniň eline bermän operasiýa otagyna alyp gidýärler. Oýunjak aýyjygy elinde saklap, bäbejiginiň halas boljagyndan ýa bolmajygyndan bihabar oturan pursady, Hanym Jiň üçin göz açyjy hadysa bolýar. Şol ýyl, ol şowly operasiýadan soň halas galan gyzyna seretmek we oňa sebäp bolan howa barada filmi döretmek üçin işini taşlaýar.

"Gümmeziň astynda" atly dokumetal film Hytaýyň howasynyň hapalygy, onuň sebäpleri we çözgütleri barada. Film, hökümet işgärleri, daşky gurşawy goraýjy edaralar, nebit we kömür öndürijiler, industrial işgärleriň we awtoulag sürüjiler bilen gürrüňdeşliklerden ybarat. Ýetilen netijeler, statistiki maglumatlar we ylmy terminler sadaja animasiýalar bilen adaty adamlara düşnükli şekilde ýetirlen.

Youtube Salgysy: https://www.youtube.com/watch?v=V5bHb3ljjbc

Hanym Jiň, filmde, howada rak keseliniň döremegine sebäp bolup bilýän maýda "PM 2.5" maddasynyň köpelmegi bilen adam ölüminiň artmagynyň arasynda baglanşygy görkezýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň standartlary we düzgünleri boýunça bu maddanyň sagdyn derejesi 25 mg/m³. Ortaça hytaýly adam bolsa günüň dowamynda bu derejeden 12 esse (~306 mg/m³) köp dem alýar. Bular ýaly ýaramaz howaly günler, filmde berlen maglumatlara görä, günaşa bolup durýar. Elbetde, bu ýagdaý diňe Hytaýa mahsus bolman, eýsem dünýäniň uly şäherleriniň ählisinde azrak ýa-da köpräk ýagdaýda synlap bolýar.

Uly adamlar ortaça günde 25000 gezek dem alýar, 6 ýaş töweregi çagalar bolsa olardan iki esse köp dem alýar. Sport bilen meşgullananymyzda, ýa-da meselem çagalar daşarda oýnanda, dem alyş iki esse ýygylaşýar. Näçe gezek säginip, dem alýan howamyzyň düzümi ýa-da hili barada oýlanyp gördük?

Tomas Hobbs, XVII asyryň tanymal iňlis filosofy, adamlaryň tebigatyny "adam, adama möjek" diýip häsiýetlendiripdir. Gynansakda, bu gün biz biri-birimize garşy bašga hili wagşylyk edýäris. Buda daš töweregimize, tebigata biparh garamakdyr. Biri-birimizden öÿlerimizde gizlenip gutulyp bilÿän bolsak hem, ählimiz bir howadan dem alÿarys – gynansakda, dem almazlygy öwrenen bolsa ÿok.

Awtor: Kemal Korbaýew

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#6 Siraly 2017-07-04 22:44
Soňky ýyllada çiş kesellerinden ömür tanapy üzülýän adamlar köpeldi diýse bolar. Himiki zawodlaryň şäherleriň, obalaryň ýakyn ýanynda gurulmagy ýagdaýy üzül-kesil erbetleşdirdi. Ekologiýanyň ýagdaýy hakynda halka açyk maglumat ýokdygyna gynanýarsyň.
Sitata
 
 
#5 Nazar 2017-03-13 23:42
bu babatda edil shugun okapdym. sizede maslahat beryan. "Kyoto shertnamasy"ny okamagy...
Sitata
 
 
#4 Wehimi 2017-03-12 21:29
Howanyň arassalygyny saklamak üçin wajyp döwlet çäreleri kesgitli meýilnamalar bilen alynyp barylmaly. Eger ol bolmadyk ýagdaýynda başga bir çäreler bilen daşky durşawy arassa saklap bolmajagy bellidir. Ýöne şu döwürde onuň oňat tarapa gidip barmagy ýabygorly ýagdaýda.
Sitata
 
 
#3 Okyjy. 2016-12-09 23:16
Ýigrimi birinji asyrda dünýä ýüzünde janly-jandarlara we adamlara ekologiýanyň nähili "serpaý" ýapjakdygy onjakly belli däl. Asman gümmeziniň astynda diňe bulam-bujarlyk dowam edýär.
Sitata
 
 
#2 Hünärment. 2016-05-11 12:16
Diňe bir Hytaýda däl, eýsemde bolsa dünýäniň ýurtlarynda hem ýyllar geçdigiçe dem almak üçin howanyň ýagdaýy ýaramazlaşdy. Esasy sebäbi ol ýurtlarda işleýän zawod-fabriklerden we olaryň öndürýän önümine bagly bolup durýar. Gaz, nebit önümleri we günden güne artyp barýan ulaglar howany zaýalamakda sallamly goşant goşýarlar.
Sitata
 
 
#1 Arslan 2016-05-07 06:34
salam lukman. men sizin sorag-jogap boluminize sorag bilen yuzlenipdim. hayysh mumkin bolsa jogap berayin.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele